SEFEWILER DÖWRÜNIÑ TÜRKMEN TARYHÇYLARY
Türkmenleriň tekeli, awşar, gajar, baharly, baýat, rumly, şamly, üstitäçli, zülkadar - jemi 30-dan gowrak tiredir taýpalary tarapyndan esaslandyrylan Sefewi türkmenleriniň döwleti halkymyzyň köp müň ýyllyk taryhynda özboluşly bir döwür bolup durýar. Bu döwletiň döwründe edebiýat, sungat, binagärçilik we ylym uly ösüşlere eýe bolupdyr. Türkmen medeniýetiniň özeni bolup durýan bu ugurlaryň her biri barada näçe gürrüň etseň edip oturmaly.
Sefewi türkmenleriniň döwletinde medeniýetiň ösen ugurlarynyň biri bolan ylym – aýratyn hem taryh ylmy pajarlap ösüpdir. Türkmen taryhçylarynyň hyzmaty bilen ençeme taryhy eserler döredilipdir. Şeýle eserleriň döremeginde türkmen soltanlarynyň hyzmaty hem az bolmandyr. Olaryň buýurmasy we gönüden – göni dahylly bolmaklary bilen taryh ylmynyň ösüşine uly goşant goşulypdyr. Sefewi türkmenleriniň döwletini esaslandyran şa Ysmaýyl Hataýynyň (1487 – 1524) özi hem ençeme ajaýyp şygyrlary döredipdir.
Bu edenli hökümdaryň bitiren işleri onuň nesilleri üçin hem nusga bolupdyr. Elbetde, sefewilerde ylma, medeniýete, sungata söýgi we sarpa tarpdan döremändir. Ol türkmenleriň Seljukly, Osmanly, Garagoýunly we Akgoýunly döwletlerinden gelýän görelde. Bir söz bilen aýdanyňda ol gadymdan gelýän görelde. Bu görelde Sefewi türkmenleri tarapyndan kabul edilipdir we has kämilleşdirilipdir. Türkmen taryhçylarynyň esasy köpçüligi öz gelip çykan taýpa atlaryny familiýa hökmünde ulanypdyrlar. Olaryň arasynda «Türkmen» ady bilen belli taryhçylaryň bolmagy has hem gyzykly.
■ Mürze Barhurdar Türkmen
Sefewiler döwründe halkymyzyň geçmiş taryhy barada kitap ýazan ilkinji taryhçylaryň biri Mürze Barhurdar Türkmen bolupdyr. Ol 1530-njy ýylda «Ahsan as – siýar» («Syýahatlaryň naýbaşşysy») eserini ýazyp gutarypdyr. Gynançly ýeri, bu türkmen taryhçysynyň eseri dolylygyna biziň günlerimize gelip ýetmändir. Onuň dört tomlyk işinden diňe bir tomy – 4-nji tomy saklanyp galypdyr. Mürze Barhurdar Türkmeniň terjimehaly barada-da maglumat ýok. Onuň haçan we nirede dogulandygy, näwagt aradan çykanlygy belli däl. Ýazaryň eserinde şa Ysmaýylyň dolandyran ýyllarynyň taryhy barada gyzykly gürrüňler berilýär. Bu kitap iňlis alymy, Hindistanyň Aligarh uniwersitetiniň professory L.F.Raşbruk Wilýams tarapyndan ýüze çykarylypdyr we ondaky maglumatlary ol özüniň 1918-nji ýylda Londanda neşir edilen kitabynda giňişleýin peýdalanypdyr. Onuň ýazmagyna görä Mürze Barhurdar Türkmeniň kitaby Rampuryň (Hindistan) nawaby (hökümdary) Abdysalam hanyň kitaphanasynda saklanypdyr.
■ Şa Tahmasp
Sefewiler döwrüniň taryhçylary hakynda gürrüň edilende öňi bilen şa Ysmaýylyň Hanybeg hanymdan bolan ogly Tahmasp şanyň (1524-1576) adyny bellemeli. Öz kakasynyň içgin aladalary we döwrüniň meşhur sungat we ylym adamlarynyň hyzmaty bilen XVI asyryň zehinli adamlarynyň hataryna goşulupdyr. Ol ylym – bilime we sungata sarpa goýýan, hatdatlykdan we nakgaşlykdan baş çykarýan meşhur hökümdar bolup ýetişipdir.
Sefewi türkmenleriniň döwletini 52 ýyllap dolandyran şa Tahmasp ylymda taryhçy hökmünde hem tanalýar. Ol taryhy çeşmeşynaslyk ylmynda «Tezkireý-i şah Takmasp» («Şa Tahmaspyň ýatlamalary») atly işi bilen giňden tanalýar. Günbataryň belli gündogarşynaslary F.Teýfelin, P.Hornyň, D.Filliotyň, H.Bewerijiň, Э.Brounyň, W.Hinsin we beýlekilleriň tassyklamaklaryna görä bu eser hakykatdan hem şa Tahmasp tarapyndan ýazylypdyr.
Şa Tahmaspyň eseri ylymda iki at bilen bellidir. Onuň birinjisi «Şa Tahmaspyň rum [Osman türkmen] ilçileri bilen söhbetleri» ady bilen belli bolup, onuň iki sany nusgasy saklanyp galypdyr. Şol nusgalaryň biri Sankt-Peterburgyň Saltykow – Şedrin kitaphanasynda, beýlekisi bolsa Tbilisiniň golýazmalar institutynda saklanýar.
Bu eseriň dürli ýurtlarda saklanýan beýleki nusgalary biziň eýýäm beläp geçişimiz ýaly «Şa Tahmaspyň ýatlamalary» diýilip atlandyrylýar. Eseriň atlarynda tapawudyň barlygyna garamazdan, onda şa Tahmasp öz dolandyran ýyllary barada gürrüň berýär. Eser «hekaýat» diýlip atlandyrylan bölümden ybarat bolup, olar «Ulama beg Tekeli barada», «Gazy han Tekeli barada», «Algas mürze [Tahmaspyň inisi] barada», «Isgender paşa [Osmanly türkmen serkerdesi] barada» we soltan «Baýazet [Osmanly türkmen soltany 1481-1512] barada» diýilip atlandyrylýar.
«Tezkiräniň» ýadygärlik ýazgylar we ýatlamalar mazmuny bardyr. Şol sebäpden hem eserde beýan edilýän wakalaryň senelerinde yzygiderlik häli-şindi bozulýar. Eserde gürrüň edilýän wakalaryň ählisi şa Tahmaspyň dilinden berilýär. Şa Tahmaspyň türkmen taýpalary, sefewi-osmanly gatnaşyklary, Şirwanyň Sefewi döwletine birikdirilişi baradaky berilýän maglumatlary gyzyklydyr. Şeýle hem eserde Sefewi türkmen döwletiniň gurluşy we dolandyrylyşy, welaýatlara häkimleriň belenilişi, mülkler we mülkdarlar baradaky gürrüňleri täsirlidir.
■ Pudak Kazwinli
Biziň gürrügini edýän döwrümiziň belli taryhçylarynyň biri-de «münşi» («kätip», «sekretar») lakamly Pudak Kazwinlidir (1510-1580 ýý). Ol Sefewi türkmen döwletiniň taryhy barada «Jawahir al-ahbar» («Göwher [ýaly gymmat] habarlar») eserini ýazypdyr.
Pudak münşi 1510-nji ýylda Kazwinde dogulýar. Ol ondört ýaşynda «depderhana» diýlip atlandyrylan patyşa diwanyna işe durupdyr. Bir ýyldan soň Pudak üç tümen aýlyk bilen hazynanyň mürzesi wezipesine bellenilýär. Dört ýyl geçenden soň Pudagyň hat ýazyşy hazynadaryň göwnüne ýarapdyr we bäş tümen aýlyk belläp, ony öz ýanyna işe alypdyr. Diwan işiniň altynjy ýylynda sefewileriň «Döwlethana» köşgünde ýurt boýunça girdejileri we çykdajylary hasaba alýan edara açylyp, sekiz tümen aýlyk belläp, Pudagy bu ýere işe geçirýärler.
1530-nji ýylda şa Tahmasp sefewiler köşgüniň meşhur begzadasy Muhammet han Tekelini osmanly türkmenleriň elinden täzelikde alnan Bagdada emir edip belleýär. Muhammet hanyň «wekili» Emir beg Pudagyň kakasynyň inisi bolupdyr. Emir beg öz inisi Pudagy ýany bilen Bagdada alyp gidýär we ony Muhammet han Tekeliniň diwanyna mürze edip işe ýerleşdirýär. Üç ýyldan soň Muhammet han ussat hatdat Pudak münşä «leşgernewis» (goşun hat gatnadyjysy) wezipesini hem berýär we onuň aýlygy 20 tümenden 30 tümene çenli artdyrylýar.
Pudak münşiniň ýazmagyna görä, ol ýuwaş-ýuwaşdan «weziriň wezinesine tarap» süýşüpdir. Emma tiz wagtdan onuň üstünlikli gulluk karýerasynyň arasy üzülýär. Muhammet han Tekeliniň leşgernewisligi başga birine berendigi üçin Pudak münşi öýkeläp Kermanda onuň ýanyndan aýrylýar. Onuň durmuşynda mätäçlige ýugurlan kynçylykly günler başlaýar. Ol birnäçe ýyllap hiç ýerde işlemändir. Mätäçlik zerarly göçüp – gonup ýörüpdir. Ahyry patyşanyň inisi Bähram mürze oňa howandar çykýar we ony özüne kätip edip işe alýar. Şazadanyň elinde dört ýyl işläninden soň dawa-jenjellerde aýyplanyp tussag edilýär we ähli emlägi elinden alynýar. Alty ýyllap hiç ýerde işlemeýär. Ýöne, soňra ol Soujbulagyň «galandary» (häkimi) wezipesine bellenýär. Pudak münşi birnäçe ýyllap Horasanda dürli wezipelerde işläpdir. 1565-nji ýylda ýurdyň paýtagty Kazwine dolanyp gelýär, ýöne ýamanlanyp gaýtadan tussag edilýär. Bäş ýyllap hiç ýerde işlemeýär, soňra Damgana, Bistama wezir edilip bellenilýär, ýöne ýene-de işsiz galýar. Bäş ýyldan soň Pudak münşi şa Tahmasp tarapyndan işe çekilýär: oňa Kazwin şäheriniň on ýyllyk döwrüniň girdeýjilerini – çykdajylaryny hasaplamak işi tabşyrylýar. Pudak münşi Kazwinliniň terjimehaly özüniň 68 ýaşandygy ýene-de «işsiz we pişesiz, mätäçligiň we maksatsyzlygyň garaňky künjüne gysylyp oturandygy» baradaky zeýrençli maglumat bilen tamamlanýar.
Pudak münşiniň «Göwher habarlar» kitaby ählumumy taryh bolup, ondaky maglumatlar gadymy döwürlerden tä Ysmaýyl II (1576-1578) tagta çykaýan döwrüne çenli wakalary öz içine alýar. Iş «kysym» diýlip atlandyrylýan dört bölümden durýar we onuň soňky «kysmy» Garagoýunly, Akgoýunly türkmen patyşalaryna we sefewi türkmenleriniň ilkinji patyşalary bolan Ysmaýylyň we Tahmaspyň dolandyran ýyllaryna bagyşlanypdyr. Alymlaryň pikirine görä, Pudak münşiniň kitaby aýratyn hem şa Tahmaspyň dolandyran ýyllary barada birinji derejeli çeşme hasap edilýär. Sebäbi işiň ýazary köplenç halatda gürrüňi edilýän wakalaryň gözli şaýady bolupdyr ýa-da olara gös-göni gatnaşypdyr. Pudak münşiniň işinde ylym üçin has ähmiýetli bolan Akgoýunly we Sefewi türkmen döwletleriniň durmuş – ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly maglumatlar hem duş gelýär.
Maglumatlardan görnüşi yaly sefewi türkmen döwletinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri Akgoýunly türkmen döwletindäkiden ep-esli tapawut edýändigi görünýär. «Göwher habarlaryň» şa Tahmaspyň dolandyran ýyllarynda ýazylandygy üçin onda bu türkmen patyşasynyň terjimehaly we eden işleri barada köp maglumatlar getirilýär. 1576-njy ýylda şa Tahmasp aradan çykýar. Onuň köp sanly aýallaryndan dokuz sany ogly, sekiz sany gyzy galypdyr. Ogullary: Muhammet, Ysmaýyl, Haýdar, Süleýman, Mustapa, Mahmyt, Ymamguly, Aly we Ahmet. Gyzlary: Göwher, Perihan, Hatyja, Zeýnep, Merýem, Patma, Şähribanu we Hanyş. «Göwher habarlar» şa Tahmaspyň türkmen aýalyndan – Isa beg Mosully Türkmeniň gyzy Soltanym hanymdan bolan iki oglunyň kiçisi Ysmaýylyň tagta çykmagy bilen baglanyşykly wakalar we täze patyşa ak ýol arzuw etmek bilen tamamlanýar.
■ Hasan beg Rumly
Türkmen halkynyň taryhy barada 10 tomlyk eser ýazan meşhur taryhçylaryň biri-de sefewi türkmenleriniň rumly taýpasyndan bolan Hasan beg Rumlydyr. Ol sefewi türkmenleriniň taryhy barada, aýratyn hem şa Tahmaspyň dolandyran ýyllarynyň taryhyny jikme-jik beýan edýän «Ahsan at – tawarih» («Taryhlaryň naýbaşysy») eserini döredipdir. Hasan beg 1530-nji ýylda Kumda doglupdyr. Onuň haçan we nirede aradan çykanlygy belli däl.
Hasan beg Kazwiniň mirasdüşer emiri Soltan beg Rumlynyň agtygy bolupdyr. Ýaşlykda hatdatlyk we hasapçylyk ugrundan bilim alypdyr. Abraýly maşgaladan bolandygy üçin kiçiliginden şanyň ýakyn adamlarynyň arasynda bolupdyr. 1541-nji ýylda şa Tahmaspyň Dizfula, 1546-njy ýylda Gürjüstana we 1550-nji ýylda Ardalan kürtlerine garşy ýörişlerine gatnaşypdyr. Hasan begiň ýazmagyna görä ol ýaşlykdan «kurçi» (Şanyň şahsy goragçylary) bolmaklygy arzuw edýär eken. Ýöne döwlet işi onuň bu arzuwunyň hasyl bolamagyna päsgel beripdir.
Hasan beg Rumlynyň «Taryhlaryň naýbaşysy» eseriniň diňe 9-10-njy tomlry saklanyp galypdyr. Eserde öz döwrüniň meşhur türkmen begzadalarynyň, din we döredijilik işgärleriniň, alymlaryň terjimehallary barada gymmatly maglumatlar getirilýär.
Hasan begiň türkmen begzadalarynyň, emirleriniň we taýpa serdarlarynyň atlary bilen baglanyşykly maglumatlaryny okanyňda sefewileriň türkmendiklerine şek-şübhe galmaýar. Onuň häli-şindi atlandyrýan Muhammet han Türkmen, Haýdar soltan Çapyk Türkmen, Pirpudak han Türkmen, Ärdogdy beg Tekeli, Ýegen beg Tekeli, Weli soltan Tekeli, Han Wezir beg Baharly, Gylyç beg Garamanly, Baýram beg Garamanly, Oraz han Rumly, Gurban soltan Rumly, Weli halypa Awçy Şamly, Gorkmaz han Şamly, Kuly beg Awşar, Weli han Awşar, Halil han Awşar, «Toz goparan» lakamly Garapiri beg Gajar, Ymamguly han Gajar, Toýgün beg Gajar, Şaguly soltan Ýegen Üstitäçli, Köpek soltan Üstitäçli, Gylyç han Üstitäçli, Muhammetguly halypa Gorkuly Zülkadar, Şaguly halypa Zülkadar, Tebet aga Zülkadar, Şageldi aga Jylawdar ýaly şahsyýetleriň atlaryny okanyňda «şu adamlaryň türkmen däldigine güwä geçip biljek adam barmyka?» diýen sorag öz-özünden döreýär. Hasan beg Rumlynyň eserinde agzalýan ýer-ýurt atlary babatynda-da şu zatlary aýtsa bolar. Işde atlary getirilýän Türkmenkendi, Garagaç, Gyzylagaç, Kümüşli, Sarygaýa, Garadag, Müňköl, Gökje we başgada onlarça atlar ýokarda aýdylanlary tassyk edýär.
■ Sadyk beg Awşar
Sadyk beg Awşaryň ady görnükli türkmen taryhçylarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Sebäbi giň dünýägaraýşlary şahsyýet bolmak bilen ol şahyr, suratkeş, taryhçy hökmünde öz döwründe giňden tanalypdyr. Sadyk beg Awşar 1533-nji ýylda Töwrüzde dogulupdyr we öz döwrüniň meşhur adamlaryndan sapak alypdyr. Ýetginjeklik we ýaşlyk ýyllary garyplykda geçipdir. Muňa garamazdan belli suratkeş Muzapbar Alynyň elinde okap, çeperçilik sungatynyň inçe syrlaryny öwrenipdir. Ýaş wagtlary terkidünýälige baş urupdyr we Töwrüziň häkimi Emir han Mosully Türkmene duşýança birnäçe ýyllap derwüşlik edipdir. Emir han oňa howandarlyk edipdir we ony öz ýanynda saklapdyr. Sadyk beg Awşar şa Ysmaýyl II döwründe «Kyrk sütün» köşgüniň ýanyndaky kitaphananyň çeperçilik ussahanasynda, Hudaýbendäniň (1578-1587) döwründe kitaphana müdiri, Abbas I (1587-1528) döwründe bolsa «kitapdar» bolup işläpdir.
Sadyk beg örän zehinli şahsyýet bolupdyr. Şa Abbasyň ýörişleriniň taryhyna bagyşlap ýazan «Jeňnama» eserinde Sadyk beg özüniň ençeme şygyrlaryny ýerleşdiripdir. Sefewiler döwrüniň taryhçylary öz eserlerini esasan pars dilinde ýazypdyrlar. Emma Sadyk beg Awşar babatynda beýle däl. Onuň ötgür galamyndan türkmen dilinde «tezkire» – «ýatlama» žanyrynda ýazylan «Majma–ul-hawas» («Duýgularyň jemi») eseri dünýä inipdir. Onda sefewi türkmenleriniň döwründe Türkmenistanda, Eýranda, Häzirbegjanda, Osman türkmenleriniň döwletinde bolup geçen syýasy wakalar, şeýle hem türkmen we pars edebiýaty barada giňişleýin gürrüň berilýär. Hususanda, ol döwrüniň belli türkmen şahyrlary Muhammet Amanynyň, Pidaýynyň, Muhammet Fuzulynyň, Pirguly begiň, Mir Muhammet Ew-oglanyň («Ýywa» bolmagy ahmal) döredijiliginden nusgalary getirýär. Taryhçy A.A. Rahmany eýranly alymlaryň işlerine salgylanyp, Sadyk begiň dürli meselelere bagyşlanan 10 sany eseriniň bolandygyny belleýär.
Sadyk beg Awşar suratkeş hökmünde onlarça miniatýura eserlarini döredipdir we onuň çeken ajaýyp suratlary sungata sarpa goýýan şalara, şazadalara we begzadalara niýetlenilip döredilen ençeme golýazmalara ajaýyp bezeg beripdirler. Sadyk beg Awşaryň «Kanun as-suwar» («Suratkeşlik barada traktat») eseri sungatyň inçe ugurlarynyň biri bolan suratkeşlige bagyşlanypdyr.
Sadyk beg esger hökmünde birnäçe ýörüşlere-de gatnaşypdyr. Onuň Sefewi şalaryna garşy gozgalaň turzan türkmen serdary Abanyň garşysyna guralan ýörüşe gatnaşandygy barada taryhy ýazgylarda agzalyp geçilýär.
■ Isgender beg Türkmen
Türkmen taýpalarynyň güýji we yhlasy bilen döredilen Sefewiler döwleti 70 ýyldan gowrak taryhy döwri başdan geçirip, XVI asyryň ahyrlarynda agyr durgunlyga sezewar bolupdyr. Şa Ysmaýylyň şöhratly ýörüşleri, şa Tahmaspyň döwrüniň ösüşleri yza galypdy. Halk Ysmaýyl II (1576-1578) bir ýarym ýyla golaý dowam eden howsalaly döwrüni hem başdan geçiripdi. Şa tagtynda aýaly Haýran Nisa begimiň, şeýle hem türkmen emirleriniň sözünden we diýeninden çykyp bilmeýän gowşak häsiýetli, üstesine-de batyl hem keselbent soltan Muhammet Hudaýbende (1578-1587) otyrdy. Osmanly türkmenler, merkezi aziýaly özbekler bilen bäsleşikler dowam edýärdi. Dagystanyň üsti bilen Krym tatarlary hem Sefewi döwletiniň üstüne häli-şindi çozuşlary geçirýärdiler, ogul-olja, gyz-ýesir edip äkidýärdiler.
- Apardy tatar meni.
Gul edip satar meni.
Wepaly dostum olsa,
Ahtaryp tapar meni –
diýlip şol döwürler aýdylan gaýgy-gussaly aýdymlar sefewi türkmen döwletiniň nähili hupbatly günleri başdan geçirendiginden habar berýär. Türkmen halkynyň geçmiş taryhynyň şu döwri barada kitap ýazan meşhur ýazarlaryň biri-de Isgender beg Türkmen bolupdyr. Ol özüniň şa Abbasyň dolandyran ýyllaryna bagyşlanyp ýazylan «Tarih-i alamaraý-i Abbas-i» («Älemiň bezegi Abbasyň taryhy») atly eseri bilen meşhurlyk gazanypdyr. Isgender beg 1560-njy ýylda Töwrüzde dünýä inipdir. Şindi ýaşajykka sowat öwrenip başlapdyr. Ýöne okuwyny taşlap «siýak» (buhgalteriýa) ylmy bilen meşgullanyp ugrapdyr. Bu hünäri kämil derejede öwrenip döwlet işgärleriniň ýanynda işläpdir. Birnäçe wagtdan soň Isgender beg bu işi hem taşlapdyr we döwriniň sowatly adamlarynyň täsiri bilen ýazarlyk sungatyny öwrenmäge uly höwes bilen girişipdir. Tiz wagtdan ýazarlygyň ähli usullaryny öwrenipdir. Bu bolsa oňa şa Abbasyň «döwlet diwanynyň hormatly gullugyna durmaga» mümkinçilik beripdir. 1592-nji ýylda ol şanyň kätiplariniň («münşi») hataryna kabul edilipdir we döwletiň maliýe meseleleri bilen meşgullanyp başlapdyr. Isgender beg Türkmeniň şa Abbasyň «beýik münşileriniň» hataryna kabul edilmeginde beýik wezir Hatam begiň uly hyzmaty bolupdyr. Çünki Isgender begiň ýazmagyna görä, ol Hatam beg bilen dostlukly gatnaşyklarda bolupdyr.
Isgender begiň şahsy durmuşy barada onuň eserinde az maglumat berilýär. Onuňam sebäbi «Älemiň bezegi Abbasyň taryhy» eserinde ýazaryň özi barada berýän maglumatlaryny soňky asyrlarda bu eser bilen iş salşan hatdatlar ähmiýetsiz zatlar hökmünde kitapdan aýrypdyrlar. Şonuň üçin hem onuň dogan-garyndaşlary barada maglumatlar gelip ýetmändir. Diňe eseriň bir ýerinde Isgender begiň agasynyň ogly, öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolan Muhammet Salyh barada agzalyp geçilýär. Muhammet Salyh agasynyn ýardam bermegi bilen Gilýanyň (Hazaryň günorta kenarýakasyndaky welaýat) weziri wezipesine bellenilipdir.
Isgender begiň eseriniň dili orta asyr ýazuw ýadygärlikleriniň köpüsinden ýönekeýligi we düşnükliligi bilen tapawutlanýar. Bu barada ol «Ýönekeý adamlara düşnükli bolar ýaly, begzadalar bolsa makullar ýaly şu işde düşnüksiz we çylşyrymly zatlaryň bolmazlygy üçin Sadyk guluňyz öz öňünde şeýle wezipe goýdy» - diýip ýazypdyr. 1598-nji ýylda şa Abbas döwletiň merkezini Kazwinden Yspyhana göçüreninden soň ol hökümdaryň «beýik münşileriniň» hatarynda paýtagta göçüp gelýär. Isgender beg şa Abbasyň 1603-1607-nji ýyllarda Häzirbegjana, 1626-njy ýylda bolsa Bagdada ýörüşlerinede gatnaşypdyr. Şa Abbas öleninden soň 1630-njy ýylda Isgender beg şa Sefi I (1628-1642) döwründe onuň Bagdada guran ýörüşinede gatnaşypdyr.
Isgender beg diňe bir taryhçy hökmünde däl eýsem şygyrýetden baş çykarýan söz ussady hökmünde hem tanalýar. Ol özüniň eserini Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň döredijiliginden alnan bentler, köplenç halatda bolsa öz şygyrlaryndan alnan setirler bilen «bezäpdir». Şeýle hem Isgender beg zehinli hatdat hökmünde sungatyň bu ugrunyň dürli usullaryndan we tilsimlerinden gowy baş çykarypdyr. Bu barada orta asyr ýazary Kazy Ahmet «Isgender münşi talikde, nastalikde, şikestede örän gowy ýazýardy» diýip belläpdir. Meşhur taryhçy, hatdat we şahyr Isgender beg Türkmen 1634-nji ýylda Töwrüzde aradan çykypdyr.
Isgender begiň eseri «mukaddeme» diýlip atlandyrylan girişden we «sahypa» diýlip atlandyrylan iki sany tomdan ybaratdyr. Onda Türkmenistanyň ,Eýranyň, Häzirbegjanyň, Türkiýanyň, Arap ýurtlarynyň, Özbekistanyň, Owganystanyň we Hindistanyň taryhy boýunça gymmatly maglumatlar berilýär. 1938-nji ýylda neşir edilen Türkmenistanyň taryhy boýunça möhüm çeşme hasap edilýän «Türkmenleriň we Türkmenistanyň taryhy boýunça maglumatlar» (MITT) kitabynda hem Isgender begiň bu işinden parçalar getirilýär. Şol ýazgylarda türkmenleriň okly taýpasyndan bolan Aba serdaryň sefewilere garşy gozgalaňy barada gürrüň berilýär. Işiň girişinde Isgender beg sefewileriň nesil şalygy we olaryň şejeresi barada dürli çeşmelerden alnan maglumatlary giňden peýdalanypdyr. Eseriň şu bölümini ýazmak üçin dürli taryhy işleri, aýratyn hem «Tarih-i-ahwali salatin-i Turkman» («Türkmen soltanlarynyň taryhy») we «Tarih-i Turukmaniýýa» («Türkmenleriň taryhy») kitaplaryndan giňişleýin peýdalanypdyr. Isgender begiň Akgoýunly we Sefewi türkmen döwletleriniň taryhy, aýratyn hem bu iki döwletiň hökümdarlarynyň garyndaşlyk gatnaşyklary barada berýän maglumatlary gyzykly. Sefewi türkmenleriniň döwletini esaslandyryjy şa Ysmaýylyň enesi (atasy Jüneýit şyh) Hatyja begim meşhur akgoýunly türkmen patyşasy Uzyn Hasanyň (1466-1478) aýal dogany bolupdyr. Şa Ysmaýylyň ejesi (kakasy Haýdar şyh) Marta (Älemşah begim) bolsa Uzyn Hasanyň Trapezund grek imperatorynyň gyzy Katerinadan (Despine Hatyn) bolan gyzydy. Maglumatlardan mälim bolşy ýaly, Uzyn Hasan şa Ysmaýylyň babasy bolupdyr.
Isgender begiň eseriniň birinji tomy şa Abbasyň 42 ýyllap dowam eden hökümdarlygynyň 30 ýyllyk döwrüne (1587-1617ýý) bagyşlanyp, onda Sefewi türkmenleriniň döwletinde we sebitde bolup gerçen wakalar beýan edilýär. Işiň ikinji tomy şa Abbasyň ýurdy dolandyran soňky 12 ýyl döwrüne bagyşlanan (1617-1628 ýý). Onda şa Abbasyň içeri we daşary syýasaty barada jikme-jik gürrüň berilýär.
Isgender beg Türkmeniň eserinde Sefewi türkmenleriniň döwletiniň syýasy taryhy bilen baglanyşýykly meseleler bilen bir hatarda, durmuş-ykdysady ýagdaýy, şeýle hem medeni durmuşy barada-da köp maglumatlar berilýär. Eserde meşhur sungat ussatlarynyň, şahyrlaryň, tebipleriň, hatdatlaryň we başgalaryň eden işleri we ömür ýollary barada-da gürrüň berýär. Isgender beg meşhur suratkeş Kemaleddin Begzada, hatdat Pirpudak beg Gaplaň ogly Şamly, tebip Kiçik (kiçijik) Hekim, şahyr Şany Tekeli, suratkeş we taryhçy Sadyk beg Awşar we başgalar barada gymmatly maglumatlar getirýär.
■ Weliguly beg Dawutguly beg ogly Şamly
XVII asyryň meşhur türkmen taryhçylarynyň biri-de Weliguly beg Şamly bolupdyr. Ol 1625-nji ýylda Hyratda doglupdyr, Seýistanyň häkimi Mälik Nusrat hanyň elinde işläpdir, soňra Kandagara iberilýär we Kandagaryň hökümdary Zülpükär hanyň köşgünde «hajyp» (dolandyryjy) bolup işläpdir. 1662-nji ýylda Kandagaryň täze hökümdary Mansur han Weliguly Şamlyny wesipesinden boşadýar.
Weliguly beg kyssaçy hökmünde türkmen taryhy barada «Kysas – al – Hakani» («Hanlar barada kyssalar») eserini ýazypdyr. Bu eseri Weliguly beg 38 ýaşynda ýazmaga başlapdyr. Eseri onuň haçan ýazyp gutarandygy belli däl, ýöne 1674-1675-nji ýyllarda-da ol bu kitaby ýazmagyny dowam etdiripdir. Eserde Sefewi türkmenleriniň döwletiniň dörän wagtyndan tä şa Abbas II hökümdarlygynyň ahyryna çenli döwür (1666 ý) barada gürrüň berilýär. Onda Sefewi soltanlary, welaýatlaryň meşhur emirleridir hanlary, serkerderler we wezirler barada baý maglumatlar getirilýär. Weliguly begiň döwlet wezipeleri barada berýän maglumatlary has hem gyzykly. Onuň berýän maglumatlaryna görä şol döwürler Sefewi türkmenleriniň döwletinde şeýle wezipeler bolupdyr: «beglerbegi» (welaýat häkimi), «möhürdar» (Şa möhrüni saklaýjy), «işikagasybaşy» (köşkde dabaralary gurnaýan emeldar), «Awşikarbaşy» ýa-da «awçybaşy», «Wekil» (şanyň orunbasary), «Läle» (atabeg), «Ýasawylbaşy» (şanyň adýudanty), «Myrahyrbaşy» (athananyň başlygy), «Myhmandarbaşy» (daşary ýurtly we hormatly myhmanlary kabul edýän emeldar), «Supraçybaşy» (köşkde saçak ýazýan), «Müneçjimbaşy», «Gapyguly» (köşk derwezelerinde we gapylarynda durýan esger), «Gullaragasy» (gapy gullarynyň serkerdesi), «Jarçy» we başgalar. Harby wezipeler we derejeler barada aýdylanda bolsa olar edil biziň şu günki günlerde ulanyşymyz ýaly: goşun, ýasawyl, ýüzbaşy, nöker we başgalar.
■ Haýdar beg Abulkasym beg ogly Ýywa-oglan
Haýdar beg Ýow-oglanyň haçan dogulandygy anyk däl. Ol Günorta Häzirbegjanyň Günorta-Günbatarynda «Ýywa-oglan» diýen obada eneden bolýar. Ýywa-oglan obasy osmanly türkmenleriň dilinde «Ýywa-oglan» diýlip atlandyrylýar. Şonuň üçin hem ýazaryň familiýasy iki görnüşde-de gabat gelýär. Türkmen adam we ýer-ýurt atlarynyň arasynda duş gelýan bu at oguzlaryň «ýywa» taýpasynyň ady bilen bagly bolmagy hem mümkin. Taryhy çeşmelerde Haýdar begiň familiýasynyň şeýle atlandyrylýandygy üçin biz ony üýtgetmegi makul bilmedik. Haýdar beg ýaşlygyndan Yspyhanda şa köşgünde «gapy guly» bolup işleýär. 1636-njy ýylda kakasy Abulkasym beg ölenden soň şa Sefi I ony köşkde «işikagasybaşy» (köşkde dabaralary geçirýän emeldar) wezipesine belleýär. Öň bu wezipede Haýdar begiň kakasy işläpdir. 1664-njy ýylda Haýdar beg Ýywa-oglan sefewileriň taryhynda ýaramaz yz galdyran Abbas II (1642-1666 ýý) gazabyna duçar bolýar we jezalandyrylyp öldürilýär.
Haýdar beg Ýywa-oglan «Majma al-inşa» («Hatlaryň ýygyndysy») eserini döredipdir. Bu eser şa Sefi I bagyşlanypdyr. Adyndan belli bolşy ýaly bu kitapda türkmenleriň geçmiş taryhy bilen baglanyşykly iş dolandyryş resminamalary, permanlar, ýarlyklar we nusgalyk hatlar ýerleşdirilipdir. Bu esere seljuk türkmen hökümdary Alp-Arslandan (1063-1072) tä Abbas II (1642-1666) döwrüne çenli aralykda toplanan resminamalar girizilipdir. Haýdar begiň işiniň taryhy we çeşmeşynaslyk ähmiýeti ulydyr.
Umuman alanyňda, sefewiler döwrüniň türkmen taryhçylary ylmyň bu ugrunyň ösmegine uly itergi beripdirler. Türkmeniň geçmiş taryhyny jikme-jik beýan etmek bilen onuň gelejekki nesillere ýetirilmegi ugrunda aladalanypdyrlar. Sefewileriň döwründe eser döreden türkmen taryhçylarynyň işleri dünýä çeşmeşynaslygynda belli bir derejede öwrenilipdir. Emma daşary ýurtly alymlaryň aglaba köpüsi ýazarlaryň arasynda «Türkmen» familiýasyny göterenleriň bardygyna garamazdan şol eserleriň «eýranly» ýa-da «azerbaýjan» taryhçylary tarapyndan ýazylandygyny tekrarlaýarlar. Şu ýerde bir hakykaty aýratyn nygtamak zerur: Sefewi türkmenleriniň döwletiniň halkymyzyň geçmişde döreden güýçli döwletleriniň biri bolandygyna şek-şübhe bolup bilmez!.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar