14:44 Seljuk türkmen gonamçylygynyñ Malazgirt "bereketi" | |
SELJUK TÜRKMEN GONAMÇYLYGYNYÑ MALAZGIRT "BEREKETI"
Taryhy ýerler
Türkiýäniñ Bitlis welaýatynyñ Ahlat etrabyndaky dünýäniñ iñ uly türkmen-yslam gonamçylygy bolan seljuk türkmen mazarystanlygy soñky wagtlar geçirilýän täsirli medeni çäreler netijesinde zyýaratçylaryñ iñ bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. "Türkmenleriñ Anadola giriş derwezesi", "Anadolunyñ bosagasy" ýaly atlar bilen tanalýan Ahlatda ýakynda, ýagny, 2019-njy ýylyñ 26-njy awgustynda şanly Malazgirt ýeñşiniñ bellenip geçilmegi hem etraby iñ köp zyýarat edilýän künjege öwürdi. UNESKO-nyñ Bütindünýä medeni mirasynyñ sanawyna giren bu gonamçylyk baýramçylyk çäresine gatnaşmaga gelen türkiýeliler bilen birlikde, daşary ýurtly turistleri hem myhman almaga başlady. Türkiýäniñ Prezidentiniñ howandarlyk etmeginde, Medeniýet we turizm ministrliginiñ rugsady bilen gazuw-agtaryş işleri geçirilen gonamçylykda hersi özbaşyna aýry bir sungat eseri diýip baha berilmäge mynasyp 8 müñ iki ýüz sany mazar daşyny görmäge gelen zyýaratçylar taryha şan beren eždatlarymyzyñ mazar daşlaryny ýakyndan görmäge, öwrenmäge mümkinçilik tapdylar. Sebite gelýän syýahatçylara oñaýly döretmek bilen meşgullanýan turizm sektorynyñ işgäri Emin Sewer ýolbeletlik edýän topary bilen bile Akdamar adasyna we Nemrut krater kölüne syýahat edenden soñ Ahlatdaky seljuk türkmen gonamçylygyna zyýarat edendiklerini buýsanç bilen belläp geçdi. Üç ýyl öñ başlanan gazuw-agtaryş işleri netijesinde etrabyñ ähmiýetiniñ artandygyny, adamlaryñ bu ýere hasam köp gelesleriniñ gelýändigini aýdýan Sewer şeýle diýdi: "Syýahatçylyk turynda wagtymyzyñ agramly bölegini Ahlatdaky seljuk gonamçylygyna sarp etdik. Türbeleri we haraba öwrülen şäheri aýlanyp çykarys. Wan kölüniñ ýakasynda şular ýaly gonamçylygyñ barlygy turizm üçinem bähbitli. Bu ýerler taryhy taýdanam görmäge we gezmäge mynasyp ýerleriñ biri. Hususanam, hut Hormatly Prezidentimiziñ özi bu ýere zyýarat edensoñ, seljuk gonamçylygy hasam tanaldy. Syýahatçylary Wan kölüniñ ýakalaryna aýlap ýörkäk, adamlar "Ahlatdaky seljuk gonamçylygyna haçan gidýäs?" diýip sabyrsyzlyk bilen soraýarlar. Bu ýerler indi has gowy tanalýar. Men syýahatçylary bu ýerleri görmäge çagyrýaryn we etrabyñ tanalmagynda tagallasyny gaýgyrmadyk işgärlere minnetdarlygymy bildirýärin". Deñ-duşlary bilen bile gonamçylygy zyýarat eden ýönekeý syýahatçy Hande Kulak bolsa etrabyñ başga etraplardan tapawutlanýan aýratyn etniki atmosferasynyñ bardygyny nygtaýar. Etrabyñ ýerli ýaşaýjylarynyñ bu ýerlere hökman gelip görmeginiñ gerekdigini aýdýan Kulak: "Bu ýerler kän bir aýak basylmaýan, tebigaty ajaýyp çet ýerler. Medeni gymmatlygy ýokary. Bu ýerleri hökman görmek gerek. Wan kölüniñ ajaýyplyklary munuñ üstesine. Bu ajaýyp görnüşi hemmeler görmeli" diýdi. Seljuk gonamçylygyna zyýarat etmek üçin aýaly bilen bile Germaniýadan ýörite gelen Adiljewazly Müslim Subaşy hem öz gezeginde türkiýelileriñ, şol sanda ähli türki respublikalaryñ raýatlarynhñ bu ýerlere zyýarat etmeginiñ gerekdigini nygtady. Aýalynyñ ilkinji gezek Ahlaty görüp haýrana galandygyny aýdýan Subaşy: "Bu ýerler Anadolynyñ başlangyhy. Şonuñ üçin bu ýerde bolmak adamy duýgylandyrýar. Men özümi bu ýerleri görmek nesip edendigi diýseñ bagtly duýýaryn. Söz bilen beýan edip bolmajak üýtgeşik duýgy" diýip begenjini beýan etdi. ■ Giñişleýin maglumat üçin seret: Selçuklu Meydan Mezarlığı VAN GÖLÜ Ahlat Selçuklu Mezarlığı Türk-İslam TURİZM Türkiye | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |