12:12 Şem | |
ŞEM
Arzuw hyýallardyr, haýu-höwesleriñ yzy üzülmän edýän hüjümleriniñ otlukly ojagynda kükräp ýanyp duran ýürek, beýle ýanyndaky şemdanyñ üstünde dymyp duran Şeme gözi düşüp, oña oslagsyz soragny atyp; - Ýeri dost, sen nämä dymýarsyñ - diýdi. Şem oña: - Maña zerurlyk ody gerek - diýip jogap berdi. Onda ýürek: - Ot mende tutaşdy gel, al! Şem: - Sag bol dost! Seniñ ol oduña men tap getirip bilmen. Oña nije ahy-nala, dat perýat hem tap getirip bilenok. Men kiçijik sapaga duwlanyp öýüñ törüne ýagty salýan. Sen bolsa dünýäni ýakybam öz törüñi ýagtyldyp bilmeýärsiñ diýip jogap beripdir. Aşyr SALYH OGLY. 16.02.2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |