09:17 Semeneli gazanda kimiñ bäş barmagynyñ yzy galýar? | |
SEMENELI GAZANDA KIMIÑ BÄŞ BARMAGYNYÑ YZY GALÝAR?
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ýurdumyzda giñden bellenilýän baýramçylyklarymyzyñ biri hem Nowruz baýramydyr. Bu baýramçylyk mynasybetli taýýarlanylýan datly semeneler birnäçe ýyllardan bäri türkmen saçagyny bezäp gelýär. Ýöne bu semenäniñ taýýarlanyşynyñ añyrsynda halk döredijiliginden çykan rowaýatlar bar. Siz Äşe-Patma hakynda eşidip gördüñizmi? Äşe-Patma hakynda il arasynda ýoñ bolan rowaýatlary diñläp görmedikleriñiz az-azdyr. Kiçiräk wagtlarym her ýylyñ 21-nji marty Semene bişirip öýme-öý paýlanardy. Öñler goñşular bilen bilelikde bu baýramçylygy, mekdeplerde mugallymdyr, okuwçylaryñ arasynda gyzgyn bellenerdi. Indi bolsa biz semenäni bazarlardan nagt satyn alyp bilýäris. ㅡ Aýtmaklaryna görä uly gazanda semenäni ataryp, ojagyñ aşagyny mazaly odundan doldurylyp ýakylýar we gazan mazaly gaýnaýar. Ertesi irden turup gazanyñ gapagyny galdyryp taýýar semenä seredersiñ welin bäş barmaklaryñ yzy bildirip durýar eken. Bu bolsa hezreti Äşe-Patmajanyñ elleriniñ yzy - diýýärler. Datly semene tagamy Türkiýadaky goýy halwanyñ tagamyna kybap gelýär. Şeýlelikde taýyn bolan semenä Äşe-Patma gelip barmagyny batyryp dadyp görýär eken. Şeýle rowaýatlary il içinde gürrüñ ederdiler. Bu rowaýatdan dörän zenan ady, yslamdan öñki türkmenleriñ dillerinde doga boldumyka? Gadymy türkmenleriñ arasynda Aşepatman hanym diýip zenan tañry bolupdyr. Ol lukmançylygyñ piri hasaplanypdyr. Türki rowaýatlarynda Aşepatman hanym ýaşy gartaşan kempir bolup syrkawlara şypa berip, adamlary her dürli dertlerden halas eder eken. Özüniñem gyzyl saçy, dürli lagyldan dişleri bolup, ýaşaýan ýerleri hem gür tokaýdan ybarat kölüñ içi bolupdyr. ''Aş'' sözi türkmençe nahar aş, diýen manylary berýär. Aşa sözi bolsa türkiçe gyz dogan, uýa manyny añladýar. Diýmek aş-aşa-aça sözleri: ''Nahar berýän aşpez gyz uýa'' diýen manylara gabat gelýär. Türkileriñ zenan tañrysy Aşapatman bilen Äşe-Patmanyñ hiç hili baglanyşygynyñ ýokdugyny hem bellemelidiris. Onda Rowaýat edilşine görä semenedäki bäş barmaklaryñ yzy Äşe-Patmanyñ eliniñ yzlary bolsa gerek. Äşe Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) ýanýoldaşynyñ adydyr. Patma (Fatima) bolsa pygamberimiziñ gyzy, hezreti Alynyñ bolsa ýanýoldaşydyr. Türkmençilikde olaryñ adynyñ ikisi birlikde tutulyp aýdylýar. Bu maglumatlary Nowruz baýramynyñ ýetip gelmegi mynasybetli toplamaly boldum. Ýetip gelýän Milli Nowruz baýramyñyz gutly bolsun. Gutlamak bilen size berk jan saglygyny, ýurt abadançylygyny dileýäris. ■ Maglumat üçin seret: Deniz Karakurt ''Türk söylence sözlüğü''. Isbn: 978-605-5618-03-2 2011. ''AŞAPATMAN HANIM'' sah-35 (türkçe). Taýýarlan: Çarymuhammet SUGTYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |