18:49 Sen geldiñ-de... | |
SEN GELDIÑ-DE...
Goşgular
Sen geldiñ-de, Garyp köñlüm baý etdiñ. Ýöne, Nämüçindir Ynjalygym ýok. Sen maña bagt berdiñ örän ullakan, Ony nädip gorajagmy bilemok. Ýöne Säher-säher bagtymy öpüp, Görýän öz-özümi seniñ gözüñde. Herhal, ýolda ýatan daş däl ekenim, Artyk däl ekenim ýeriñ ýüzünde. * * * Menem söýdüm söýülmedik juwany, Menden başga bagtly baryn bilmedim. Ýöne mydam Aý astynda dostlarmyñ Söýgi hakda söhbetini diñledim. Menem bagtly boldum ýagty dünýäde, Menden başga bagtly baryn bilmedim. Ýöne ot başynda dünýäni undup, Bagtlylaryñ söhbetini diñledim. Ýok, men muny bilgeşleýin edemok, Adamlara gulak asman bilmedim. Begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim, Elmydama özgeleri diñledim. Indi bilenimden ýazýaryn aýdym, Öz-özümden monça bolýan, ýeñleýän. Ýöne sähralara çykamda, ýene Özgäñ düzen aýdymyny diñleýän. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Yetimiñ sowaly / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil... / Goşgular - 04.08.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |