14:24 Senden bize em gerek däl | |
SENDEN BIZE EM GEREK DÄL
Goşgular
Dogañ hiçdir mollasumak, Senden bize em gerek däl. Lukmanlardan geler kömek, Şondan başga em gerek däl, Senden bize em gerek däl. Zähmet çekseñ, eşretiñ bar, Zähmetiñde rehnetiñ bar, Bes et, ýaman häsiýetiñ bar. Gaty gitseñ, sen gerek däl, Senden bize em gerek däl. Ýalan sözli wagzyñ bilen, Hapa ysly agzyñ bilen, Çüflän bolma nogluñ bilen, Akyl barka, kem gerek däl, Beýle sowuk dem gerek däl. Azat, erkin wagtymyz bar, Eksek, gursak bagtymyz bar, Ile goşul, biz bagtyýar, Dogry sözlä üm gerek däl, Ýagty barka tüm gerek däl. Saparmyrat ÖWEZBERDIÝEW. "Tokmak" žurnaly, 2/1989 ý. | |
|
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Dostum, älem seniň çün olar duşman maňa... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |