14:48 Üç ýadygärlik | |
ÜÇ ÝADYGÄRLIK
Goşgular
Bu hakda has öñräk ýazmalydym men, Sözleri monjuk deý düzmelidim men. Söýgüno, hormaty ýürekden besläp, Hoşniýet adamlar juda höwesläp, Üç beýik şahyra ynsan adyndan Dikdi ýadygärlik Aşgabadymda! Olañ biri Puşkin, onsoñ Pyragy, - Olar asyrlaryñ nurly çyragy. Ukrain topragnyñ erkana sazy - Üçünji şol halkyñ beýik Kobzary. Russiýañ ylhamy, türkmen dutary, Bulara sepleşýän bandurañ tary. Üç ylham üç ýerden nurlanyp bakýar, - Üç çeşme bakydyr durlanyp akýan! Bäherden ilinde heniz oglankam, - Gudrat! - diýipdim men Taras Şewçenkä. Kitaby hemramdy - kitap elimde, Şygry ýañlanýardy ene dilimde. "Akymlardan", "modalardan" geçip men, Goşgularda goşgulary seçip men, Okadym olary öz sesim bilen, Kalbyma dokadym höwesim bilen. Eserlerne syýahata geldim men, Za halýawañ¹ nämedigini bildim men. Söýgini, hormaty ýürekden besläp, Hoşniýet adamlar juda höwesläp, Üç beýik şahyra ynsan adyndan Dikdi ýadygärlik Aşgabadymda! * * * Alkyşla mekanyñ, maksada ýetir, Gitseñ, yhlas ýene gaýtaryp getir, Arkasyn penalty daglary otyr, Diýaryñ islegi saña permandyr. Ol gara daglardan çeşmeler iner, Şat bala suwundan ýüzüne solar, Jümjüme iýiler, gatoññur iýler, Ýuwasy, çomujy jana dermandyr. Wysal boldy iliñ arzuw-hyýaly, Çölüñden ýol saldy Lenin kanaly, Dostlukdan arkaly - baky penaly, Öñler beýle bagty asyl görmändir. "Ak altynly" atyz uzalar gider, Müşgil iş zähmetden düzeler gider, Çar ýany bir geñsi - bezeler gider, Mekanma yhlasym mydam gurbandyr. Serving howasyndan gönener janyñ, Bagty baky çüwer ýerin sylanyñ, Yssy mähri bilen babadaýhanyñ Ömür bu topragy dörüp-sermändir. Aýtdyrman ýumuşyn ýerine ýetir, Gitsem gideýin men, gelerin ertir, Goýnunda ejemiñ gubury ýatyr, Ondan jyda düşmek maña armandyr. * * * Nur alypsyñ, joş alypsyñ säherden, Ylhamlanyp, bat alypsyñ bahardan, Aç ýüregñi, azat ilim Bäherden, Şahyrlary myhmanlyga getirdik. Şahyr halky köñülleriñ yşygy, Köpdir munda "Ganly sakañ" aşygy, Kabul ediñ, ussat Çary Aşyry, - Siziñ islegñizi ýerne ýetirdik. Galpak toýda goý seçilsin nogullar, Indi jeñe gitmesinler ogullar, Bu başlary dik götersin eginler, - Gijelerne şu arzuwda ýatardyk. Jan mekanym, geljegiñ has ýagtydyr, Zamanymyz - şan-şöhratyñ wagtydyr, Seniñ bagtyñ - Watanymyñ bagtydyr, Körpejikkäñ gül göwsüñde biterdik. Ýük ýerde däl, nerler barka hatarda, Olar ömür gatyn ýaýsyn setirde, Başlaryñyz arşa ýeter-ýeterde, Toý gününde törüñizde oturdyk. ________________ ¹ Nowo-Petrowsk berkitmesinde (häzir Şewçenko şäheri) sürgünde ýörkä Taras Şewçenkä surat çekmegi, goşgy ýazmagy gadagan edipdiler. Emma şahyr gizlinlikde ýazan şygyrlaryny za halýawada - ädiginiñ gonjunda ýygşyrýardy. Şonuñ üçin-de şol goşgulara "za halýaw goşgular" diýilýär. | |
|
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Eý, Habybyňdan gelip, hamdyňda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goşgularym / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Bir millet / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |