10:26 Ah çekip... | |
AH ÇEKIP...
Goşgular
Üç ýaşymdan kakamdan Jyda düşdüm, ah çekip. Aýralygyñ oduna Ýanyp-bişdim, ah çekip. Köremegiñ deregne Birden öçdüm, ah çekip. Ýaýnamagyñ deregne Haldan gaçdym, ah çekip. Oýnamagyñ deregne Gahar seçdim, ah çekip. Öz ýanymdan faşistiñ Donun biçdim, ah çekip. Doýa garyn doýanok, Ýaşaýarys zar bolup, Zar bolsak-da, ynanýas: Ýaşamarys har bolup. Şol gün geler, gargyşlar Ýakar barar gor bolup, Öñde-soñda ýeñeris, Ýeñeris biz zor bolup, Kakam janyñ ömüri, Baky ýaşdyñ, ah çekip, Ejem janym, esgerñe Goşgy goşduñ, ah çekip. Birden kakam ýadymda, Bir görsemem, ýatda ýok, Şo-ol gidişi-gidişi, Habar-da ýok, hat-da ýok, Şatylama gyş düşdi, Çöregmiz ýok, ot-da ýok, Bagra kuwwat berere Kuwwat diýseñ ötde ýok, Süýt içmegiñ deregne Zäher içdim, ah çekip, Agyr ýyllañ gapysyn Depip açdym, ah çekip. Ýeñiş bize ýar boldy, Gyrmyz baýdak parlady, Gana suwsan duşmanmyz Gara ýeri sermedi, Adyl höküm öñünde Ganojaklar derledi, Gelenler bar, gelmedik Gaýdyp gara bermedi, Mähribanym - Soldatym, Baky uçduñ, ah çekip, Bilmedim men, nirede Ýeri guçduñ ah çekip... Saparmyrat ÖWEZBERDIÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |