23:32 Täze goşgular | |
TÄZE GOŞGULAR
Goşgular
Güni görmek üçin inipdiris biz, Gün bilwen dogulyp gülli baharda, “Bir ynsan doguldy” diýlipdiris biz Päkizwe asmanly, günli säherde. Derrew gün nuruna garylyp gitdim, Nurly gün nuruny bize eçildi. Ien şeýdip başlanypdyr ömrümiz, Ömrümizem güller ýaly açyldy. Säher bilen başlaýarys ömri biz, Gözlermizi gün nurunä dikýäs-de. Herekete getirýäris elleri, Dumly-duşda elwan güli ekýäs-de. Keşler bilen çekip barýas pelleri, Tohum sepýäs Zeminmiziň gatlagna. Tohumymyz dürterýär-de boý alýar, Boý alýar-da, galýar abatlygyna. Gämik bilen gözlerimiz oýanýar, Öpýär ol gülleriň çemenzaryny. Toprakdan güýç alan altyn däneleň Gözlerimiz görmäwersin haryny. Dänelerim kök uruň-da, käneliň Topragmyzyň belendinde-pesinde! Gözlerimiz Gün nury dek nur döksün, Togalak Zeminiň dik depesinde! *** Säher wagty gerinýän-de, turýaryn Düşýär meni daragta nazarym. Täp-täzeje pikir bilen eýlenen Beýnim diýýär: “Haçan goşgy ýazaryn?” Ýürek diýýär: “Ine lowlap gyzaryn” Eller bolsa herekerte başlaýar, Dünýä ýaly kökün uran daragt Bu bolşumy Gün nuruna buşlaýar. Göwün şeýdip, öz-özüni hoşlaýar, Daragtym sarsdyranok synasyn. Bu zatlary aňyp durka ýüregim, Ne-de bolsa, goý, özüni synasyn. Ýürek weli: “Indi boldy” diýmesin, Meniň göwräm öňküsi dek çeýedir. Daragtyň bolşy ýaly bu göwre Ne-hä şaha, ne-de köke eýedir. Gollaryňy uzadyber daragt, Säher wagty Güneş bilen birleş-de! Daragta meňzejek bol, ýüregim, Beýik bilen, Güneş bilen gürleş-de! *** Bezäp gitdi Güneş Ýeriň göwsüni, Ýerem Güne tarap atdy owsuny. Dumly-duşy tutup ýatyr iýmişlik, Ýaşa sen, ýaşa sen, giden giňişlik! Tos-togalak Zemin bakdy Güneşe, Güneş diýdi: “Nurum bilen bezel sen”. Daş-töwerek ýaşyl begres geýindi, Ene toprak, gör, neneňsi gözel sen! Aýdym aýtdy meýdanlaryň gülleri, Aýdym aýtdy sap zähmetiň pelleri. Güneş bilen bu topragy bezeýän Berekella size, Adam elleri! Köprüler gurýaňyz dumly-duşlarda, Güne tarap galýar olaň binýady. Beýniňizden dörýän durmuş ýollarna Haýran bolýan galagoply Dünýädi... Dörediji Adam, köpriň beýgelsin, Köpriň bilen, goý, özüň-de beýgel sen! Köpriň bilen ähli kenar birleşsin, Ýüreklerde güneş bolup ýerleşsin! Bir eliňde göter tegelek Güni, Göter-de, ýylat sen, dostlaň baryny. Şahyr aýtmyşlaýyn, beýleki eliň Saklap dursun Zeminmiziň şaryny! *** Ýer ýüzüne ýaplap eginlerimi Gözlerimi güne dikip ýatyryn. Ýürek köräp urýar Günüň nurundan, Diýýän ýaly: “Güne salam ýetirin”. Ynha şeýdip uzak günüm ötürin. Günüm bolsa saçyp dur öz ýalkymyn. Gün bilen urunýan birje ýürekde Ýatyr oý-pikiri beýik halkymyň. Ýürek diýýär ellerime: “Galkynyň!” Eller gulak asýar ýürek emrine. Durşy bilen güneş bolan ellerim Ömür goşýar topragymyň ömrüne. Toprak mäjum bolýar, toprak özgerýär, Günüň nury ýer göwsüni ýyladýar. Zähmet bilen berdaşlanan gollarym Sagu-solda elwan güli bol edýär. Ýürek bolsa öz ellerin gül edýär, Ellere ornaýar ýürek aýdymy. Ýürekden, ellerden dörän aýdymdan Dumly-duşyň bolmaz eken doýdumy. Daş-töwerek bezäp gitdi beýdimi Menem ynha, güller ýaly açylýan. Ellem bilen ýere zähmet paýlasam, Ýürek bilen ile güneş eçilýän! “Edebiýat we sungat” gazeti, 03.09.1966 ý. | |
|
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ «Bolanok — diýipdiň — bir ýylda iki...» / Goşgular - 23.10.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |