17:34 Litwa hakda ballada | |
LITWA HAKDA BALLADA
Goşgular
Çäge tozap, gyzgyn ýelli topanda, Garagumda dodaklarym kepände, Bürgüt pelpellände meniñ depämde, Señ mähriñi duýýaryn men, duýýaryn! Tokaýlygyñ gujagynda ýaýnamda, Yhlas edip kömelegñi saýlamda, - Eşret bary bardyr - diýsem - ýaýlamda, Ganat berýäñ, ýaýýaryn men, ýaýýaryn! Çöllerimden, çigildemden köz alan, Illerimden ýüpek kimin ýaz alan, Dillerimden eşret alan, saz alan, Bir gözeli söýýärin men, söýýärin! Asman gözli, ýantar ýaly saçly gyz, Güýz meñizli, akyl doly başly gyz, Göreçleriñ bolmawersin ýaşly gyz, Sözleriñe uýýaryn men, uýýaryn! Baş götermen aýdanyna her kesiñ, Inçe bolsun - ol ses meniñ öz sesim, Goşgularny Salomeýa Nerisiñ, Aýdym ýerne goýýaryn men, goýýaryn! Günler geçip, ýyllar bary ötende, Her ojakda dynçlyk dañy atanda, - Meniñ ülkäm bu ullakan Watanda Iki eken - diýýärin men, diýýärin! Sapаrmуrat ÖWЕZBERDIÝЕW. | |
|
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Yetimiñ sowaly / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil... / Goşgular - 04.08.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |