13:42 Şeýh Edebalynyñ Osman Gazy Türkmene nesihatlary | |
Şeýh Edebalynyň Osman Gazy Türkmene
Sözler
NESIHATLARY ■ Ogul! “Käbir adamlar bardyr, säher çagy doglar, ikindinara ölerler. Dünýä çak edişiñ ýaly uly däldir. Dünýäni bize uly ýaly görkezýän biziñ öz kiçiligimizdir. Nebisjeñligimiz we men-menligimizdir… ■ ”Dünyä bir täsin han, bir içgysgynç mekan. Ynsan bir täsin barlyk, derisine sygmaýan… Ýaşaýyş diýeniñ bir owurt suw, bir pursatlyk düýş… Ömür bir gysgajyk ýol, ikilenç geçilmeýän… Bu ýolda nazarymyzy soñsuzlyga dikip, aýgytly öñe gitmek we abraýly ölmek gerek. Bu ýolda alñasamak - ýoluña tikendir, men-menlik we ganygyzmalyk böwetdir. Hergiz özüñe aşa guwanyp öz-özüñe boglup galyjy bolaýma. Ýeke-täklik diñe Allaha mahsusdyr, bir özüñ karara gelip petiş dünýäniñ çökder ýüküni ýeñledip bilmersiñ. Bir işiñ başyny tutanda tejribeli we köpi gören kişilere sala salgyn etgin, geñeşip iş etseñ ýol alarsyñ, hiç kime geñeşmän iş etseñ ýoluña bulaşyp galarsyñ, ogul. ■ Güýçlüsiñ, akyllysyñ, sözüñ geçginlidir. Emma bulary nirede we nähili ulanjagyñy bilmeseñ, säher şemalyna sowrulup gidersiñ. ■ Bir pursat geler, bir urgy bilen dünýäni ýumraýjak güýje gelersiñ, bir pursat geler - ýerdäki bir garynjadan ýeñlersiñ. Gara güýç haýwanda-da bar. Akyl diñe açardyr. Açara baglanyp galyjy bolma. Esasy zat açaryñ açjak gapysyndadyr. Gapylaryñ añyrsynda hazynalar we syrlar bardyr. Syrlar bolsa ebedi buşluklary goýnunda saklaýar, bakylyga gowuşdyrýar. Aklyñy peýdalanyp, heniz dünýädekäñ behiştiñ gapylaryny açjak bolgun, ogul. ■ “Gazabyñ we tekepbirligiñ birleşip aklyñy ýeñer! Elmydama sabyr-takatly, maksada okgunly we özüñe erk edijilikli bolgun, haýbatyñdan dönmegin. Barýan ýoluñy, arkañdaky ýüki bil, her bir işi öz wagtynda et! ■ Gahar - otdur, gahar - apatdyr, gahar - şeýtandyr, ogul. Adam ogly daglary ýykyp biljek güýje eýe bolsa-da, gahar-gazabyna ýeñlip biler. ■ Ýolçy, egik baş bolsun, Gözde mydam ýaş bolsun. Hüýi biraz ýuwaş bolsun, Ýogsa ýollar aşylmaz.” - diýen nähili dogry aýdypdyr. Gahar men-menligiñ iýmidir, iñ lezzetli iýmitidir. Menlik semrese erkiñ ýok bolup gider. Erk-ygtyýary pese düşeniñ ruhy öler. Poslap giden bedeni götermek nähili hupbat, o dünýä gömük bir ruh äkitmek nähili hyýanat. ■ Sabyrsyz bolma, ogul. Sabyrsyz menzil aşylmaz. Kap dagyna sabyrsyz baryp bolmaz. "Sabyr bir gara tikeni ýuwtmakdyr we tiken içiñi parçalap geçende-de dişiñi gysyp çydamakdyr". ■ Ynsan ojakdaky ot ýaly ýanmaly, ýanmaly we derdini hiç kime äşgär etmeli däldir. Gözüñi uzaklara dik ogul, hasabyñy öñüñde goýan maksadyña görä çykar. Şuny-da asla unutmagyn: "Her bir zadyñ öz wagty bardyr. Wagtyndan öñ gygyran horazyñ başy kesiler" ■ Işiñ kyn, ýüküñ agyrdyr, ogul. Hyzmatda öñde, bahada yzda bolgun. Işiñ iñ kynyna dalaş etmekden gaça durmagyn. Işiñ kynlygy Ýaradanyñ gullaryna yhsanydyr. ■ Açyk sözli, gönümel bol! Her sözi üstüñe alma! Her gören zadyñy aýtjak bolup ýörme, beren sözüñi unutma, söz sözläñde göz üçin sözleme. ■ Biz bu ýola ýigrenji eretmek üçin, dünýäde mähir-muhabbeti gaýtadan berkarar etmek üçin çykdyk. Bu ýolda utanja galjak ýerimiz ýokdur. Muhabbet ýolunyñ gizlini ýa aýany ýokdur, ogul. Emma zer gadryny zergär biler, sözüñi mynasybyna görä sarp et. Nadanyñ öñünde altynlaryñy palçyga zyñyjy bolma. Ýigit diýeniñ kör ýaly bolup her erbetligi görmez, ker ýaly bolup her bolar-bolmaz sözi eşitmez, lal ýaly bolup her agzyna gelen sözi aýtmaz. Bilýän zadynam hemme ýerde ýañrap ýörmez. Ýigit diýeniñ Ýunus kimin ýüregi muhabbete, köñli Hakykata gönükdirilendir. Ýigit bir gezek söz berdimi gutardygydyr, beren sözi onuñ namysydyr. ■ "Ene-ataña hormat goý, bereket ululardadyr!” Anadoly (Ene doly) - içinden burum-burum çeşmeler akan, nagmalary ot bolup jigerleri ýakanırm… “Enelerden" doludyr… Ene çilläniñ ýumagydyr, ogul doga çeşmesidir. Ene ýüregi nepis bir ýürek, ata bilegi Hakyñ diken iñ sagdyn diregidir. Enäniñ ynjyk ýüregini ýakyp, atanyñam bilegini gyryjy bolaýmagyn, ogul. Erte maşgala gurañda maşgalañ bilen ene-atañ arasynda köpri bolgunyñ. Ene-ata diýlen zat ýykylmazlyk üçin daýanýan diwarymyzdyr, bir gün ol diwar ýykylanda olaryñ gymmatyna düşünip galarsyñ. ■ Gowy görülýän ýeriñe ýygy-ýygydan gidip-gelip durma, arzyñ gaçar, ygtybaryñ peseler. Duşmanyñy köpeltme, eger señki dogry bolsa dawadan gorkma! Bilip goýgun, atyñ oñadyna bedew, ýigidiñ oñadyna däli diýýändirler! ■ Her zadyñ ortaçasy makuldyr, söýgüniñ-de. Söýeniñi çendenaşa söýme. Ýüregiñi söýgä doly aldyrmagyn. Iñ kyn synag "söýgidir". ■ "Kişi nähili bahadyr bolsa-da, muhabbete duş bolar.” diýen nakyly ýadyñdan çykarma. Beýle synaga duş bolmazlyk we, ygtybarlylykda nesliñden ýüzüñ utanmazlyk üçin gijeleriñ bagrynda, säherleriñ aýdyñlygynda doga-dileg etmäge tur. Seniñ ideýallaryñ we gelejege gönükdirilen maksatlaryñ bardyr ogul. Köñül adamyñ ömrüni peýdasyz sarp etdirmez, ýüregini añsada satmaz, edep täjini başyndan almaz. Köñülleri girip bilýän ýigidiñ elmydama ýüzi ýerde köñli gökdedir. Hakly bolsa dawalaşyp bilýändir. Dawany diñe gara güýji bilen däl-de, ylmy we ýüregi bilenem gazanmagy başarar. ■ Ýagşylyga ýamanlyk şer kişiniñ işidir, ýagşylyga ýagşylyk her kişiniñ işidir, ýamanlyga ýagşylyk bolsa är kişiniñ işidir, ogul. Sen biziñ arzuwymyz, sen biziñ dowamyz, sen biziñ dogamyzdyñ, ogul. Hemişe başyñ dik, alnyñ ak, göwnüñ päk bolsun. "Zümrüt Anka" guşuñy ünsli saýlasañ Kap dagy saña ýakynja bolar. Ýoluñ ebediýete çenli açyk bolsun. Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||