22:16 Şeýtanlar almyş jahany | |
ŞEÝTANLAR ALMYŞ JAHANY
Goşgular
![]() Işin görýär betpygyllar jahanyň, Köpelmese azalmaýar süreni. Erki ýetse okajaklar tepbedin, Ararat, Elburs, Erek, Küreni... Doýmaz-dolmaz betnebisler, ne heýhat, Depeleýär olar garyp-gasary. “Janym!” diýip, jan berjegi görmedim, Gözün ýumman satjak Süntdür Hasary. Hasar näme, gardaş, bajy satylýar, Bähbidi bar – satýar arşda Hudaýy. Pygamber ornunda oturan kazy Gara nebsi üçin bolmuş pidaýy. Sakalyndan tanap bolmaz şeýtanyň, Şeýtan az däl ‘ak perişde” mysaly. Görmedim olaryň içinde ýöne, “Huw- Hak” diýip ýören eli hasaly. Milletini çalşyp bilen kişiniň, Daşynda köp özi ýaly arwahlar. Olar iş gaýyrýar namaz üstünde, Ýanyp-bişip ýörmeli kän ahwallar. Diýseň eger senem: “Meniň işim däl”, Onda seňem parhyň ýokdur arwahdan. Birje haýyş – dogry sözüň gaýgyrma, Näme peýda ertir-agşam “ah-wahdan...” Ol türmede oturmaly halyna, Hajylaryň arasynda pekgerýär. Toba, toba, hajylyk nä modamy? Metjitlerde il öňünde hekgerýär. Bu şu günüň gürrüňi däl aslynda, Magtymguly örtenipdir bu derdi. Görogly atamy gözledim ýördüm, Yzyny yzladym tapmadym merdi. 29.10-01.11.2023 | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||