02:39 Sinaý dagy nirede? | |
SINAÝ DAGY NIREDE?
Taryhy ýerler
"Baryp, raz aýdyşan Sina dagynda, Tury-Musa Kelimulla haky çün!" Magtymguly PYRAGY. Musa pygambere (a.s) "On emiriñ" inen ýeri bolan Sinaý (Tur) dagynyñ aýry-aýry üç ýurtdadygy baradaky pikirler alymlaryñ arasynda çekişme döretdi. Häzirki wagta çenli bu mukaddes dagyñ Müsürdeligine ynanylýardy. Iñlis arheoglarynyñ biri bu dagyñ Saud Arabystanyndadygyny öñe sürse, onuñ başga bir italýan kärdeşi dagyñ Ysraýyldadygyny öñe sürýär. Iñlis arheology Lourens Kaýl hakyky Sinaý dagynyñ ýerleşýän ýeriniñ Saud Arabystanyñ Ysraýyla we Iordaniýa ýakyn araçäk zonasynda - Haliat el-Bedirdigine ynanýar. Kaýl orta atan pikirini şeýle delillendirýär: "Töwrata görä Hezreti Musa Ysraýyl ogullaryny Müsürden gaçyryp "Wada edilen topraklara" alyp barýarka, häzirki Arabystanyñ çäklerinde galan Sinaý çölüniñ soñuna çenli äkitdi. Injilde we Töwratda Sinaý dagynyñ Arabystandadygy habar berilýär. Ynanmasañyz, Injili we Töwraty açyp göräýiñ". Italýan arheology Emmanuel Anati bolsa Sinaý dagynyñ Ysraýylyñ çägindäki Negew çölündedigini öñe sürýär. Anati häzir geografik kartalarda Safron dagy diýip geçýän ýeriñ aslynda Sinaý dagydygyny aýdýar. Emmanuel Anati öz topary bilen Safron dagynda geçiren gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda bürünç eýýamyna degişli 12 sütünli ybadathananyñ galyndysyna duş gelnendigini habar berdi. Ybadathananyñ faraonlar döwründe Müsüriñ gullary tarapyndan bina edilendigini nygtaýan Emmanuel Anati: "Ybadathanyñ içindäki sunalga 12 sütün bilen sazlaşykly gurlan. Injilde Hezreti Musanyñ Sinaý dagynda "On emiri" alandan soñ bu dagyñ eteginde ybadathana gurandygyny habar berýär. Şol sanda ybadathanadaky 12 sütün hem 12 taýpadan dörän Ysraýyl ogullaryny añladýar" diýdi. Sinaý dagy Töwratyñ salgy berşine görä, Hezreti Musanyñ öñbaşçylygyndaky Ysraýyl ogullarynyñ Müsürden gelýärkä, säginip düşlän, Musanyñ Alla bilen sözleşen we "On emiri" alan ýeridir. Gurhanda Hezreti Musanyñ Ysraýyl ogullaryna baş bolup Müsürden çykansoñ, Gyzyl deñiziñ ortasyndan geçendigi we soñra Sinaý dagyna ýönelendigi aýdylýar. Musa pygamber kowmundan aýrylyp, Hudaý bilen sözleşmek üçin Sinaý dagynyñ gerşine çykypdyr. "On emir" hem şol wagt Sinaý dagynda inderilipdir. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |