21:50 Şir hudanyñ penjesi -4: Hallygözel ejäniñ ogluna iberen syrly maslahatlary | |
HALLYGÖZEL EJÄNIŇ OGLUNA IBEREN SYRLY
Taryhy proza
MASLAHATLARY Çaparlaryň ikisem irden «täh» diýlen ýaly ýerlerinden syçrap galsalar, eýýäm Gün asmana galan eken. Hally eje eýýäm iki çäýnek çaýy ýanynyň gandy teýi bilen olaryň ýanlaryna getirip: «Ynha, belalarym, siz garbanyň, menem düýeleri sagaýyn» diýip, gapa tarap ugranda çaparlaryň ikisi ýerli-ýerden: Hally eje biz gaty howlugýas. Biz bu ýerde iýip-içip ýatsak, Söýün serdar bize gaty käýýär. Bize sabyrsyzlyk bilen garaşýandyr. Ýeke olam däl, müňdenem gowrak adam ýat iliň içinde kyn ýagdaýda bize garaşyp ýatyr. – Zyýany ýok, balalarym. Hany arkaýyn naharlanyň – diýip, Hallygözel şeýle sowukganlylygy bilen çaparlary haýran galdyryp çykyp gitdi. Hally eje çykyp gideninden soň çaparlar biri-biriniň ýüzüne haýran galyjy nazar bilen seredişip: – Be bu nähili adam? Biziň-ä howlugyp içimizi it ýyrtýar, Hally ejäň welin azaryna-da däl. Ýogsa Hally ejäniň ýeke dikrary keseki ýurtda kyn ýagdaýda iki gözüni bärik dikip, sabyrsyzlyk bilen garaşýandyr. Bu ene bolsa şeýle ýagdaýa gyssanman, ýönekeý bir iş ýaly garaýar – diýşip ikisi iki ýerden Hally ejä garaşyp, gapa gözlerini dikip otyr. Ol bolsa, gapyny açyp-açman: – Balalarym çaýyňyzy içdiňizmi? Indi meniň sizden etjek haýyşym şeýle: gapydaky deregi gördüňizmi? Şol deregi köwläp, düýbünden goparyň. Onuň içi gurçuklapdyr. Ýaz çyksa onuň mör-möjegi bizar edýär. Olaryň derdinden öýüňem işigini açyp oturyp bolanok. Dogrusy, deregiň peýdaly taraplaram bar. Ol biziň öýümizi tapmaýanlara ýol salgy berýär. Size-de biziň öýümize tarap ýol salgy beripdir ahyryn. Ýöne onuň peýdasyndan zyýany köp. Üns beren bolsaňyz, kybla tarapymyzda üç sany 50-60 ýaşly äpet erik agajy bardyr. Şonuň biriniň çep tarapynda ullakan şahasy döwülendir. Ony bir wagtlar ýel döwdi. Şoňa-da biziň şu deregimizden gurçuk ýokaşdymyka diýýän. Şonam bir goparyň, ýerine ýaşajyk erik ekäýseňiz, ynha ýaz çykar welin derrew gögererdejik ötäýer. Ýörüň, men olaryň haýsyny goparmalydygyny görkezeýin – diýip, Hally eje çykyp ugrady welin, çaparlar şeýle ýagdaýda-da bu aýalyň bolşuna haýran galyp, onuň yzy bilen öýden çykanlaryny duýman galdylar. Çaparlar daş çykanlaryndan soň özlerini birneme dürsäp: – Hally eje, biz siziň ýumşuňyzdan gaçan däl welin, şu wagt biziň ýagdaýymyz şeýle. Birinjiden-ä, Söýün serdar «Gidişiňiz bilen gelişiňiz deň bolsun, gaty tiz geliň» diýip ugradypdy. Ikinjidenem, ýat ilde, duşmanyň içinde ýoldaşlarymyz sergezdan bolup ýörkäler, biziň bu ýerde agaç goparyp, ekip ýörmämiz akyla sygjak zat däl. Biz tiz ýetişmesek işler harap – diýip ýalbarmaga durdular. – Balalarym, meni dogrulamaga mejbur etdiňiz. Meniň buýran ýumuşlarymy bitirmän gitseňiz, birinjiden-ä, tutan maksadyňyza ýetmersiňiz. Ikinjidenem, men Söýün serdaryň ejesi ahyryn. Men sizi asyl goýbermän saklamaga-da güýjüm ýeter. Agşamky size derwezäni açyp beren ýigitlere «çaparlary hiç ýerik goýbermäň» diýsem siziň butnajak gumanyňyz ýokdur. Şoňa gaty gowy düşünäýiň – diýen sesinde Hally ejäň hälki mylaýymlygyndan nam-nyşanam galmandy. Ol ýene dözümli gepledi: – Hanha derek, hanha erik, ine-de pil, palta, pyçgy, ýüpem alyň. Gaýrat ediň. Şol işleri haçan gutarsaňyz, men sizi ýola salaryn. Başga-da birde-ýarymda kömekçi tapyldy. Deregi, erigi goparyp, her haýsynyň ýerine ýaşajyk derek, erik ekildi. Günem süýr günorta boldy. Nahar-şam edilenden soň çaparlar: – Hally eje, rugsat berseňiz indi biz-ä ýola düşjek. Sag-aman dolanyp barsak, Söýün serdara siziň adyňyzdan näme aýtmaly? Ola sizden maslahata garaşýandyr – diýdiler. – Söýün serdaryňyza meniň berjek maslahatym. Adamlary horlap, kä ýerde gan çaýkap, duşmanyň jümmüşinde sebsäp ýörmesin-de derrew öz ýurduna dolansyn. Oňa meniň başga aýtjak zadym ýok. Tiz dolansyn. Enşalla hökman maksadyňyza ýetersiňiz. Hoş, sag boluň, saglykda görşeliň! * * * Howa onçakly sowuk bolmasa-da gyşyň güni-dä, ýumşaklyk bilen gar sepeläp dur. Söýün Serdar kä içerde, kä daşaryk çykyp, bir ýerde karar tapman, zöwzülläp ýör. Çaparlaryň gelmeli mütdeti ýetipdi. Şu gün olaryň gidenine bäşinji gündi. Ýa-da olar ýolda bir bela uçurap ýören däldirler-dä hernä? Olar düýn dolanyp gelmelidi ahyryn – diýip, içini gepledip durka gaýra tarapdan iki sany atly göründi. Serdaryň ýüregi gürsüldemäge başlady, onuň göwnüne ol iki gara örän haýal ýöreýärdi, içlerinde janlary beri barmyka diýdirýärdi. Çaparlaryň onuň ýanyna golaýladyklaryça iş bitirmän, üstesine-de bir gije-gündiz diýen ýaly gijä galyp gelýändikleri üçin aýaklarynyň ädilmejek bolýanyndan Serdaryň habary ýokdy. Çaparlar atdan düşüp-düşmän: «Essalawmäleýkim, Serdar aga» diýdiler. Habara garaşyp, olaryň söz açaryna ýüregi takat bermän, howlugyp duran serdar: – Nätdiňiz-how? Sag-aman geleniňize şükür – diýenden çaparlaryň ýürekleri birneme aram tapyp, merdemsirediler, azajyk özlerine geldiler. Ikisi iki ýerden dillendi: – Serdar aga, biz siziň öňüňizde müýnli. – Hany oraça girip, gören-eşiden zatlaryňyzy habar beriň. – Habar bersek Serdar aga, – diýip, çaparlaryň boýy kiçirägi howlukmaçlyk bilen gürrüň bermäge başlady: – Hally eje işimiziň amala aşmagy üçin beren patasyndan başga bize hiç zat aýtmady – diýip, müýnürgäp, ýüzüni aşak saldy. – Ýeri onsoň başga nähili gürrüň boldy? Hany hemmesini bolşy ýaly birin-birin gürrüň beriň! Çaparlaryň daýawlajy pöňňürdewik sesi bilen şeýle diýdi: – Serdar aga, Hally ejä baran badymyza, birinjiden-ä, siziň adyňyzdan köp dogaý salam aýtdyk. Gaýtjak bolanymyzda-da: «Indi biz-ä ýola düşjek. Sag-aman dolanyp barsak Söýün serdara siziň adyňyzdan näme aýtmaly? Ol-a siziň maslahatyňyza garaşýandyr» diýsek, onda Hally eje: «Söýün serdaryňyza meniň berjek maslahatym adamlary horlap, kä ýerde gan çaýkap, duşmanyň jümmüşinde sebsäp ýörmesin-de, derrew öz ýurduna dolansyn. Oňa meniň başga aýtjak zadym ýok. Tiz dolansyn» diýdi. Ýöne Hally ejäniň ýene bir diýen zady: «Maksadyňyza enşalla hökman ýetersiňiz» diýdi. Şulary aýdanda Hally ejäň sesi aýratyn mylaýym eşidildi. – Onsaň nämeler diýdi? – Başga diýen zady ýok. Şondan soň Serdar ep-esli wagt kürtdürip oturdy. Ol ejesiniň iberen sargydyny öz ýanyndan ykjam seljerdi. onuň, her sözüni sallarlap gördi. Hally ejäniň «maksadyňyza hökman ýetersiňiz» diýen sözünden başga aýdanlarynyň boş sözlerdigi, başga bir pynhan habary gizlemek üçin, söhbetdeşiniň hüşgärligini kütekleşdirmek üçin aýdylan sözleridigi Serdara düşnükli boldy. Onsoňam, ýigitler, men size gaty tiz gidip-geliň diýip wagtyňyzy çäkli kesgitläp goýberipdim. Emma siz dört gije-gündizlik ýola bäş gije-gündiz sarp etdiňiz. Ony nähili düşündirip biljek. Wyzzy-wyzzyrak gepleýän çakgan kelte çapar ýagdaýy delillendirdi: – Bir gün-ä bizi Hally eje güýmedi. Ullakan erik agajy bilen, gapyňyzdaky şol uzyn deregi gopardyp, ikisiniňem ýerine ýaşajyk erik, derek ekdirdi. Men-ä aýratynam şol derege gynandym. Uzynlygy on bäş gulaç eken. Gijäniň içinde siziň öýüňizi hiç kimden soraman tapmaga kömek etdi. Şol deregi nazarlap, gös-göni baraýdyk. – Onda ol derek size ýol görkeziji bolup, hyzmat edipdir-dä. Ejeme şu deregiňizi goparmaň, bize hiç kimden soraman gös-göni size gelmäge kömek etdi diýäýseňiz bolmaýarmy? – Wah, diýdik-le. «Deregiňem, ol erigiňem sütünleriniň içi möjekläpdir. Olary mundan beýläk goparman saklap bolmaz. Olaryň möjekleriniň beýleki agaçlara-da geçme- gi mümkin» diýdi. – Deregiňizä düşnükli, ol diňe bizde-de däl, asyl bütin küren obamyzda ýalňyz derekdir. Erigiň haýsyny kesdirdikä? – Günbataryňyzda üç sany ullakan erik bar ekeni. Şolaryň iň ilerkisiniň, siziň öýüňiz tarapdan seretseň çep tarapynda bir ullakan şahasy döwülipdir. Ejeň aýtmagyna görä, bir wagtlar ýel döwen bolara çemeli – şeýdip deregi, erigi goparyp, oňat pudarlap bir ýerik üýşürýänçäk gün süýr günorta boldy. Dogrusy ýene bir ýaş ýigit bilen bir ýaşy durugşan sakgallak adam kömek etdi. Ýogsa biz şolary bir günde-de goparyp, pudarlap ýygnap biljek däldik. – Näme Söýün gidişiňiz bilen gelişiňiz deň bolsun diýdi – diýip aýtsaňyz bolmadymy? – Wah, düşündirip aýtdyk-la. Gaýta şol buýran işlerini etmäni kyn görýändir öýdüp, birneme gatyrganjagam boldy – diýip, ilki başlan çapar hemme bolan ýagdaýy janygyp gürrüň berdi. Söýün serdar çaparlaryň beren gürrüňlerini üns berip, birje ýerini-de sypdyrman diňledi. Gelen habaryň her bir sözüniň manysyny anyklady. Derek bilen erigiň gopardylyşyna serdar özüçe düşündi. Ýöne özüniň gelen netijesini hiç kime aýtmady. – Başga aýtjak zadyňyz bolmasa, oňa gidip geldik, muňa gidip geldik» diýip adamlara buşlaşyp ýörmäň. Şu aýdan zatlaryňyzda hiç bir üýtgeşik zadam ýok-la welin, onda-da içiňizde saklaň. Gidip geleniňizem diňe biziň üçimiz bilýäris. Oglanlar «Söýün bize ynanmaýarmyka, garşy-garşy tabşyryp dur» diýmäň. Men size janymam ynanjak bolamsoň, öýümize iberdim. Men siziň lakgyldap ýörmeýäniňizi bilýän. Sag-aman gidip geldiňiz, öýümiziň saglygyny getirdiňiz, maňa şolam ýeterlik. Taňryýalkasyn, köp sag boluň, ýadansyňyzam, baryň-da ýatyp dynç alyň – diýip, çaparlary ugradandan soň Söýün oraçada ýeke özi galyp, pikire gitdi. – «Be-e adamlar bilen näçe iş salyşsaňam, näçe ýyldan bäri tanasaňam syryny bilmek kyn-ow – diýip, Serdar içini gepletdi. Ýöne bu işde ýalňyşmak bolmaz. Adama nähak temmi bermeg-ä däl welin, ynanmazlyk edip birden göwnüne degäýseň, ol adam senden gaty öýkelär. Ölýänçä ýaraşmazam. Şu işde anyklyk bolar ýaly Serdar çykdajysyndan gaçman Agamämmediň töwereginden özi üçin içaly edinmegi ýüregine düwdi. Ol işi diňe özüniň jansyzlarynyň içalylarynyň kömegi bilen amala aşyrmalydy. Şeýle maksat bilen Agamämmediň gatnaşyk edýän adamlarynyň arasyndan baýlygy hemme zatdan gowy görýän husytlary tapyp, şolary berim üsti bilen yrmaly. Şeýle kysymly adamlar üçin Agamämmede hyzmat etdiň hä. Olar pul görse, özleriniň iň golaý garyndaşlarynam satarlar. Söýün öz jansyzlary bilen duşuşygy belli wagtda, belleşilen ýerde, käte öz oraçasynda, käte-de, başga bir bukuja ýerde geçirýär. Söýüniň jansyzlarynyň biri onuň bilen duşuşyk belleşen wagtyndan öň gelip, Serdary tapman, Bally ýüzbaşa sataşýar-da, özem atyň üstünde oturan ýerinden çalt-çalt gepläp, şulary habar berýär: – Siziň, tutjak bolýan gyrgyňyz Maşatda ady belli Mehti Täjiriň öýünde bolýar. Täjiriň öýi Maşatdaky «Maýdany şahyň» kyblasynda. Mehti täjir Agamämmediň ogurlan, talan zatlaryny satyp, köp peýda görýän adam gowy tanaýan adamlar «Mehti ýeke ogurlyk zad-a däl, özüne bähbitli bolsa ejesinem satar» diýýärler. Men häzir aty gyssanmaç, has takygyny bilip, ýene üç günden, ýagny anna agşamsy ýassynlar Serdaryň oraçasyna gelip, bolşy ýaly aýdaryn. Mehti maňa içini ynanýandyr – diýýär-de, atyny gamçylap ilerligine gyp basaýýar. Bally Söýün serdary çyny bilen gözlese tapardam, Kuwaly jansyz bilen duşurardam welin, şol günler Söýün serdar gündiz oraçasynda oturman, belleşik ýerlerinde öz içalylary bilen duşuşýardy. Bir içalynyň getiren habarynyň dogrudygyny-nädogrudygyny takyklamak üçin beýleki bir jansyzy ugradardy. Ýöne ol jansyzlar özleriniň edýän işlerini biri-birinden berk gizleýärdiler. Işiň bähbidi, öz bähbidiň üçin şeýle hem bolmalydy. Bally şo günüň agşamsy Kuwaly jansyzyň Agamämmet barada, maşatly Mehti täjir barada, Mehti täjiriň husytdygy, onuň bilen arasynyň gowudygy, hasam gowulandyrmak üçin çalyşýandygy, bu meseleleriň jikme-jigini anna güni ýassynlar gelip «Serdaryň hut özüne aýtjakdygy» baradaky habaryny Söýüne gürrüň berdi. Söýün Bally ýüzbaşynyň aýdanlarynyň gaty gymmatlydygyny, içalylaryň arasynda Kuwaly jansyzyň has oňat işleýänleriň biridigini kanagatlanmak bilen aýtdy. – Bally, sen Kuwala täjiri özüňe çekmek üçin zat gaýgyrma diýmeli ekeniň. – Men seniň şeý diýjegiňi bilip: «Kuwaly aga, sen şol täjire näçe diýse pul hödürle-de, biziň peýdamyza işlär ýaly edeweri» diýdim. Onda Kuwaly: «Şu işde biziň derdimize ýarar ýaly iş ediberjek adama zady gaýgyrma» diýip Serdaryň özem aýdypdy» – diýdi. – Bally, şon-a gaty oňaraýypsyň. Berekella. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |