00:21 Şir hudanyñ penjesi / Söýün erkeç toplaýar | |
SÖÝÜN ERKEÇ NÖKER TOPLAÝAR
Taryhy proza
Bir hepde geçip geçmänkä zamanasyna görä gylyç, naýza bilen ýaraglanan 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli müňden gowrak atly toplandy. Şonuň bilen baglylykda Söýün erkejiň aladasam artdy. Ilki bilen ol özüniň gowy tanaýan ýigitlerinden 10 sanysyny ýüzbaşy saýlap, ýigitleri ýüzden-ýüzden toparlara bölüşdirdi. Ýaşy 50-60 aralykdaky adamlardan 6 sany maslahatçy we gerek ýerinde maglumat äkidip getirer ýaly dört sany çakgan ýigidi çapar belledi. Ýygnanan atlylaryň öňünde goýlan wezipe obalarda bardy-geldi Agamämmediň jansyzlary bar bolaýsa anyklap, ýüze çykarmak, alamançylaryň pyglyny ödünden bilip puja çykarmak, iň esasy meseläniň birem alamançylaryň äkiden ýesirleriniň obalaryna aman-sag dolanyp gelmeklerini gazanmak we Agamämmedi diri ele salyp, oda degerli jeza bermekden ybaratdy. Söýün erkejiň öz alty maslahatçysyndan başga iň esasy geňeşdary öz ejesidi. Ol bir ýerik atlanjak bolanda ýa-da uly işiň başyny tutjak bolanda ejesi Hally eje bilen maslahatlaşardy, onuň ak patasyny alardy. Eger-de ejesinden pata alman gitse, ol: «Meniň işim şu gezek şowuna düşmez» diýer eken. Işiniň şowuna düşmejeginiň sebäbini töweregindäkilere aýdybam durmazdy. Ýöne öz ýanyndan şeýle hasap ederdi. Kesearkaç obalarynyň arasynda käte: «Agamämmediň alamançylaryndan Germawyň sebtinde görnenleri bolupdyr» ýa-da ol ganhor Manyşyň çetinden goýun sürüsiniň bir bölejigini alyp gidenmiş diýen ýaly habar eşidiler durardy. Bir gezegem: «Agamämmediň ordalarynyň bir bölegini Kärizegiň adamlary gola salanmyş. Gola salnanlaryň biri: Agamämmet öz ynamdar adamlarynyň arasynda: «Indi gaty ägä bolaýmasak, hüşgärligi goldan bersek Söýün erkejiň eline düşäýmegimiz mümkindir. Şonuň üçinem talaňçylygy garaşylmaýan ýerden, degdi-gaçdyrak etmeli bolarys» diýenmiş diýip maglumat berenmişin diýen ýaly gürrüňler «agyz-agyzdan» ýel alar» bolup ýaýraýardy. Söýün erkejiň bar niýeti nirede-de bolsa Agamämmedi gola salmakdy. Öz adamlaryndan käbirini alyp-satar sypatynda Eýranyň Büjnurd, Doýduk, Bajygyran, Gürgen we beýleki şäherlerine, galalaryna, küren obalaryna jansyz hökmünde iberip, Agamämmet barada maglumat ýygnaýardy. Ol baradaky dürli çeşmelerden ýygnalan maglumatlary jemleýärdi. Özüçe deňeşdirýärdi. Bir jansyzynyň beren maglumatyny, başga bir jansyza takykladýardy. Eýran çägine iberýän jansyzlarynyň biri-birini tanamazlygyny gazanýardy. Çeşmelerden gelen maglumatlaryň dogrulygyny, jikme-jikligini anyklaýardy. Haýsy çeşmäniň maglumatynyň dogrudygyny, haýsynyňkynyň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmajakdygyny ýa-da oýlanyp tapylan hakykatdan örän daş maglumatlardygyny birin-birnn seljerýärdi. Şeýlelik bilen gerek ýerinde haýsy jansyza ynanyp, haýsyna ynanyp bolmajaklygyna göz ýetirýärdi. Onsoňam bir çeşmäniň beren maglumatyny beýleki çeşmeleriň üsti bilen barlaýardy. Emma Agamämmedem gaty eserdeň mekir serdar bolara çemeli, öz barjak-goýjak ýerini tiz-tizden üýtgedýärdi. Sebäbi Söýün erkejiň parasatly, ölçäp-biçip edýän hereketlerinden çekinmän duranokdy. Indi talaňçylygy hemişekisi ýaly tiz-tizden etmän, örän selçeňledipdi. Küren oba ýa-da gala çozmasyny düýpden goýupdy. Ýöne çete çykyp, çolarak ýerde duşan süri mala duşsa weli çopany-çolugy bilen olja alyp «assa gaçan namart» diýip, Eýranyň bäri-bärsinde eglenmän, jümmüşine siňip gidýärdi. Söýün erkeç aýdylýan maglumatlary goldanyp, indi Agamämmedi Kesearkajyň çäginde däl-de, Eýranyň jümmüşinde, hut öz galalarynyň birinde gola salmaly diýen netijä geldi. Agamämmediň alty aýaly bolup, her haýsyny bir galada saklaýar eken. Şonuň üçin onuň haýsy öýüne haçan gelýändigini hem biläýmek kyn eken. Onsoňam ol matlabyny – niýetini içinde saklap nirede bolup, haýsy ýerde eglenjegini hiç kime aýtmaz eken. Şonuň üçinem onuň ýatyp-turjak ýerini bilmek mümkinem däl eken. Agamämmet özüni Söýüniň gola saljak bolup aňtaýandygynam aňlaýardy, sebäbi onuňam öňräkden mekir, duýgur jansyzlarynyň tory giňden gurlan eken. Söýün erkejiň ýaranlary baradaky maglumat oňa-da jikme-jik ýetip duran bolara çemeli. Ine birden gijäniň bir wagty: «Agamämmediň alamançylary Änewe çozjakmyş» diýen habary Söýüne ýetirdiler. Söýüniň ýanyndaky dört çaparyň ezberligi bilen bu habar Kesearkajyň hemme obasyna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Daň atyp-atmanka 1000-e ýakyn goşun ýygnanyp, olaryň 500 töweregi Änew tarapa ýola düşdi. Galanlaryny Söýün erkeç bölüşdirip Köpetdag etegindäki obalara iberdi. «Goşunlaryň hemmesini Änew sebtine ibereliň» diýene: Duşman mekirdir, öz jansyzlarynyň üsti bilen nädogry maglumat iberiläýmegem mümkindir – diýip, Söýün erkeç gysgajyk jogap berdi. Dogrudanam şeýle bolubam çykdy. Şol günüň ertesi ýary gijeler Agamämmet öz 300 adamdan ybarat kellekeserleri bilen Ýaňgalaň ilersindäki oba çozdy. Agamämmet bilen ýüzbe-ýüz durup ilki çaknyşan Bally ýüzbaşynyň nökerleri bile oba adamlary boldy. Şol söweşde Ballynyň ýigitleri özleriniň gaýratyny görkez- diler. Çaknyşykda iki tarapdakam birneme ýitgi bolupdyr. Ýöne ölenlerinden başga Agamämmediň nökerleriniň, elli sanysy Balla ýesir düşüpdir. Änewe giden adamlar «o taýa parahatlyk» diýen habar bilen geldiler. Söýün erkeç indi: Haçan Agamämmet öz ordasy bilen haýsy ýerimizden çozarka diýip, garaşyp oturman, onuň höwürtgesini öz ýurdunda bozmaly diýen karara geldi. * * * Bajygarynyň demirgazygynda Agamämmediň bir galasy bardy. Onda iň gowy görýän ýaş aýaly Merýem ýaşaýardy «Agamämmet şol galada bir hepde dynç alyp, keýp çekjekmiş» diýen habar geldi. Bu habara Söýün erkejiň şübhelenmäge delili ýokdy, sebäbi şu habary ýetişdiren onuň iň ynamdar jansyzlarynyň biridi. Bu habar Söýün erkeji galagoplandyrdy. Ilki bilen günbatardaky galalardan üç maslahatçysyny çagyryp, olara eşiden habaryny tolgunmak bilen gürrüň berdi. Maslahatçylar oňa haýaletmän 500 atlyny toplap, Bajygyranyň daşyny gabap, Agamämmedi öz galasynda gapyl basmagy maslahat berdiler. Üç maslahatçy bilen geňeşden, soň birden heniz ejesi bilen maslahatlaşmany ýadyna düşüp ökündi. Söýün edil şol dem ylgaşlap diýen ýaly baryp, ejesiniň jaýyna kürsäp girdi. Girse Hally eje öýle namazyna ýaňy duran bolarly. «Aý, bolýa-da, sabyrly gül dura-bara» diýipdirler. Ýöne howluksaňam ejeň namazyny okap bolýança garaşmaly bolar. Başga alaç ýok. Öýle namazy uzaga-da çeker. Hawwa-da on eglip galmaly – dört sünnet, dört parz, ýene-de iki sünnet...» Söýün erkeç içini it ýyrtsa-da, namaz gutarýança garaşdy. Musulman dininiň talapy şeýle. Şu gün irden özem ertir namazyny okap durka iki çapary gelip: «Germawa bir bölek çapawul gelipdir...» diýende-de soňky iki parzyny doly okandan soň, olaryň habaryny diňläni ýadyna düşüp: «Sabyr Rahmandan, äwmek şeýtandan» diýenini duýman galdy. Hally eje namazynyň töwirini galdyryp boldy-da: – Oglum nämä howlugyp geldiň? Eýgilikmi beri? – diýdi. – Eýgilik öz-ä. Ýöne göwnüme bolmasa, eje seniň öýle namazyň şu gezeg-ä has uzalan ýaly bolaýdy. – Hawa, gulak salýan, oglum! – Gulak salsaň. Agamämmet talap alan zatlaryny, ýesirlerini ýerläp, Bajygyranda özüniň körpe heleýi Merýemhanyň ýanynda bir hepdeläp dynç aljakmyş. Şony ýaş aýalynyň düşeginden süýräp alyp gaýtmagyň küýüne düşdüm. Şoňa sen nähili maslahat berjek? – Agamämmetden dynyp bolsa, ýeke öz halkyň däl, başgaky illeriň alkyşyny-da alarsyň. Ýöne ol örän eserdeň, mekir möjekdir. Onuň söweşmekde-de tejribesi az däl. Seniňem, seniň nökerleriňem şindiz çyn söweşlerde tejribeleri onçakly ýetişendir öýdemok. Ol sizi gaýta aldawa salaýmasyn! – Eje haýsy haçana çenli ýaşdyryn, tejribäm azrakdyr diýip, bir dulugyňa şarpyldatsalar, beýleki dulugyňy tutuberip durjak. – Onyň-a, balam, dogry. Ýöne Agamämmediň sapalagy tilkiniňkiçe, güýji ýekegapanyňkyça, ýyrtyjylygy möjegiňkiçe bardyr. Şony ýatdan çykarmak bolmaz. Onsoňam bilip goýgun. Agamämmedi ýa-da onuň pygyldaş ganhorlaryny gola saljak bolup başga bir topar nähak ganyň dökülmegine sebäp bolaýmagyn. Könelerimiziň «nähak gan ýerde ýatmaz» diýenini ýatda saklagyn. Onsoňam seniň işiň hak iş, ilhalar iş. Uly iliň halanynam allatagala-da halarmyş. Işiň oň bolsun, maksadyňa ýet! Ýöne äkitjek nökerleriň 1000-den az bolmasyn. Agamämmet kimem bolsa öz iliniň içindedir. Ol parahat halkyň gözünden düşenem bolsa, ony döwlet emelinde işleýänlerdenem goldajak tapylar. Söweş tärleriňizden meniň başym çykanok. Ol zatlary özüň geňeşçileriň bilen bişir. «Töwekgel işini hudaý oňarar» diýýändirler welin, ýeňilkelle töwekgeliň işini hudaýam halap duran däldir. Gaty ägä bolgun. Seniň batyrlygyňa, güýçlüligiňe, işiň şowuna düşmegine özüňkileňem hemmesi guwanar öýtmegin. Adamzat döräli bäsdeşligem, göwniýetmezçiligem, göripligem bardyr. Garaňky düşüp mazaly göz baglanandan soň gündogarky galalardan gelen geňeşçiler bilenem söhbet edip, biri gün agşam namazyna çenli Germawyň günbatarsyndaky düzlüge 500 däl-de, naýzaly-gylyçly müň atlyny toplamaly diýen maslahata geldiler. Ýöne diňe gylyçly, naýzalam däl-de, her on ýigitden bolmanda biri şamhally (şemhal niliniň içi hyrly adaty tüpeňlerden oky düýe gumalagy ýaly iri, nili uzyn) ýa-da hyrly tüpeň bilen ýaraglanan bolsun. Ýigitler söweş täliminde türgenleşen diňe ahal-teke atlaryna atlansynlar diýildi. Sähetli gün dört tirkeşleriň ilkisi rebbigil owwal aýynyň onaltysydy. Howa onçakly «sowuk bolmasa-da agşam çigregi düşüp ugrapdy. Wagt ir ikindi. Söýün erkejiň meýdan oraçasynda ep-esli gazanyň içinde keýik etiniň gaýnatmasy bygyrdap durdy. Arça odunyň töwereginde bäş tüňçe gaýnap otyrdy. Oturanlaryň biri: – Ynha Ödek tümenem özüniň ýüzden gowrak ýigitleri bilen gelip düşdi – diýdi. – Jemiňiz näçeräk bolduka – diýip Söýün erkeç oturanlara ýüzlendi. – Garaşýan sanymyzdan-a elli esger köp. Ine bu oraçada oturanlar – Bajygyrana tarap ýola beledimiz Perman bilen Sizi hasap etmämizde-de bir müň altmyş alty adama ýetýär – diýişdiler. – Onda-ha maslahata başlaýsagam boljak. Ýöne adamlar, ýatlap durmagymyň geregem ýok welin, biziň ýörüşimiziň ugruny şu 18 adamdan başga hiç kişi bilmeli däldir. Biziň etjek bolýan işimiz, turuzjak oýnumyz gaty uludyr. Syr saklamany başarmaýan adamyň zyýanynyň aňyrsyna ýetip bolmajakdygyna sizem mençe düşünýänsiňiz. Mundan gowrak ýigit öz ykbalyny, galyberse-de dünýäde iň gymmatly süýji zat eziz janyny ynanyp şu ýerik ýygnanypdyrlar. Şeýle ynamy ödemedik adam gurrumsakdyr. «Aramyzda dönük bardyr» diýip aýdyp biljek däl. Ýöne «tamda gulak bardygyna» welin şübhelenemok. Bu işde şu oturanlarymyzyň kiçem bolsa goýberen säwligi ýüzlerçe ýigitlerimiziň ömrüni gysgaldar, bütin halkymyzyň ar-namysyny basgylajak bolýanlara ýardam eder. Indi bolsa agşam şamlyk edinip ýola düşeliň. Ýola düşmegiň tertibem meniň pikirimçe şeýleräk bolsun. Goşunyň başyny biziň bilen bir hatarda öz ýigitleri bilen Bally başlar. Yzyny alyp barjak Ödegiň ýigitleri bolsa näderkä? Oraçada oturanlaryň hemmesi Söýün erkejiň teklibini makul bildiler. Permanyň aýtmagyna görä, şu gün uzyn gije şöwür çeksek, howa mazaly ýagtylýança Bajygyrana alkymlap barmaly. Bajygyranyň atymyndaky dagyň buljumrak ýerinde gündizimizi geçirip, göz baglanyp garaňky düşende-de, esasy maksadymyza ymtylyp ugrarys. Adamlaryňyza berk duşündiriň – biziň maksadymyz, talaňçylyk däldir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |