00:57 Şir hudanyñ penjesi / Söýün erkejiñ Agamämmedi tutmak matlaby | |
SÖÝÜN ERKEJIŇ AGAMÄMMEDI TUTMAK MATLABY
Taryhy proza
Ýigitleri ýüz-ýüzden on bölege bölüp, her böleginiň biri-birinden aradaşlygyny ses ýetim bukurak ýerde ýerleşdirip, Permanyň ýeke özüni gün ýerden saýlanyberende Agamämmediň galasyna derwüş sypatyna girizip ugratmakçy bolup durkalar Söýün erkeç ondan: – Agamämmediň galasy şu ýerden näçerek daşlykdadyr? – diýip sorady. – Şu ýerden çen bilen üç-dört sagatlyk çemesi bardyr. Nesip bolsa, ikindinler dolanyp gelerin. – Sag-aman dolanyp gel. Men saňa gaty ynanýandyryn. Ikimiziň aramyzda ikilik bolmaly däldir. – Söýün, sen meni gaty köpden bäri tanaýarsyň ahyryn. – Hoş. Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň hak! Permany ugradandan soň Söýün erkeç öz ýanyna ýüzbaşylaryny we maslahatçylaryny ýygnap: – Biziň üçin, diňe biziň üçinem däl, bütin Kesearkajyň ykbaly üçin aýgytly pursat geldi, şu pursaty golumyzdan gidirsek biz bütin ilimiziň öňünde öz abraýymyzy basgylarys, ynamdan gaçarys. Özümiziň ukybymyzyň, başarjaňlygymyzyň kemligini görkezeris, külli türkmeniň iň oňat ýigitleriniň öňünde özümiziň nalajedeýinligimizi bildireris, olaryň gujur-gaýratyny, gahrymanlygyny görkezip bilmeklerine mümkinçilik döredip bilmedigimiz bolar, olaryň hyjuwly etjek söweşini gurap bilmedigimiz bolar. Bu gerçekleriň işini biz oňat ýola salsak, bularyň başarmajak, döz gelmejek işi bolmaz. Bularyň haýsy bilen gürrüňdeş bolsaň gujur-gaýratlarynyň, ar-namyslarynyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Eger şu halkymyza bähbitli işde özümiziň lellimligimizi görkezsek, biziň bahamyz gara şaýy. Gara şaýynyňam gyzan bazarda-da bitiren işi bolmaz. Şu işde üstünlik gazanyp bilmesek, bize öz halkymyz: «Gerçek bürgütleriň baştutan serkerdeleri oňmady-da» diýerler. Ýogsa-da halkyň içinde: «Her bir işde, jedelde «Müň ýolbarsyň bir goýun serkerdesi bolandan, müň goýnuň bir ýolbars serkerdesi bolsa ýagşy» diýen gürrüň durmuşyň çylşyrymly ýollaryny geçen halkymyzyň akyl-paýhasyndan taraşlanan gürrüňdir. Bu ýöne bir esassyz aýdylan zat däl-de, durmuşy zatdyr. Eger biz halkyň gözünden düşen ganhor, talaňçy Agamämmedi we onuň bilen bile pygyldaş ýigrenjileri öz höwürtgelerinde soňuna çykmasak hudaý tagalanyň bize şeýle halka ýarar işi etmek üçin döreden mümkinçiligini peýdalanyp bilmesek, bir müň elli ýolbarsa on sekiz goýun serkerdelik etdigi bolar. Ol biziň üçin, şu oturanlarymyz üçin uly namysdyr. Men bu sözleri şu oturanlaryň namysyna degeýin, gaharlaryny getirip, duşmana öjükdireýin diýip aýtdygym däl. Bu meniň hut öz janym-tenim bilen gulluk edýän akyl-paýhasym. Meniň öz ykbalymyň çözgüdini öziňki bilen birikdirenimiň esasy sebäbem şol. Siziň hiç biriňiziň akyl-paýhasyňyzam, gujur-gaýratyňyzam meniňkiden çigit ýaly-da kemdir öýdemok. Öz ene topragymyz üçin, ilimiziň ar-namysy üçin eziz janyňyzy gaýgyrmajagyňyza berk ynananym üçin siziň bilen ýaran boldum. Eger meniň pikirim, akyl-paýhasym birje ýerde siziňki bilen çapraz gelýän bolsa, meniň diýen zatlarymy makul bilmeseňiz, hiç ýüz görmäňde, şu ýerde aýdyň! – diýdi. Ýüzbaşylar ýerli-ýerden: «Siziň orta atan pikiriňizden başga pikirimiz – matlabymyz bar bolsa, onda biz bu ýerlerde körümiz näme. Biziň hemmämiziň maksadymyz seniňki bilenem, bütin ahal iliniň maksady bilenem gös-göni gabat gelýär. Aýdanyňy janymyz-tenimiz bilen makullaýarys – diýip seslendiler. – Onda gep şu bolsa, ýary gije il ýatyşanda Ballynyň ýigitleri gala girýär. Galanyňyz gala alkymlap, bukuda taýyn bolup durmaly. Her hili ýagdaýlar bolup biler – diýip Söýün erkeç sözüni jemledi. Permanyň giden ýerinden gelip, «Agamämmet Merýem hanyň ýakynda keýpi-sapada dynç alýar» diýen habary aýdandan soň Ballynyň ýüz atlysy gaýtawul görmän, Agamämmediň galasynyň içine kürsäp urdy. Galanyň bäş-üç sakçysynyň ölenini hasap etmeseň, galan ilaty onçakly uly ýitgä sezewar bolmady. Sebäbi Söýün erkejiň: «Ganhorluk, talaňçylyk etmeli däl» diýen sözleri ýüzbaşylaryň üsti bilen hemme esgere ýetipdir. Ýigitleriň arasynda hossarlarynyň Agamämmediň süteminiň gös-göni pidasy bolanlary-da bardy. Dogrusy, olaryň sähel mümkinçilik tapsa, Agamämmediň hyzmatyny edýänler-ä däl, onuň pişiginem diri goýmajaklary äşgärdi. Ýöne ýigitler aýdylan zady aýdylyny ýaly gylyny gymyldatman ýerine ýetirýärler. Şeýle hem bolmaly. Ýigitler harby düzgüni berk berjaý etmeli. Eger adamlaryň arasynda berk düzgün-nyzam bolmasa, onda ol harby gullukçylaryň hyzmat edýän döwletiniň işi gaýtdygydygyna ýigitler berk düşünýärdiler. Galanyň hemme ýerini agtaryp Agamämmedem, ýaş aýaly Merýemem tapmadylar. Öý hyzmatkäri orta ýaşan aýalyň «Ertir bilenem olarda git-goý diýen pikir ýokdy. Örän arkaýyndylar. Olar şu gün öýleden soň galagoplanyp ugradylar. Bir ýerden bir habar eşitdilermi nämemi» diýen sözleri Söýün erkejiň göwnüne bolmasa ak ýürekden aýdylan ýaly bolupdy. Hyzmatkäriň geň äheňinden galplyk duýulmaýardy. Onuň Agamämmede ýigrenç bilen garaýandygy äşgär bildirip durdy. Ejize ganym adamyny kim halaýar. Şeýle adam kimiň gözüne geler. Belkäm ol pahyram Agamämmediň alamançylygynyň pidasy bolup, öz il-gününden, eziz hossarlaryndan jyda düşen naçardyr. Ol aýal kürt lybasynda bolany bilen kürt zenanydygam belli däl. Onuň göbek gany nireleriň, haýsy ýurduň topragyna damdyka? Ol pahyryň Agamämmediň penjesine düşmegine haýsy gurrumsak sebäp bolduka...? Bu soraglara häzir jogap ýok. Şolaryň aňyrsyna ýetjek bolup çintgäp oturmaga Söýün erkejiň häzirlikçe wagtam ýok. Oňa entek nähili muşakgatlyk ýa-da üstünlikleriň garaşýany näbelli. Ýöne Söýün erkejiň kalbyna iňkis getiren zat, olam bolsa Agamämmediň ele düşmezliginiň gümürtik ýagdaýy, aýratynam hyzmatkär aýalyň: «Ertir bilenem olarda git-goý diýen pikir ýokdy. Örän arkaýyndylar. Olar şu gün öýländen soň galagoplanyp ugradylar. Bir ýerden bir habar eşitdilermi nämemi» diýen sözleridi. Galadaky adamlaryň hiç birem Agamämmediň nirä gidenini, haçan gideninem bilenokdylar ýa-da aýtmaýan bolmaklaram mümkindi. Söýün erkeç geňeşçiler bilen aýak üstünden diýen ýaly maslahatlaşyp, ýigitleriň ýene öňki bukularyna dolanyp barmaklaryny makul bildi. Ertesi agşam Söýün erkejiň Eýrandaky çeşmeleriniň berýän habarlaryna görä, goşunyň içinde Agamämmediň jansyzlaryndan bolmaly. Ondan başga-da ol çeşmeler hut Söýün erkejiň özi bilen duşuşyp Agamämmediň bolaýjak ýerlerini aýtdylar. Onsoňam olaryň ynamly maglumatlarynyň ýene birem, Eýranyň döwlet emeldarlary tarapyndan Agamämmede hemaýat bolmajagy hakdady. Gaýtam olaryň özem Agamämmetden nädip dynjaklaryny bilmän ýörenmişler. Ýöne Agamämmedi mejlisiň agzasy bolup durýan bir uly işgär goldaýarmyş. Agamämmediň nirededigini anyk bilmek üçin köp wagt ýitirildi, ummasyz kän zat harç edildi. Näçe jansyzy biri-birinden habarsyz berýän maglumatlarynda Agamämmediň gizlenýän ýeri bellem bolsa, Söýün erkejiň nökerleriniň onuň üstüne barjak wagtynyň öňüsyrasynda ol bir ýerlerik zym-zyýat bolaýýardy. Şeýle gözlegde gaty janygyp, köp ejir çekenler. Bally ýüzbaşy bilen Ödek ýüzbaşynyň ýigitleridi. Ýöne henize çenli netijesiz boldy. Söýün erkejiň maslahatçylaryny, ýüzbaşylaryny bilelikde ýygnap, her haýsy bilen aýratynlykda eden maslahatlaryndan-da netije çykanokdy. Jansyz çeşmeleriň maglumatlaram biri-birine çapraz gelýärdi. Bir maglumatlarynda-ha «Agamämmet özi bilen bile gaçyp giden körpe gelni Merýemiň Doýdukdaky atasy öýlerinde ýaşaýarmyş» diýilýärdi. Barlanyp görlende bolsa Merýem dogrudanam öz atasy öýlerinde, ýöne ol ýerde Agamämmet ýok eken. Merýemiň özem, töweregindäkileriň käbirem Agamämmediň edil şu gün irdenem bardygyny tassykladylar. Onuň üstesinede gürrüňdeş bolnan şol ýerli adamlaryň aýtmagyna görä, Merýem özüni atasy öýünde goýup, Agamämmediň haçan geljegini-de aýtman, duýdansyz gaçyp gidendigine ynjalyksyzlanýandygyny aýdanmyş. Diýmek, Agamämmet özüniň iň gowy görýän aýalyna-da içini ynanmandyr. Bu şowsuzlyk Söýün erkeji gaty ynjalyksyzlandyrýardy. Ýatsa-tursa şu meseläniň çözgüdi onuň ýadyndady. Ol öýle namazyny okady-da, oraçasyna has ynamdarlaryndan iki çapary ýanyna çagyryp olara: – Siz şu gün garaňky düşüp, göz baglanar welin tiz oba gidip geliň. Öýe baryp ejeme aýdyň, şu işde bize üstünlik diläp, ak pata bersin. Ol-a bir. Ikinjisem, Agamämmedi gola salmakda näme maslahat berjekkä. Ýöne gitjek-geljegiňizi özüňizden başga hiç kim bilmeli däldir. Gidişiňiz bilen gelişiňiz deň bolmaly. Tiz gidip-geljegimize enşalla, gürrüňem bolup bilmez. Söýün aga, siziň obaňyza köp barypdyk welin, edil siziň öýüňiziň açyk nirededigini ikimizem göz öňüne getirip biljek däl. Bu işiň gaty syrly işdigine-de düşünýäris. Meniň hasabymdan oba ýarygijeler barmaly. Onsoň gije adamlary ukudan turzup «Söýün hanlaryň öýlerini salgy beriň» diýip ýörsek gaty biçeme bolaýmasyn. Onsoňam näwagt-nä zamana, «hanha Söýün erkeçleriň öýi» diýip aňsatlyk bilen salgy beräýeslerem ýok. Öýüňize beledräklerden iberäýseňiz näderkä? Ýöne bize dogry düşüniň, Söýün aga. – Men size dogry düşünemsoň, hut sizi iberjek bolýan-da. Başga adamlaram görmän duramok. Dogrudanam şeýledi. Birinjiden-ä, bu ýigitler örän çakgandylar, düşbüdiler. Syr saklap biljek ýigitlerdi. Ikinjidenem, çapar edip öz obasynyň adamlaryny iber- se: «Be, bular Söýün erkeç bilen gidipdiler. Bular näme diýip dolanyp gelipdirler, eýleki gidenlere näme bolduka...» diýen gürrüňler, myş-myşlar köpeljegini Söýün erkeç bilip duransoň şeýle diýdi: – Biziň öýümizi soraman tapmak bolar. Biziň gapymyzda uzyn derek agajy bardyr. Şeýle derek agajy obamyzda başga ýokdur. Ol size biziň öýümiziň nirededigini salgy berer. Men size sabyrsyzlyk bilen garaşýandyryn. Alla ýaryňyz. * * * «Hally eje gapyňyzy açaweriň! Ogluňyz Söýüniň iberen ýigitlerem ýanymda. Biz bulary gowy tanaýarys» – diýip derweze sakçysy Myratdurdy gygyrdy. Onuň sesini eşiden Hallygözel eje laňňa ýerinden turup, gapyny açdy. – Ýigitler giriberiň, saglykmy, gurgunlykmy? – Aý şükür, hemme zat gül ýaly. Söýün köp dogaý salam aýtdy. Bular dik duran ýerlerinden saglyk-amanlyk soraşdylar. Çaparlaryň biri örän synçy adam eken. Ýaşy ellä sermäp baran bu uzyn boýly, saryýagyz, inçemik aýaly synlap: «Aý munuň ýaly syratly, göräýmäge paýhasly aýaldan Söýün erkeç ýaly serdar ogul dogaýmalam» diýip, içini gepletdi. Hally eje: «Bilip bolmaz» diýip elmydama uly hum çäýnegi demläp, gije-gündiz diýmän basyryp goýýar eken. Muny oňa ejesi pahyr çagalykdan düzgün etdiripdir. Dogrudanam bu endigiň aýratynam döwletli öýde, gelen-gideniň köp bolýan ýerinde örän gowy zatdygyna Hally eje şu gezegem göz ýetirdi. – Hany siz çaý içiň, men bir size ýeňiljek garbanar ýaly naharam bişireýin. – Ýok, Hally eje, biz gaty howlukmaç. Ine şu çaý bilen bir-iki agyz garbansak yzymyza serpikmeli. – Siz Söýün serdaryň öýüne gelip, iýip-içmän gitmejegiňizi bileňizokmy – diýip, Hally eje çykyp gitdi. Çaparlar soragly gözleri bilen biri-biriniň ýüzüne seredişip galdylar. Az wagtdan bir ýaş gelin eli okaraly girdi. Okarany çaparlaryň öňünde goýup, mylakatly saglyk-amanlyk soraşdy-da, çykyp gitdi. Kerseni düýe agaranyndan dolabara edip Hally eje-de geldi. Ýadap gelene çaýam çaý welin, çaparlar okaradaky kakmaçlary gözleri bilen iýip barýarlar. Täzeje etiň kakmajynyň burunlaryna uran ysy bahar gülüniň ysyndan kem däldi. Hallygözel: – Balalarym, daş ýoldan gelensiňiz, arkaýyn iýip-içiň, habaryňyzy soň berersiňiz – diýip, ýedi ganat ak öýüň owadan nagyşly gapysyny daşyndan ýapyp çykyp gitdi. Ýigitler kakmaçdan dişläp, agarandan owurtlap, çalasyn garynlaryny güjeň ýaly edip, Hally ejäniň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp otyrdylar. Has dogrusy, iki gije-gündiz atyň üstünde gaty ýadap, keserşip ýatyrdylar. Bir haýukdan soň Hally eje dolanyp geldi-de: – Ballarym, indi nähili habaryňyz bolsa, aýdyberiň! – diýdi. – Hally eje, Söýün serdar ýigitleri bilen sag-salamat. Keýpi kök, özem köp dogaý salam iberdi. Ýöne ol etmeli işiniň şowly bolmagy üçin sizden ak pata alman gidenine ökünýär. Ol indi Agamämmediň tilki sapalagynyň köpdügine göz ýetiripdir. Ol hiç gola düşenok. «Şu meselede ejemiň maňa berjek maslahatyny alyp geliň» diýip, bizi Siziň ýanyňyza iberdi. – Balalarym, özünden ulyň maslahat bermegini küýseýän serdar öz maksadyna ýeter. Ýöne biz bir öýde oturan aýal adam. Serdaryň öz ýigitleri bilen baş uran işine biziň akyl ýetirip, maslahat bermäge çakymyz ýokdur. Ol işlerden biziň başymyz çykmaz. Sizem ýadap gelensiňiz, ukyňyzy alyň, saglyk bolsa, sag-aman ýatyp-tursak ertir irden başardygymyzdan onuň maslahatyny ederis. Arkaýyn ýat, sag-aman – diýip, Hallygözel olara iki sany düşek salyp berip, çykyp gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |