08:33 Sogap (ýa-da "Ilden çyksañ çyk, dinden çykma") / rowaýat | |
SOGAP
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ir döwürde bir obada uly bir dindar adam ýaşapdyr. Toýda-ýasda kethuda bolansoñ, obanyñ ulusy-kiçisi ony gaty hormatlaýan eken. Ähli dini däp-dessury berjaý edýän hakyky musulman maşgalasy bar eken. Onuñ üç ogly, iki gyzy bolupdyr. Körp oglundan başgasyny öýli-işikli edip, oña-da gelinlik gözläp, ugruna çykyp ýören eken. Ýöne dindaryñ körpe oglunyñ öýlenmek o diýen bir küýünde-de ýok eken. Bir sapar onuñ saý-sebäp bilen daş ýurda söwda gitmegi, onuñ öýlenmegine ýol açyp duruberipdir. Ol giden ýurdunda tötänleýin örän görmegeý, ýöne dini başga gyza sataşypdyr. Gyzy görenden onuñ hak aşygy bolan. Ol gyzyñ dilinde gürleşip bilmänsoñ, gaty kynçylyk çekipdir. Onda-da üm bilen oñaýyny tapyp, oña söýgüsini her edip, hesip edip beýan edipdir. Gyzyñam daşky sypatyna garap ýigide syny oturypdyr. Şeýdibem, olar tanşyp, ysnyşypdyrlar. Ýürekleri bir bolansoñ, emelini tapyp özara gürleşenler, köplenç bolsa gözler bilen düşünişipdirler. Gysga wagtyñ içinde bular biri-birlerine mazaly ysnyşypdyrlar. Şeýlelikde, dindar adamynyñ körpe ogly sähetli güni ol gyzy öz öýlerine alyp gelipdir. Körpe oglundan beýle töwekgelçilige garaşmadyk kakasy ilki gatyrganyp, eden işini halamandygyny aýdypdyr. Ýöne oglunyñ gulak asman oturanyny görübem, ol gyzy yzyna äkidip gelmegi towakga edipdir. Ogly şonda kakasyndan ötünç sorap, şol gyzdan başga uzyn eteklä öýlenmejegini aýdypdyr. Näderini bilmedik kakasyna ylalaşmakdan başga alaç galmandyr. Ol: - Eden işiñ-ä birgiliräk boldy, oglum, ýöne dini başga bolsa-da Hudaýyñ bendesidir. Bu gyza öýlenseñ öýlenäý, dinden çykdyñ, ýöne ilden bir çykmagyn, oglum - diýenmiş. Ogly şonda: - Kaka, arkaýyn bol, men dindenem çykan däldirin, ildenem çykman, ine, özüñ görersiñ - diýip, jogap berenmiş. Oglunyñ näme üçin beýle jogap berenine ol ýuwaş-ýuwaş düşünip ugranmyş. Sebäbi ogly gelnini wagtyñ geçmegi bilen öz iline goşup ugrapdyr. Ilki bilen-ä oña ähli däbi, düzgüni düşündiripdir, eşigem edil türkmen gelniniñ geýnişindenem artyk geýmäni öwredipdir. Kynçylyk, azap baryny çekibem, oña arassa gürlemäni-de öwredipdir. Gelin hemmäniñ gözüniñ alnynda hakyky türkmen gelnine öwrülip oturyberipdir. Soñra bolsa adamsy oña namaz, aýat, töwir ýaly ähli musulman borçlaryny-da öwredip, doly öz däbine salypdyr. Şeýdip, ol çaga-çugaly hakyky musulman maşgalasynyñ ojak eýesi bolupdyr. Bu zatlary gözi bilen gören kakasy dini başga gyzy musulman däbine salyp bilen oglundan razy bolup bu dünýäden ötenmişin. Dindaryñ ogly uly agyr, abraýly maşgala bolup, uzak ýyllar ömür sürenmiş. Onuñ öz aýalyndan hiç wagt närazylygy bolmandyr. Ol şeýle bir ýumry-ýumşak maşgala bolanmyş. Onuñ özüniñ-de aýalyny närazy eden ýeri bolmanmyşyn. Ömrüniñ dowamynda öz aýalyny musulman maşgala öwrüp bilenine öz-özünden razy bolanmyş. Aýlar aýlanyp, ýyllar geçip ol dindaryñ oglunyñ-da kazasy dolanmyş. Ähli üýşen mähelläniñ içinde onuñ aýalynyñ dady-perýady has zaryn eşidilipdir. Ahy-nalalar bilenem ol adamyny iñ soñky ýoluna ugradypdyrlar. Gonamçylykda ol adamynyñ jesedini mazaryna salan wagtlary, obanyñ iñ uly saýylýan mollasy aýak uçda duran ýerinden mazaryń içine eglup bir seredipdir-de, ýuwaşjadan bir zady yzarlaýan ýaly asmana bakypdyr. Bu ahwalar oña görünse-de, ýaşuly töweregindäkilere ýagşydan-ýamandan şol wagt dil ýarmandyr. Gonamçylykdan gaýdyp gelen gölegçiler sea edenden soñ, ol molla: - Siz-ä ol bendäni jaýladym edip gaýtdyñyz, ýöne edil mazara goýýan wagtyñyz, perişdeler geldiler-de, ony tabydy bilen göterip, göni uçmaha alyp gitdiler. Çünki, ol bu dünýäde gaty sogap iş etdi. Dini başgany, hakyky musulman däbine saldy. Hudaý onuñ bu eden işini gaty hoş gördi, şonuñ üçinem, oña, ýagşylygy buýyrdy - diýipdir-de, merhumyñ hatyrasyna doga okapdyr. Dindar adamynyñ dindar oglunyñ Hudaý halap eden işini bendeler-de gaty halanmyş. Ol sogap işlerden, soñra olae ildenem, dindenem çykmaly däldigine düşünenler. Şeýtmek bilenem "Ilden çyksañ çyk, dinden çykma" diýen ýaly nakyl ýüze çykanmyş. Toplan: Sona ILMUHAMMEDOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |