11:21 Baýlyk perisi / rowaýat | |
BAÝLYK PERISI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Baýlyk perisi bir wagtlar sahylykda özüni tanadanlaryñ birimiş. Bu peri ýeke özi bir dagyñ gowagynda ýaşap, gaty kän baýlygyñ eýesi bolup oturanmyş. Bu barada mama-enelerimiziñ gürrüñ bermegine görä, şeýleräk rowaýat bar. Gadymy zamanda iki sany gyzyñ näme sebäpdendir gijara ýollary dagyñ üstünden düşenmiş. Olaryñ öñünde duran bir äpet dagyñ gowagy bir gyza ýagty bolup görünýärmiş, beýleki gyzy-da gap-garañky. Şonda ýagty bolup görnen gyz şol gowaga gorkman arkaýyn giripmiş. Girse, saçlary uzyn, owadan geýnüwli gyz gowagyñ içini ýagtylandyryp otyrmyş. Gyzyñ gapdaly bolsa ýalpyldap duran gyzylly haltalardan doly eken. Perä salam berip giren gyz, biraz gorkan ýaly, tisginip duranmyş. Ol peri: "Ap şu gyzyllardan geregiñi" diýip, rugsat berse-de, birini hem almandyr. Perä minnetdarlyk bilen "Sag bol" diýip, gowakdan çykyp gaýdanmyş. Gyz bu gören-eşiden zatlaryny ýanyndaky gowaga girip bilmän galan gyza gürrüñ beripmiş. Olar ertesi gijara ýene-de iki bolup, şol gowaga barmagy niýet edip, öñki dagyñ ýanyna baryp görseler, şol gowak ýerinde ýokmuş. Bu waka haýran galan gyz, bir uly akyldar adamdan soranda: "Ol Baýlyk perisi, hemişe we hemme kişä görünýän däldir, onuñ saña ilki görneni, soñam görünmeýänligi, ilki sen onuñ göwnüne ýarapsyñ, emma soñ hem iki bolup, şol baýlykdan almaga hyýal edeniñiz, oña ýaramandyr, ýöne sen ony indi görmersiñ" diýenmiş. Şondan soñ, dogurdanam, "Baýlyk perisi" görünmänmiş. Toplan: Sona ILMUHAMMEDOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |