08:54 Myhman hormaty | |
MYHMAN HORMATY / hekaýat
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir obanyñ saz-söhbeti oñat görýän tanymal adamlary, başga bir ýerde mesgen tutmagy ýüregine düwüpdirler. Olaryñ tutan maksady hasyl bolup, täze bir oba peýda bolupdyr. Her bir öýüñ howlusy gül-gunçadan doly bolansoñ, bu oba diýseñ owadan eken. Toý-tomaşaly, aýdym-sazly oba "Sazandalaryñ obasy" diýen ada eýe bolupdyr. Şeýlelikde, bu obanyñ at-owazasy ile ýaýrapdyr. "Adam bar ýerinde görip hem bar" diýleni. Bu obanyñ sazandalaryna gözi gidýän käbir görübilmezler, yrsarap, dawa turuzmagyñ pirimini gözläpdirler. Bir gün olar bu agzybir obanyñ bir çetinden giripdirler. Oba adamlarynyñ ählisi üýşüp gelip, olaryñ atlaryny tutup hormatlapdyrlar. "Geliñ, geçiñ!" bilen olary öýme-öý aýlap, dürli naz-nygmatlar bilen hödür-kerem edipdirler. Gijäniñ bir wagtyna çenli aýdym aýdyp, saz çalyp, hezil beripdirler. Şirinden-şirin owazlardan lezzet alan betgümanlar diýseñ minnetdar bolup gidipdirler. Agzybirligiñ beýik güýji bilen ýamanlygy ýagşylykda gaýtaryp bolýandyr. Sona ILMUHAMMEDOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |