EDEP — EBEDI GYMMATLYK
Terbiýeli perzendi ösdürip ýetişdirip, il hataryna goşmak örän uly jogapkärçiligi talap edýär. Biziň şu günki gün perzentlerimize berýän terbiýämiz geljekde onuň bütin ykbalyny kesgitleýär. Şonuň üçin hem eger-de biz çagalarymyzy göwnümize jaý, saýhally, iliň derdine ýarar ýaly edip terbiýeläp bilsek, olara iň uly ýagşylyk etdigimizdir.
Çaga terbiýesi öýden başlanýar. Şonuň üçin hem öýümiz biziň üçin ezizdir, mukaddesdir. Öýümiz biziň ähli maşgala agzalarymyzyň, perzentlerimiziň arkaýyn ýaşaýan mukaddes ojagy. Köňlümiziň, kalbymyzyň rahatlanýan, perzentlerimize mährimizi, söýgimizi geçirýän ýerimiz. Şonuň üçin hem biz her gün öýümize ýetmäge howlugýarys. Eziz Watanymyzyň bir ülşi bolan öýümizi, mähriban Diýarymyzyň gözel bolşy ýaly bezeýäris, päkizeleýäris, aýap saklaýarys. Maşgalanyň abadançylygyny, asudalygyny, parahatçylygyny gazanmak üçin, owadan, tämiz saklamak bilen bir hatarda, ilkinji nobatda, sagdynlygyny gazanmalydyr. Munuň üçin ilki bilen keselçiligiň öňüni almak, sagdyn iýmitlenmegi ýola goýmak gerek. Öýde çaga özüni bilip ugrandan, oňa arassaçylygyň, tämizligiň düzgünlerini öwretmek ömürboýy oňat endikdir, ýagşy gylykdyr. Eger-de ene-ata çaga egin-eşigi arassa saklamagy, nahar iýmegiň düzgünlerini öwretse, sagdyn, berk bedenli nesil kemala geler. Olar köpçülikde, jemgyýetde aýratyn hormata eýe bolar.
Bir ýerde okanym ýadyma düşýär, öňde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, «Bu dünýäde iki sany kyn zat bar — terbiýelemek we özüňe erk etmek». Hawa, şu manyly tymsaldan ugur alnanda, terbiýe meselesiniň ýeňil däldigini, kyn hem-de möhümdigini ýene-de bir gezek nygtasak artykmaçlyk etmese gerek. Halkymyzyň iň bir gowy görýän häsiýeti myhmanparazlykdyr. Gürrüňimiziň başynda belläp geçişimiz ýaly, çagaňa gelen myhmana saçak ýazmagy, hezzet-hormat etmegi öwretmeli. Şu ýerde aýratyn nygtamaly zadymyz hödür-keremden daşary, öýe gelen myhmanyň özüni arkaýyn duýmagyna mümkinçilik döretmelidir. Gelen myhmanyň duz-çöregiň myhmany däl-de, süýji söze myhmandygyny çaganyň aňyna ýetirmeli.
Çagalaryň boş wagtlaryny gyzykly, peýdaly işe sarp eder ýaly, mekdeplerde dürli gurnaklara gatnamaklaryny gazanmaly ýa-da dynç alyş seýilgählerine, kinokonsert merkezlerine gitmekligi gurnamaly. Käte olary daşrak ýerlere gezelençlere goýbermek dünýägaraýşyny, gözýetimini, düşünjesini giňeldýär. Iň esasan-da, çaga berilýän üns, olara bolan söýgi, yssy mähir çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde, ruhy we beden taýdan kämil, şähdaçyk, göwnühoş bolmagy bilen bir hatarda ruhubelentligini üpjün edýär.
Perzent üçin ene-atanyň mährine, söýgüsine taý geljek zat ýokdur. «Ata sözi — hikmet, ene sözi — rehmet» diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar. Ene ýyly mähri, mylaýym hüwdüsi bilen iň oňat umydyny, arzuw-islegini balasynyň kalbyna siňdirýär. Şol yssy mähir hem perzendi mukaddes ojaga, eziz öýüne ömürlik baglaýar. Ene perzentleriniň her birine ýüreginiň töründen orun berýär. Ata mährinde hem düşündirip bolmaýan bir özboluşlylyk bar. Eger-de ata «oglum» ýa-da «gyzym» diýip balasynyň başyny sypalasa, onda çaganyň kalbyny üýtgeşik bir duýgy gaplaýar, onuň bedenine mylaýymlyk ýaýraýar. Şonuň üçin hem perzent üçin uly-kiçi tapawudy ýok, ata-ene mährinden ganma-da ýokdur, doýma-da. Maşgalada ene-atanyň birek-birege hormat-sylagy, ynamy çaga terbiýesinde örän wajypdyr we ähmiýetlidir. Sebäbi çaga özüniň ene-atasynyň edýän hereketlerini gaýtalaýar, görýär, elmydama ýadynda saklaýar. Şonuň üçin hem bu meselä iňňän çynlakaý, akylly-başly çemeleşmelidir. Ene-ata çaga üçin ilkinji we ömürlik terbiýeçidir. Şol sebäpli-de olar bilen dogruçyl hem açyk gürleşmelidir. Çagalara diňe oňat söz aýdanyň, öwüt-ündew edeniň ýeterlik bolman, eýsem, durmuşyň her bir pursadynda terbiýeläp durmalydygyny ýatdan çykarmaly däl. Biziň herimiz wagty gelende, gartaşan döwürlerimizde olara beren terbiýämiziň netijesini göreris, terbiýeli çagalarymyz geljekde biziň rahat garrylygymyzdyr.
Ogluň bilen dost hökmünde göwündeş bolup, ony köpräk diňläp, durmuşyň kynçylyklaryny nähili ýeňmelidigini häli-şindi ýatladyp durmaly. Gyzyňa-da syrdaş bolup, hal-ýagdaýyny sorap, iň ýakyn jorasy ýaly bolmalydyr. Aslynda, ene-ata ogul-gyzynyň içki pikirini, nämeden ejir çekýändiklerini, isleg-arzuwlaryny hökman bilmeli, kynçylykda arka durmaly. Eger-de säwlik zerarly goh-galmagal bolan ýagdaýynda-da örän asuda ýagdaýda çözjek bolmaly. Sebäbi güýçli sesiň, dartgynly ýagdaýyň netijesinde çaganyň gorkmagy mümkindir. Bu-da çaganyň ruhy we saglyk ýagdaýyna örän agyr täsir edýär. Ene-ata her bir perzendiniň häsiýetlerine görä gürleşmeli, elmydama mähirli bolmaly. Her bir çaganyň özüne mahsus başarnygy, ukyby bolýar. Şony-da açyp bilýän, goltgy berip bilýän ene-atadyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elmydama ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň aladasy edilýär. Her bir maşgalany ruhy taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, maddy üpjünçiligi ýola goýmak, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biridir.
Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Pedagogika we edep-terbiýe