22:21 Ykbal aýdymy / hekaýa | |
YKBAL AÝDYMY
Hekaýalar
Ykbalyň öwrüminde, gör, nämeler bolmaýar. Bagty asla beýle bolar öýdüp pikirem etmeýärdi. Ol ýatlamalara berildi, käbir zatlar ýadyna düşende, şatlandy, käbirine gynandy. Ýöne nähili ýagdaýlar bolup geçen bolsa-da, häzir gyz üçin aýgytlaýjy çözgüde gelmegiň wagty gelipdi. Hawa, ol şeýtmelidi, sebäbi şu güne çenli ol hupbat baryny çekipdi. Ol içini gepletdi: «Durmuş ýoluna mertlik bilen ugramaly. Ilçilikdir, ýek-tük gözýaşyňy göräýseler: «A gyz, süpür gözýaşyňy, uzak ýola gülüp giderler» diýerler. Olar meniň geçen her bir günümi ýatlap, ýaşlygyma tagzym edýänimi, şoňa-da tolgunýanymy, didelerime begenç gözýaşlarynyň dolýandygyny bilmeýärler, ahbetin. Ýöne il-gün mamla. Bu durmuşyň aňyrsyna ýetip bolmajak ýoludyr. Toý-tomaşaň, şatlyk-şagalaňyň, işlemegiň, atabraý gazanmagyň, nesil öndürme-giň, özüňden at galdyrmagyň ýoludyr bu. Ak säherler jägildäp dünýä inýän çagajygyň sesi bilen goşulyşyp dogýan Gün-Aýlarymyz şuglasyny saçanda begenýän, guwanýan ynsanlaryň biridirin men. Durmuşyň kanunyna boýun bolaýyn. Özüme peşgeş berlen ömürden peýdalanyp, ykbal akymynyň ugry bilen gideýin. Bu şeýle-de bolar. Meniň ykbalym ýeke özüm däl, meni tanaýanlar üçin ýatlama bolar». Şol pursat hem ähli zat gyzyň göz öňünden geçip ugrady. Her sapar ýatlanynda, ýüreginiň taryna kakýan ýakymly wakalar gyz üçin, gör, nähili ezýetlidi. Beýle bolmazça-da däldir. Bagtyny ilkinji gezek gören uzyn boýly, ak ýüzli görmegeý ýigidi ýyldyrym urana döndi. Gyz şobada ýigidiň ýüregini eýeledi, onuň owadan gözlerine tap gelip bilmedi. Ýigit öňem beýle owadan gyzlara gabat gelýärdi, ýöne beýle aljyraňňy ýagdaýa düşmändi. Gyzyň owadanlygyndan ötri agraslygy, edep-ekramlylygy, saýhallylygy oňa ju da ýarady, ony sulhy aldy. Ilkinji bakyşdan janyteni bilen söýdi. «Şu gyz meniň bagtym, täleýim üçin doglan bolmaly» diýdi. Şol günden başlabam, ol söýgi niň yşkynda örtenip ugrady. Ýigit şondan soň gyzy näçe saparlar assyrynlyk bilen, ogryndogryn kän synlady. Bagty dymmarakdy, sözlände az sözlärdi, ýöne şirin zybanlydy. Ýigit onuň ýoluna çykdy, oňa habar gatdy. Öz düşen halyna özide düşünmedi. Ol hut gyzyň ugrunda bendi bolup ugrady. Bagty bu ýagdaýy aňansoň, dillenmeli boldy. Ol: «Seniň bu bolşuňy oňlamok. Beýdip meniň yzyma düşüp ýörseň, gören-eşiden näme diýer?!» diýdi. Ýigit: «Wa-ah, bilýän-le, ýöne men nädeýin, sensiz ýaşap bilmejegim üçin, seni söýýänligim üçin şeýdip ýörün» diýeninde, gyz söz läp bilmän, utanjyndan ýüzi gyzardy, soňam doňup galdy. Hawa, şeýdibem, päk duýga, niýete, umyda beslenen söýginiň syry açyldy. Söýginiň jadysy juda üýtgeşik bolýan ekeni. Ýigitdir gyz biribirlerine ýüreklerini açdylar. Olar duşuşyp aýrylyşanlarynda ilkinji gezek görýän ýaly duýgyny başdan geçirýärdiler. Biribirlerine şeýle bir intizar boldular welin, heý, goýaý. Hawa, iki juwana hökmürowan bolan söýgi öz hökümini ýöredip ugrady. Birek-birege ynanmak, ýüregini okamak, düşünişmek, wadalaşmak, mähriňi bermek, söýginiň dünýäsinde ýaýnamak bilen söýginiň ýoly uzapdy. Olam ýigidiň hünäri boýunça tejribelik geç ýän möhletiniň tamamlanan wagtyna gabat geldi duruberdi. Şonda ýigidiň gidesi gelmän, öňe-yza ädimläp durşuna, asla dözer ýaly däldi. Ol: «Ahyry gitdi diýme, töweregiňde ýaly bil. Sen meniň ýüregimiň örki, içki dünýämiň bezegi, daşky dünýämiň guwanjy, ömrümiň — ykbalymyň hemrasy bolarsyň. Ilkinji gören günümden bäri ýüregimde ýaşaýarsyň, senden aýry günümem, zadymam ýokdur, şuny unutma! Hiç bir zady öňünden bilip bolýan däldir, bu durmuşdyr, nähili ýagdaýa salsa-da, baş alyp çykaryn. Senden özge bilen bagtymy baglamaryn» diýdi. Şeýdibem, iki juwan öz aralarynda wadalaşyp, aýrylyşdylar. Bagty şonda gökde uçan durna dek salgym bolup barýan ýigidi tä gözden ýitýänçä, gözleri bilen yzarlap ugratdy. Ýigidiň aýdan sözleri ony halys özüne kökerip goýdy. Sebäbi ol sözlerde söýginiň güýçli täsiri bardy, hawa, bu şeýle ekeni. Gyz söýgä uçrap, onuň pidasy bolan ekeni. Juda az wagtyň içinde ýigide köňlüni berendigini, onuň özüni oda goýandygyny bildi. Birbada oňa daş-töwerek dar göründi. Wagt geçdigisaýy, ol bu ýagdaý bilenem öwrenişip gitdi. Ýöne Bagtyny başga bir ýagdaý uly iňkise goýdy. Ýigidiň şol gidişi gidişi boldy. El telefonyna jaň edende jogap bermedigi hasda çökder boldy. Muňa düşünmedik gyz: «Bu nähili beýle bolýar?!» diýip, alasarmyk ýagdaýda özüne kän soraglary berdi. Ýöne jogap tapyp bilmedi, otly köýnek geýene döndi. Ýöne peýdasy degmedi. Özi gidip idemäge ilden-günden ejap etdi. Gün diýeniň yzly-yzyna geçip durdy. Günler-aýlar, kerwen gurap geçen ýyllar gyz kalbyny — perwana öwürdi. Bagty ýigidi biçak söýüpdi, ýöne henize bu güne çenli bu hakda hiç kimiň ýanynda dil ýarmady. Ýöne onuň ýigidi ýatlamadyk güni ýokdy. Ylaýta-da, ýigidiň giden güni göz öňüne ge lende, kalby lerzana bolýardy. Içini gepledip: «Ol meniň adymy ýüregine ýazan ekeni, muny subut edibem gitdi, ahbetin. Diňe buda däl, men öz söýgime ynam etmeli, bil baglamaly. Şonda meniň gözümden gaýyp bolan söýgim dolanyp geler. Häzirlikçe men ýalňyz ýüregimiň ýodasynda söýginiň heýkelini dikeýinde, ýüregimiň sesine gulak asaýyn» diýdi. Hawa, Bagtyny ýatlamalar ganatlandyrýardy, durmu şa ynamyny, söýgüsini artdyrýardy. Käteler içki dünýäsinde öz-özünden düzülýän söýgi setirlerine diň salýardy. Söýgiň gözüňdedi, mähriň ýüzüňde, Ýalan ýokdy hiç bir aýdan sözüňde. Akylhuşum alyp, başym aýladyň, Arzuwlarmy alasmana paýladyň... Söýgi dünýäsine berlip, kalby perwana bolan gyz daş-töwerekdäki, tebigatyň emri bilen bolup geçýän hadysalary söýgi ahwallary bilen baglanyş dyrýardy. Bir gezek şeýle waka boldy. Tomsuň jöwzaly parahat güni diýmer siň. Şol gijede şeýle bir ýel turdy, ony asla hiç zat bilen deňär ýaly bolmady. Şonda ýeliň zarbyna bar zatlar ala-zenzele boldy. Ýeliň bady gaýdansoňam, ýagyş damjalap, tä daňdana çenli diňmedi. Bagty şol gije ýatman, penjireden seredip: «Şu günä Asman bilen Zemin meniň bilen deň dert çekişýär» diýip, haýran galdy. Ykbal adamyny, gör, nireden çykarýar, nämelere sezewar edýär. Bir gün gyz bilen deňme-deň aýralygyň zaryny çeken, söýginiň kyn menzilini geçen ýigit duýdansyz onuň ýanyna geldi. Ýigit bilen gyz ilki biribirlerini görüp, gözlerine ynanyp bilmän, aňk boldular. Söýginiň güýji, yhlas, ýyllaryň dowamynda edilen ýagşy dilegler, umytlar ýigidi gyzyň ýanyna getirdi. Ýigit üçin bar zat düşnüklidi, anykdy. Ol gyza başyndan geçirenlerini gürrüň berip ugrady. Asyl onuň derdi juda güýçli bolan ekeni, ilki şikeslenip, soňam ýene bir derde uçrap, esli wagt düşekden galman, ýatmaly bolupdyr. Bagty bu gürrüňleri tolgunman diňläp bilmedi, sebäbi kalby perwana bolan gyz şol öňki edähedine görä, galpyldaýardy. Ýigit oňa: «Golaýda aýaga galdym, şunça wagt habar etmedigim üçin ötünç soraýan, saňa dözmedim, gynandyrmaýyn diýdim, derdimi ýeke özüm çekeýin diýdim. Meniň üçin şol geçen günler durmuş synagy boldy, kynçylyk bilenem ýeňdim. Näçe wagt sessiz dymsamam, seniň maňa garaşjakdygyňa ýüregim bilen ynanýardym. Şol ynamam meni ýaşatdy, derdime ýeňillik berdi, şu güne ýetirdi». Ýigit ýene-de sözüniň üstüni ýetirip, şol başdaky aýdan sözlerini gaýtalap: «Men geldim, seni söýýänligim, sensiz ýaşap bilmejegim üçin, ilki ýüregim bilen aýdan sözümiň hakykatdygyna göz ýetirip, subut edip geldim» diýdi. Bagty hem ýigidiň bar diýenlerini diňläp, henize bu güne çenli hiç kime aýdyp bilmedik, söz açyp bilmedik, ýüregine dykyn bolan sözlerini aýdyp ugrady. «Men garaşdym, ondada nähili garaşmak, söýen ýaryna ýedi ýyl garaşýan gyz azazdyr. Ýöne welin, men saňa ýedi ýyl garaşdym. Her gün ýoluňa çykyp, seni ugradan gözlerimi uzaklara dikip, intizar bolup garaşdym. Bilýän, çarhy pelegiň oýnudyr bu. Ýöne biziň ikimizem bu kysmata kaýyl bolduk. Şonuň üçinem biz ýalkandyk, sag amanlykda birek-birege gowuşdyk. Menä şuňa sendenem beter begenýän. Hawa, ykbalnesibe seni maňa sataşdyrdy, esli wagtam aýralyga duçar etdi. Bu şeýle bolan bolsa-da, sen söýeniňden soň iň belent duýgyny, söýgini, şatlygy, gaýgyny, buýsanmany, guwanmany senden öwrendim. Sen maňa durmuşy öwretdiň. Seni söýüp kämil boldum, akyllandym, durmuşda akyllybaşly hereket etmegi, paýhaslylyga gol bermelidigini bildim. Dogry, geçen günlerde kalbym perwana öwrülip, birhili biynjalyk boldum ýördüm, ýöne indi ähli zat gowulyga tarap, kalbymam juda rahat. Şeýle beýik, tä miz söýgi her kese berilýän däldir. Men şonuň üçinem özümi juda bagtly saýýaryn» diýdi. Şondan soň başga gürrüňem edilmedi, kän wagt geçmänkä iki juwanyň bagt toýuna sähet alyndyda, il-oba toý şaýyny tutdy. Täsin ykbally Bagtynyň durmuş toýuna şaýat bolanlar: «Ýedi ýyllap söýgüsine wepa beren gyz baran öýüne-de şeýle mähir, wepa berer» diýip, oňa bagt diläp galdylar. Sona ILMUHAMMEDOWA. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |