BIZ SAÑA GARAŞÝARYS
Ynha, bir enäniň ýelden-günden gorap, ak süýt berip ulaldyp, ese-boýa getirip, Watan goragyna ýaran oglunyň gulluk borjuny abraý bilen ýerine ýetirip, sag-aman öý-ojagyna dolanyp gelmegine garaşyşy lezzete baý diýsek, lap edip aýtdygymyz bolmaz. Ol ogluny biline ýükläp, alyslara sary ugur alan otlynyň yzyndan umytly gözlerini nemlendirip garap galýar. Şol bir wagtda hem süýji arzuwlaryň ummanyny gulaçlaýar. Hut şol pursat Watan goragyna aýgytly gadam basan oglunyň giden boşlugy dolduryp, öýlerine gaýtadan şatlygy alyp geljek gününi gözleriniň öňüne getirýär. Men muny şeýle pursatlary öz başymdan geçiren ene hökmünde aýdýaryn.
Esger durmuşynda ýatdan çykmajak günler ene üçin hem ajaýyp ýatlama bolup galýar ekeni. Men öňem birnäçe gezek harby kasam kabul ediliş dabarasyna gatnaşyp görüpdim. Ýöne hut öz bagryňdan önüp, Watan goragyna giden ogluň esger eşiginde elini ýüreginiň üstüne goýup, wepalylyk kasamy ýerine ýetirişini görmek ene üçin bagtdygyna şonda göz ýetirdim. Şol günki baýramçylyk dabarasynda serkerdeleriň ýaş esgerlere eden watançylyk sargytlary, öwüt-ündewleri, göwün göteriji sözleri ene-atalary-da biparh goýmady. Bizem öz gezegimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkyň asuda, erkana durmuşyny goramaga öz ömrüni bagyşlan, dost-doganlyk serhedinde berk duran bu Watan goragçylaryna özümiziň minnetdarlygymyzy bildirip, alkyşlarymyzy aýtdyk. Harby kasam kabul ediş dabarasy tamamlanansoň, ýaş esgerleriň hossarlary yzlaryna, öýli-öýlerine dolandy.
Demir ýol menzili serhet birikmesiniň deňesinden geçýär. Bu döwrebap serhet birikmesi owadan bolup görünýär. Men otlynyň aýnasyndan arassa, tämiz, juda kaşaň serhet birikmesini synlap barşyma nyzama düzülip duran esgerlere gözüm düşdi. «Watanymyzyň iň çetki serhet araçäklerini goraýan esgerler» diýip, olara guwandym.
Hawa, otly ýoluny dowam edýärdi. Men şonda öz ýanymdan ýolda edilen dileg kabul bolýarmyşyn diýip, pikirlendim. Şonuň üçinem «Beýik Biribar iliň-günüňki bilen bile meniň oglumam öz penasynda aman saklasyn, köňlüne ýagşylyk guýsun. Beren terbiýämizi ýörelge tutunyp, tamamyzy ödesin. Sag-aman abraý bilen harby gullugyny tamamlap, dünýämi toý-şatlygyna besläp gelsin» diýip, iki elimi ýüzüme sylyp, tüýs ýürekden dileg etdim.
Aslynda perzendiň akylly-başly, Watanyna, iline peýdaly adam bolup ýetişmegi üçin enäniň terbiýesiniň ähmiýeti uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda Watan, öý-ojak, ene-ata bilen çaganyň arasyndaky gatnaşyklar dogrusynda giňişleýin beýan edilýär. Il merdini dünýä beren Ogulabat ejäniň ömri, durmuşy bilen bagly bu eser halkymyz üçin terbiýe mekdebidir.
Türkmeniň geçmişinde beýik şahsyýetleri, gaýduwsyz watançy ogullary bar. Şolaryň biri-de Görogly begdir. Ol ýaşlygynda ähli öwüt-ündewleri atasy Jygalybegden alýar. Göroglynyň edermen, watanparaz, gaýduwsyz bolmagynda dana atasynyň beren wesýetleri uludyr. Ol näçe kynçylyklara sezewar bolsa-da, durmuşda öz-özüni taplaýar, şeýdibem, tä ömrüniň ahyryna çenli göreşip gezýär. Görogly Watan goragynda Ärhasan batyr ýaly merdana gerçeklere daýanýar. Ol özüniň edermenligine buýsanyp, men-menlik etmeýär. Munuň özi hiç wagt hem türkmen halkynyň bihal halk bolmandygyndan habar berýär.
Watanyny ar-namysyna deňäp, başyna täç eden halkymyzyň damarynda aýlanýan watansöýüjilik duýgysy nesilden-nesle geçip, il-gününi, mukaddes topragyny jandan söýýän ogullary kemala getirýär. Şol sebäpli-de, Watanyň mukaddesligi oňa bolan belent wepadarlyk, guwanç duýgulary çagalykdan saýlanan agy-garany saýgaryp başlan her bir ýigidiň kalbynda uly orun tutýar. Ol özüniň bagry badaşan eziz topragyny maňlaýyna togap edýär. Watanyndan ýekeje pursat hem üzňe bolup bilmejegini bilip, başyny orta goýmaga taýýar bolýar. Şeýdibem, kämillige ýeten ýigit özüni harby gulluga taýýarlaýar, taplaýar.
Esger üçin harby gulluk döwri iň jogapkärli döwür bolsa-da, ol tutanýerlilik bilen gulluk borjuny birkemsiz berjaý edýär. Ol döwri özüniň durmuşynda iň manyly günleri hasap edýär. Muňa gulluk döwründe esgerden gelýän hatlardan çen tutup, göz ýetirip bolýan ekeni.
Oglum maňa her hatynda özüniň borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýändigini buýsanç bilen ýazýar. Özüniň öňünde uly synag bolsa-da, her bir gününiň gyzykly geçýändigini aýdýar. Adatdaky ýaly, arada oglumdan ýene-de hat aldym. Ýöne men bu gezekdäki haty okap, «iki ýyl edil iki gün ýaly geçip gidýär» diýleni çyn ekeni» diýip, tolgundym. Hatda şeýle sözler bardy:
«...Harby gulluga gelenimiz düýn ýalydy. Eýýäm bir ýarym ýyldan gowrak wagt bolup barýar. Maňa mukaddes Watanymyzyň serhedini goramak bagtynyň miýesser edenine ykbalymdan müňdebir razy. Sebäbi men serhet goragynda gulluk etmek bilen, öz halkymy, Watanymy jandan geçip söýmegi öwrendim. Watan goragçysy diýen buýsançly adyň belent derejedigine göz ýetirdim. Men harby gullukda serkerdeleriň beren harby tälimleri bilen kemsiz taplandym. Watanymyzyň sähralygynyň owadanlygyny gördüm. Bu ýerleriň tebigaty juda owadan. Her gün daň saz beren-de parahatçylyk mukamyna diň salýaryn. Ol mukam belentden ýaňlanyp, bagtyýarlykdan habar berýär. Men gulluk döwrümde deň-duşlarym bilen duz-emek boldum, dostlaşdym. Nesip bolsa, harby gullugy tamamlamsoň hem hormatly Belent Serkerdebaşymyza, halkymyza, Watanymyza wepaly bolup, ýurdumyzyň islendik pudagynda jan aýaman zähmet çekerin.
Eje jan, bu dünýäde barlygym, ýagşy dilegde bol, sag-aman dolanyp bararyn. Harby gullugymy tamamlamaly möhletim golaýlap gelýär. Ýöne, aýdylyşy ýaly «Watana gulluk tamamlanmaýar». Men harby gullugymy Türkmenistanyň Serhet institutynda ýokary bilim almak bilen dowam etmegi maksat edinýärin. Bu ýokary okuw mekdebi serhetçi serkerdeleri taýýarlaýar. Eje, sen edil öňküň ýaly garaşmagyňy dowam ediber. Garaşyp hem göreşip ýaşamak durmuşymyza many çaýýan zatlaryň iň naýbaşysydyr. Indi nesip edenden arzyly güne garaşýan...».
Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Oýlanmalar