21:28 Sokratyň usuly | |
SOKRATYÑ USULY
Geň-taňsy wakalar
Iki sany görnüş kontrol (dolandyryş) bolýar. Birinjisi daşky kontrol, ikinjisi bolsa içki kontrol. Daşky kontrol bu hukuk goraýjy edaralar, biziň ýan-ýoldaşymyz we tanyş bilişlerimiz. Daşky kontrol bize özümizi gowy alyp barmaga mejbur edýär. Ýöne daşky kontroldan beter içki kontrol has wajyp. Mysal üçin her bir ýol gözegçilik gullugnyň işgäri, para almaz ýaly, öň ýanynda gözegçi goýmaga mümkünçilik ýok, sebäbi gözegçä hem gözegçi gerek. Içki kontrol bu eýýäm aýratyn gürrüň. Adamyň özi eýýäm para almak gowy däl diýýär. Jemgyýetde umuman alanda içki kontrol näçe artdygyça, şonça-da daşky kontrol gowşaýar. Adamlar kanuny az bozup başlaýarlar. Mysal üçin, aýdaly men 14 ýaşly gyz we taksyda nätanyş erkek sürüji bilen Çoganla barýaryn, daş-töwerek garaňky, sürüjide bolsa maňa tarap ters pikirler doräp başlady. Häzirki wagt daşky kantrolyň maňa seretmäge mümkinçiligi ýok. Ähli zat sürüjiň içerki kantrolyna bagly bolup dur. Ol gyzjagazy zorlarmy ýa-da zorlamaz? Jemgiýetde içerki kontroly ösdürmek hökümet üçin hem, jemgiýet üçin hem diýseň peýdaly. Şo pikir bilen ähli kişi razy bolsa, indiki basgançaga geçeliň. Nädip adamlarda içerki kantroly ardyrmaly we jemgiýetde hukuk goraýjy işgärleriň sanyny azaltmaly, bize mälim bolşy ýaly karrupsyýa ýeňip bolmaýan belalaryň biri. Içerki kantroly artdyrmak üçin, çagalara mekdep ýaşdan başlap filosofiýa guýmaly, nämän dogrudygyny we dogrudäldigini öwretmeli. Hawa, her kim öz çagasyna öwretse ähli zat gülala günlik bolaýjak ýaly? Ýöne meň kakam maňa hökümetden ogurlasaň halal diýdi, goňşyň zadyny ogurlamasaň bolýa diýdi. Başga birniň kakasy guýa plan zat etde abraý al diýer. Garaz filosofiýany çagalar guýmak üçin bitewi bit filosofiýa, aýdaly Magtymguly Pyragyň şygyrlary gerek. Ýöne Pyragyň şygyrlary hem ýene musulman dinine direýär. Garaz ýeketäk standart filosofiýa bolup diňe din hyzmat edip bilýär. Sebäbi diniň gurallary adamyň ölüminden soň hem jezaň boljagyny nygtaýar, we eýýäm 1500 ýyllap synagdan geçen argumentlary bar. Netijede näme bolýar, Hudaý bar bolsun ýada bolmasyn, islendik jemgiýeti keselden bejerjek bolsaň, dinden başga gural ýok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||