SOLTANA BERLEN SOWGAT
■ Horasanly alym Muhammet ibn Nejip Bekranyň düzen dünýä kartasy hem-de onuň «Jahannama» eseri hakynda söhbet
Zemin üstünde ugur alyp, giňişliklerde taraplary kesgitläp bilmeklik ynsanlaryň iňňän gadymy zamanlarda ele alan ýaşaýyş endikleriniň biridir. Aý, gün, ýyldyzlar, daglar, deňizler, köller, derýalar, düzlükler, çöller, tokaýlar, şäherler, obalar, ýollar, ýodalar adamlara ugurlary hem-de taraplary kesgitlemekde hemişe-de möhüm alamatlar, belgiler bolup hyzmat edipdir. Adamzat jemgyýetiniň ösmegi, döwletleriň döremegi, döwletara gatnaşyklarynyň başlamagy bilen adamlarda alys ýurtlar baradaky gyzyklanmalary artdyrypdyr. Syýahatçylaryň, zyýaratçylaryň, täjirleriň berýän maglumatlary, olaryň nätanyş ýurtlar, owadan şäherler, myhmansöýer obalar we hatarly ýollar hakyndaky gürrüňleri adamlaryň Ýer togalagynyň gurluşy hakyndaky bilesigelijiligini artdyrypdyr, olaryň bu meseleler dogrusynda anyk hem-de düşnükli maglumat almaga bolan isleglerini güýçlendiripdir. Ylym-bilimiň ösmeginiň netijesinde bu mesele bilen aýry-aýry adamlar has hem içgin gyzyklanypdyrlar. Şeýle adamlaryň hyzmaty bilen ilkinji geografiki kartalary peýda bolupdyr.
Geografiki kartalar taryhy ösüşde ynsanyň özüni gurşap alan dünýä akyl ýetirmeginde döreden iň möhüm serişdeleriniň biridir. Kartalar adamlaryň durmuşyna çuňňur ornaşypdyr. Kartalar ýeriň çägini öwrenmekde, ony özleşdirmekde, ylmy-barlag we hojalyk işlerinde möhüm orun tutýar. Olar boýunça şol bir şekillendirilen çäk baradaky doly maglumatlary almak bolýar. Karta boýunça gazylyp alynýan islendik peýdaly magdanlaryň göwrümi, olaryň tutýan meýdany, hili, magdanyň reňki, nebit, gaz, gurluşyk üçin çig mallary kesgitlenilýär.
Kartalar daşky gurşawy we ondaky bolup geçýän üýtgeşmeleri duýmak üçin esasy serişdedir. Kartalar arkaly halkara ýagdaýyny öwrenýäris, hadysalary synlaýarys, howa maglumatlaryny, ýurduň ykdysady ösüşi baradaky maglumatlary, meýdan işleriniň alnyp barlyşyny, harby hereketleriň gidişini synlamak, öwrenmek bolýar.
Kartalaryň ylymda we tehnikada ulanylmaýan ýeri ýok diýen ýalydyr. Olar halk hojalygyny ösdürmekde giňden ulanylýar. Biziň daşky dünýäni duýmagymyzda ýa-da bilmegimizde, giňişliklerde ugur almagymyzda kartalar örän oňaýly gural bolup hyzmat edýär. Islendik geografiki desgalar kartada şekillendirmek arkaly suratlandyrylyp bilinýär. Kartalaryň kömegi bilen Ýer üstünde yklymlaryň, sebitleriň we ýurtlaryň ýerleşişine, ummanlaryň çuňlugyna, daglaryň beýikligine, derýalaryň uzynlygyna, aýry-aýry ýurtlaryň çägine syn etmek bolýar.
Kartalar geografiýa we taryh ylymlary öwrenilende has hem zerurdyr. Kartalara daýanmak bilen biz dünýä halklary, olaryň geçmiş taryhy, häzirki döwürde ýaşaýan ýerleri, gepleýän dilleri, dini garaýyşlary barada möhüm maglumatlary alyp bilýaris. Kartalaryň ýüzünde berilýän maglumatlara esaslanyp, dürli sebitleriň hem-de döwletleriň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösüş derejelerini kesgitläp bolýar. Kartanyň oňaýly tarapy kagyz ýa-da mata bölejiginiň ýüzünde Ýer togalagynyň gurluşy, taryhy ösüşde adamzat jemgyýetiniň ýeten derejesi barada ummasyz köp maglumatlary ýerleşdirip bolýar.
Häzirki zamanda ylmyň hem-de tehnikanyň ösmegi adamzada iň kämil tilsimaty ulanyp, Ýer üstüni kosmosdan öwrenmäge mümkinçilik berýär. Älem giňişliklerine uçurylýan enjamlaryň, ýeriň emeli hemralarynyň kömegi bilen diňe bir Zeminiň däl, eýsem alyslarda ýerleşýän planetalara aralaşyp ýa-da olaryň suraty alnyp, olaryň gurluşy öwrenilýär. Mahlasy häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşinde kartalaryň belli bahasy ýokdur.
Ýer togalagynyň gurluşyny kartorafiýa ylmy öwrenýär. Öz ösüşinde köp asyrlyk taryhy ýol geçen bu ylmyň kemala gelmeginde we ösmeginde türkmen topragynda ösüp ýetişen alymlar hem uly işleri bitiripdirler we olar bu ylmyň kemala gelmegine uly goşant goşdylar. Türkmen topragynda kemala gelen al-Horezmi, al-Biruny ýaly ylym dünýäsiniň läheňleri geografiýa ylmynyň kämilleşmeginde we ösmeginde, dünýäniň ilkinji kartalarynyň döredilmeginde uly hyzmatlary görkezdiler.
Gadymy we Orta asrlarda Ýer togalagynyň gurluşy we ýerleşişi alymlaryň hemişe-de üns merkezinde bolupdyr. Köp sanly geografiýaçylar, syýahatçylar we älemşynaslar bu mesele bilen içgin gyzyklanypdyrlar. Ýer ýüzünde Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň, Parfiýa şalygynyň, Hytaýdaky Han we Rim imperiýasy ýaly döwletleriň döremegi bilen biri-birinden alyslarda ýerleşýän döwletlere bolan gyzyklanmalar has hem artypdyr. Döwletleriň arasynda ýygjam söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar başlapdyr. Emma döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge we giňeltmäge päsgel berýän zatlar entek köp bolupdyr.
Köplenç adamlar ol ýa-da beýleki döwletiň nirede ýerleşýändigini bilmeýärdiler, barmak isleýän ýurdunuň nähili uzakdadygyny bilseler-de, onuň haýsy giňişlikde ýerleşýändigini, olaryň nähili tebigy we howa şertleriniň bardygyny, nähili tebigy päsgelçiliklerden (daglar, çöller, derýalar, deňizler), haýsy halklaryň ýaşaýan yerlerinden geçmelidigini bilmeýärdiler. Şonuň üçin hem alys ýurda ugraýan syýahatçylara, zyýaratçylara, söwdagärlere geçiljek ýollar garaňky hem-de howly bolup görünýärdi. Jahan şalyklaryny döreden hökümdarlaryň nesilleri hem köplenç atalarynyň eýelän ýurtlary, sebitleri barada suwutly zat bilmeýärdiler. Şol sebäpden hem Orta asyrlarda alymlaryň käbiri aýry-aýry hökümdarlaryň buýurmasy boýunça dünýäniň kartasyny çekmäge synanyşyk edipdirler.
Gadymy we Orta asyrlarda kitap ýazmak we ony sowgat hökmünde hökümdarlara peşgeş bermek aýratyn üýtgeşik hormat hasaplanypdyr. Şonuň üçin hem alymlaryň arasynda üýtgeşik sowgat hökmünde dünýäniň kartasyny çekip, ony hökümdara bagyş edenleri hem bolupdyr.
Döwründe dünýä kartasyny döreden meşhur alymlaryň biri-de biziň ildeşimiz Muhammet ibn Nejip Bekran bolupdyr. Gynançly ýeri, meşhur älemşynas, geografiýaçy alym bolsa-da, Bekranyň ömri we döredijiligi barada kän maglumatlar saklanyp galmandyr. Hatda onuň haçan we nirede doglandygy, haýsy ýylda aradan çykandygy-da doly belli däl. Onuň terjimehaly bilen baglanyşykly ýeke-täk sene belli, ol hem bolsa alymyň dünýä kartasyny 1208-nji ýylda düzüp gutarandygy bilen baglanyşykly senedir. Bu senäni ol özüniň dünýä kartasyna düşündiriş hökmünde ýazan «Jahannama» eserinde getirýär.
Bekranyň ylmy mirasyny öwrenen gündogarşynas alymlar bir agyzdan onuň aslynyň horasanlydygyny belleýärler. Käbir alymlar onuň Horasanyň Tus şäherinde doglan bolmagynyň mümkindigini belleseler-de, olar hem bu meseläni aýdyňlaşdyryp bilmändirler. Emma onuň diňe bir tusly däl eýsem merwli, sarahsly, balhly, hyratly ýa-da nişapurly bolmagy hem gaty ähtimaldyr, sebäbi alym öz işinde bu sebitleri örän gowy suratlandyrypdyr. Aýratyn hem alym Merwi, Sarahsy we Tusy özüniň bäş barmagy bilýändigini belläp geçýär. Bekran Horasanyň ady agzalan etraplary hakynda gürrüň bermek bilen bu ýerleriň ilatynyň gylyk-häsiýetlerine çenli beýan edipdir. Bu zatlary bolsa şu toprakda dogup-dörän, belet adamlar edip bilýärler.
Bekranyň «Jahannamada» aýdyşy ýaly, onda «Beýleki alymlar bilen deňleşmek, hökümdaryň mübärek elinden sowgat almak arzuwy Horezmşah Ala-ed-Din Muhammet bin Tekeş üçin dünýäniň kartasyny çyzmak islegi» döräpdir. Bu möhüm hem-de jogapkärli işi amala aşyrmak üçin Bekran birnäçe wagtlap irginsiz zähmet çekipdir. Ýazaryň «Jahannama» eserinden mälim bolşy ýaly, 1208-nji ýylda ol dünýä kartasyny düzmek işini tamamlapdyr we alymlaryň çaklamalaryna görä, bu karta Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň hökümdary Alaýeddin Muhammet II (1200-1220) sowgat berlipdir. Alymlaryň bu pikirini tassyklaýan käbir maglumatlar «Jahannamada» hem saklanyp galypdyr. Bekran eserinde Horasan bilen Horezmiň arasynda «Horezm çöli ýaýylyp ýatyr» (Garagum çöli bolmaly – J. A.) diýip ýazypdyr we Köneürgenje barmak üçin ondan özüniň geçip görendigini belläpdir.
Alymyň ýaşap geçen XII asyryň ikinji ýarymy – XIII asyryň başlary türkmen topragynda ylym-bilimiň we medeniýetiň ösen döwrüdi. Edil Beýik şeljuk türkmen döwletiniň döwründe bolşy ýaly, bu döwürde-de ylmyň ähli ugurlary boýunça uly miras toplanypdy. Älemşynaslyk hem-de geografiýa ylymlary has-da ösüpdi.
Muhammet ibn Nejip Bekran dünýä kartasyny özünden öňki meşhur alymlaryň, birinji nobatda türkmen topragyndan çýkan ussatlaryň işlerine daýanyp düzüpdir. Amal etmesi kyn bolan bu işi döretmekde ol Muhammet ibn Musa al Horezminiň (787- 863) «Ýeriň surat kitaby» («Kitab surat al-ardi») eserinden we Abu Reýhan Muhammet ibn al-Birunynyň (973-1051) kösanly işlerinden giňişleýin peýdalanypdyr.
Geografiýa ylmynyň ösüşine uly goşant goşan alymlaryň biri-de Abu Reýhan Muhammet ibn al-Birunidir. Biruni öz döwründen ep-esli öňe gitmegi başaran beýik alym bolupdyr. Ol öz eserlerinde Gündogar ýurtlary, bu sebitiň ýerasty we ýerüsti baýlyklary barada örän köp zatlary ýazypdyr. Galyberse-de, onuň eserlerinde Günorta-Gündogar Aziýa, Malaýziýa we hatda Ýuwaş ummanyndaky Gawaý adalary baradaky maglumatlara-da duş gelmek bolýar. Amerika yklymy we Ýewropa barada ilkinji bolup söz açan hem Birunydyr. Biruny Demirgazyk Aziýa we Demirgazyk Ýewropa ýurtlary hakynda-da köp maglumat toplapdyr.
Biruny özünden öňki geografiýaçy alymlaryň eserlerini, aýratyn hem gadymy grek alymlarynyň işlerini düýpli öwrenip, olary täzeçe işläpdir we möhüm açyşlary edipdir. Biruny dünýäniň ilkinji kartasyny düzmäge synanyşyk eden rimli alym Ptolomeýden (II a.) hem ozdurypdyr we onuň pikirlerini düýpli ösdüripdir. Gynançly ýeri, üstünden köp wagt geçenden soň Biruniniň geografiýa baradaky ajaýyp eserleriniň käbirleri, onuň meşhur ildeşi al-Horezminiňki bilen garyşypdyr we soňra ýitip ýok bolupdyr.
Biruny geografiýa baradaky maglumatlary örän giň we köp möçberde bilýär eken. Mahmyt soltanyň köşgünde işläp ýören mahaly Gazna şäherine Demirgazyk Aziýa ýurtlarynyň birinden bir syýahatçy gelipdir. Syýahatçy köşkde kabuledişlik wagty Gaznaly hökümdaryna çet Demirgazykda Günüň birnäçe aýlap batmaýan sebitiniň bardygyny, şol sebite özüniň hem baryp görendigini aýdyp berýär. Takyklyga hem-de hakykata hormat goýýan Mahmyt Gaznaly myhman özüni oýnaýandyr öýdüpdir we syýahatçynyň gürrüňlerine girre gahary gelipdir. Emma şol pursat ara Biruni düşüpdir we mesele aýdyňlaşdyrylypdyr. Bu gürrüňler Birunynyň Polýar guşaklygy we ondan aňyrdaky hemişelik doňaklykda ýerleşýän sebitler hakynda-da bilýändigine güwä geçýär.
Biruny ilkinji bolup globusy ýasan alymdyr. Onuň eserlerinde 600 gowrak ilatly ýerleriň geografiki ýerleşişi beýan edilendir. Dünýäniň kartasyny düzmek üçin Ýer üstüniň gurluşy, ony öwrenmekde geografiýa ylmynyň ýeten derejesi baradaky şu gymmatly ylmy miras Muhammet ibn Nejip Bekran tarapyndan jikme-jikme öwrenilipdir. Biruniniň «al-Kanun al-Masudi», «Asar al-mukaddimin» («Köneleriň eserleri»), «Kitab at-tafhim» («Düşündiriş kitaby») we «Tahdid nihaýat al-amakin li tashih masafat al-masakin» («Mesgenleriň we mekanlaryň serhetlerini kesgitlemek») eserleri Bekran tarapyndan çyzylan dünýä kartasynyň hem-de şu kartanyň sözme-söz beýany bolan «Jahannama» eseri üçin esasy çeşme bolup hyzmat edipdir. Şeýle hem alym öz öňünde goýan maksadyna ýetmek, bu işleri doly hem-de dürs ýerine ýetirmek üçin Abulkasym ibn Hordadbehiň (IX a.) hem-de al-Istahrynyň (X a.) adybir «Kitab al-mesalik we al-memalik» («Ýollaryň we ýurtlaryň kitaby»), ar-Ruhiniň (888-962) «Aşkal al-akalim» («Yklymlaryň şekilleri») Nasyr Hysrowyň (XI a.) «Safarnama» («Syýahat kitaby») eserlerinden hem peýdalanypdyr.
Muhammet ibn Nejip Bekran ibn-Hordadbehiň işinden ýurtlar we ýollar hakynda maglumat alan bolsa, Birunydan diňe bir maglumatlary almak bilen çäklenmän, onuň dünýäniň gurluşy hakyndaky nazary taglymlaryny hem giňişleýin peýdalanypdyr we olary öz işiniň esasy edip alandygyny belläpdir.
Bekran kartany düzmek we onuň düşündirişini ýazmak üçin ulanan çeşmeleriniň arasynda ymam Şerefeddin Tusynyň ýazgylary barada hem agzap geçýär. Bu barada ýazmak bilen alym «soňra men Rumdan dolanyp gelen ymam Şerefeddin Tusynyň golýazmalarynyň arasyndan, onuň öz eli bilen ýazan we aralyk ölçegi parsaňlarda görkezilen şäherleriň, deňiz kenarlarynyň ýerleşýän uzaklyklary we giňişlikleri bellenilen ýazgylarynyň bir bölegini tapdym. Bu ýazgylary ymam Tusy Konstantinopolda bolan wagty şäher kitaphanasyndan hile bilen ele salypdyr. Bu ýazgylary Rumuň patyşasy Konstantin köp sanly alymlaryň kömegi bilen döreden eken» diýip belläpdir.
Indi Muhammet ibn Nejip Bekranyň çyzan kartasy hakynda. Gynançly ýeri, alymyň kartasy mangol basybalyşlary döwründe ýitipdir. Öz döwründe Muhammet şanyň köşgüne ajaýyp bezeg beren bu meşhur eser ählumumy betbagtçylyklar döwründe beýleki köp sanly gymmatlyklar bilen ýanyp küle öwrülipdir. Emma kartanyň beýany bolan «Jahannama» ýitmändir. Şonuň üçin hem «Jahannamanyň» kömegi bilen Bekranyň düzen dünýä kartasynyň mysaly şekilini göz öňüne getirip bilýäris. Üstesine-de, eser öz döredilen topragyndan uzaklara gitmändir we asyrlar boýy Watanynda saklanyp galypdyr. «Jahannamanyň» Seýit Aly Gürgeni tarapyndan 1265-nji ýylda göçürilen bir nusgasy Merkezi Aziýada, ýene bir nusgasy bolsa Gürgende saklanylypdyr. «Jahannamanyň» Muhammet ibn Muhtar al-Kafi tarapyndan 1430-njy ýylda göçürilen Gürgendäki nusgasy soňra Eýranyň ýerlerine, giçki döwürlerde bolsa Ýewropa ýurtlaryna düşüp, häzir Parižiň Milli kitaphanasynda saklanýar.
Bekranyň düzen kartasy edil häzirki zaman kartalaryna golaý kämil eser bolupdyr. Häzirki döwürde ylmy jemgyýetçilige gradusly çyzyklar bilen torlanan iki sany musulman kartasy mälim. Olaryň biri Hamdallah Kazwininiň (XIV a.) we Hafizi Abrunyň (XV a.) kartalarydyr. Emma Bekranyň gradusly çyzyklar bilen torlanan dünýä kartasy Hamdallah Kazwininiň kartasyndan 130 ýyl, Hafizi Abrunyňkydan bolsa 212 ýyl öň düzülipdir. Üstesine-de, alymlaryň ikisiniň hem kartasy «Jahannamadaky» beýandan mälim bolşy ýaly, Bekranyň torly kartasyny dolulygyna diýen ýaly gaýtalaýar.
Alym öz kartasyny uly göwrümli, «jäme» diýlip atlandyrylan galyň matanyň ýüzüne tegelek görnüşde çekipdir. Onuň ýüzünde şäherleriň, obalaryň, daglaryň, derýalaryň, deňizleriň, adalaryň, ýollaryň, ýurtlaryň, welaýatlaryň – mahlasy örän köp sanly geografiki atlar berlipdir. Ýöne, kartanyň gelip ýetmändigi zerarly onuň ýüzünde ýer-ýurt atlarynyň ňäçesiniň şekillendirilendigini biz bilemizok. «Jahannamada» bolsa olaryň diňe 600-den gowragynyň atlary getirilýär.
Kartanyň ölçeginiň uly bolandygy we onuň iňňän sünnälenip çyzylandygy düşnüklidir. Çünki ol şol döwrüň iň meşhur hökümdary bolan Muhammet II niýetlenip düzülipdi. Muhammet ibn Nejip Bekran kartanyň ýüzüni edil häzirki döwrüň kartalarynda edilişi ýaly, meridiýanlar we paralleller bilen torlapdyr, onuň ýüzünde ýer üstüniň gurluşy has anyk we düşnükli bolar ýaly, dürli reňkleri we syýalary ulanypdyr.
Kartany düzmekde Bekran gadymy we orta asyr älemşynaslarynyň jedwellerini (tablisalar) hem peýdalanypdyr. Karta çyzylýan wagty duş gelýän nätakyklyklary aradan aýyrmak üçin, Bekran jedwelleri iňňän eserdeňlik bilen öwrenipdir, olarda berilýän maglumatlary häli-şindi deňeşdirip görüpdir. Ulanýan maglumatlarynyň dogrydygyna göz ýetirenden soň, gelen netijesini kartanyň ýüzünde şekillendiripdir.
Bekranyň düzen kartasyna has gowy düşünmek üçin onuň «Jahannamada» beýan edilýän degişli bölümine ýüzlenmeli bolýarys. Onda hususan-da şeýle diýilýär:
«Üçünji bap. Dünýä kartasynyň ýüzündäki çyzyklaryň we ulanylan reňkleriň beýany.
Düşündirýäris, ýagny dünýäniň kartasynyň ýüzüne çekilen kiçijik tegelekler – bular şäherleriň ýerleşýän ýerleridir. Şol tegelejikleriň ýanynda, has düşnükli bolar ýaly hem-de her bir şäheriň nirede ýerleşýändigini biler ýaly, şäherleriň ady ýazylandyr. Käbir şäherleriň üstünden geçirilen we gara reňkde berlen tolkun şekilli çyzyklar – bular welaýatlary we etraplary (nihaýat) biri-birinden bölýän belgilerdir. Her bir welaýatyň hem-de etrabyň ady şol çyzyklaryň orta arasynda gyzyl syýa bilen ýazylandyr.
Ýaşyl reňk bilen deňizler görkezilendir, olaryň atlary bolsa deňizleriň içinde gyzyl syýa bilen ýazylandyr. Dury gök reňk bilen – uly akabalar (jeýhun) ýa-da derýalar (rud) görkezilendir, uly akabalaryň ýa-da derýalaryň atlary bolsa, olaryň üstünde gyzyl syýa bilen bellenilendir. Goňras-gyzyl reňk bilen daglar we olaryň her biriniň ýerleşýän ýerleri görkezilendir, daglaryň atlary bolsa olaryň depesinde görkezilendir.
Dünýä kartasyndaky sary reňk bilen berlen ýerler – çöllüklerdir, olaryň käbirleri akyp duran çägeli, käbirleri bolsa daşly-çägeli çöllüklerdir. Ak reňkler bilen görkezilen yerler çet demirgazykda ýerleşýär we ol ýerleriň gary hiç haçan eremeýär.
Gündogardan günbatara tarap çekilen uzyn ulgamlar – bular ýedi yklymy (klimaty – J.A.) biri-birinden bölýän serhetlerdir. Şol ulgamlaryň iki tarapyndan gara hat bilen her yklymyň ady ýazylandyr, ýagny her şäheriň haýsy yklymda ýerleşýändigine düşünmek üçin birinji, ikinji, üçünji we şuňa meňzeş tertipde ýerleşdirilendir.
Dünýä kartasyndaky köp sanly gyzyl çyzyklar, olardan käbirleri gündogardan günbatara, käbirleri bolsa demirgazykdan günorta tarap uzalyp gidýändir – bular uzaklyk we giňişlik çyzyklarydyr we karta seredýänler üçin olaryň ähmiýeti örän ulydyr. Sebäbi ol çyzyklar uzaklyklaryň we giňişlikleriň kömegi bilen her bir şäheriň nirede ýerleşýändigini takyk kesgitlemek üçin hem-de karta seredilýän wagty hemme zat düşnükli bolar ýaly geçirildi».
Gürrüni edilen beýanda Bekranyň düzen kartasynda gradusly toruň bardygy özüne aýratyn ünsi çekýär. Geň galdyrýan hadysalaryň biri-de, Bekranyň kartasynda ýurtlaryň arasyndaky serhetler hem görkezilýär. Bu bolsa orta asyr kartalary babatynda seýrek duşýan hadysadyr.
Bekranyň kartasynda Ýer togalagynyň dört tarapynyň, seýle hem köp sanly adalaryň atlary-da ýazgy bilen şekillendirilendir. Şeýlelikde Muhammet ibn Nejip Bekranyň döreden kartasy dünýäde bize mälim bolan gradusly çyzyklar bilen torlanan orta asyr kartalarynyň iň gadymkysydyr. Ýeri gelende bellesek, Ýewropada ilkinji gradusly dünýä kartasy 1427-nji ýylda ýa-da bolmasa Bekranyň kartasyndan 219 ýyldan soň döredilipdir.
Gündogar ýurtlarynda kartografiýanyň ösüşine Ptolomeýiň täsiri uly bolupdyr. Emma IX asyrdan başlap bu täsir gowşaýar. Sebäbi bu sebitde aýratyn hem türkmen topragynda soňky asyrlarda geografiýa ylmynyň ösmegi bilen rimli alymlaryň könelen garaýyşlary täze ylmy açyşlar bilen doldurylýar. Bekranyň kartasy hem Ptolomeýiň garaýyşlaryna belli bir derejede eýerse-de, ol eýýäm kartografiýa ylmynda öňe ädilen möhüm adimdi. Bekranyň kartasy Ptolomeýiň kartalaryndan düýpli tapawutlanypdyr. Ýarym töwerek şeklindäki kartalar hakynda gürrüň bermek bilen Bekran öňi bilen Ptolomeýiň ýarym töwerek şekilli kartasyny göz öňünde tutupdyr. Emma Bekranyň döreden kartasy häzirki döwürdäki ýaly üç ýüz altmyş gradusly doly tegelek görnüşinde çekilipdir. Bu bolsa şol döwrüň kartografiýa ylmy üçin möhüm açyşdy. Sebäbi häzirki zaman kartalary hem hut şu ülňi esasynda döredilýär.
Ptolomeýiň dünýäniň gurluşy hakyndaky garaýyşlarynyň ösdürilmeginde Gündogar alymlarynyň, birinji nobatda Birunynyň hyzmaty hem örän uly bolupdyr. Birunynyň gadymy ýunan ylmyndan ugur alýan, emma şunuň bilen bir hatarda ony täze açyşlar bilen doldurýan açyşlary Bekranyň kämil nusgadaky kartasynyň döremegine aýgytly täsir edipdir. Ýer togalagynda deňizleri ýerleşdirmek usuly hem Bekran tarapyndan doly derejede Birunydan alnypdyr. Munuň üçin ol Birunynyň «Kitab at-tahfim» («Düşündiriş kitaby») eseindäki deňizleriň tegelek kartasyny giňişleýin ulanan bolmaly. Şeýle hem Bekran Birunynyň işlerinde berilýän giňişlikleriň we uzaklyklaryň astronomiki hasaplamalaryny, şeýle hem şäherleriň yklymlar boýunça ýerleşdirilişini peýdalanypdyr.
Bekran öz işinde köp sanly ýer-ýurt atlaryna hem gowy düşündiriş berýär. Onuň Amederýanyň ady baradaky düşündirişi gyzyklydyr. Bekran köplenç ýagdaýlarda ähli derýalary ýa-da uly akabalary «jeýhun» ady bilen beýan edipdir. Munuň sebäbini «ýönekeý adamlaryň uly derýalary «jeýhun» diýip atlandyrýandyklary» bilen düşündiripdir. Emma alym öz eserinde «ýöne araplar «Jeýhun» diýip Termeziň gapdalyndan akyp geçýän şol uly derýany atlandyrýarlar» diýip takyklaýar.
Indi alymyň düzen kartasynyň beýany bolan «Jahannama» eseri hakynda. Muhammet ibn Nejip Bekranyň «Jahannamasy» XIX asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykarylypdyr. Ýewropada bu eser barada 1862-nji ýylda ýazypdyrlar. 1876-njy ýylda bolsa akademik B. Dorn Seýit Aly Gürgeniniň «Mesalik al-memalik» («Ýollar we ýurtlar») eserini terjime edýär. Emma soň görlüp oturylsa, Gürgeni eseriň ýönekeý göçürijisi bolup, hakykat ýüzünde urt er Bekranyň «Jahannamasy» eken.
Bu eseriň ýene-de bir golýazmasy Buharada ýüze çykarylypdyr. Golýazmany 1893-nji ýylda ýylda rus alymy A.G. Tumanskä sowgat beripdirler. Häzirki döwürde bu golýazma Sankt-Peterburgyň Saltykow-Şedrin adyndaky jemagat kitaphanasynda saklanylýar. A.G. Tumanskiý golýzmany düýpli öwrenip, Muhammet ibn Nejip Bekranyň Könergençli türkmen hökümdaryna sowgat bermek maksady bilen uly göwrümli matanyň ýüzüne dünýäniň kartasyny çekendigini we gürrüňi edilýän golýazmanyň hem (ýagny «Jahannamanyň») şol kartanyň sözme-söz beýany bolup hyzmat edendigini belläpdir.
Muhammet ibn Nejip Bekran bu eser hakynda işiň girişinde aýdypdyr we «ony dünýä kartasyna goşmaça, beýan hökmünde ýazdym» diýip belläpdir. «Jahannama» eseri alymyň dünýä kartasyny hem-de bu eseri urt maksat bilen ýazmaga özüne itergi berendigini düşündirýän girişden we ýigrimi sany bapdan ybaratdyr.
Birinji bapda alym kartany hem-de «Jahannamany» döretmek üçin amal eden taýýarlyk işlerini, ulanan ähli çeşmelerini sanap geçýär, özüniň ýer togalagy hakyndaky garaýyşlaryny beýan edýär, geografiki giňişlik we uzaklyk hakyndaky düşünjelere düşündiriş beripdir.
Ikinji bap ýer togalagynyň adam ýaşaýan bölegini we onuň çäklerini beýan etmeklige bagyşlanypdyr. Üçünji babyň terjimesini biz ýokarda Bekranyň dünýä kartasy hakynda gürrüň edenimizde dolulugyna getirdik.
«Jahannamanyň» dördünji we bäşinji baplarynda kartadan nähili peýdalanylmalydygy öwredilýär, onuň ölçegi, ýerleriň arasyndaky uzaklyklar düşündirilýär.
Ýer ýüzuňiň umumy beýany eseriň deňizlere bagyşlanan altynjy babyndan başlaýar we ýedinji-onbirinji baplarda degişlilikde köller, batgalyklar, adalar, derýalar, daglar we çöller hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.
«Jahannamanyň» onikinji-ýigriminji baplarynda aýry-aýry ýerleriň beýany, olaryň howa şertlari, araplaryň we oguzlaryň, maňňyşlaklylaryň, ýazyrlaryň we halaçlaryň täze ýerlere göçmekleri bilen baglanyşykly wakalar, Hytaý hakyndaky maglumatlar, käbir ülkeleriň haýwanat dünýäsi, köp duşýan keseller, belli şäherleriň we ülkeleriň halklary, olaryň häsiýetleri, dünýäniň täsinlikleri we ajaýyp zatlary, gymmat bahaly daşlaryň gazylyp alynýan ýurtlary, käbir ýurtlardan äkidilýän harytlar we alysdaky Ispaniya hakynda maglumatlar berilýär.
Bekranyň «Jahannamamasynda» türkmenler hakynda ýa-da bolmasa alymyň öz ýazyşy ýaly «oguzlar, maňňyşlaklylar, ýazyrlar, halaçlar» barada-da ep-esli maglumatlar berilýär. Hususanda olar barada şeýle maglumatlar getirilýär:
«Oguzlar. Oguzlaryň başky watany Jent deňziniň (Aral – J.A.) töwereginde, Farapda hem-de Syrderýanyň iki tarapynda ýerleşýärdi. Bize nämilim bolan sebäplere görä, olaryň bir bölegi Balh welaýatynyň etraplarynyň biri bolan Huttalana göçüp geldiler we şol yerde ýurt tutunyp, tä Sanjar ibn Mälik şanyň (Soltan Sanjaryň – J.A.) döwrüne çenli ýaşadylar. 1152-nji ýylda olar aýaga galdylar hem-de Kerman taraplarda ornaşdylar.
Maňňyşlak. Türkmen taýpasy. Oguzlar bilen bolan oňşuksyzlygyň netijesinde olar öz öňki ýaşan ýerlerinden gitdiler we Hazar deňziniň töwereginde ýerleşýän Garadag taraplarda (Gürgen bolmaly – J.A.) peýda boldylar. Ol ýerde çeşmeleriň hem-de örüleriň bardygyny görüp ýaşamaga galdylar. Olary «maňňyşlakly», hökümdarlaryny bolsa «han» diýip atlandyrýarlar.
Ýazyr. Balkan töwereklerine we Balkan daglaryna düşen türkmen taýpasy. Olara Maňňyşlakdan, ýene-de biri Horasandan göçüp gelen iki sany taýpa gelip goşuldy. Olaryň sany köpelenden soň, olar uly güýje öwrüldiler. Ýazyrlar soňra ol ýerden göçdiler we Şähristan, Paraw taraplara geldiler, soňra bolsa Täk galada (Baharly etrabynyň çäginde – J.A.) ýurt tutundylar. Olar indi üç sany taýpadan ybarat: ýazyrlaryň özleri, maňňyşlakly ýazyrlar we Pars welaýatyndan göçüp gelen ýazyrlar.
Halaç. Garlyklardan bolan türkmen taýpasy bolup, olar Balhdan Zabulystana we Gaznanyň töweregine göçüp gelipdirler. Gazna welaýatynda sähralyk ýer bar, olar şol ýerde mekan tutupdyrlar. Bu ülkäniň howasynyň howrundan olaryň ýüzüniň reňki üýtgäpdir we garalyp başlapdyr. Olaryň dilem üýtgäpdir we bir hili şiwä öwrülipdir. Halaçlaryň bir tiresi Abywert taraplara düşüpdir we Deregeziň töwereginde ýurt tutunypdyrlar. Adamlar «garlyk» adyny ýoýup, «halaç» diýip aýdýarlar».
Görnüşi ýaly Muhammet ibn Nejip Bekranyň kartasynda hem-de onuň beýany bolan «Jahannamada» Uzak Gündogardan («Maşryk») tä Günbatar ýurtlaryna («Magrib») çenli aralykda ýerleşýän ülkeler, sebitler hakynda baý maglumatlar berilýär. «Jahannama» eseri göwrüminiň gysgalygyna garamazdan (golýazmasy 52 sahypadan ybarat), mazmunynyň baýlygy, ony ýazan ajaýyp alymyň ylmy taýdan kämilligi hem-de akýürekliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Öz ulanýan maglumatlary müňkürlik döretse, alym ony hökman işinde belläpdir. Bekran ulanan taryhy we geografiki çeşmeleriniň, älemşynaslyk jedwelleriniň ählisine tankydy taýdan çemeleşipdir. Şol sebäpden hem alymyň getirýän atlary, sanlary, mysallary we delilleri ygtybarly.
«Jahannama» Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň hökümdary «Ala-ed-Din Muhammet bin Tekeşiň» adyna aýdylan ýagşy dilegler bilen tamamlanýar: «Biz Älemleriň eýesi bolan beýik Patyşa (Muhammet II – J.A.), Zeminiň, Magrybyň we Maşrygyň hökümdaryna onuň emirleri, buýruklary hem-de hökümleri bütin dünýäde amala aşsyn diýip arzuw edýäris».
Hawa, horasanly alym Muhammet ibn Nejip Bekranyň dünýä kartasyny düzeli bäri 800 ýyl geçipdir. Megerem, meşhur alymyň bu işi XIII-XX asyrlar aralygynda türkmen topragynda döredilen we dünýä derejesinde ady tutulýan möhüm gymmatlyklaryň biri bolan bolsa gerek. Bu wakadan soň türkmen topragynda köp-köp külpetli wakalar bolup geçdi. Bir wagtlar türkmen topragynyň ýüzüni bezän, oňa özboluşly öwüşgin beren ýüzlerçe oba-kentleriň, şäherdir galalaryň atlary hemişelik ýitip gidipdir. Olaryň atlary diňe Muhammet ibn Nejip Bekran ýaly alymlaryň saralyp giden işlerinde saklanyp galypdyr.
Mongol basybalyşlaryndan soň başlan bu tozgunçylyklar tä XIX asyryň ahyrlaryna çenli dowam etdi. Giçki döwürleriň daşary ýurtly syýahatçylarynyň işlerinde türkmen topragy adamzat siwilizasiýasynyň juda pese düşen, aralaşmasy örän kyn, geçmesi iňňän hatarly ýurdy hökmünde häsiýetlendirilýärdi. Ýurdumyzyň patyşa Russiýasy tarapyndan basylyp alynmagy bilen Türkmenistanda ilkinji şäherler, demir ýollar, köprüler, suwaryş desgalary we başgalar peýda bolup başlady. Köp asyrlardan soň türkmen topragynda peýda bolup başlan täze ýer-ýurt atlary, desgalar, geografiki çelgiler şol döwrüň syýasy kartalaryna hem gaýtadan girizilip başlandy.
Türkmenistan ýurdumyz milli Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, mähriban Diýarymyzyň keşbi has hem çalt depginler bilen özgerip başlady. Hormatly Prezıdentımız Gurbanguly Berdımuhamedowyň Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly alyp barýan tutumly işleriniň netijesini biz ata Watanymyzyň gün-günden özgerýän geografiki kartasyndan görýäris. Sahawatly türkmen topragynda täze-täze obalar, etraplar peýda bolýar, öňki şäherlerimiz, obalarymyz ulalýar, ekin meýdanlary giňeýär, suw howdanlary, akabalar döreýär. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat hem-de etrap merkezlerinde gurulýan dürli maksatly önümçilik kuwwatlyklarynyň sany artýar, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman gara hem-de demir ýollary gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagynda döwletimizde amala aşyrylýan şeýlekin işleriň, gazanylýan bu ajaýyp ösüşleriň netijesi ýurdumyzyň, şeýle hem dünýäniň dürli ölçeglerde neşir edilýän syýasy, fiziki, ykdysady kartalarynda öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň kartasy gelejekde has hem baýlaşmaly. Onda Hazar deňziniň kenaryndan Russiýa, Amyderýanyň boýlaryndan Hytaýa, şeýle hem Hindistana, Eýranyň, Hazar deňziniň üsti bilen bolsa Ýewropa tarap uzalyp gitjek täze-täze gaz geçirijilerini, ýurduň içinde gurlan, gurulýan we indi guruljak gara ýollary aňladýan bellikler, şekiller peýda bolar. Türkmenistanyň çäginde ähli welaýatlarymyzy birleşdirjek halkalaýyn demir ýoly, onuň ugrunda döwrebap we taryhy atlary göterýän täze menziller gurlar. Bular gürrüňsiz täze kartalarda öz beýanyny tapar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda aýratyn hem Beýik Galkynyşlar eýýamynda Türkmenıstan döwletımızıň syýasy-geografıkı kartasynyň ýüzündäki şekiller, bellikler has hem artyp, gözel ýurdumyzyň gözelligine görk goşar. Adatça kartalaryň ýüzünde tegelek belgiler bilen şäherler şekillendirilýär. Biz ony Bekranyň ajaýyp kartasy bilen gaýybana tanyş bolanymyzda-da gördük. Häzirki zaman kartalarynyň ýüzünde paýtagtymyz Aşgabat 500 müňden – 1 milliona cenli ilat ýaşaýan şäherleriň şekilinde görkezilýär. Nesip bolsa, paýtagtymyzyň uly megapolisler üçin häsiýetli bolan iň uly tegelekler bilen görkeziljek wagty hem indi uzakda däl. Welaýat merkezlerimiz hem ulalar, täze şäherler peýda bolar. Sanlyja ýyllardan dünýänıň syýasy kartasynda aňrybaş ülňülerine laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan, şeýle hem halkara syýahatçylygynyň möhüm merkezıne öwrüljek Türkmenbaşy kurort şäherı hem mynasyp orun alar.
Islendik ýurduň ykdysady kartasynyň ýüzündäki dürli görnüşdäki belgiler, şekiller näçe köp bolsa, şol ýurtda rysgal-berekediň, bagtyýar durmuşyň höküm sürýändigini alamatlandyrýar. Bu hakykat ildeşimiz, ajaýyp alym Muhammet ibn Nejip Bekranyň düzen dünýä kartasynda hem bar eken. Biz indi bu hakykaty Täze Galkynyş eýýamynda öz ýurdumyzyň – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ýer togalagynyň edil merkezinde ýerleşýän gözel görnüşli, owadan kartasynyň mysalynda hem görüp bilýäris.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar