14:49 Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... | |
SONER ÝALÇYNDAN ATGAÝTARYM ÖÑE GEÇEN ÝENE BIR KITAP...
Edebiýat täzelikleri
Her çapdan çykan kitaby bilen dillerden düşmeýän ussat derñeýji-žurnalist Soner Ýalçynyñ "Agyr işe baş goşandygymy bilýärin!" diýip ýazan täze işi "Tagut" okyjylaryna gowuşdy. Islendik tagut düzgünini ýykmagyñ ýeke-täk ýoluny oýlanmakdygyny, pikir etmekdigini, şübhelenmekdigini, soramakdygyny, elmydama gözlegde bolmakdygyny we göreşmekdigini nygtaýan Soner Ýalçyn "Tagut näme?" soragynyñ jogabyny-da şu setirleri bilen düşündirýär: “Tagut - Gurhanyñ düýp manysyny üýtgedýän, ýoýýan... Tagut - kellesine gelşine görä, Kitaba we hadysa höküm goşup çykarýan... Tagut - dini içinden bozup, ýoýýan hilegär, galphor, bidgatçy... Tagut - mazluma zulum edenler... Tagut - haka garşy uruş yglan edip, batyla gujak açanlar... Tagut - zalymlaryñ ýola goýan düzgüni... Ýagny, tagut - şu günki imperializm... Şu günki kapitalizm... Şu günki neoliberalizm...” Adamzadyñ el çekip bilmeýän keseliniñ günäni, jogapkärçiligi başganyñ üstüne atmakdygyny aýratyn belläp geçýän Soner Ýalçyn işi hakda şeýle diýýär: "Bu kitap günäkär tapmagyñ gözleginde däl. Problemany nädip çözmelidiginiñ ýoluny gözleýänleriñ işine ýardam etmegi göz öñüne tutýar. Bu kitabyñ motiwasiýasy faktorlaryñ üstünden çözgüde esaslanýan we obýektiw bolmak... Bilýärin, çözgüde dahylsyz gezýänler problemanyñ parçasydyr. Obýektleri bir bitewilikde däl-de bölek-büçek gören bolsak, halymyz niçik bolardy? Meselem adamyñ sypatyny bir bitewilikde däl-de, gulak, göz, burun, dodak, gaş hökmünde aýry-aýrylykda gören bolsak, mundan nädip baş alyp çykyp bileris? Hiç kimi tanamazdygam! Bir bitewiligi saklamagymyzy (bitewiligi görmegimizi) töweregimizdäki hemme zady ýerbe-ýer oturtmagy seljerme-derñeme ukybymyza borçludyrys. Bu kitapda ýeke-ýeke hadysalardyr hurafalardan ýola çykyp, "bitewiligi" görkezmäge synanyşaryn. Hakykaty bilmek, dogry zada ýetmek diñe bir bitewini görmek bilen mümkin. Haýsydyr bir syýasatçynyñ bäş wagtyny sypdyrman namaz okaýandygy onuñ her bir edýän işiniñ dogrudygyny añladyp bilermi? Eýse bir syýasatçynyñ piwo içýändigi onuñ her bir edýän işiniñ ýalñyşdygyny añladyp bilermi? Dogryny tapmak üçin "bitewilikde görmek" gerek... Şeýle-de kabul etme (восприятие) howply, hakykat bilen arañyz üzüler! Düýş bilen hakykaty aýyl-saýyl edip bilmek üçin realist bolmak gerek. Kabul etmelere aldanmazlyk üçin näme etmeli? Syýasata gurban edilen dini kimleriñ nähili ulanýandygyny nädip bilmeli? Ýalan-ýaşryklara, fanatizme garşy nädip göreşmeli, dini getirip düşüren pesliklerinden nädip ýokary galdyrmaly? "Dini röwüşli ýalan ýagyşlarynyñ" astynda syýasaty obýektiw taýdan nähili analiz etmeli? "Tanama ukybyny" nädip gazanmaly? Ýeke-täk ýaragymyz bar: "Bitewilige" düşünmäge synanyşýan añymyz. Hawa, dine-de bir bitewilikde seretmeli bolýarys, aýry-aýrylykda däl. Gürrüñsiz, beýdäýmek añsat däl... Bu kitapda aýratynam respublika döwründen bäri başlan ýüz ýyllyk ýalanlaryñ we hurafalaryñ şejeresini okap bilersiñiz. Toslamalar, boş ynançlar nädip dine girizildi? Akylsyzlyk nädip güýçlendi? Sizi nädip aldadylar? Siz nädip ulandylar, ulanýarlar? Sizi nädip bendä öwürdiler? Bu soraglaryñ koduny döwmäge synanyşmaly bolarys.... Kod döwäýmek añsat iş däl... Nişsäniñ pikiriçe, "Durmuşdan iñ uly hezilligi almak diýmek, howply ýaşamak diýmekdir". Agyr işe baş goşandygymy bilýärin!" "Kırmızı Kedi" neşirýaty, tel: (0212) 244 89 82 * * * ABŞ-nyñ DAŞARY SYÝASATYNYÑ TARYHY KÖKLERI Sosial ylymlar boýunça ylmy-barlagçy Sabri Kyzyltan "ABŞ-nyñ daşary syýasatynyñ kölege akyllary" atly ylmy işinde amerikan syýasatynyñ taryhy ösüşini, "maliýe-kapitalizminiñ" Günbatar medeniýetiniñ içindäki ösüşi we amerikan daşary syýasatynyñ ýolbaşçy düzünlerini içinden çykaran "think tank"-lar bilen guran gatnaşyklarynyñ üstünden inter-dissiplinar çemeleşme bilen öwrenýär. Düşünje guramasy faktorynyñ orta çykmagyna getiren taryhy konýukturany we prosesiñ içindäki çalt depginli ösüşi ýakyn döwür Ýewropasynyñ haotik syýasy atmosferasyndan bäri içgin öwrenen Sabri Kyzyltan bu eseri bilen taryha wallerstaýnçy garaýyş bilen çemeleşip, XX asyr ABŞ-nyñ ykdysady, syýasy, raýat-jemgyýetçikik ugurlarynyñ arazyndaky imperial bähbit gatnaşyklaryny ylmy subutnamalaryñ üstünden okyjysynyñ dykgatyna ýetirmegi maksat edinýär. Birinji we ikinji jahan uruşlaryna goşulyp, halkara syýasy arenanyñ esasy aktýorlaryna öwrülen ABŞ ýigriminji asyryñ birinji çärýeginden bäri global syýasy ugurlaryñ merkezi bazasy bolmagynda galýar. Amerikan daşary syýasatynyñ emele geliş prosesleriniñ üstünde durup geçýän işleriñ içinde prezident, goşun, kontrrazwedka gulluklary, etniki-dini lobbiler we mediýa ýaly birgiden dinamikalar ýaly amerikan ykdysadyýetiniñ iteriji güýjüni emele getirýän maliýe we kapital gatlaklaryny, käbir düşünje guramalaryny-da ýakyndan öwrenmäge başladylar. ABŞ-nyñ bütin dünýäde millionlarça adamyñ durmuşyna weýrançylykly görnüşde aralaşan global düzgün gözlegleriniñ añyrsyndaky beýin toparynyñ (Trifkowiç aýtmyşlaýyn, "think tankçy nomenklaturanyñ") amerikan daşary syýasatynda gurşap alýan ugrunyñ üstünde durup geçýän işleriñ biziñ dilimizdäki azlygy bolsa bu ylmy işiñ ähmiýetini güýçlendirýär. Marksistik edebiýatyñ soñky döwürdäki "global imperializm" kesgitlemelerine täze penjireleri açýan eser maliýe kapitalçy toparlaryñ işe goşýan "think tankçy" hünärmenler we syýasy durmuşynyñ merkezine oturdan ABŞ-nyñ üstünden şekillendirilen dünýä düzgüniniñ umumy çarçuwasyny çyzmak bilen bu gözlegiñ sebitleýin effektlerine we düşünje guramasy pudagynyñ gelen soñky sepgidine degişli-de iñ täze maglumatlary dykgatyñyza ýetirýär. "Ötüken" neşirýaty, tel.: (0212) 251 03 50 Ahmet ÝABULOGLY. "ÝENIÇAĞ" gazeti, 15.06.2024. | |
|
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |