08:53 Söýgä ýugrulan setirler | |
YŞKDAN DOLY JÜMLELER
Goşgular
• Kahraman Täzeogly barada 1969-njy ýylyñ 10-njy awgustynda Stambulda doglan Kahraman Täzeogly Türkiýäniñ häzirki zaman şahyrlarynyñ içinde kitaplary iñ köp satyn alynýan bäş şahyryñ biridir. Aşakda onuñ "Söz", "Ýaraly", "Mawy öý", "Ýitirilen asyryñ melikesi", "Söýgi bilen gal", "Mor", "Başgaça", "Seni içimden terk edýärin", "Bes etdim", "Araz" ýaly liriki kitaplaryndan toplanan jümleleri terjime edip siziñ dykgatyñyza ýetirýäris. • Kahraman Täzeoglynyñ sözlerinden: - Megerem dymmak adamyñ öz içi bilen gürleşmesi ekeni, giç duýdum. - Öñem bardyñ - hiç kime meñzäñokdyñ. Indi sen ýok - özgeler ýaly bolduñ. - Bu gün seniñ üçin hiç zat etmeýän bolsam, düýn elimden gelen bar zady edenim üçindir. - Oýanan çagyñyzda ilkinji ýada düşýän ýene "şoldur", uklamazdan öñ nädip ýanyñyzda şol bolan bolsa... - Durmuş maña ýene bir zady öwretdi; Söýgi hemme zatmyşyn, emma hemme zat söýgi dälmişin. - Niçiksi geñ! Meniñ içimi üzüp elime berenem şol, hasratymy egisjegem şol... - Sen meniñ görmek üçin bakmaga-da hökmanlygy ýok ezberim ahyryn! - Kimler gidende özünden soñ geljek has oñat birine ýer açyp gider. Kimler gidende - özünden soñ geljekleri-de syryp-süpürip alyp gider. - Sen tötänleýin söýülen biri dälsiñ, men ur-tut başymy alyp gider ýaly... - Sen meniñ durmuşa beren iñ uzyn salamymdyñ. Meni gysgajyk "Hoş gal!" sözüne nädip sygdyryp bildiñ. - Iñ aşakda bolsañ, ýykylmarsyñ. - Bagyşla. Mende söýgi möwsümlik däl. - Hyýalarymy hiç bir sagadyñ diline deñäp bilmerin. Seni-de sygdyryp bilmerin bir ömre... - Çagalygym şeýle bir pukarajady welin, ajal gelse-de ony almazdy... - Bu gün biziñ bile ýöräp barýanymyzy görseler, erte "Ol kimdi?" diýip sorasalar, men hakda gürrüñ berjek bolup oturma. Gysgajyk "Ömrümiñ soñky bölegi" diýäý... - Belki-de sen söýgä aşyk bolansyñ, men bolsa muny öz boýnuma aldym. - Öz kemçilikleriñi görmän özgelerden artykmaçlyk gözleme. - Men juda sadamy, ýa-da saña çendenaşa öwrenişdim? Gözleriñe seredip uklar galardym. Hiç düşüner ýaly däl, bir görseñ-ä sen ýanymda dursuñ, bir görseñem gözlerimden sumat bolýarsyñ. - Täze durmuşlary görmäge däl-de, görenlerimi unutmaga gidýärin. - Indi sen aýt: Bu deñziñ düýbünde, bu gäminiñ eleşan kaýutasynda, bu ýyrtyk ýelken bilen, bu ugur-utgasyz gaý-tupanyñ içinde bu söýgi nirä barýarka? - Hakyky aşyk içinden gelşi ýaly aşykdyr. Başgalar bolsa elinden gelşi ýaly. - Ol men barada ýykylmakdan juda gorkýanam bolsa, çaga ýaly gyrasynda oýnamakdan el çekip bilmedik uçurymy ýaly söz açdy. - Gaýdyp yzyña dolanaýma! Kalbymda täze dömjek ýara üçin ýer galmady. - Seniñ üçin wagtymy ýitirmändim. Belki-de men arzuw-hyýalymy ýitiripdim sen diýip... - Seni söýenim üçin ökünemok. Sen meniñ adyma ýaraşýan iñ çuññur ýarasyñ.. - Gelişiñ ne ajapdy, ezizim. Gidişiñ däl... - Men seniñ sözüñden çykmaýan aşykdym. "Gel" diýdiñ geldim, "Söý" diýdiñ söýdüm, "Gutar" diýdiñ gutardym. Indi bolsa "Unut" diýýärsiñ. Ketjallygym tutupdyr, undup bilemok... - Umydy üzülmedik hiç bir söýgi soñlanmazdy, eger umydymy-da alyp gitmedik bolanyñda... - Ýaralarymy hiç kimiñ gowy sarap bilmedik ýerinden saraýarsyñ. Soñam hiç kimiñ el degrip bilmedik ýerindenem ganadyp başlaýarsyñ... - Ne seni içimden terk edip bilýän, ne-de içimi saña terk etdirip bilýärin! - Aýry-aýry ukuda aýry-aýry düýşleriñ biri-birine galtaşmagy ýalydy bu söýgi. Sen muny bileñokdyñ... Aramyzdaky tapawudam şundady: Sen oduñ ýakandygyny bilerdiñ, menem ýanmagy... - Gorkma we özüñe meniñ gözlerim bilen seret! Soñ özüñi nädip söýüşiñi bir gör. - Men seni söýmezlik üçin bahana gözledigimçe we "bahanalar" tapdygymça, seni has-da beter söýdüm! - Sen maña garamazdan özüñe gowy seret. Men saña garamazdan "Hoş galaryn". - Hiç görüşmedik ýerimizde, hiç kimiñ bilmedik wagtynda saña garaşýaryn. Gelmegiñ ýa-da gelmezligiñ meniñ üçin hiç zady añlatmaýar. Çünki men saña garaşmakdan häli-häzirlerem keýp alýaryn. - Indi sen ne şu günüm, ne ertirim... - Eger adam unutmak islemese birje güni hem on ýyldan soñra ýatlar... Unutmak isleýän bolsa bir günde on ýyly unudar... - Ölüme höküm edilenimde-de, Günüñ didaryny görmäge howlugypdym mydama. Galamy döwülen bir söýgini ýüregime möhür edip basdym. "Unutdym!" diýip gygyryp barýarkamam, unutmandygymy öz-özüme subut edýärdim. - Adam kimdir birini başga biri ýaly söýmeli däl. Çünki hiç kim başga biri ýaly däl. - Eger ýitirme gorkym bolmasa, saña gowşup bilerdimmi? - "Meni küýsediñmi?" diýdim. Dymdy! Uludan demini aldy we "Küýsemerinmi heý?" diýdi! - Öz içimde özüm gark bolup gitjek derejede ölmäge mynasyp bolaýdymmy, Rebbim! Ony özümi öz içimde bogjak derejede söýdümmi? - Pikir etmedik ýerleriñde gezenimi gowy görýärin. Sataşmak ähtimallygynyñ ýok ýerlerinde. Kimi görsem beýläme öwrülýärin. Senden däl-de, seniñ bilen sataşmakdan gorkýandygym üçin... - Gözýaşlarym saçlaryña sary akyp barýar. Her damjasy bagrymy daglaýar. Müñ bölege böleklenen bedenimiñ iñ bolmanda birje bölegi saña galtaşmaýar. Senden juda alyslarda galdym... - Iñ soñky çilimim ýalydyñ sen, ezizim. Çekmäge dözmezdim. Çilimim jübimde döwüldi, sen kalbymda... Toplan we terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Daglar hakda geňräk goşgy / Goşgular - 06.11.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |