07:42 Söýgi däneleri | |
SÖÝGI DÄNELERI / Duýgular çemeni
Sözler
«Güller saňa meňzeş» diýýärler. Güller, gör, nähili bagtly! Olar seniň gözelligiňe meňzeşdigi üçin bu gün sähralary dolduryp durlar. Saňa meňzeş gülleri saňa berýärin, enem! * * * Sendäki mähri ýazlarda gördüm, ýazlardaky gözelligi hem sende görýärin. Sen ähli gözellikleriň eýesi ekeniň-ä! Gör, bahar saňa meňzejek bolup çyr-çytyr. Owadan ýazlaryň bilen! * * * Gijä galanymda, sen hemişe maňa garaşýarsyň. Ýola çykanymda, sen ýene-de ýolumda janserek. Sen şeýdip mydama bize garaşyp ýörjekmi, mähriban?! Ine-de, bizi kän garaşdyran baýramyň ýetip geldi. Şu gün seniň baýramyňa niýetläp, gül sowgat aldym. Hernä kän garaşdyran däldirin-dä, käbäm! * * * Men saňa dünýäde ýok zady sowgat etmekçi boldum. Emma her näçe gözlesem-de, şol «ýok zady» tapmadym. Asyl ol dünýäniň hiç bir ýerinde-de ýok bolsa nätjek?! Bu dünýäde seniň barlygyň özi tapylgysyz zat, mähriban! Seni nädip özüňe sowgat etsemkäm?! * * * Böwri gyzaran sähra, atyr ysly bägüller, guşlaryň hoşboý owazy, güle çümen tebigat – ählisi-de gujagyny giňden açan, bütin dünýäni bagryna basmak isleýän mähriban enä çalym edýär. Ýa-da bu gülüp gelen ýazlarda sen barmysyň, enem! * * * Alyslarda galanymda, senden hem-de söýgüli ýardan hat gelerine garaşýaryn. Seniň hatlaryň has köpdi-le, mähriban?! Diýmek, söýgüli ýarymdan-da sen meni has köp ýatlaýan ekeniň-dä. Gör, men seni nähili gowy görýärin, käbäm! Garaşýandygynyň duýan çagym seniň ýanyňa ýetmäge howlugaryn. Sen maňa garaş! Ine, baýramda bararyn. * * * Gül satýan gyza şeýle diýip ýüzlendim: «Maňa gül gerek». Ol bir gül berdi. Men ýene-de gülüň gerekdigini aýtdym. Ol ýene-de gül berdi. Emma meniň başga bir «güli» göz öňünde tutýandygymy, megerem, ol bilmedi. Ol ýylgyrdy-da, «Başga gül satylanok» diýdi. Belki, gyz aňşyran bolarly, onuň ýüzünde şatlyk alamaty göründi. Men onuň güllerini özüne sowgat etdim. Beýle owadan gülüň bagbany bolmak meniň iň uly arzuwym. Güller ýaly owadan kalply gözelim! Baýramyň gutly bolsun! * * * Meniň saňa beren gündeligimden söýgi hem-de özüň hakdaky ýazgylary okap bilersiň. Onda köp wagtdan bäri aýdylman ýörlen, indi aýdylmaly, belki, hiç haçan hem aýdylmajak sözler bardyr. Ol sözler bolsa, ine, şular: «Men seni söýýärin!». Saňa söýgimi sowgat berýärin, ezizim! Baýramyň bilen! * * * Gör-ä, bägül bilen çigildem kimiň owadandygy hakynda jedel edýärler. Men olaryň jedelini aňsatlyk bilen çözüp berdim: olary öýe getirip, saňa sowgat berdim. Şol pursat olar jedellerini kesip, özlerinden-de has owadan, mähirli bir gülüň bardygyny gördüler. Güller ýaly owadan, käbäm! Baýramyň bilen! * * * Seniň otagyňda bir sagat asylgy dur. Ony meniň özüm asyp goýdum. Ýagny seniň wagtyň tiz geçişini bilmegiň üçin däl-de, bu günleriň ezizligine, mähribanlygyna hatda wagtyň hem täsir edip bilmeýändigini görmegiň üçin şeýle etdim. Wagt seniň barlygyňda süýjeýär, eje! * * * Eger ýanym bilen ýeke zady almaga rugsat etseler, seniň suratyňy alardym. Seniň gülüp düşen suratyň meniň hemişe begenjime, şatlygyma sebäp bolýar, eje! Seniň ýylgyran ýeriňde gaýgy-alada orun ýok. Dünýäni ýylgyrdanmähriban käbäm! Baýramyň mübärek bolsun! * * * Bu gün ýene-de äýnegiňi galdyrypsyň, ene! Onsuz tikin dikip, iş edip bilmejekdigiňi aňyp, men äýnegiňi saňa eltip berýärin. Seniň begenişiňi görübem, iki bolup bilemok. Bu gün weli beýtmedim. Sebäbi zemine bahar geldi. Seniň äýneksiz bu kükräp gelen ýazlary synlamagyňy, tebigata öz gözleriň bilen bakmagyňy isledim. Gör-ä, saňa öýkünip, bahar dünýäni nagyşlap ýör. Özüňe meňzeş baharyň bilen, käbäm! * * * Iň uly baýram – seniň baýramyň. Üç aýlap dowam etjek bu baharyň her bir güni seniň üçin toýdur, käbäm! Güle bürenen baglar, ak garly daglar, tutuş zemin – ählisi-de seniň baýramyňy gutlaýarlar. Saňa gutlaglar, alkyşlar tükeniksizdir. Goý, baýramlar seniň barlygyňda goşalanyp gelsin. Baýramyň bilen, käbäm! * * * Sen maňa «Meni unudaňok gerek?» diýýärsiň. Unutmak üçin seni ýatdan çykarmak gerek. Sen hemişe ýadymda. Seni ýatlaýarkam, özümi unudýaryn, seni weli asla... * * * Ol sözleri aýdanyňda, derdim täzelenen ýaly bolýar. «Men seni söýýärin» diýeniňde, edil sende bolşy ýaly, meniň hem aglaberesim gelýär. * * * Ýüregime düşünsediň. Ýüreksiz ýaşap ýörenimi bilerdiň. Sözlerime düşünsediň, sensiz sözümiň gurudygyny bilerdiň. Eger sen maňa düşünýän bolsadyň, onda sensiz meniň bir sansyz mahlukdygymy bilerdiň. Sen maňa düşünermikäň?!. * * * Ýaşaýyş üznüksiz aýlanyp dur. Onuň aýlanyşy ýaly, sen hakdaky pikirlerim hem aýlanyp, ýene-de senli ýatlamalara getirýär. Ýaşaýyş—bu sen. Sen barkaň ýaşaýyş, gör, nähili gyzykly hem-de... hem-de... ýürekgysgynç. * * * Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?! * * * «Güller saňa meňzeş» diýesim gelenok. Olar seniň gözelligiňçe, mähriňçe ýok. Ýöne olar gülleriň-de sowgat berilýän başga bir „Gülüň“ bardygyny bilýärmikäler?! * * * Bu dünýäde iki sany hakykat bar: ol seniň barlygyň hem-de meniň saňa söýgim. Ol hakykatyň garşysyna ýene-de iki sany hakykat bar: seniň ýoklugyň hem-de men. Bu dünýäde başga-da bir hakykatyň üsti açyldy. Olam sen we men... *** Ýüregim gysýar. Sensizlik boýnuna goýlanyndan bäri ol muny endik edindi. Boýnuma alaýyn, ol seni halapdyr. Meniň däl-de, onuň saňa bolan söýgüsini kabul et! Hawa, ýüregimdäkini... * * * Saňa ýazan hatlarym saňa bolan söýgimi tutuşlygyna aňlatmaýar. Olar ummandan bir damja. Ýöne damjalaryň irginsiz damyp, daşy ýaryşy ýaly, bir gün men hem seni yraryn. * * * Şol bir wagt, şol bir gün, şol bir zat hakynda pikir edýärin: Sen ýadyma düşýärsiň. Seni ýatlap ýa-da ýatlaman ejir çekemok. Barybir, bu maňa ýeňil düşenok. Takdyryma şeýle paý berlipdir: diňe seni ýatlaýaryn... * * * «Söýenok-söýýär» oýnuny oýnap oturşyma, iň soňky ýapraga umyt baglaýaryn. Köplenç, ol meniň ähli umytlarymy püçege çykarýar. Senden utulyşym ýaly, hatda oýunda-da seniň sözleriň gaýtalanyp dur. * * * Sensiz bir gün ömre ýeterlik. Ömrüm sensiz ölme ýeterlik. Maňa diňe sen ýeterlik. * * * Maňlaýymyň bäş barmak ýeri bar. Her barmagyň yzynda sen hem-de men, ýene-de sen,.. sen,.. hem-de.. sen bar. * * * Tylla balyk üç dilegimi kabul etdi. Seni özüme, özümize hem bagty diledim we iň soňky dilegimi aýtmadym: ikimize aýralygy dilemedim. * * * Her säherde Gün dogýar. Dogýar-da gyzarýar. Megerem, onuň saňa meňzäsi gelip, säherde ýaňaklaryňa, günortanda alkymyňa, agşamlykda bolsa dodaklaryňa çalym edýändir. * * * Dünýäde iň kyn zat: öz söýýänligiňi boýun almak. * * * Sen hakdaky pikirlerimi uzaltdygymça, senden daşlaşýaryn. Saňa has ýakyn bolmak isledim. Haýran galaýmaly, ähli oý-pikirlerimi jemläp, ondan diňe seni hem-de söýgimi tapdym... * * * Saňa şeýle bir sowgat etmekçi. Ony ýerde goýsam, ýel alar, ýokarda goýsam, Gün alar öýdüp, ýüregimiň üstünde aýap göterdim. Onuň nämedigini sen bilýärsiňmi?! Ol hiç kime berilmeýän, aýdylmaýan sowgat. Ol – meniň bagtym. Maňa seniň bilen bagtymy bölüşmäge rugsat berermisiň?! * * * – Gözleriňi ýum! – Ýumdum. – Näme görýärsiň?! – Garaňkylyk. – Gözleriňi aç! Indi näme görýärsiň? – Seni. – Sen meni şol garaňkylykdan halas edermiň?! * * * Sen „Leýli - Mejnun“ dessanynda Mejnunyň näme üçin awara çöllere başyny alyp gidendiginiň sebäbini soradyň. Men jogap bermedim. Sen „Şirin - Perhat“ dessanyndaky Perhadyň näme üçin daglary darka-darka ýarmaga mejbur bolandygyny soradyň. Men jogap bermedim. Sen meniň näme üçin seni söýýändigimiň sebäbini hem sorarsyň öýtdüm. Emma soramadyň. Bu hakda seniň asla dil ýarmandygyňa begendim. Sebäbi ol soraga meniň özüm hem jogap tapyp bilemok... * * * Bir gün seniň adyňyň müdimilik galmagyny isläp, ony daşa ýazdym. Emma ýyllaryň ara düşmegi bilen, ol daşdaky ýazgylar öçeňkirledi. Bir gün agaçdan heýkel ýasap, oňa seniň adyňy ýazdym. Barybir, ol hem uzak durmady, ýitdi. Iň soňunda seniň adyňy ýüregime ýazdym. Oňa indi ýellerem, günlerem täsir edip bilenok. Sen meniň ýüregimde baky ýaşaýarsyň. * * * – Meniň saňa bir sözüm bar. – Aýt! – Ýok, iki söz aýtjak. – Aýdyber. – Üçüsini aýtsamam bolarmy?! – Hawa. – Men seni söýýärin. * * * Bu adatylyga öwrülipdir: säherde Gün çykar-da, agşama çenli zeminiň üstüni ýyladar. Emma meniň gursagymda şeýle bir Gün bar. Ol söýgi Güni. Ol hiç wagt ýaşman, hemişe meniň ýüregimi ýyladyp dur, ýyladyp dur... * * * Haýran galaýmaly, asmandaky bir buludyň kölegesi meniň üstüme düşýär. Buludyň arkasynda gizlenen Gün hem maňa görnenok. Hernäçe jan etsem-de, men ony görüp bilmedim. Sen şol Gün mysaly, menden gizlenýärsiň. Onuň «kölegeli» tarapy bolsa hemişe meniň üstümde... * * * — Seniň üçin söýgi ezizmi ýa-da söýgüli? — Elbetde, söýgi. — Onda söýgüli näme? — Söýgi barka, söýgüliň diňe seniňki bolýandygyna ynanýaryn. — Saňa ynanmaga näme esas berýär? — Ony bilesiň gelýärmi? — Hawa. — Onuň Alyhezretleri Söýgi! * * * Gözler dünýä tarap açylan penjirelerdir. Ýüregiň penjiresi hem şol iki göz. Men her gezek seniň gözleriňe seredip, ýüregiňde näme bardygyny bilmäge synanyşýaryn. Emma henize çenli bu maňa başardyp baranok... * * * — Men saňa gül bermekçi, alarmysyň? — Alaryn. — Men saňa gür bermekçi, diňlärmisiň? — Hawa. — Men saňa söz bermekçi, alarmysyň? — Hawa. — Saňa bermekçi gülüm — bu ýüregim. Saňa gür bermekçi bolýan sözlerim hem söýgi hakdaky şygyrlarym. Saňa bolsa bagty söz berýärin. * * * Biler bolsaň, sen hakdaky arzuwlarymy ýyldyz edip, asmana seçdim. Olar gökde öwşün atyp, ýyldyraşýarlar. Her gezek bir ýyldyz süýnende, ýene bir arzuwymyň hasyl bolandygyna çyndan begenýarin. Ine, bir gün geler. Günüň çykyp, ähli ýyldyzlary gaýyp edişi ýaly, sen hem ýüregimde Gün bolup dogup, ýyldyza dönen arzuwlarymy maňa gowşurarsyň. Ine, ol gün hökman geler... * * * Adamlar Aýa seredip, ondaky tegmilleri görüp bilýär diýýärler. Emma meniň kalbymda şeýle bir Aý dogdy. Ol süýt ýaly aýdyň hem dup-dury. Onuň ýüzünde hiç hili gara tegmil ýa-da garalyk ýokundysy ýok. Ol söýginiň jemaly. Sen meniň dünýämde dogan kir-kimirsiz Aýymsyň! * * * Gör-ä, senden daşlaşdygymça, seniň söýgiň howry hem meni ýakyp-ýandyryp barýar. Bu ýüregiň birligindenmikä?! Sen mendäki ýüregi alyp, öz ýüregiňe baglap goýanyňdan bäri men seniň sadyk guluňa öwrüldim. Indi sen nirä gitseň, meni hem ýanyň bilen alyp git! Tä sen meniň ýüregimi gaýtaryp berinçäň... * * * Çöldäki zer dänejikleriniň ummasyz bolşy ýaly, meniň hem saňa bolan söýgim çäksizdir. Gyzgyn çägäniň aýagyňy bişirişi ýaly, seniň söýgiň howry meniň ýüregimi «oda» atýar. Men saňa gowuşmagyň arzuwynda. Ýöne, ynan, sen menden ýüzüňi öwren günüň, şol çöldäki zer dänejikleri ýaly asmana sowrulyp giderin. * * * Bir gün saňa gül sowgat etmegi ýüregime düwüp, dükana bardym. Ol ýerden iň owadan güli saýlap, seniň ýanyňa ugradym. Ýolda gülüm saraldy. Men ýene-de gül satyn aldym. Ol hem saraldy. Ahyry kelläme şeýle bir pikir geldi. Men seniň özüňi gülleriň ýanyna alyp bardym. Bu gezek güller açylyp, has-da al-elwan öwsüp otyrdylar... * * * Ak kagyzda sähelçe garalygyň uly tegmil galdyryp bilşi ýaly, söýgüde eden sähel ýalňyş hereketiň hem ömrüňde uly yz galdyryp bilýär. * * * Megerem, sen dünýä ýüzünde ýaşap ýören 7 sany aşyklar barada eşidensiň. Hawa, olar şol dessandaky ýaşap ýören gahrymanlar. Ýöne şol aşyklaryň 8-njisi hem bar ekeni. Ol meniň ýüregimde ýaşaýar. Onuň kimdigini bilesiň gelýärmi?! Ol Sen hem-de Men... * * * Söýgiň bir pursatynda bir ömür bar. Bir ömürde bolsa söýginiň bir pursaty ýaşaýar. * * * Şeýle bir hakykat bar. Iň bärkisi, tomzagyň elinden höregini – togalak gomalagyny alsaň, ol yzky aýaklaryny ýokary galdyryp, Hudaýa nalyş eder. Onsoň aşygyň elinden söýgülisini alsaň, onuň neneňsi hala düşjekdigini göz öňüne getiriber! * * * Çölde galan adamyň suwsap, çar-tarapa elewreýşi ýaly, men hem seniň mähriňe suwsandyryn. Gel-de, maňa suw ber. Sen ýagmyr bolup, meniň teşne dodaklaryma dam! Şol pursat men ýene-de aýak üstüne galyp, seni gözlemegimi dowam etdirerin... * * * Bir guşjagaz Gökdäki Güne aşyk bolupdyr. Ol Güne ýetjek bolup, elinden gelenini etse-de, barybir, oňa ýetmek başartmandyr. Bir günem ol ýüregine bire baglap, göterilipdir asmana. Tä ýelekleri ýanyp gutarýança uçupdyr. Ahyry ganatlary ýanyp gutaryp, aşak gaçypdyr. Ýöne ol guşjagaz henizlerem dirimiş, şol Güne ýetmegiň arzuwynda ýaşaýarmyş. Göwnüm hem şol guş mysaly, saňa ýetmegiň yşgynda, söýgim! Ony mundan artyk örteme... * * * Gülleriň Güne garap açylýandygy barada eşitdiňmi?! Ýüregimiň hem her gezek seni görende gül-gül açylýandygyna näme diýersiň?! * * * Söýginiň girelgesi müňlerçe, çykalgasy bolsa ýok... * * * Gara galamyň syýasyny bozmak üçin bozguç gerek bolýar. Söýginiň «syýasyny» bolsa hiç bir bozguç bozup bilmez. * * * Sen hakdaky pikirlerimi i:şip, bir uly ýumak etdim. Ol i:şilip, şeýle bir ulalyp gitdi weli, heý, goýaý. Ondan saňa bolan söýgimi i:şip, sowgat taýýarlap ýörün. Ýöne henizem ýumagym kiçi bolýar. * * * Söýgä Kanun çykarylmaýar. Gaýta tersine, Söýginiň özi Kanun çykarýar. * * * Gülleriň ýapragyna näçe tozan ýokany bilen olaryň owadanlygy egsiläýenok. Iň esasy, söýgä «tozan» düşürmejek bolmaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |