22:04 Söýgi näme? | |
SÖÝGI NÄME?
Goşgular
![]() Söýgi näme? Söýgi näme? Bagryñ dilýän ýyldyrymmy? Kalbyñ kalba kybap gelip, Bagtly geçýän ýyllaryñmy? Söýgi näme? Söýgi näme? Ýürekleriñ ýalnymyka? Boý ýigide gyz bolup, Öýlenene gelnimikä? Söýgi näme? Söýgi näme? Bagra batan tikenmikä? Al asmana aşyk bolan Daglary lal edenmikä? Söýgi näme? Söýgi näme? Bagtymyzyñ ölçegimi? Geçmişimi garrylarymyñ, Jahyllaryñ geljegimi? Söýgi näme? Söýgi näme? Başa düşen melamatmy? Söýenimde düşündim men: Dirilikden alamat bu! * * * Söýdi gyz özünden ulyny esli, Elinden sypanda duýgy jylawy. Söýgüde duşuşdy ýazdyr güýz pasly, Ýakdy gyrtyçlary lebiñ alawy. Añ-paýhas bulaşdy, duýgy terlendi, Göwnün melul etdi yşkyñ humary. Ýigit üçin täzelik däl, görlendi Bolupdy ömründe bularyñ bary. * * * Ýüregi gemirýär gamgyn ýekelik, Gelermikäñ diýip gözlerim ýolda. Ýollar ýüregime birleşýär gelip, Umytdan sowulyp geçmeýär ýollar. Baglañ kökün ýere uruşy ýaly, Señ bilen badaşdy bu garabagyr. Aramyzda özgeleriñ ykbaly, Geçmeli menziliñ, gör, niçik agyr?! Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |