11:12 "Söýgi" - ussadyñ senedi / edebi seljerme | |
«SÖÝGI» — USSADYŇ SENEDI
Edebiýaty öwreniş
"Söýgi neneňsi beýik bolsa, ykbaly-da şol dereje beýikdir". Spinoza. XX asyrda türkmen şygryýeti iki sany galkynyşly ýyllary bilen halkara giňişligine tarap ugur alyp, özüniň many-mazmunyny täze-täze düşünjeler arkaly baýlaşdyrypdy, çeperçilik gözlegleri bilenem soňraky nesillere görelde görkezipdi. Birinji galkynyşly döwür altmyşynjy ýyllaryň birinji çärýeginde bolup, köp babatda, ony Ata Atajanowyň, Mämmet Seýidowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Allaberdi Haýydowyň we beýleki şahyrlaryň döredijiligi häsiýetlendiripdi. Ikinji galkynyş bolsa, takmynan, on ýyl töweregi soňra Halyl Kulyýew, Annaberdi Agabaýew, Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Gowşut Şamyýew ýaly täze nesil şahyrlaryň ady bilen kemal tapdy, olaryň döredijiligindäki täsin gözlegler, ymtylyşlar, täzelikler geçen asyryň soňraky onýyllyklardaky çeper aňyň pikirlenmesine badalga bolup hyzmat etdi, şu günlerki zehinlerimize-de çeperçilik nusgasy bolup, öz gadyr-gymmatyny saklap gelýärler. Şolaryň içinde, biziň pikirimizçe, Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi, aýratyn-da, «Söýgi» we «Güýz» diýen sonetler çemenleri Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetişen ýaş zehinleriň-de şahyrçylyk «çelgisine» öwrüldi diýip bileris. Ol eserler özüniň görnüş tapawutlylygy bilenem, manymazmun saldamy bilenem ýörite gürrüň edilmegi derwaýyslykdyr diýilýän eserleriň hatarynda orun aldy. Biz diňe Gurbannazar Ezizowyň şygryýetinde däl, türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji sonetler çemenleriniň biri bolup, edebiýat taryhymyzda orun alan «Söýgi» hakynda ýazmagy öz borjumyz hasap edýäris. Çykgyt hökmünde aýtsak, «Sonetler çemeni» diýlen düşünje bütewi bir eser bolmagyndan ötri, 14 sonetiň her biriniň we «Jemlemäniň» (magistralyň) aýry-aýrylykda öz şahyrana «terjimehaly» bar, biri-biri bilenem zynjyr şekilinde baglanyşýar. Ýagdaý şu töwra bolansoň, her sonet hakynda aýry-aýrylykda gürrüň etmek, biziň pikirimizçe, ýeke-täk elberişli usul bolup görünýär. Gurbannazar Ezizowyň «Söýgi» atly sonetler çemeniniň birinji soneti: Ömrüň agajyndan düşüp dur günler, Günler ömrüň eleginde elener — diýip, ynsan ömrüniň wagta gatnaşygyny ele alýar-da, adamzat ähline mahsus bolan ýagdaýy ýatlatmak bilen söze başlaýar. Guş bakyşy bilen garasak, bu setirler ählumumy ahwalaty beýan edişi ýaly, zehinli şahyrlaryň ählisinden garaşyp bolaýjak kanuny we ählumumy poetikadyr. Emma ol setirlere ünsli seretsek, gurbannazarçylyk poetika özüniň täsinligi bilen biziň mantyga diň salmagymyzy maslahat berýär: «Günler ömrüň agajyndan düşüp dur». Agaçdan dal-pudaklaryň, çybyk-şahalaryň düşmejekdigi belli, elbetde, ýapraklar düşýär. Ýapraga dönen günleri elekde eläp bolmajagyda belli. Onda näme üçin «ömrüň eleginde elener» diýilýär? Elekde elenjek närsäniň un ýaly bolmalydygy mälim. Bize mälim bolmaýan zat — ýapraklaryň aýak astyna düşenden soňra, ýapraklaryň ýapraklygyny ýitirip, toprak-toza öwrülip gidendigi, netijede, ömrümiziň günlerini, aýlaryny uly maksatlara harçlaman, durmuşyň ownuk aladalarynyň, hysyrdylary nyň aýak astyna oklap, toz-topraga öwrüp ýörendigimiziň beýanaty orta çykýar we ömür diýlen tapylgysyz gymmatlygy bisarpa tutmaly däldigimizi habar berýän, ýer asty sarsgyny ýada salýan poetika «ömrüň eleginde elener» diýlen şahyranalykda habardar edýär. Gürrüň şu pursada ýetende, nämesindendir, meşhur rus ýazyjysynyň sözleri seriňe gelýär. Nikolaý Ostrowskiý: «Adamyň iň eziz zadynyň biri ömür. Adama ol ýeke gezek berilýär, ony-da maksatsyz ýaşalan ýyllar üçin soňra gaty ahmyrly bolmaz ýaly, galpja we owunjak geçmişiň üçin ökünmeziň ýaly, sanalgyň dolup barýarka: «Ömrümiň baryny we bütin güýjümi dünýädäki iň gowy zada — ynsanyýetiň azat edilmegi ugrundaky göreşe berdim» diýmäge diliň barar ýaly edip ötürmek gerek. Ýaşamaga alňasamak-da zerur. Bolgusyz keseliň ýa nähilidir bir pajygaly tötänligiň ömrüňi ýolmagy mümkin ahyryn». Gurbannazar Ezizowyň «Söýgi» atly sonetler çemeni, şeýlelikde, başky iki setirinde hem şahyrana poetikasynyň, hem ýörejek ýolunyň raýyny (demir ýoluny) gurýarda, onuň üstünde ýerleşmeli otlyny soňraky setirleriň ygtyýaryna tabşyrýar. Bendi dowam edýän «Yza dönmek islär däli göwünler, Geçen gün şäher däl — gaýdyp gelere» diýen soňraky iki setir bolsa «otlynyň» many-mazmunyny geçmişde galan günler baradaky ýatlamalaryň gurnajakdygyny yşarat edip, söz nobatyny sonetiň ikinji bendine geçirýär. Ikinji bent «ahmyrdan» söz açyp, duýguly gahrymanyň hem öz ahmyrynyň bardygyny mälim edýär. «Ahmyr» diýlen sözüň hemişe geçen zamana degişlidigini bilmeýän ýokdur. Şonuň ýalyda, hiç bir adamyň geçen günlerinden «ahmyr» ýadygärliksizi ýokdur. Käbir adam «meniň ahmyrym ýok» diýip biler, ol muny salykatlylyk üçin aýdýandyr ýada ýalan sözleýändir. Onuň hiç birisi bolman, hakykatdanda, ahmyrsyz ömür sürüpdir diýsek, ol ynsana berlen tebigy durmuşy kadaly adam bolup ýaşamandyr ýada ol özüni tanamaýan mahlugyň biridir diýdigimiz bolar. Hawa, duýguly gahrymanyň hem geçen günlerden ahmyry bar. Şeýle bolsa, duýguly gahryman ahmyryny ýerine salmak üçin bilini çyzgap herekete geçmeli. Adatça, dünýewi ýaşaýyşda şeýle edilmeýärmi, näme?! Ol bolsa adaty mantygyň garşysyna gidip, «Seniň ruhuň bilen ederin mydar» diýýär-de, garşylykly hereketden el çekýär. Bu pukaralygyň bir emmasy bardyr. Onuň emmasy: «Meniň bar ruhumy direlden serwim». Diýmek, duýguly gahryman söýen serwisine gyýyp bilmeýändigi beýlede dursun, gaýta «bar ruhuna» janlylyk bereni üçin mähribanlyk bildirýär. Bu sonetiň üçünji bendi aýra ýollary birleşdirmegiň çäresini edeli diýmegiň deregine, «Ýolumyzyň çatak düşendigi üçin, gam çekme», «Bu derdi götergin merdem» diýip öwüt berýär. Bu ýerde poetikanyň bir «oýny» bolmaly. Ol «at göçümli oýna» jogap bermegiň ýerine: «Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn, Has kyn halas bolmak ýatla malardan» diýlen täsin öwrümli pelsepe bilen biziň ünsümizi özüne «örkleýär-de», ýatlamalaryň köňle dowamly düşüp durmagyny sargap, birinji soneti şeýle bitirýär: «Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly». Bu duýgusal jümle hem ikinji sonetiň «tirkeg bagy» bolup hyzmat edýär, ikinji sonet şu setirden badalga alýar. Ikinji sonet başyny şeýle başlaýar: Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly, Solgun ýatlamalar giripdir köňle. Ýatlamalar raýyny ýykmandyr, köňle giripdir. «Çatak düşen» ýollar «Uçurdyň eliňden arzyly ýary». Ýollar çataga düşse, şeýle-de bolmaly. Netijede, duýguly gahrymanyň elinde diňe bir zat — ýatlamalaryň söhbetini etmek galýar. Mantyk gulagyňa çawuş çakýar: häzir ol ýa özüni günälär, ýa-da ýary biwepalykda aýyplar, ikisi-de «ak jüýje» bolsa, belanyň körügi medeniýetden yza galan, feodalizm döwrüniň duýgy-düşünjesi bilen ýaşaýan gyzyň ata-enesini tankyt astyna alyp, mugyra getirer. Dogrudan-da, biziň geçen asyr şygryýetimizde we aýdymlarymyzda paşmadyk söýginiň däbe öwrülen gam-gussaly teswirleri bizi bu mantyk bilen ylalaşmaga mejbur edýär. Duýguly gahryman näme diýerkä? Ol: Köpler kimin, duşmasam-da ýara men, Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş. Päklige düşündim şo duýgy bilen, Şoň bilen başlandy iň gözel durmuş — diýip, sowala jogap berýär. Poetika bu bentde-de garaşylmadyk çözgüde ulaşyp, bizi öňküdenem beter geň galdyrýar. Ýara duşulmasa, gara gussalary ýük edinip, mojuk hyýallara gaplanmaly ýaly, emma ol «päklige düşündim», şondan soňam «iň gözel durmuşa» ýetdim diýip guwanýar. «Duýmadym şoň bilen gussa-gaýgyny» diýýän poetika köňül şatlygyna ýetendigini, «Öňde-soňda iň päk — asyl» duýgusy na gowşandygyny we ony «suwuň, oduň içinden» alyp çykandygyny mälim edýärkä, iki zady — bir mukaddes düşünjäni hem edebi hakykatlary üm-yşarat edýär. Biz yşarata dogry düşünýän bolsak, ol mukaddes düşünje «aşyklyk», edebi hakykatlar bolsa yşky dessanlar bolmaly. Düşündirmäge synanyşalyň! Geçen asyrda-da, häzirki günlerde-de şygyrlarymyzyň köpüsiniň «aşyk», «aşyklyk» diýlen sözleri, ol düşünjeleriň manysy şeýle bir ownady welin, ýelli günleriň tot-tozanyndan enaýy bolmady. «Aşyklygy» şu manyda kabul etsek, gürrüň edeniňe degmeýänligi, hatda jynyňy atlandyrýar. Ikinji sonetiň ümyşaraty bolsa «aşyklygy» asyl manysynda, «daňyň çygy ýaly päkliginde» (Berdinazar Hudaýnazarow), mukaddesligindedir. Bu ruhy ahwala takyk düşündiriş bermegimiz üçin, beýleki edebi çeşmelere ýüz tutmaly boljak. Nurmuhammet Andalyp, «Leýli-Mejnun» dessanynda: «Elgaraz, hyş-tebarylar jem bolup, Mejnunyň atasyga: «Eý, Seýit Beni Amyry, ogluňny hanaýyKäbeýnmuazzeme alyp barsaň, şaed ol hanaýy-şerifniň şerafatlarydan bu jununlyg belasy munuň başydan dep bolgaý» diýdiler. Seýit Beni Amyry halaýygyň beren maslahatyna eýerip, ogly Kaýysy (Mejnuny) Mekgä alyp gidýär we ol ýerde «...bu ýerde her kim hajat tilese, rowa bolur, päk köňül birlen we sydky-yhlasyň birlen bu mübtelalyk we perişanlykdan gutulmak üçin Hudadan derman tiläp ýyglagyl, enşalla Tagala, bu belalardan halas bolur sen!» diýip, nesihat kyldy». «Emma Mejnun aşufta ahwal bu söz birle arkasyny diwary-mesjidi-haramga sürtüp, bildi kim, bul ýerde hajat rowa bolur we doga mustujab olur, «Alla derdimni ýüz hesse owwalkydan zyýada kyl» diýip, öz köňlüge nesihat kylyp, zarzar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bu mynajatny okydy». «Behaky zatypäkiň derdimni bisýar kyl, ýa, Reb, Alajy bolmasyn andak ki zary zar kyl, ýa Reb..» diýýär. Görnüşi ýaly, Mejnun Mekgä baranda kalbyna ornaşan derdinden halas bolmagyň aladasyny etmän, Allatagaladan ol derdi ýüz esse artdyrmagyny towakga edýär. Çünki başgalaryň «dert» diýip bilýän derdi ruhy dert dälde, tapylgysyz ruhy lezzet — aşyklyk. Mejnun aşyklygynyň öňküsinden ýüz esse güýçli bolmagyny dileýär. Dogry, bu dessany döreden ussat Nurmuhammet Andalyp — türkmen milletiniň wekili. Leýli-Mejnun bolsa gelip çykyşy boýunça arap milletine degişli. Onuň he kaýaty Kaýys atly şahyryň söýgi hakyndaky şygyrlarynyň esasynda kemala gelipdir. Bu dessanyň waka ýordumy nezireçilige öwrülip, Günorta we Gündogar ýurtlarynyň ählisine diýen ýaly ýaýrapdyr. Biz bulary «Nezireçilik däbiniň täsiri bilen basmaga lyplyga geçendir, belki, şonuň üçin Mejnunyň edebi keşbi soýtarlaşandyr, belki, türkmen durmuşy bilen, türkmenler bilen kän bir baglanyşygy ýokdur» diýlen ýaly ýeňil garaýşyň döremezligi üçin aýdýarys. Ynsan Zeminiň hemme ýerinde ynsan, yşk hem hemme ýerde, hemişe yşkdyr. Bu hem yrga düşündiriş bolsa, baş üstüne: waka ýordumynyň emer-damary türkmenlere, türkmen durmuşyna degişli, baş gahrymanlary hem türkmen, ony dessan halyna geçiren şahyrlarda türkmenleriň meşhur şahyrlary. Biz «ŞasenemGaryp» dessanyny göz öňüne tutýarys. Gurbannazar Ezizowyň «Söýgi» sonetler çemeniniň ikinji sonetiniň üçünji bendiniň: «Duýmadym şoň bilen gussa-gaýgyny, Soradym halyňy her bir geçenden» diýýän başky setirleri bize ýokarda gürrüň edilen iki dessandaky we beýleki dessanlarymyzdaky aşyk-magşuklaryň bikararlygyny ýatlatmaýarmy? Elbetde, ýatladýar! Hatda şol bendiň: «Öňde-soňda iň päk — asyl duýgymy Alyp çykdym suwuň, oduň içinden» - diýýän setirleri Tahyryň, Keremiň edebi keşplerini göz öňümizde janlandyryp dur. Şu ýerde bir ýagdaýy anyklaşdyrmagymyz gerek. Ady tutulan we tutulmadyk dessanlardan Gurbannazaryň habarly bolandygyna, ondada ne habarly bolmak, olary çintgäp okandygyna kepil geçse bolar. Şeýle bolsa, ýokarky ýaly filologiýanyň täsiri bilen ikinji sonet, umuman, «Söýginiň» özi ýazylan bolaýmasyn diýlip bilner. Diýilse, diýlip bilner-le, ýöne ol dessanlardan habarly we olar babatdaky filologiýany aňynda aýlap biljek ençeme goşgy goş ýanyň (şolaryň içinde özümiziňem) näme üçin «Söýgini» ýazyp, «aşyklyga» ýüzlenmek aňyna gelmedikä? Gurbannazaryň duýgusynyň uçursyz ýiti bolandygyny, okan-eşiden hekaýatdyr gürrüňlerden tiz täsir alyp bilendigini bilýäris. Emma «Söýgi» şeýlekin sähraýy tezlikde bolup, ýiti duýgy bilen tiz täsire baş berjek eser däl. Ondaky poetikanyň garaşylmadyk öwrümlerini, pelsepewi öwüşginlerini, ruhubelentligini, setirleriň mylakatyny, şahyrana hyjuwyny diňe we diňe ylham, özem hakdan içen ylham kemala getirip biler. Ylhamdan kemala gelen poetika sonetler çemenini al-elwan güller bilen bezemeginiň daşyndan, duýguly gahrymanyň ruhuna we synasyna gujurgaýrat berip duran güýji «aşyklyk» diýlen düşünjeden ugur alýar-da, söz nobatyny üçünji sonete berýär: Üçünji sonetden üçünji bendi okalyň: Seň bilen ýylyndym çygly Zeminde, Seň bilen, eý, meniň şatlygym, görgim. Poetikanyň gepine görä, «aşyklyk» kalbyň diňe şatlygy däl, onuň ýeterlik görgüsi-de boljak oguşýan. Poetika sözüni tassyklamak üçin, bada-bat dessanlary ümleýär, hiç bolmasa, «Zöhre-Tahyry» ýatlaly diýibem pyşyrdaýar. Ajap bolar! Mollanepes «Zöhre-Tahyr» dessanyny Seýitmuhammet Saýýadynyň «Zöhre-Tahyr» dessanynyň göreldesine görä, Seýitmuhammet Saýýady wakalar ýordumyny Zöhre bilen Tahyr barada halk arasynda ýaşaýan hekaýatlaryň esasynda gurnapdyr. Biziň diýjek bolýan zadymyz — «Zöhre-Tahyr» hem «Şasenem-Garyp» bilen bir tekjedäki halky dessandyr. «Ahyry bir gün Zöhre aýtdy. — Eý Tahyr jan, yşkyň ýoly gaty muşakgat ýol bolar, bu ýolda renji-muşakgat köp görülse gerek... Ança aşyklar yşk elinden dat edip geçendir, yşkyň ýüki dagdan hem agyrdyr, ody dowzah odundan hem beterdir». Diýsek-diýmesek, Tahyryň ýetginjek ýaşynda sandygyň içinde üç aýlap derýada akmagy akyl almaz derejedäki ýagdaý. Tahyryň ýigdekçe çaglarynda, Mahymyň söýgüsine, Adyl şanyň hoşamaýyna, aýşy-eşretli köşk ýaşaýşyna imrinmän, şol bir durkuny saklaýşy, ýagny Zöhrä bolan yşkyna çirk ýetirmezligi üçin, çyrpynyp duran höwesine bäs gelip, görkezýän tutanýerliligi ýetişen ýigide dowzah odundan enaýy däl. Şeýle güýji ol yşkyndan alýar. Üçünji sonetdäki yşkyň poetiki kuwwaty has aňyrky çäklere çenli ulaşyp, bolmajak zady boldurýar-da, «Söýgini» ýene bir gez belentlige göterýär: Ähli ölümleri öldürdim şonda, Özüm üçin, hemem seň üçin, serwim. Dördünji sonet poetikanyň şol belentligini dowam etdirip, «Aşyklyk mütdeti ýedi ýyl bolar» diýlen hakykata özüçe düzediş («Indi seni baky dünýeden bäri Görüp biläýjegim örän gümana») girizýär, şeýdibem, «Söýgä» öz goşandyny goşýar. Yşkyň belent ruhy bilen mydar edýän duýguly gahryman «mahal-mahal iňrik garalyp, Seni ýatlap oý edemde uzak» ruhy ýerlemäge başlaýar-da, adaty ynsan kalbyna eýe bolup, didara gowuşmak höwesine gaplanýar: «Azaşan ýolagçyň geýmine girip, Meniň söýgim meniň gapymy kakýar». Emma ol gapyny açyp bilmez. Çünki «Mydam köňül arzuwyna ýetme ýok». Şonuň üçin köňlüňi arzuwlaryň yzynda tazykdyrmak bolmaz. Sebäbi «Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde». Ýene-de yşkyň belent ruhy bilen günleri geçirmek tapylgysyz bagt. Poetika şu töwra oýlanmalardan soňra kalbyňdaky yşka wepaly bolup ýaşamagyň dünýewi manysyny pelsepewi mazmuna salyp şeýle äşgär edýär: «Her günüň — bir ömür, bir uly sene». Adatça, hasratly ýada zar-zelillikde geçen agyr gün hakynda gürrüň edilende, «ýyla döndi» diýilýär. Bu jümle şony yşarat edýärmi? Eger-de ozal yşk barada gürrüň edilmedik bolsady, elbetde, şony aňladýar diýip, kesgitli aýdyp bolardy we oňa beriljek başga düşündirişleriň hiç biri bizi pikirimizden dönderip bilmezdi. Belki, irnik meseläni bäşinji sonet birýüzli edip biler. Bäşinji sonet «Söýgi günleriniň adaty, ine: Her günüň — açyşdyr, her günüň — şatdyr» diýip, onuň poetikasy okyjyny mähetdel etmändir. Ine, bu bolýar. Aslynda, gara günler, gaýgygam duýguly gahrymanyň «ýedi ýatanda ýadyna» düşjek ahwallar däl diýen şekildäki howalany aňladýan poetika: «Meniň söýgim şeýle kämil çykypdyr» diýlen setire üns berilmegini ündeýär. Biz poetikanyň diýeni bilen bolýarys-da, «gam-gussaly, gara günli» gürrüňleri gapdalda goýup, bendiň soňraky setirlerinde ýatan başga bir hakykat bilen garşylaşýarys: «Eger sen dönäýen bolsaňam daşa, Söýgim gursagyňa girip, diýerdi: «Sen meni ýaratdyň. Indem sen ýaşa!» Bu setirler şahyryň ýaşlyk ýyllarynda ýazan «Daş gyzy» poemasynyň şahyrana gysgaça beýanatydyr. «Daş gyzy» atly poemanyň özem «Söýgi» bilen ruhdaş, hakyky söýgi, ýagny aşyklyk hakdadyr. Bäşinji sonetiň soňuna ýakynlaşanda poetika ýene bir owadan öwrümli jümleler bilen öňümizden çykýar. Oňa mynasyp düşündiriş berip bilmesek, gadyryny gaçyrarys. Şonuň üçin özüni okamak bilen çäklensek gowy bolar: «Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly, Ikimize welin ýeterlik olar». Altynjy sonet bize «aýdylman aýdylýan» ahwalyň — aşyklyga ýetmegiň täsin tapgyrlaryny, ýagny basgançaklaryny ýatladýar: sulhuň almak — gowy görmek — söýmek — aşyk bolmak. Mundan ozalky sonetlerde, galapyn, «söýgi» diýlen söz işjeňligi bilen nazaryňy egleýär: «Meniň söýgim meniň gapymy kakýar», «Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde», «Söýgi günleriniň adaty, ine», «Söýgim gursagyňa girip, diýerdi»., «Meniň söýgim şeýle kämil çykypdyr». Duýguly gahrymanyň söýgüsi kämillige ýetip, «yşka», «aşyklyga» ulaşýar. Ine, şondan soňra altynjy sonet «aşyklygy» dile getirip söze başlaýar: Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy, Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara. Bu «basgançak» babatda-da ýokardaky kysym pikirdedigimizi aýtmalydyrys. Bu «basgançaklyk» Gurbannazaryň filologiýasyndan peýda bolan emeli närse bolman, ylahy ylhamly poetikasynyň hökmürowanlygyndan dörän tebigy hakykatdyr. Aşyklyk söýgüniň kämilligi bolsa-da, tebigaty we hili boýunça düýpgöter başga bir dünýädir. Ony poetika ikinji bentde: «Şeýdip, mana düşer ýigdekçe ine, Nädogry ýaşaýşy birden sazlaşar» diýlen setirlerde aňladýar. Şeýdip, aşyklyk başlar. Düşüner ol aýyň gözelligine, Lukman bolup güller bilen sözleşer. Mejnunyň Kaýys adynyň unudylyp, tutuş dünýäde «Mejnun» lakamy bilen tanalýandygyny ýatlasak, ýokarky iki setir düşündiriş talap etmez. Şonuň ýaly-da, Mejnuny başda goýmak bilen, galan alty aşygy atma-at ýada salsak, aşakdaky bent hem bizi biweç emgekden halas edýär: Aşyk ýigit bilen söhbet açmak kyn: Şol wasp eder otyr ýerdäki aýyn. Demigip gürrüň biýr saňa günuzyn, Ol uzyn gijä-de taýyndyr taýyn. Ine, bu aşyklygyň bar bolup bilşi we hakyky ýüzi, hatda tutuş terjimehaly diýsek-de, uly ýalňyşlyk bolmaz. Altynjy sonetiň öňki sonetlerden ýene bir «senetçilik» tapawudy, duýguly gahryman öz ornuny üçünji ýöňkemede gelýän «aşyk ýigdekçä» berip, özi olaryň hal-ahwalyny beýan edýän şahyryň «kürsüsine» geçip oturýar. Buda, poetikanyň görkezmesi bilen ýerine ýetirilen şahyrana amaldyr. Ýedinji sonet duýguly gahrymanyň demini mazaly dürsemegi üçin, birinji bendini hem «üçünji ýöňkemäniň» ygtyýaryna gowşuryp, aşyk bilen magşugy iki sany tereň derýa meňzedip, olar baryp bir deňizde tapyşmasa, durmuşa bagly ähli umydyň şor ýere ekin eken ýaly bolar diýlen şekildäki mazmunyny şeýle jemleýär: «Ähli geljek göni geçmişe barýar». Geljekde umytarzuwlar ýaşaýar, geçmişde bolsa toprak astyna siňen saralan ýapraklar meňzeş ýatlamalar ýatyr. Häzirki zaman bolsa ol eşretden namut bolup galýar. Bu, göräýmäge, terkidünýe pelsepe ýaly, emma onuň aňyrsynda dünýewi ýaşaýşa çagyryş, takdyra ten bermän, umytlaryň ýagty jahanda hasyl bolmagy üçin alada etmegi ündeýän mantyk saklanýar. Ol mantyk üçünji bentde duýguly gahrymanyň öz eline geçýär-de, arzuwlaryň wysal tapmagy üçin hereket etmäge başlaýar: Men seni soraglap gezýän dünýäni, Seni tapjak bolýan şam-u-säherden. Bu gün bu şäherden otla münýärin, Taparyn diýip başga oňat şäherden. Aşyklary aşyk edýän zat takdyra ten berip oturmak bolman, onuň didaryna gowuşmak niýet bilen ýaşamak, ýol azabyndan gaçman, onuň gözleginde, mahlasy, hemişe janly hereketde bolmakdyr. Bu-da ýokarky mantygyň goşundysy diýip poetika habar berýär. Gözleg dowam edýär. Gözlege hatda gökdäki Aý hem biparh garap bilenok: «Sorag belgisi deý, garaňky gökde Egri Aý soragly bakýar gözlerme». Magşugyň nirededigini Aý, käşgä, bilsedi, salymyny bermän salgysyny bererdi. Belki, Aýdan has uzaklarda mekan tutan ýyldyzlardan bir habar alyp bolar? Belki! «Ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda, Uzaklygy çalym edýär gözlerňe». Bu-da düşnükli. Ýyldyzlaryň hem habary ýok, diňe magşukdan däl, hatda Ýer togalagynyň barlygyndan hem biha bar bolmaklary mümkin. Aýby ýok, onuň ýerine poetika özüniň ussatlygyny kemsiz äşgär edip bilipdir. Iň ähmiýetli ýeri-de, ählumumy mantygyň, ählumumy çeperçilik serişdeleriniň minnetini çekmän, bu amalyna kemsiz amal edip bilipdir. Çünki ol mantyga mätäç däl, mantyk özünden önýär. Çeperçilik serişdesine-de mätäç däl, ony özi döredýär. Bu bir täsin «Gazançynyň haky bar, nirden gulak çykarsa» diýlen atalar sözüni ýatladýar. Poetika ussat bolanda, onuň başarmajak zady bolmaz oguşýan. Muny soňky sonetiň setirleri hem tassyklap biler. Sekizinji sonet aşyklaryň aýra düşmegi niň netijesinde döräp biljek ahwally meseläni gün tertibine getirýär-de, ony okyjylar bilen maslahatlaşmagy niýet edinýär. Biziň pikirimizçe, bu niýet sekizinji sonetiň «öz kellesine» gelen pikir däl, oňa ýol görkezýän poetikanyň okyjynyň ünsüni «Çemene» has mäkäm baglamak, okamak islegini yiti gylawlandyrmak üçin saýlap alan şahyrana usulydyr. Dogmajak ýalydyr Güni hem Aýy, Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan. Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy, Bu ýeke-täk ýolmy ýollaň baryndan? Dogrudanda, okyjy hökmünde bendiň gürrüňine goşulmazlyk mümkin däl: Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan, Dogmajak ýalydyr güni hem aýy. Elbetde, bu aşyk ýigidiň göwnüne şeýle. Bu — yşka düşen her bir ýaş ýüregiň gelip biläýjek netijesi. Aý bilen Günüň bolsa biziň bilen işi ýok, olaryň öz işleri özüne ýetik. Olar aşyk-magşuk bolup, hemişe biri-biriniň gözleginde, biriniň giden ýerine beýleki gelýär... Ylahyýetden emir edilen bu kanuny «aşykmagşuklygyň» dowam edip durandygy üçin, biz ynsanlar aşykmagşuk bolşup ýörüs! Şükürler bolsun! Poetikanyň bize gönükdiren sowallaryna her kim bir hili jogap berip bilerdi welin, emmajogabyň dürlidümen bolup, kelleleri garyşdyrmazlygy üçin, onuň takyk jogabyny-da soragyň içinde örtügli saklaýar. Ony görmek üçin filolog bolmak şert däl. Ol örtülgi jogap: gama gerek ýok, gam çekeýin diýseňem çekip bilmersiň, kalbyňda dörän yşk ataşy özünden başga bar zady, hatda dünýewi ýaşaýşyň maddy eşretlerini-de, fiziki talaplary-da ýakyp-ýandyrýar. Bu babatdaky soňky sözi aýtmak, elbetde, Magtymguly pire degişli: «Nejd gadynda gezen Mejnun yşkynda Ýanar otly Leýli bolup galyp men». Poetikanyň mantygy sözüni dowam edýär: «gam» diýlen zadyň, aslynda, ýol diýer ýaly ýoly hem ýokdur, bardyr diýip eňegine tutana-da: « Bar hem bolsa, biweç ýoldur, ruhuň şorlamasydyr» diýip bolar. Bu-da ýeterlik bolmasa, gam-gussanyň «süýtdeş dogany» gaýgy dogrusynda halkymyzyň: «Müň gaýgy bir iş bitirmez» diýen parasatyny ýatlatmak mümkin. Olam kär etmese, poetikany öz gününe goýaly diýip, gürrüňe nokat goýmakdan başga çärämiz ýok. Şindiden şony şeýle hasap etdigimiz bolsun! Sekizinji sonetde ýene bir göze doly hususyýet bar. Ol edebi tilsim dokuzynjy sonetde-de dowam edýändigi sebäpli, onuň geňeşini soňa galdyrýarys. Dokuzynji sonet: Her hal säher tüm çetinden jyklanda, Suwy süýjän alma kimin daň atar. Şeýdip ýarym dünýe gezen, ykmanda Günüň mis naýzasy Zemine ýeter — diýlen bent bilen başlaýar. Bu sonetiň şu bent bilen başlanýandygy diňe habar bermek üçin söhbetimize dahylly etmändigimiz düşnükli bolsa gerek. Sonetler çemenine şeýle owadan, biribirinden saldamly, şahyrlara «Şony menem görüp ýördüm, näme üçin men aýdaýmandyryn» diýdirýän birgiden bentler bar. Şolaryň biri-de ýokarky bent hasap edýäris. Poetikanyň miwesi «suwy süýjän almanyň» daň şapagyna, ýagny daňlaga meňzedilýän ýeri biziň ele alan edebi eserlerimiziň hiç birinde duş gelmändigi (belki, başgalar duş gelendir!) üçin bolsa gerek, ony aýratyn belläp geçmegi borjumyz hasap edýäris. Şol bendiň: «Günüň mis naýzasy Zemine ýeter» diýýän göçme manyly (metafora) meňzetmesi welin, tanyş kakuwly bolup görünse-de, oňa girizilen goşundyny hem gurbannazarçylyk tapyndy hasaplamak mümkin. Düşündirjek bolaýyn: Ussat Magtymgulynyň: «Gün hanjary gökden ýere inende, Güne garşy dogan Aýy, gözel sen» setirini bilmeýän ýokdur, Gurbannazaryň ýokarky setirini okanyňdada bu gözel jümleleriň akyla gelýändigi-de çyn. Eger Gurbannazardan «mis» sözüni aýryp okasak, ol beýik Pyraga has ýakynlaşýar-da, göni ýol arkaly gönüden-göni sonete geçen, ýagny ylhamly döredijilik ýüzüni görmedik täsir atlandyrsa hem bolman durmaz. «Mis» diýlen söz Magtumguly täsiriniň umumy şekilini gizläp bilmese-de, düýpgöter täzeçe pikirlenme — poetikadygyny ykrar etdirýär. Hakykatdan-da, Gün ýaňy dogup başlanda, misiň reňkini ýatladýan şöhleler dökülip başlaýar, onuň çogy-da päh diýerli bolanok, uzak wagtlap bolmasa-da, göni seretmek hem mümkin, aýagyny ýerden mazaly üzenden soňra, altyn reňk diýseňem gelşip dur, kümüş diýseňem, «beýle däl» diýen tapylmaz. Emma ol başda mis reňkli dogýar. Şahyryň şu synçylygyndan ýerlikli peýdalanan poetika ol setire-de, bende-de, tutuşlygyna dokuzynjy sonetiň özünede gurbannazarçylygyň ajaýyp mö hürini göze doly edip basmagy başarypdyr. Ýogsa bolmanda, ýaş şahyr zamanamyzda bol-bol görenimiz-eşidenimiz misdi, nämä mynasyp bolan bolsak, nämäni alan bolsak, olam misdi. Ýaňy dogup barýan Güniň Ýere gönderýän şuglasyny mise meňzetsek, meňzedip oturmalydyk. Emma olkellämize gelmändir. Gepiň gysgasy, berleniňki başga bolaýýar! Ine, berleniňkiň başgalygyndan ýene bir alamat: «Şeýdip ýarym dünýe gezen, ykmanda» diýlen setire nähili düşünersiň. Bu jümle «ýaryma — magşugyma» degişlimi ýada «Güne?» Ber, habaryňy! Magşuga degişli diýsek, duýguly gahryman ykmanda bolup, dünýäniň ýarysyny gezip ýören gyza aşyk bolupdyr diýdigimiz bolar. Ol Güne degişli, çünki ol Ýer togalagynyň ýarysyny gezip, soňra ýitirim bolýar diýsek, duýguly gahrymanyň aşyk bolan magşugynyň hem belli bir salgysy ýok, nirdedigi hem belli däl, şoňa görä-de « ýarym dünýegezen, ykman da» diýip, gaýyp magşugynyň soragynda diýilse, deň dawagär bolup oturybermeli. Bu ýerde otur (,) meseläniň çözgüdinde rol oýnap bilmezmi? Elbetde, biler, ýöne şol «otur» deňdeş agzalygy aňladýan bolsa, näme diýip bileris. Şuňa meňzeş ýagdaý Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» romany babatda-da ýüze çykyp, ýazyjy «mir» sözüni «parahatçylyk» manysynda däl-de, «dünýä» manysynda ulanypdyr diýlen garşylykly pikirler şu günlere çenli dowam edip gelýär. Mahlasy, bu mesele her kimiň öz duýgy-düşünjesine, okyjylyk üşügine bagly. Biziň kesgitli aýdyp biljek gepimiz: bu köpmanylylyk poetikanyň ýokary kä milliginden, ony kemala getirýän ylhamyň ussatlygyndandyr. Sekizinji sonetde: «Bu ýeke-täk ýolmy ýollaň baryndan?» diýip, ikinji ýöňkemäni işe girizýär. Bu okyjylara gönükdirilen sowal bolman, öz-özüne berlen ritoriki soragdyr diýip düşünenler, goý, şeýle düşünsin. Barybir, öz-özi bilen gürleşmek bolsa-da, biri birinji ýöňkemede, beýlekisi bolsa ikinji ýöňkemede gelmeli bolar. Ýogsa öz-özüň bilen gürleşip bolmaz. Dokuzynjy sonetiň içki poetikasy şol usuly dowam edip, ikinji şahsa ýüzlenýär: «Sen meniň bagtymmy ýa meniň gaýgym?.. Seslen sen, seslen sen, eý meniň söýgim, Saňa oňat sözler aýdasym gelýär». Setirleriň duýgy akymynyň baryp guýýan hanasyny hem gözden salmalyň we ony mähetdel etmäliň: «Seni tapsam, şat şäherde ornuň bar, Gussa şäherimi bagta öwürdim». «Şat şäher», «gussa şäher» diýlen söz düzümleriniň türkmen dilinde ýokdugy her kime belli, onuň nusgawy edebiýatymyzdaky «köňlümiň şäheri» diýlen göçme manyly aňlatmadan ýola çykyp ýasalandygy hem mälimdir. Bu-da gurbannazarçylyk poetikanyň özgelere meňzemeýändigi, hümmetlidigi. Setirleriň hikmeti gapdalda galsyn, ýöňkemeli gürrüňimiz dowam edeliň. Şu çaka çenli gürrüňi edilen sonetlerimizde üç ýöňkeme poetikanyň hereketine dahylly boldy: sonetlerdäki duýguly gahryman — birinji (menlik) ýöňkemede, altynjy sonetdäki şahs: «Düşüner ol Aýyň gözelligine, Aşyk ýigit bilen söhbet açma kyn: Ol uzyn gijäde taýyndyr taýyn». — Üçünji (olluk) ýöňkemede, dokuzynjy sonetdäki şahs — ikinji (senlik) ýöňkemede gelýär. Türkmen dilinde olaryň köplük sanyny hasap etmesek, başga ýöňkeme ýok. Bu bolsa duýguly gahrymany ýekemenlikden (egoizmden) halas edýän usuldyr. Bu hem filologiýanyň hasyl eden «arifmetikasy» bolman, ylhamly poetikanyň öz-özünden kemala getiren adalatydyr. Onunjy sonetöňki sonetlerde «aşyklyk» diýlen düşünjäniň soňlanmadyk söhbetini «Söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan, Seni söýüp, soňra mertlik gazandym». diýip dowam edýär. Şu ýerde «söýgi» diýlen söze çykgyt bermegimiz gerek. Bu söz öňki we soňky sonetlerde-de «aşyklyk» bilen ugur daş ulanylýar. Diýmek, şahyryň düşünişine görä, ol ikisi deň derejeli düşünje. Şonuň üçin, «söýgi» sözüni biz «yşk» manysynda kabul etdik, gürrüňiň dowamyndada şeýle kabul ederis. Ony bize onunjy sonetiň üçünji bendi maslahat berýär: Döredi öňümde gomlaryň beýgi, Ýeňdim men olary ýeňşi deý gämiň. Duýguly gahrymanyň äpet gomlaryň içinden parran geçýän gämileriň güýç-kuwwatyny özünde jemläp, garşysyna çykan ruhy we fiziki böwetleri ýeňip geçişini mälim edýän poetika olar ýaly hümmet diňe «aşyklykda» bolup biler diýip düşündirýär. Şol bir wagtyň özünde, ýenede bize dessan gahrymanlarymyzy ýatladyp, olaryň duçar bolýan päsgelçilikleri, hatda gara dagy ýarmak, döwleriň, aždarhalaryň mis tiki güýjünden üstün çykyp bilişlerini, olara adatdan daşary güýç-kuwwaty «aşyklykdan» alandyklaryny, şoňa görä, ol eserleriň çagalary güýmemegiň serişdesi ýada çal beýnileriň ýönekeý bir güýmenjesi bolsun diýlip döredilmän, eýsem-de bolsa, yşky kämillige ulaşan, kalby nurly dana şahslaryň idealyndan peýda bolan nusgalardygyny ýatladýar. Ýokarky bendiň soňky iki bendi-de özüniň poetiki pelsepesiniň özenine ulaşmagymyz üçin, ýene-de yşky dessanlardan käbir pursatlara nazar aýlamagymyzy maslahat berýär. Mollanepesiň «ZöhreTahyr» dessany, umuman alanyňda, Seýitmuhammet Saýýadynyň «ZöhreTahyryndan» nusga alandygyna garamazdan, bu dessanyň arasyndaky hekaýatlarynyň soňlamasyny döredijilikli işläp, täze bir netijä gelipdir: «Elkyssa, Mahym jan sözüni tamam etdi, ondan soň Adyl şa düýelerine dünýä malyny ýükläp, welaýatyna rowana boldy. Zöhre jan, Mahym jan, Tahyr jan maksat-myratlaryna ýetdiler». Şeýlelikde, aşyklyk öz möwritini geçirýär, ornuny maşgala söýgüsine berýär. Dessan hem sözüni tamamlaýar. Diýmek, dessany döredýän ruhy güýç yşkdyr, aşyklykdyr. Bu ýeketäk maglumat däl. «Saýatly-Hemra» dessanyň soňlamasy: «Mämmet han patyşa Gyzylalma şäh rindeýedi gijegündiz toýtomaşa kyldyrdy. Patyşa öz mülküniň ýarysyny Hemraga, Saýat hanga, Selbinyýazga bagyşlady. Soňra Mämmet han patyşa tagtyna çykyp, karar tapdy. Aşyk-magşuklar myratlaryga ýetdiler». Beýleki dessanlaryň hem köpüsi aşyk-magşuklaryň maksatmyradyna ýetmegi bilen sözüni tamamlaýar. Ýagdaý şeýle bolansoň, onunjy sonetiň üçünji bendiniň soňky iki setiriniň «Belki, myradyna ýetmedik söýgi, Ýeten söýgülerden kämildir kämil» diýýän sözleri ruhy hakykaty takyk äşgär edýär. Poetikanyň güýjem hakykaty binýat edinenligindedir. Duýguly gahrymanyň hem asyl maksady magşuga gowuşmak, ol häzirlikçe wysal tapanok. Belki, dowamynda wysala gowuşar... On birinji sonet hem didara gowuşmaga telwas edýär. Onuň duýguly gahrymany sabyr-takat bilen şol pursada garaşyp, dünýewi pelsepe bilen özözüne göwünlik bermäge çalyşýar, dünýäniň gurluşyny ýatlap, ondan teselli araýar: Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň, Dünýesidir biziň ümmülmez dünýä. Dünýäde, elbetde, duşan ykballar-da bar, duşmadyk ykballar-da bar. Diýmek, wysal tapmadyk diňe sen dälsiň. Şoňa görä, başyňy belent tut, ejizlige ýan berme diýlene ýakyn many-mazmunly mantyk poetikanyň görkezmesi bilen ýokarky goşa setiriň «aşakky» akymy bolup aňa ornaşýar. Şol bir wagtyň özünde, poetikanyň şol bir mantygy duýguly gahrymana hakykat ajy bolsa-da, süýji bolsa-da öz durkuny saklar, ýoýulmaz, oňa boýun bolmak gerek diýlen şekilinde nesihat edýär. Bu aşyklygyň alnyna ýazylan ezeli ykbal: Duşanlary — bir ýassykda uklarlar, Duşmadyga—bir ýassyk az görünýär. Gije-gündiz ýara gowuşmagyň hyýaly bilen ýaşaýan kalpda uky bolmajakdygy belli, başujunda on ýassyk goýanyňda näme?! Duýguly gahrymanyň, ýagny aşygyň hem, magşugyň hem bar aladasy dessan aşyk-magşuklary ýaly öz atlaryny ile ýaýyp, meşhur bolmakdan ybarat bolman, özlerini döreden şahyryň adyny ebedileşdirip, edebiýat taryhynyň görnükli sahypalaryndan ýer almagy üçin, atlaryny gizlin saklapdyrlar. (Olar hak edipdirler) ol gözel gözüniň öňünden gidenok. Bir gezegem tas ile ryswa bolan ekeni: Şu gün köçämizden bir gözel geçdi. Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden? Ol saňa şeýle bir gaty meňzeşdi, Seň adyňy tutman, saklandym zordan. Aşyklyk beýlede dursun, mylaýym bir ýylgyryşdan, dikanlap garaýyşdan syçran uçguny kalbynda saklaýan her kime örän düşnükli bolan bentdäki ahwalyň howasyna gaplanyp otyrkaň, näme üçindir, Magtymguly Pyragynyň: Yşkyň owazasyn diňle daşyndan, Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan, Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden, Bar, habar al gören mübtelalardan — diýen sözleri ýadyňa düşýär-de, on birinji sonetiň soňky bendiniň soňky setirleri hakynda oýlanýarsyň: Men nirde ýansam-da, doňsam-danirde, Seniň rahatlygňy bozmaryn baky. Bu iki setiriň manysyny biziň aňlaýşymyza görä, duýguly gahryman jan jebrindenem çekinenok, onuň ýüküni egninde çekip biljek derejede ruhy-ahlak «serişdesi-de», kämilligi-de ýeterlik bar. «Ýansa-da», «doňsa-da» magşugyň adyny ile peçan etmejek erke eýe, syr saklap bilmek gaýraty hem iner kuwwatly. Bu hususyýet yşka düşen her kime nesip etsin, Ylahym! On ikinji sonet sekizinji sonetde başy başlanan «Gün hem Aý» hakdaky söhbeti: «Üstünden lowurdap tylla Gün dogar, Oňatlygyň hemem erbet pälleriň» diýip, has giňişleýin dowam etmekligi niýet edinýär. Bu hem öz-özlügindäki, hem poetikanyň raýyny berkitmäge goltgy berýän ýagdaý bolup, sonetleri biribirine çatýan on dördünji setirleriň baglaýjylyk hyzmatynyň da şyndan, mantyk yzygiderliligine esaslanýan içki baglanyşykdan habar berýär. Sekizinji sonetdäki «Gün we Aý» hakdaky düşünjeler hakda şeýle diýipdik: «Aý bilen Günüň bolsa biziň bilen işi ýok, olaryň öz işi özüne ýetik. Olar aşykmagşuk bolup, hemişe biri-biriniň gözleginde, biriniň giden ýerine beýleki gelýär..». Biziň bu palta bilen işlenen gödek senete meňzeş düşündirişimizi on ikinji sonet altyn-kümüş gurallary bilen (ol zergär ahyry!) işläp, senetden sungat ýasap bilipdir. Okap göreliň: Ýogsa onuň özem men diýen aşyk, Şol ylgap ýör. Oňa pellehana ýok. Her günde bäş sany materik aşyp, Şindem Aý ýaryna duşup bilenok. Bende düşündiriş bermekden saklanýarys. Düşündiriş bersek, şekili ýoýular, setirlerinde dat galmaz. Oňa derek «Gün we Aý» hakda beren düşündirişimiziň telperdigini başgalara aýtdyrman, özümiz boýun alyp, basymrak hatadan halas bolalyň. Gepiň gerdişinde aýtsak, «Ýagşy ata bir gamçy» diýlişi ýaly, bu ýagdaýy diňe sekizinji ýada on ikinji sonet babatda diýip düşünmän, şahyryň «Söýgi» atly sonetler çemenindäki tutuş poetikanyň, galapyn, özüne ulaşyp bilmän, köp meselede gyltyz gaýdýandygymyzyň üm-yşaraty hökmünde kabul etsek, abraýly bolarys. Ony «Gün we Aý» hakdaky pikir ýöretmämiziň ikinji tarapy hem mälim edýär. Görüp otursak, mesele biziň pikir edişimizden galarak bolup, poetikanyň duýgy-düşünjeleri uçursyz mezillere uzaýar ekeni, pelsepeside öte çuňňur ekeni. (Ýöne, bize-de «Baryny beren uýalmaz» diýen nakylyň ruh berýändigini gepiň arasynda aýtsak, işden elimiz sowamaz.) Poetikanyň çuňňurlygyna we giňligine aşakdaky bendi ünsli okasak, magat göz ýetireris: Ýöne ol ýyladýar duşmadyklary, Aýa duşman, edýän ahmyrna derek. Bize-de, Gün ýaly, gussajyklary Öz nurumyz bilen gizlemek gerek! Hakykatdanda, «aşyklyk» diýlen düşünjäniň howasyna özüňi aldyrman, biparhlyk bilen seredip bolsa, ony barypýatan «ýekemenlik» (egoizm) atlandyrmak bolar. Çünki aşygyň bileni-biteni magşugy, jemgyýetçilik bilen seri ýok, özgeleriň halyndan habar alaýyn, kömek edeýin diýip alada galyp ýörenok. Onuň derdi elini-aýagyny mäkäm baglap goýupdyr, dermanyda «Dermanhanalarda» ýok. Ine, adam ogly yşka düşse, ykballaryň içinden, takmynan, şu töwra ykbaly saýlap alýar. Bu bolmaýar. Günden görelde almaly, mähriň bilen «duşmadyklary ýylatmaly». Ikinji Mejnunyň, Tahyrdyr Garybyň... döremejegi belli, indi onuň zamanasy-da däl. Emma häzirki zaman aşyklygyň tüýs wagtydyr, ýöne salykatly we goýazy söýmelidir, pynhan syryňy buşlap ýörmeli däl, akyllybaşly bolmaly. Düşnüklimi!? Bular on ikinji sonetiniň şahyrana poetikasynyň jan-jigerinden syzdyryp aýdýan sargytlarydyr. On üçünji sonet «Bissimillasyny» aşakdaky setirlerden başlapdyr: Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty, Sekiz elli gussaň manyysy ýokdur. Şygry, elbetde, nähilide bolsa bir many-mazmunly setir başlamaly bolar. Ol dogry. Ýöne biz ony aýtjak bolamzok. Bu setirlere ýüzlenip gürrüňe başlamakda maksadymyz — «Sekiz elli gussa» diýlen söz düzümi dogrusynda akyllaşmakdan ybarat. «Gussa» düşnükli. Gussa bilen baglanyşykly «Sekiz elli» näme bolup biler? «Sekiz aýakly sergezdan» diýlip, sakyrtga aýdylýandygyny bilýäris. Ol gussa bilen uýgunlaşyp biljek jandar, bir ýapyşsa sypdyrmalydyr öýdenok, jandarlaryň ganyny sorup ýatýar. Bu säwlik bilen «aýak» «ele» geçipdir diýer ýaly hem däl, «elliň» ýerine «aýaklyny» goýsak, setiriň bogun sany on ikä ýetýär. Bu Gurbannazar ýaly kämil şahyrda bolmajak säwlik. Belki, sekiz sany elli, ýagny «dört ýüz sany gussaň» diýil se, nyşanasyna degýändir. Olam biweç zähmet bolar. Belki, bu täze bir şahyrana tapyndydyr? Ine, bu bolýar. Ony ýazanyň Gurbannazar Ezizowdygyny ýatlasak, şol tapyndynyň nämäni aňladýandygyny anyklamak galýar. Başgaça düşündirişleriň bolup biljegi ikuçsuz. Bize galsa, şahyr ýylyň dört paslynyň dördüsinem «ynsanlaşdyrypdyr-da» «sekiz elli gussany» kemala getiripdir. Beýle diýildigi «dört paslyň dördüsindede, ýagny arly ýyl gussa çekip ýörmegiň manysy ýokdur» diýildigi bolar. «Sekiz el», biziň bilşimizçe, «gyş- gara gyş, bahar - ýaz, tomus - saryja tomus, hasylly güýz - doňakly güýz (hazan)» göz öňünde tutulýar. Şu bihal däl bolsa gerek. Eger şu düşündirişi makul bilseňiz, sonetdäki poetikanyň näjüre «janbazlyk oýunlara» ukyplydygyny takdyr etmeli bolarys we onuň «Berekellasyny» badabat ýetirmelidiris. Sonetiň gussa babatdaky pelsepesi-de örän durmuşy hem ruhubelent. Aşyk bolmasaňam, gussa diýlen närse janly ýaşaýşyň beýleki meselelerine-de aralaşyp, bir öwrümde ejiz damaryňa ýapyşmagy başarýar, özüňi ele alan dessiňe-de, duman ýaly dargaýar gidýär. Onsoň ýagty jahana täzeden gelen ýaly bolýarsyň. Ruhubelentligi bolsa gussanyň biweç zat üçin däl-de, uçursyz ähmiýetli närsäniň «ýoldaşy» bolup dogulýanlygydyr. Sonetiň üçünji bendi bu aýdylanlary özüniň gözel poetikasy arkaly şeýle aňladýar: Seniň gussaň bilen galdym belende, Seniň gussaň bilen ömrüm abatlyk. Gussa söýgi bilen dörän bolanda, Dünýede iň tämiz şatlykdyr şatlyk. Bentdäki owadan poetikanyň aýtmagyna görä, magşugy zarlap çekilýän gussa aşygy belent ruh bilen besleýär, şol gaýmak ýaly näzik gussa bilen duýguly gahrymanyň ömri abatlyk. Ahyrky netijede bolsa, gussa söýgi ýüzünden dörese, ýagty jahanda iň bagtly kişilere nesip edýän «iň tämiz şatlykdyr şatlyk». Poetikanyň aşak yakymynda akýan mantyk bolsa, tämiz şatlygy hemra edinjek bolsaňyz söýüliň, söýüň diýlen pikiri ündew edip, on üçünji sonetdäki sözüni tamamlaýar. Bizem ony köňle ýakyn ündew bilip, sözümizi tamamlaýarys. On dördünji sonet söýgi «iň tämiz şatlyk» bolmagyndan ötri, «bet pygyldan çykýandyr üstün». Bu häsiýet gözelligi diňe duýguly gahrymanyň bir özünde döräp biljek ýoknasyz duýgydüşünjeler babatda hakykat bolman, söýýän şahsa gönügen gyýyk garaýyşlardan, fiziki jebir-jepalardan, ýakymsyz geplerden rüstem gelip bilýändigi bilen gözeldir. Şoňa görä-de, köňül şatlygynyň, gözelliginiň, ruhy kämilliginiň sowulmajak çeşmesi bolan söýgini aýawly saklaň hemde: Siz şeýle bir söýüň, şeýle söýüliň, Goý, gokde ýyldyzlaň gözleri gitsin. Ýene yşky dessanlarymyzyň gahrymanlaryny, olaryň duçar bolan kynçylyklaryny, başlaryna sallanan hyýanatlary kalbynda yşkyň medet bermegi bilen ýeňip, telwas edýän didarlarynyň hem atlaryny bakylaşdyrandygyny ýatladýan birinji bent, söýginiň hümmeti dogrusyndaky söhbetini ikinji bende-de geçirip, uly bir hikmete ulaşýar: Söýüp — peslik, pislik köküni gyryň! Söýgi bilen söýüň! A söýgi giňdir. Bu setirleriň hikmetini aňlaýanlar uçursyz kändir. Birdeikide onuň çuňlugyna aralaşmakda kynçylyk çekýänler bar bolsa, biziň düşündirişimizi makul görenler bilen paýlaşmagymyz üçin ony mälim etmegimiz gerek. «Peslik, pislik» diýlen sözleriň umumy manysy hemmämize aýdyň. Gezek anyk gepe gelende, «pesligiň» hem «pisligiň» aňyrsynda nähili ýagdaýlar saklanýandygyny bilmek ähmiýetli. Olaryň anyk mazmuny hakynda her kimde bir hili düşündiriş bolup biler. Olaryň hiç biriniň hem nyşanadan sowa geçmejekdigini bilýäris. Biziň düşündirişimiz sonetiň poetikasynda göz öňüne tutulýan, hut şonuň özi bolmasada, şonuň töweregini sermeleýän ýagdaýlar hakdadyr. Gurbannazaryň uruş meselesine häli-şindi ýüzlenip, bir şahyrana uşlyby ýola goýandygyny göz öňüne tutsak, «peslik» sözüni uruş bilen baglanyşdyrmak bolar. Uruş — ynsan kalbynyň wagşylaşmagy, ynsanperwerligiň topraga gömülmegi, ynsanlyk mertebesiniň pesedüşmegi. Mag tymgyly: «Hak saklasyn söweş basan aýakdan» diýipdir. Uruş hakda etseň gürrüň köp. Esasy gürrüň — onuň nädip öňüni almaly? «Pislik» hem şol töwra ýagdaýlar, üstesine, ogryjümrüligi, gep gezdirmegi, göripligi we sanasaň sanap oturmaly ýaramazlyklary goşmak bolar. Esasy ýagdaý — ol pislikleri nädip ýok etmeli? «Ikisiniňem ýeketäk çäresi bar» diýip, sonetiň poetikasy düşündirýär. Ol ýol — söýgi bilen söýmek, şonda her kim pesligiň we pisligiň köküni gyryp biler. «Söýgi» diýlen päklik dessan gahrymanlary bilen ömrüni tamamlan närse däl. Ol şu günler hem bar, geljekde-de bolar. Galyberse-de, «söýgi giňdir». Ol giňligi jümle-jahana ýetýär, onsoňam, dünýäde näçe adam bar bolsa, şonçada söýgi bardyr... Esasy zat söýgä gujak açmakda, onuň gadyr-gymmatyny bilip ýaşasa, parahatçylyk we bagtyýar ýaşaýyş dowamat dowam bolar. Ine, poetika bize şeýle diýip aýtdy, bizem size şeýle diýip aýtdyk. On dördünji — «Çemeniň» iň soňky soneti hakyndaky söhbeti dowam etmek mümkin. Ýöne «Höwes etde bes et» diýip, atababalarymyz nesihat edipdir. Eýsem-de bolsa, ýene birjümlä rugsat etseňiz, «Çemeniň» iň soňky: «Ömrüň agajyndan düşüp dur günler» diýen setirini okap, «Çemeniň» şol setir bilen bogulmaga başlanandygyny ýatlatmak isleýäris. Netijede, şahyr alnyňa sylyp oturmaly «Çemeni» türkmen şygryýetine ýene bir abraýly gatanç edipdir. Gutly bolsun! Indi nobat «Magistralyňky». «Magistral» hakda ýörite gürrüňe derwaýyslyk ýok hasap edýäris. Ýöne ony ýene bir gezek okap, ýene bir gezek ruhy eşretli lezzetden boýun gaçyryp bilmeris. Köpler şeýle pikirde bolsa gerek. Baş üstüne, «Magistral»: Ömrüň agajyndan düşüp dur günler, Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly. Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary. Söýgi günleriniň adaty, ine: Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy, Aşyklar duşmasa biri-birine, Dogmajak ýalydyr Güni hem Aýy. Her hal, sähertüm çetinden jyklanda, Rugsat berenden soň haýbatly horaz, Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň Üstünden lowurdap tylla Gün dogar! Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty, Ine, adamzadyň iň zerur bagty! Poetikanyň birgiden inçe şahyrana tilsimleri duýulmasyna duýulýar, emma beýan etmekde kynçylyk çekenimiz üçin, sonetleriň birnäçe bentlerini üçürdiklemeli bolduk. «Söýgä» sözsoňy. Ýazan şygyrlarynyň çap edilmegine alňasamazlyk gylygyny Gurbannazar ýaşlyk ýyllaryndan özünde terbiýeläpdir. Biz muny ýöne bir ýoldaş beletligimiz üçin däl, ençeme ýyl goňşulykda ýaşan adam hökmünde-de aýdýarys. Şol döwrüň ýaşlarda uly täsir galdyran bu «Söýgi», görer göze, birden peýda bolan ýaly duýlupdy. Aslynda, şahyryň talyplyk ýyllarynda synpdaş bolmasak-da, özümiziňem parçalaryny, «garalama» görnüşini diňländigimiz ýadymyzda. «Çemeniň» her sonetini aýratynlykda metbugata hödürlese-de, çap edilmejek gümany ýokdy. Biz muny mazaly adygan uly ýaşly şahyrlaryň poemalaryndan bölekleriň çap edilip durandygy ýadymyza düşüp aýdýarys. Gurbannazar şahyrdygynyň çaltrak ykrar edilmegi jany-teni bilen islän bolsa-da, şygyrlarynyň çap edilmegine howlukmazdy. Goşgularynyň «gazaply kazysy» onuň özüdi. Şolam özge şahyrlaryň köpüsinden tapawutly tarapydy. Şol häsiýet hem Gurbannazary Gurbannazar Ezizow edip, «Söýgini» hem kämil, nusgalyk Söýgi derejä ýetirip, uly ile yglan etdi. Gurbannazar Ezizowyň «Söýgüsinden» soňra «sonetler çemenini» ýazmak ýoň boldy. Ony ýazyp bilseň, Gurbannazar ýaly şahyr bolup bilmek mümkin diýlene ýakyn bir «howa» ýaşlaryň birnäçesini gaplap aldy. Ýazylmasyna ýazyldy, emma ýazylan ol eserleriň hiç biriniň hil taýdan «Söýginiň» derejesine ýetip bilmändigini hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys. Biziň pikirimizçe, Gurbannazar Ezizowyň şahyrana uşlybyndan, poetikasyndan iň düýpli we takyk habar berýän eserleri «Sonetler çemenleri» — «Söýgi» we «Güýz» eserleridir. Olar umumy halk köpçüligi üçinem, hatda «sungat sungat üçindir» diýen taglymaty oňlaýan, duýgulary uçursyz inçe we ýiti, eýle-beýle eserleri pitiwa etmeýän, her eseriň sungat bolmagyny isleýän talapgär toparlaryň hem «göwnüni awlap» bilýän «çemenler» bolup edebiýat taryhymyzda orun aldylar. Häzir ýaşap ýörende, soňraky «çemenleri» bilen gutlanmaly Gurbannazar ýaňy 80 ýaşynda bolmalydy. Ol 1940-njy ýylyň baharynyň ilkinji güni dünýä inipdi. Gurbandurdy GELDIÝEW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |