13:59 Zelili haçan aradan cykypdyr? | |
GIRIŞ DEREGINE XIX asyr türkmen klassyky poeziýasynyň taryhy wakalara gatnaşygy, taryhy hadysalaryň, aýry-aýry pursatlaryň şygyr dilinde şöhlelenip, awtorynyň ykbalyna eden täsiri hakda türkmen filologiýasy belli bir işleri bitirdi. Klassyk şahyrlaryň hersiniň ömri we döredijiligine bagyşlanyp dissertasion işler ýazyldy; makalalar, monografiýalar, «Oçerkdir», «Taryhlar» döredildi. Bu zatlaryň hemmesi gowy zat, gören göz guwanar. Ýöne görer göze birenaýy ylmy subutnamalar, ynamly tassyklamalar bolup görünýän maglumatlaryň, pikir ýöretmeleriň birnäçesine siňňin seretseň, edilen işlerden edilmeli işleriň juda agramlydygyny boýun almaly bolýar. Dogry, filologik-emosional jähtden şol bir awtoryň döredijiligi tükeniksiz derňelip bilner, her gezek açylmadyk «işikleriň» birnäçesi açylar. Oňa «boldy, bes indi» diýlen zat ýokdur. Ýöne biz ony diýemzok. Klassyky poeziýanyň filologik-taryhy tarapyny nazara alyp gürrüň edýäris. Bu mesele taryhy faktlardan, şygryň jedelsiz maglumatlaryndan, mizemez logikasyndan ugur alýandygy üçin, stabil pikiri talap edýär. Ol pikiriň ynamdarlygyny bolsa «Haçan? – Haýsy çeşmede? Nirde? – Nämä esaslanyp? Nädip? – Neneňsi logika? Kim? – Niçik maglumat?» diýen ýaly sowallara jogap beriş ukyby bilen ölçemek mümkin. Şu sowallaryň öňünde ýaýaplaýan aýry-aýry makalalardyr «Edebiýat taryhlaryndaky» bölümler hakda gürrüňem edip oturmalyň. Eýsem-de bolsa, gönüden-göni şolara borçly, aslynda şolarsyz göz öňüne getirip bolmajak monografiýadyr dissertasion işleriň käbiri-de ylmy esasly jogabyň deregine awtorynyň ylmy çinini, abraýyny hem ony gözden-dilden gorap gelen läheňleri perde edinip geldi. Özge pikirlere «köçämizden geçäýseň bolýar...» diýlen haýbatly demagogiýa bilen jogap berip, özüni resmi ykrar etdirdi. Ýaşalyp ýörülse, ol köçelere-de ýoluň düşýär... Men erteki otaramok, gadym dünýä taryhynyň-da gürrüňi däl. Ol şu güne çenli dowam edip gelen, häzirem juda ezberlik bilen işlenilýän «at göçümi». Eýsem, ylmyň garşysyna duran şu ylmy bolmadyk böwediň fundamenti nämede? Birentek işlerimiziň ýokarky sowallaryň öňünde «iki bükülip» durmagy nämeden? Onuň subýektiw set müň sebäbi bardyr. Obýektiw sebäbi barada welin aýtmalydyrys. Geçen ýyllarda, galapyn, ol ýa-da beýleki bir klassyk şahyr ol ýa-da beýleki bir alymyň monopoliýasyna öwrüldi. «Geplese baý ogly geplesin» diýlen gep öz hökümini ýöredip, ylmy praktikada mäkäm ornaşdy. Filologik-taryhy derňewleriň konserwatizm, köp babatda, şu sebäpli bolsa-da bolandyr. Emma, esasy gürrüň edebiýat taryhyny öwrenýän ylmymyzyň taryh we taryhylyk problemasyndan, köp babatda, sowa ýodalar bilen ýöränliginde diýip pikir edýäris. Awtorçylyk problemasynyň türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda ýörite derňewiň obýekti edilip işlenmändigi-hä baýaky, hatda klassyk şahyrlaryň ömri we döredijiligine bagyşlanyp ýazylan dissertasion işleriň käbirinde bu problemanyň gürrüňe goşulmagy juda derwaýys – ondan sowlup geçmek asla mümkin däl halatynda-da umumy ekskursiýalar, şowuna düşüpdir diýenimizde-de taryhy çeşmelerden getirilen dört-bäş sany sitata bilen bölekleýin depmehalal edilenligi sebäpli, derňewleriň birnäçesi, şonuň ýaly-da faktlaryň käbiri (hatda, taryhylyk meselesi-de!) häli bu güne çenli filologik-taryhy sowallaryň öňünde yraň atyp dur. Ol ýa-da beýleki fakt babatdaky köp wariantlylygyň, sene dürlüligiň sebäbi-de taryhy fundamentiň gowşaklygy üçindir. Netijede, näme bolýar? Ylmy subutnamalar arkaly stabil derejede ykrar edilmeli fakt biziň kitaplarymyzda «her molla öz bildiginden okar» diýleni edilip gelindi. Mysal üçin? Mysal üçin, Gurbandurdy Zelili. Şahyryň doglan, aradan çykan ýyly, Hywa sürgün edilen senesi. Bizem Zelili ykbalynyň üç pursaty hakda gürrüň ederis. Gürrüňi Zeliliniň aradan çykan senesinden başlalyň. Bu sene terjimehalyň özge pursatlaryny dagysyz subut edip biljek taryhy logikany özünde saklaýar. • ZELILI HAÇAN ARADAN ÇYKYPDYR? «Zelili haçan aradan çykypdyr?» Her kitap her hili jogap berýär. 1926-njy ýylda Zeliliniň eserlerini ilkinji gezek neşire taýýarlap, oňa «Sözbaşy» ýazan Abdylhekim Gulmuhammedow: «Şonuň bilen goşguçy Zelili-de öz watanyna gaýdyp, 1261-nji hijri – 1842-nji milady çemelerinde, elli-altmyş ýaşlarynda dünýäden ötüpdir» (6 s.). 1940-njy ýylda Zeliliniň goşgulary «Saýlanan goşgular» at bilen ikinji gezek neşir edilýär. Ýygyndyny çapa taýýarlap, «Sözbaşy» ýazan Ahundow Gürgenli: «Halk arasynda bolan bir gürrüňe görä, Zelili Hywadan gelşine ýolda Ahalda düşüp, Bäherdeniň Mehin diýen obasynda 3-4 aýlap bolupdyr. Şol wagt meýlislerde deň-duşlaryna öz eserlerini okap, şolar hakynda düşündirişler beripdir. Ondan soň ýene 18 ýyl ýaşap, 1844-nji ýylda ölýär» (9 s.). 1949-njy ýylda Zeliliniň goşgulary «Şygyrlar» ady bilen üçünji gezek neşir edilýär. Kitaby çapa taýýarlan Ahmet Ahundow – Gürgenli, «Sözbaşyny» ýazan Baýmuhammet Garryýew: «Zeliliniň şu setiri we onuň altmyş çemesi ýaşandygy hakynda halk arasynda bolan rowaýatlary nazara alsak, ol 1944-nji ýyl töwereginde ölendir diýip çak edip bileris» (24 s.). 1954-nji ýylda Zeliliniň dördünji neşiri «Goşgular» ady bilen çap edilýär. Şygyrlary toplap, tertibe salanlar N.Kürräýew bilen S.Durdyýew, ýygyndynyň «Sözbaşysyny» ýazan Sary Durdyýew: «Zelili ... 1853-nji ýylda aradan çykýar» (5 s.). 1959-njy ýylda Zeliliniň bäşinji neşiri «Eserler» at bilen çap edilýär. Ýygyndyny düzen, çapa taýýarlan hem «Sözbaşysyny» ýazan S.Durdyýew: «Şol ýerde «Gökleňleriň medresesinde» bir aýa golaý bolup, soň bolsa Bäherdene gelýär. Bu ýerden dogry Garrygala, Etrege ugraýar. Zelili takmyndan 1852-1852-nji ýyllarda, 54 ýaşynda aradan çykýar» (5 s.). 1960-njy ýylda Zeliliniň altynjy neşiri «Goşgular» ady bilen çap edildi. Neşiri taýynlan we «Sözbaşy» ýazan S.Durdyýew: «Zeliliniň... aradan çykan ýylyny 1850-1853-nji ýyllarda diýip hasaplamagymyza esas döredýär, Zeliliniň... aradan çykan ýyly bolsa 1850-nji ýyl diýilse, hakykata has ýakyn bolsa gerek» (11 s.). 1982-nji ýylda Zeliliniň häzire çenli respublikamyzdaky iň soňky – ýedinji neşiri «Saýlanan eserler» görnüşde çap edildi. Kitaby çapa taýýarlap, «Sözbaşy» ýazan Muhammetjuma Öwezgeldiýew: «Şahyr, takmynan, 1846-1848-nji ýyllar töweregi hem aradan çykypdyr» (12 s.). Bulardan başga-da, şahyryň goşgulary özbaşdak ýygyndy edilip, Eýranda hem Owganystanda türkmen dilinde neşir edildi. 2548-nji (kamary hasaby) ýylda Zeliliniň goşgularyny «Gurbandurdy Zeliliniň diwany» at bilen «Kabus» neşirýaty neşir etdi. Ýygyndyny toplan we oňa «Sözbaşy» ýazan Meretdurdy Kazy: «Zelili, takmynan, 1272-1273-nji hijri ýyllarda 54 ýaşynda aradan çykýar» (5 s.). 1392-nji hijride şahyryň birnäçe goşgusyny we oňa ýazylan giňişleýin makalany özünde jemleýän «Gurbandurdy Zelili» atly ýygyndy Kabulda çap edildi. Ýygyndyny düzen we makalany ýazan Nurmuhammet Garkyn: «Ol (Zelili – G.G.) XIX asyryň birinji ýarymynyň ahyrlarynda, takmyn edilişine görä, 1844-nji ýyllaryň töwereginde aradan çykypdyr» (39 s.). Zeliliniň goşgular ýygyndysy rus dilinde 1940-njy ýylda «Избранные стихи» (terjime edenler: W.Strelçenko, N.Korowenko, «Sözbaşy» ýazan M.Gerşuni), 1948-nji ýylda «Отчизна моя» (terjimeçi we «Sözbaşy» ýazan G.Weselkow), 1981-nji ýylda «Избранные стихи» (terjimeçi N.Grebnew, «Sözbaşy» ýazan M.Öwezgeldiýew) at bilen neşir edildi. Şahyryň rus dilinde neşir edilen kitaplarynyň türkmen dilindäki neşirlerine esaslanýandygy üçin, şahyryň aradan çykan senesi baradaky maglumatlara salgylanmakdan saklanýarys. Görşümiz ýaly, Zeliliniň neşirlerinde aradan çykan senesi dürlüçe bellenýär. Belki, ylmy işlerdir monografiýalarda, oçerklerdir taryhlaryň arasynda durnukly pikir saklanýandyr. Göreliň: S.Durdyýew «Watançy şahyr Zeliliniň durmuşy we döredijilik ýoly» (1962 ý.) atly kandidatlyk işinde şahyryň neşirlerinde (1959, 1960 ýý.) ýazan «Sözbaşysyndaky» pikirinde saklanýar: «Ine, şular ýaly ynamly çeşmelere eýerip, biz Zeliliniň... aradan çykan ýylyny bolsa 1850-1852-nji ýylda diýip hasaplamagy hakykata has ýakyn diýip bilýäris» (127 s.). S.Durdyýew biraz soňurrak «XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler» (1967 ý.) diýen kitabyň «Gurbandurdy-Zelili» bölümini ýazanda başga senäni görkezdi: «Soň bolsa Bäherden raýonynyň Mehin obasynda birnäçe gün myhmaçylykda bolýar. Bu ýerden dogry Garrygala, Etrege ugraýar. Ol ýerde hem birnäçe ýyl ýaşap, takmynan, 1846-njy ýylda aradan çykýar» (279 s.). «Türkmen edebiýatynyň taryhy» (III tom, 1-nji kitap) atly saldamly kitabyň «Zelili» bölümi (ýazan S.Durdyýew) şahyryň aradan çykan ýyly hakda şeýle ýazýar: «... Zelili hem pursatdan peýdalanyp, Hywadan gaçýar. Ol öz ýurduna dolanyp gelýär. Bu ýerde ençeme ýyl ömür sürenden soň, takmynan, 1844-1846-njy ýyllarda hem aradan çykýar» (122 s.). Saýlaw Myradow «Zelili» (1983 ý.) atly kitabynda şahyryň aradan çykan ýyly hakda pikirleri degşirip, aşakdaky ýaly netijä geldi: «Şu umumy gürrüňleri bir tarapa goýup, real adamlaryň anyk hasap-hesipli gürrüňlerini nazarda tutsaň weli, şahyr 1854-nji ýylda ýogalan bolup çykýar». «Olaryň 1854-nji ýylda ýogalypdyr diýen netijeleri, biziň pikirimizçe, ras gürrüňdir» (28 s.). Kakajan Durdyýew «XIX asyr hemde XX asyryň başyndaky türkmen edebiýatynyň taryhyndan oçerkler» atly gollanmasynda soňky pikirleri goldaýar: «Bu hasapda Zelili 1852-1853-nji ýyllarda aradan çykýar. Ylmy barlaglaryň aglabasy hem Zeliliniň ýogalan ýyly diýip, şu senäni görkezýär» (97 s.). Görnüşi ýaly, Zeliliniň aradan çykan senesi barada gürrüň edýän dissertasion işdir ylmy kitaplaryň arasynda-da dürli pikir ýaşaýar. Ýogsa bolmanda, ýatlanylan kitaplaryň her biri Zeliliniň durmuş ýolunyň derňewine ýörite sahypalar bagyşlady, olaryň käbirinde, göräýmäge, ýeterlik subutnamalar hem getirilýän ýaly, şondan soňra ikinji bir hasap gürrüňe goşulmajak ýaly bolubam görünýär. Emma her ýoluň öz iniş-çykyşy bar bolarly, şeýle gürrüň baryp, 1926-njy ýyldan bäri dowam edip gelýär. Şahyryň ömri we döredijiligini ýörite iş edinip işlän kitaplar belli bir karara gelip bilmedik bolsa, olardan ugur alnyp ýazylan ýa-da şol işlere esas edilip alnan makalalaryň bu meselä «agzybir» çemeleşmejegi düşnüklidir. Zeliliniň dünýeden öten senesi baradaky pikirleriň arasy, görnüşi ýaly, golaý-goltum däl. Bu arada 1844-nji ýyldan başlap, 1854-nji ýyla çenli aralyk ýatyr. Bu seneleriň aňyrkysyny bärräk süýşürip, bärkisini aňyrrak itekläniň bilen bir pellä gelip bolmajagam düşnükli. Üç-dört ýyl tapawutly bolsa, başga hasap. Bialaçlykdan şeýtse-de bolar. Aslynda, şahyryň ömri hakda gürrüň gidýärkä, pellehanalaşyp ýörmegiň özi peýdaly müwessa bolmasyn gerek. Zeliliniň aradan çykan wagty edebiýaty edebiýaty öwreniş ylmynyň ýetmejek alyslygy däl. Munuň üstesine-de, ony takyk kesgitlemäge esas berýän taryhy hem goşgy materiallary bar. Ýagdaý şeýle bolsa, onda olara çuňňur aralaşmak filologik-taryhy nukdaýdan çemeleşmek, degşirmek, bir söz bilen aýtsak, meseläni taryhylyk problemasynyň nazary bilen yzarlamak galýar. Taryhy nukdaýnazardan şygyrlar, çeşmeler Zeliliniň aradan çykan senesi diýip haýsy ýyllary salgy berýär? Ozaly bilen, Zeliliniň durmuşyna belet adamlaryň gürrüňlerini diňläliň: «Mämmetdöwlet Jumanyň kakasy. Ol Zelili ölmezinden alty aý öň dünýä gelipdir. Döwletmämmet alty aýlykka Zelili ölüpdir. Mämmetdöwlet 66 ýaşynda, 1918-19-njy ýylda graždanlyk (urşy) döwründe aradan çykdy».1 Bu gürrüňiň taryhy faktdygyny Mämmetdöwletiň gubyr daşyndaky ýazgy hem tassyklaýar.2 «Amangül ölende men 25 ýaşymdadym. Häzir men 63 ýaşy doldurdym. Emma meniň adamym (Zeliliniň ogly) Zelili ölende alty aýlyk oglan eken. Ol hem 65 ýaşynda aýryldy. Şonuň aýrylan ýyly meň Gurban diýen agtygym boldy. Ol hem şu ýyl 23 ýaşyny doldurdy. Şol hasapdan Zeliliniň dünýäden ötenine dogry 88 ýyl bolýar».3 Bu maglumaty 1940-njy ýylda Penji Agalyýew Mämmetdöwletiň (Zeliliniň ogly) aýaly Hallybibi ejeden ýazyp alypdyr. Hallybibi ejäniň öz gaýnatasy baradaky gürrüňleriniň ýasalan ssenariýa däldigine şübhe ýok. Maglumaty ýazyp alan Penji Agalyýewiň hem faktlary öwrüp-çöwürmekde hiç hili bähbidi ýok, onsoňam ol ýaşuly ynsaby halal adamlardandy. Galyberse-de, bu gürrüňler Seýdidir Zeliliniň doglan ýyllaryna matlaply mehaniki düzedişler girizilip başlan döwründen has öň – 1940-njy ýylyň ýylda ýazylyp alnypdy. Iň ähmiýetli ýeri-de bu maglumat – Amangül daýzadan gaýdýar. Amangül daýza kim? Hallybibi ejäniň jogaby: «Meniň bir Amangül atly eltim Zeliliniň aýaly bilen okara-çemçe bolup bir öýde gezipdir4. Amangül daýza, takmynan, 1839-40-njy ýyllarda doglup, 1902-1903-nji ýyllarda aradan çykan, Zelilini gözi bilen görüpdir, şahyr ýogalanda 12-13 ýaşlaryndaky gyz eken, onuň maşgala durmuşyna aňyrsy-bärsi bilen belet adam. Hallybibi ejäniň Amangül daýzadan eşiden maglumaty-da düýnki-öňňinki gürrüň däl, geçen asyrdan bäri gelýär. Gepiň gerdişinde göwne gelen bir gümany hem gizlemäli. Adamyň ýaşy könelişiberse, huş başdan uçuşýar. Bu tebigatyň kanuny, onda çykgyt ýok. Belki, ýaş gaýdyşyp, Hallybibi eje hasap-hesibinde käbir zatlary ýalňyşandyr, çeni çyna gatyşdyrandyr? Hallybibi eje bir çene ýetip, 84 ýaşyň içinde, 1965-njui ýylda aradan çykypdyr. Dogrudanam, bu maglumatlar Hallybibi ejeden 60-njy ýyllarda ýazylyp alnan bolsa, onda görkezilýän seneleriň käbiri gümanly görünmän durmasa-da durmazdy. Emma bu maglumatlar, öňde aýdyp geçişimiz ýaly, aradan çykmazyndan 25 ýyl ozal, 60 ýaşlaryndaka ýazylyp alnypdyr. Bu-ýa bir. Ikinjiden: Hallybibi ejäniň kömegi bilen Zeliliniň soňky neşirleri «Ogulbibi», «Bir gün» ýaly goşgularyň hasabyna baýlaşdy. Şu ýagdaýyň özem Hallybibi ejäniň hakydasynyň şol ýaşlarynda juda ynamlydygyndan habar berýär. Bu gürrüňler, elbetde, «açyk gapyny açjak bolmak» ýaly bir duýgyny döredýän bolmagy ahmal. Emma ylmy terjimehal kä halat juda düşnükli zada-da düşündirişler talap edýär. Häzirki pursatda fakt fundamentiniň berkligini logiki taýdan barlap görmek aladasyndan başga-da, ýene bir öwrümde kysymdaş informatoryň we onuň bilen baglanyşykly ýazgylaryň meselä goşuljakdygy sebäpli, Hallybibi ejeli gürrüňi öz ýerinde edip, öz ýerinde-de «düwünçege düwüp» goýlany kem däl. Göwne gelip biläýjek gümänyň gürrüňi şeýleräk, onuň netijesi-de şundan ybarat. Informatora şek ýok, hakydasyna gümän ýok, maglumatyň ynamdarlygy-da şübhesiz. Diýmek, ol faktlar resmi taryhy dokumentdir. Indi, maglumatdaky faktlary degşireliň: «Ol (Mämmetdöwlet – G.G.) hem 65 ýaşynda aýryldy. Şonuň aýrylan ýyly meň Gurban diýen agtygym boldy. Ol şu ýyl hem 23 ýaşyny...» - 1940-njy ýylda dolduran bolsa, müje süýşürtgisi bilen «Mämmetdöwlet 66 ýaşynda 1918-1919-njy ýylda graždanlyk (urşy) döwründe aradan çykdyr» (Inw. 1611) diýilýän maglumatyň senesine laýyk gelýär. Şu ýyllardan Mämmetdöwletiň ýaşan 65 ýaşyny aýyrsak, 1952-53-nji ýyllar hasyl bolýar. Mämmetdöwlet alty aýlykka Zelili dünýeden ötüpdir. Bu maglumat hem Mämmetdöwletiň sallançagyny üwräp, gujagynda göteren adamyň – Amangül daýzanyň gürrüňi. Maglumatlary bir ýere çugdamlasak, şeýle netije gelip çykýar: Zelilil 1852-nji ýylda aradan çykypdyr. Bu fakty özge düşündirişler bilen inkär edip bolmaz. Onda näme sebäpden Zelili 1844-nji ýa-da 1846-njy ýylda aradan çykypdyr diýip ýazypdyrlar? Şeýle seneleri tutunan edebiýatçylaryň käbiri Amangül daýza bilen Hallybibi ejäniň maglumatlaryndan öz wagtynda habarly bolmandyr. Habarly bolup soňraky ýazan edebiýatçylaryň hem käbiri, Zelili baradaky maglumatlara bir kişiçe belet S. Durdyýew 1954-nji ýylda «1844-nji ýyly», 1959, 1960-njy ýyllarda «1850-nji ýyly», soň 1967, 1977-nji ýyllarda ýene-de, «takmynan, 1844-1846-njy ýyllarda» aradan çykypdyr diýip ýazýar. Bu dürli pikirliligiň sebäbi hakdaky gürrüň soňa galsyn. Häzir şahyryň 1844-1846-njy ýyllarda aradan çykmandygyny subut etmegimiz gerek. Zelili Hywa hany tarapyndan sürgün edilýär. Şahyryň sürgün edilen senesiniň-de gürrüňi soňa galsyn. Zelili Hywa etrapynda on ýyla ýakyn bolup, Etrek-Gürgene gaýdyp gelýär. Haçan? Zelili barada ýazylan işleriň ählisi diýen ýaly bu sowalyň jogabyny Muhammetrahym han bilen baglanyşdyryp geldi. Ýeke-täk esas edilibem Hywa hany Muhammetrahym hanyň 1826-njy ýylda ýylda ýogalmagy alyndy. Ýeri, han ýogalsa ýogalypdyr, onuň Zelilä näme dahyly bar? Dahyly bar bolsa, haýsy fakt, maglumat bilen tassyklap bileris? Bu kanuny sowal, elbetde, şol wagtlaram jogap talap edýärdi, häzirem öz güýjünde. Kitapdyr makalalaryň bu sowaldan böwür berip geçip gidip oturmagy ol derwaýyslygy duýmazlykdan ýa-da ylmy logikanyň kemlik edýändiginden däl-de, eýsem-de bolsa taryhy aksiomanyň aýak diräp biläýjek maglumatynyň ýoklugyndandyr. Hywa hanynyň ýogalmagy bilen Zeliliniň ykbalyny baglanyşdyrýan faktyň bolmanlygy üçinem, «Muhammetrahym ony sürgün eden bolsa, han ölenden soň erkinlik almak mümkinçiligi dörän bolmaly» diýlen mazmunly formal logika işe girizildi. Ol häzirem öz formallygy bilen ylmy pikirlenmämizde işläp ýör. Ýagdaý şeýle bolsa, Zeliliniň göz tussaglykdan dynan döwrüni tassyklap biljek, bolmanda, eginaşyr yşarat edýän maglumat ýokmudyr? Bar! Hernäçe geň bolup eşidilse-de, Zeliliniň ýesirlik ýyllaryny, has takygy, göz tussaglygyň tamamlanan döwrüni Muhammetrahym hanyň ölümi bilen baglanyşdyrmagy inkär edýän aşakdaky maglumaty ýüze çykaran edebiýatçy - «1825-nji ýylda Muhammetrahym han ölýär. Hywada hanlyk üstünde dawa başlanýar. Ýesir düşen beýleki türkmenler bilen birlikde, Zelili hem pursatdan peýdalanyp, Hywadan gaçýar. Ol öz ýurduna dolanyp gelýär»5 diýip ýazan edebiýatçy Sary Durdyýew. Muhammetrahym XIX asyryň 20-nji ýyllarynda ýaşap geçýär, Zeliliniň ýesirlik durmuşynyň gutarmagy bilen baglanyşykly maglumat bolsa şol asyryň 40-njy ýyllaryndan habar berýär. Ol niçik maglumat? Aýdan kim? Neneňsi logikasy bar? S.Durdyýewiň «Gurbandurdy-Zelili» atly makalasynda şahyryň Hywadan gaýdyşy barada şeýle diýlip aýdylýar: «Daşhowuzda ýaşaýan gökleňleriň gürrüň bermegine görä, XIX asyrda gökleň hanlaryndan Haýdar han diýen bir han Hywa hanlygynda hyzmat edýär ekeni. Onuň Hywa hany bilen agzy alaryp, han tarapyndan tussag edilýär, ahyrda hem öldürilýär. Haýdar han ölmezinden öň, ogluny çagyryp, oňa «Men ölenimden soň, säginmän, ilaty al-da, öz ýurduňa gaýt. Indi size maza bermezler» diýýär. Haýdar han ölenden soň, onuň ogly gökleňleri özi bilen bärik alyp gaýdýar. Şol gaýdanlaryň arasy bilen Zelili hem öz ýurduna dolanyp gelýär».6 Edebiýatçy bu maglumaty Daşhowuz oblastynyň Lenin raýonynda ýaşaýan Rahym Suhanow we Mämimurt diýen adamlardan alandygyny makalasynyň çykgydynda ýatlapdyr. Bu maglumatda ady tutulýan Haýdar han – taryhy şahs. Ony Bode Kolyçewiň «Очерки…» (68 sah.) we Ý.E.Bregeliň «Хорезмские туркмены в XIX веке» atly kitaby (369 sah.) tassyklaýar. Agehiniň sözlerine görä, Haýdar han Etrek-Gürgende – gökleň taýpasynyň atly tire ýolbaşçysy, Hywada – gökleň goşunyna serkerdelik eden adamlaryň biri (MITT. P t. s. 468, 497) bolupdyr. Diýmek, Haýdar han rowaýaty gahryman däl, diýmek, şu nukdaýnazardan Rahym Suhanow we Mämimurtdan alnan maglumat hakykata laýyk gelýär. Ol ýaşulularyň «XIX asyrda gökleň hanlaryndan Haýdar han diýen bir han Hywa hanlygynda hyzmat edýär ekeni» diýen sözlerini Agehiniň «Söweş meýdanyndan kelle getiren ilkinji adamlardan: ...gökleň goşunynyň baştutanlaryndan biri Haýdar handygy, goý, mälim bolsun»7 diýen jümlesi tassyklaýar. «Onuň (haýdar hanyň) Hywa hany bilen agzy alaryp, han tarapyndan tussag edilýär, ahyrda hem öldürilýär» diýlen maglumatyň gönüden-göni subutnamasy bolup biläýjek ýazgylar bize gabat gelmedi. Ýöne onuň hakykatdygyny bir ýagdaýdan çen etmek mümkin. Hywa taryhynyň 1844-nji ýylyň oktýabr aýyndan soňky sahypalarynyň hiç bir ýerinde Haýdar hanyň ady agzalanok, onuň ölüdigem, diridigem belli däl. Hywa hany bilen gadyrly gatnaşykda bolup ýören, gazanan ýeňşi uly dabaralara dolup beýan edilýän adam barada ýüze çykan bu dymyşlygyň bir emmasy bardyr. Biziň pikirimizçe, onuň emmasy «han tarapyndan tussag edilýär, ahyrda hem öldürilýär» diýlen maglumatyň dogrulygy bolsun gerek. Ýene bir «emmaly dymyşlyk»: Gökleňleriň Hywa hanlygyna getirilip (1816 ý.), harby hereketlere gatnaşmadyk ýekeje ýyly ýok. Olar kä 40-50 atly bolup, käte tutuş goşuny düzüp söweşlere gatnaşypdyrlar, kä ýyl bolsa ownuk çapawulçylyga, alamançylyga gidipdirler... Mahlasy, Hywa taryhçylary Munisi bilen Agehini heýjana getirip, her ýylyň ýazgysynda «mynasyp orunlaryny» eýeläp gelipdirler. Ine, ýöne Agehiniň Haýdar hanyň adyny iň soňky ýatlaýan wagtyndan, ýagny 1844-nji ýylyň oktýabr aýyndan tä 1846-njy ýylyň oktýabryna çenli diňe tire serdarlary däl, eýsem-de bolsa tutuş gökleň taýpasy Hywanyň harby-syýasy «sahnasyna» gatnaşanok. Gaty geň ýagdaý. Özem ýönelige däl. Bu «boşlaňlyk» barada belli bir karara gelmezimizden öňürti S. Durdyýewiň Rahym Suhanow we Mämimurtdan eşiden gürrüňiniň aşakdaky jümlesini täzeden okalyň: «Haýdar han ölmezinden öň, ogluny çagyryp, oňa: «Men ölenimden soň, säginmän, ilaty al-da, öz ýurduňa gaýt. Indi size maza bermezler» diýýär. Gökleň taýpasynyň iki ýyllap Hywa hanynyň harby hereketlerine gatnaşmazlygy ýokarky ýagdaý bilen baglanyşyklydyr. Ýeri, onsoň Haýdar han öldürilenden soň, onuň ogly ildeşlerini alyp, öz ýurduna gaýdypmy? Şuny tassyklap biljek bir ýazgy bar. Agehi Muhammet Emin hanyň Gürgen, Garrygala sebitlerinde galan-gaçan gökleňleri Horezme alyp gelmek üçin Hudaýar biýi iberendigini, onuň 500 öýli gökleňi göçürip getirendigini (MITT. II t. S. 510-511) ýazypdyr. Şu maglumatyň tankydy garalmaly käbir taraplary bar. Ozaly bilen, Hudaýar biýiň göçürip getiren öýlisi 500 bolman, «Hywa harajatlary» dokumentinde ýazylyşy ýaly, 100 töweregi hojalyk bolmaly: «1263-nji ýylyň zul-hije aýynda (XI-XII, 1847 ý.) Atanyýaz mehrem bilen ýene gaýdyp gelen 104 gökleň maşgalasyna 10 batmandan (her hojalyga) – 1040 batman bugdaý berildi».8 Galyberse-de, Agehi gökleňleri Allaguly han döwründe (1837 ý.) göçürilen ilatdan çöpe-çöre siňip, Gürgende galan adamlar (20 müňdenem köpräk adam!) hökmünde häsiýetlendirýär. «Çöpe-çöre siňen adamlar» on ýyldan soň Hywa hanynyň ýadyna düşüşini diýsene! Aslynda, bu häsiýetnama nämä gerek bolduka? Mundan ozalky göçlerde şunuň ýaly düşündiriliş berilmeýärdi ahyryn. Biziň pikirimizçe, Agehiniň 1847-nji ýylda getirilen gökleňler barada aýratyn bir ýazan «taryhy» hakyky wakanyň üstüni örtmek – hanlyga gaýdyp gelen ilatyň ozalam Hywa hanlygynda oturanlygyny, haýsydyr bir ýagdaýlar sebäpli yzlaryna göçüp gidenligini gizlemek niýet bilen ýazypdyr. Emma «Hywa harajatyndaky» ýene gaýdyp gelen 104 gökleň maşgalasy...» diýen sözler Agehiniň gizlejek bolan hakykatynyň syryny açýar: ol gelen gökleňler ozal Köneürgençden Garrygala etrapyna göçüpdir, ýene-de «Olar Köneürgenç raýonynda ýaşaýan beýleki gökleňleriň arasyna göçüp geldiler».9 Ol syr nämeden ybarat? 1844-nji ýylyň oktýabry – 1846-njy ýylyň noýabry. Şu iki ýylyň içinde gökleň taýpasy harby hereketlere gatnaşanok, şu iki ýylyň içinde han ölüp, han çalşygy bolýar: Rahmankuly han 1845-nji ýylyň ahyrynda ölýär, 1846-njy ýylyň başlarynda Muhammet Emin tagta çykýar. Şu iki ýylyň içinde gökleňler Etrek-Gürgene göçýär we ýene Köneürgenje getirilýär, Haýdar han ýitirim bolýar. Şu wakalaryň birleşen logikasy Rahym Suhanow bilen Mämimurtdan alnan maglumatlaryň halkyň hakydasynda ýaşaýan taryhy faktlardygyny tassyklaýar. 1844-nji ýylyň oktýabr aýyndan soň, haýsydyr bir mesele Haýdar han bilen Rahymkuly hanyň arasyna tow düşüpdir. Gürrüňde aýdylyşy ýaly, Haýdar han tussag edilýär, soňam öldürilýär. Hanyň oglu-da kakasynyň pendini tutup, ildeşlerine baş bolýar-da, öz ýurduna göçüp gaýdýar. Agehiniň sözlerinden many çykarsak, gaýdanlar, takmynan, iki müň adam çemesi bolmaly. Bu göçüşlik 1845-nji ýylda bolýar. 1846-njy ýylda Muhammet Emin (Mädemin) tagta çykýar we Rahymkuly hanyň goýberen ýalňyşyny – gökleňli meseläni düzetmegiň aladasy bilen bolýar. Han göçen gökleňlere jähennem diýibem bilerdi welin, onuň syýasy-moral taraplary – beýleki türkmen taýpalaryna-da görelde bolmak howpy bardy. Onsuzam göçeniň göçüp, göçmedik gökleňleriň hem Haýdar hana edilen sütem üçin hanlygyň harby hereketlerinden çetde galyp durmagy ullakan syýasy ýitgidi, onuň propagandistik häsiýeti bardy. Bu bolsa, Hywa goşunynyň san taýdan azalmagyndan beteri-de, duşmanyň sanyny artdyrmak we ony öz üstüne öjükdirmek ýaly harby ýagdaýlara sapyp gidýärdi. Şol sebäbinden hem, Muhammet Emin «Haýdar hanyň ölümi düşünişilmezlikden bolan bir tötänlik. Beýle ýagdaýa öwrülip ýol berilmez» diýlen «etiket» bilen Hudaýar biýi uly goşuna baş edip, Gürgene ýollaýar, özi bolsa Hywada galan gökleňleriň arasynda şol sypaýy sözlerini «gezdirýär». Hudaýar biý iki müň adamdan ýüz töweregi öýlini göçürip yzyna getirip bilýär (Ol ýüz öýlem gelmese gelmezdi welin, Hudaýar biýiň agyr leşgerlerinden çekinen ilatyň han permanyny kabul edýänliginiň nyşany hökmünde gaýdypdyr). Şol ýüz töweregi öýli-de Muhammet Emin kanagatlandyrypdyr, çünki bu sähelçe hojalyk harby kuwwaty artdyrmak üçin däl-de, öňki ýagdaýy dikeltmek, ýagny Hywa hanlygy üçin syýasy-moral nukdaýnazardan ähmiýetlidir. Ine, Agehiniň şol ýagdaýy bolşy ýaly beýan etmän, onuň üstüni özge «taryh» bilen örtmegine iteren ýagdaý yzyna gaýdan göçüň hanlygyň abraýyna bolmadyk syýasy-ahlak mazmunlylygydyr. Şeýdibem, Haýdar hanyň serdarlyk eden Köneürgençdäki gökleňleri 1845-nji ýylda Garrygala sebitlerine göçüp gaýdýar. Şol gaýdanlaryň arasy bilen Zelili hem öz ýurduna dolanyp gelýär. Şunlukda, 1845-nji ýylda Zeliliniň ýesirlik durmuşy tamamlanýar, 1847-nji ýylda onuň hojalygy Hywa göçürilmändir. *** Bu ençeme ýyllaryň çen-takmyn gepler däldigini Zeliliniň Etrek-Gürgene dolanyp geleninden soňra oglunyň dünýä inendigini, bu wakanyň dile dolanmaga ejap edilýän hasap-hesibini ýatlasak, 1846-njy ýyldan has bärräk süýşmeli bolarys. Şu kemakyl maslahat bolmasa gerek. Çünki Hallybibi ejäniň gaýynatasy hem gaýynenesi barada beren gürrüňindäki ýagdaýlaryň logikasy şony salgy berýär. Hallybibi ejäniň aýtmagyna görä, «Zelili Hywadan ýesirlikden gelenden soň, Etrek boýunda ýaşapdyr. Ol ýere Eýran basybalyjylarynyň eden çozuşlarynyň birinde ýerli halk bilen birlikde, şahyr Zelili-de Garrygala gaçypdyr. Ol zordan aýalynyň elinden tutup, duşmanyň golundan sypypdyr. Onuň öý goşlary bilen bäş çuwal kitaby duşmana olja düşüpdir. Şondan soň Zelili 5 ýyla golaý Garrygalada ýaşap, soň ýene Etrege göçüp barypdyr»10. Hallybibi ejäniň gürrüňindäki «Ol zordan aýalynyň elinden tutup, duşmanyň golundan sypypdyr» diýlen pursata pikir bersek, är-aýalyň şol wagtlar sybyrgaý adamlar bolandygyny duýup bileris. Dogrudanam, Zeliliniň ilkinji gyzy 10-12 ýaşynda aradan çykypdyr, soňky iki gyzy bolsa ile gidenden soň ýogalypdyr. Mahlasy, ýagy dökülen döwürde syýdan aslyşýan çaga Nury ýeňňede ýok eken. Ýagy bolsa 1845-nji ýyldan, ýagny «Zelili Hywadan ýesirlikden gidenden soň» dökülýär. Muny nygtaýanymyzyň sebäbi, şahyryň kakasynyň at dakylany – Mämmetdöwlet dünýä inmeli. Onuň dünýä inmegi üçin, keminden 5-6 ýyl («Zelili 5 ýyla golaý Garrygalada ýaşap, soň ýene Etrege göçüp barýar») gerek. Şondan soňra-da perzendiniň dünýä inenini görendigini, Mämmetdöwlet alty aýlykka şahyryň aradan çykandygyny hasapda saklamalydyrys. Bu aýdylanlaryň üstüne, Zeliliniň tohumy Allaýar Gurbanowyň (ol – Graždanlyk urşunyň Gahrymany Allaýar Gurbanow) beren maglumatyny hem goşsak, «1846-njy ýylly» gürrüň sessiz-üýnsüz ortadan aýrylýar: «...Onuň kakasy Gurban aga 12 ýaşlaryndaka Zelilide okapdyr. Gurban aga bolsa, 72 ýaşap 1914-nji ýylda aradan çykypdyr». Allaýar Gurbanowyň bu maglumatyndaky sanlaryň hasabyny çykarsak, «1946-njy senäniň» nädogry çaklamadygy öz-özünden äşgär bolýar. Bu bir. Ikinjiden, Zeliliniň XIX asyryň ellinji ýyllarynyň başlarynda-da aýatda diridigini tassyklap, Amangül daýzadyr Hallybibi ejäniň salgy berýän seneleriniň «şahadatnama» ýazgysy derejedäki ynançly faktdygyna güwa geçýär. Ol ýazgy bolsa şundan ybarat: ZELILI 1852-NJI ÝYLDA ARADAN ÇYKYPDYR. _____________________________ 1 Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Golýazmalar fondy, Inw. 1611 (yzda diňe inw. № görkeziler). 2 Inw № 4080. 3 Inw № 809. 4 Şol ýerde. 5 Türkmen edebiýatynyň taryhy. III t. I k. A.: Ylym, 1977. 112 s. 6 Durdyýew S Gurbandurdy-Zelili. //Изв АН ТССР. Сер. общ. наук. 1959. № 4. 75 с. 7 Материалы по истории туркмен и Туркмении. II т. М–Л.: Изд. АН СССР, 1938. С. 497 (yzda–MITT.). 8 Sitata Ý. E. Bregeliň ýatlanan kitabyndan (198 s.) alyndy. 9 MITT. II t. S. 511. 10 Gökleňi S. (Durdyýew S.) Watançy şahyr Zeliliniň durmuşy we döredijilik ýoly. Diss. iş. A. 1962, 126 s.9 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||