HALYL KULYÝEWIÑ POEZIÝASY
Neşirýat bu ýumşy tabşyranda, juda ýokuş degýän ýowuz bir hakykata kaýyl bolmaly boldy. Onda-da ne ýowuzdy – onuň ýokdugyny boýun almalydy, ynanmalydy. Ynanybam bolanok… ýylgyryp öňüňden çykaýjak ýaly bolup dur. Köpleriň kalbynda şeýle duýgynyň ýatandygyny bilýän. Çünki ol – şeýleräk ýigitdi, aýnymyz öz poeziýasydy… Halyldy.
Halyl Kulyýewiň poeziýasy… Juda gysga, emma uly mazmuny özünde jemleýän bu sözler, nämesindendir, “halyly üzüm” diýlen ýaly bolup gulaga illýär. Bu duýgy şahyryň kämillige juda ir ýetişendiginden bolmagy mümkin. Gül-pürçükli baharyň setirlerde bark urup duranlygyndan bolsa-da bilmedik. Goşgularyň ymsyndyryjy tagamy, owadanlygy halyly üzüm kysym bolup, şeýle duýgy döredýän bolmagy-da ähtimal. Şolaryň birleşen bitewiligindenem bolup biler. Garaz, nämesindendigini anyk aýtmak kyn, bir zat belli-gulagymyz bizi aldanok:
Gaýalaryň gary eräp bir eýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
-Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.
Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi
(Uzak ýaşar bu üzümden dadanlar)
Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi:
-Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.
Hawa, Halyl Kulyýewiň poeziýasy halyly üzüme juda meňzeşdir: owadandyr, şirin, ymsyndyryjydyr… Arman şahyryň ömri-de halyly üzüme meňzeş ekeni.. Ýöne şahyr özüniň gysga ömründe juda uly manyly bir jümläni – “Halyl Kulyýewiň poeziýasy…” diýlen düşünjäni türkmen poeziýasyna, edebiýaty öwreniş ylmyna, okyjylar köpçüligine ýadygärlik goýmaga ýetişdi.
Halyl Kulyýewiň poeziýasy… Örän düşnükli, emma gunt düşen ýaly bu sözler hiç bir şahyra meňzemeýän alamatlary bilen göz öňüňe gelýär:
Mylaýymlyk, mähir – ine, Halyl Kulyýewiň poeziýasynyň häsiýetli alamaty. Şahyryň şygyrlary näme hakda oýlansa-da – goý, ol bizi Warryk batyr bilen tanyşdyrsyn, obalaryna aýlasyn, busajyk towşanyň gürrüňini etsin – tapawudy ýok, herki zadyň tebigatyna hormat, söýgi bilen dem alýar. Onuň mähri, mylaýymlygy ýapraklaryň arasyndan ýere düşýän apbasy ýaly yşrazlara meňzäp, setirleriň içinde ýaldyraşyp dur. Sözümiz ynamly bolar ýaly, bir goşgyny ýatlalyň: “Keýmirkörüň ýigitleriniň biri Warryk batyryň çowlugy Warrygyň hekaýaty”. Warryk batyr bize öňden tanyş, ol- rowaýatyň gahrymany. Goşgudaky Warryk hem agynjak babasy. Warryk batyr uruşdan medally gelipdir, “şinelem özüne tikilen”. Gyzlaryň: “Biý-ä ýigit bolaýypdyr edaly, Görsene, gyz, döşündäki medaly” diýen hyşy-wyşylar gulagyna degeninden “Birden üýtgäp gitdi Warrygyň haly, Sypaşdyrdy, döşündäki medaly”, şu hereketleriň logikasyny yzarlasaň, Warryk il oýnatgysy bolmaly, goşgy-da ýaňsy bilen tamamlanjak ýaly. Dogrudanam, Warryk göterim adam, şygryň soňlamasyna gezek gelende welin, çaklan çakyň çykanok. H.Kulyýewiň döredijilik edähedi – ynsany ynsanlyk sarpasyny saklamak, bitiren hyzmatyny hormatlamak bilen şygryň “jylawyny” özüne tarap burýar duruberýär. Şeýtmedik bolsa, onda ondan H. Kulyýew bolmazdy. Şeýdip şahyryň şekili şygra siňýär, şeýdip mähir “yşrazy” kemala gelýär, şygyr awtorynyň ullakan adamkärçiligini şeýdip görkezýär:
– Kellesine ok degeni çyn eken.
Gahryman bolupdyr bulamak bulap,
Bu üýtgeşik gülkä bolmady çydap…
Gülüň, gyzlar, gülüň!
Ýöne bir zady
Siziňem mazaly bilmegiňiz gerek.
Şol gün şöhratlandy Warrygyň ady:
Hüjüme başlady müňlere derek,
Onuň duzun iýen bir rota ýürek.
Elbetde bu düşündirişler şygryň ýüzüni doly açyp bilmez. Aslynda, on annotasiýadan şygry bir gezek okanyň on paý gowudyr. Şol sebäpdenem şahyryň mähirli goşgulary hakynda edilmeli ýokarky terz gürrüňlerden sowlup geçýäris. Olary okyjynyň öz ygtyýaryna bersek, öz mizany bilen agramyny ölçär.
Oňa derek başga zady aýtmaly. Sungat eserine akylam gerek, duýgam welin, barysynden beter adamkärçilik zerur. Şygryň jemgiýetçilik mazmuny, döredijilik keşbi şondan hasyl bolýar. Halylyň onlap goşgusynyň onlap bendi bilen ýokarky mysalyň üstüni ýetirmek mümkindir. Ýöne adamkärçilik hakdaky gürrüňde aýry-aýry goşgulary öňe tutsak adalatsyzlyk bolar, ýazan ähli eserini bolsa atlandyryp çykmagyň hajaty ýok. Bu meselede logika yzarlan ýagşy: goşgy gökden düşenok. Şahyr şygry ýüreginden, arzuw-isleginden, adamkärçiliginden ýasaýar. Hamyrmaýasyny durmuşyň akymyndan, jemgyýetçilik gurluşyndan alýar. Şol sebäbinden goşgularyň ählisi şahyryň özi ýaly ullakan adamkärçilikli, sarpaly, şonuň üçin bolsa gerek, Halyl Kulyýewiň goşgulary jemgyýetçilik gurluşymyzyň özi ýaly aýdyň pelsepeli, berk logikaly, ynamly:
Ony ýazan eller, gudratly eller!
Şolar dälmi, gyşy kowup ýaz eden.
…Şeýdip ol ýazgylar öçmezler, ýöne
Şeýdip olar ýazylmazam täzeden.
diýýän liriki gahrymanyň ynamyny öz düşünjäň hökmünde kabul edýärisiň. Dogrudanam, liriki gahrymanyň ol ynanjy obýektiw hakykatdan – SSKP-niň bütin ýer ýüzüne parahatçylygy gorap saklamak ugrunda alyp barýan işlerinden gelip çykýan netijedir. Ol sözler, Watany, parahatçlygy gorap saklamaga mydama taýýar sowet ýaşlarynyň liriki keşbini aňladýardy. Komsomol ýaşlygynyň şu belent ruhy, ynsanperwerligi, adamkärçiligi şahyryň soňky eseri – “Akar suw” atly poema çenli ýoluny dowam etdi. H.Kulyýewe komsomol şahyr diýilýänligi megerem şonuň üçindir.
Jemgyýetimiziň syýasy durmuşyny, mazmunyny ol sähra, bahar, asman, akar suw… sözler kysym bir näziklik bilen, ýürek bilen kabul edýärdi. Rewolusiýa onuň poeziýasyna liriki mazmuny – ynsanperwerligi, adalaty, hyjuwy mylaýymlygy bilen giripdi. Elbetde, ýokarky sözleri goşgy bentlerine salgylanyp berkidip bilerdik. Ýöne, barybir, ýeterlik bolmaz. Çünki şu şahyrana alamatlar Türkmenistan Lenin komsomly baýragynyň laurýaty Halyl Kulyýewiň bütin döredijilik biografiýasydyr. Tutuş biografiýany bolsa göçürip çykmak mümkin däl. Eliňizdäki kitap onuň doly şaýatnamasy bolup, ýokarky sözleriň hem dabara üçin aýdylmandygyna güwä geçse gerek.
Tebigylyk – ine, Halyl Kulyýewiň poeziýasy diýlende, göz öňüne gelýän ilkinji bir alamat.
“Tebigylyk” sözüniň iki manysy bar. Bir “tebigylyk” goşgynyň tebigata ýakynlygyny, ýene bir “tebigylyk” zannynyň ýasama däldigini aňladýar. Şahyryň şygyrlary şol sözüň iki “ýüküne-de” hötde gelýär. Peýzaž halaýanlara “Jeýhun ýollary”, “Daglaryň üstünden daglar görünýär”, “Mydamalyk galaly”, “Ugramak”, “Sähralar”, “Säher salamy”, “Derýalar”, “Däneşirde düşlenen gije”, “Sährada ýagyş ýagýar”, “Goja hem bahar”… ýaly goşgulary maslahat berip, kitabyň iň agyr “ýüküni” saldarlap göreliň.
Tebigylyk, birinjiden, şygyrlaryň leksikasynda, sintaksisinde duýulýar. Awtor goşgularyny nähilidir bir kaşaňja aňlatmalar bilen bezejek bolup azara galanok, oba adamlaryna mahsus sözleri şol bolşunda, adaty görnüşde alýar. Bu onuň utuşy. Adaty sözler “arhaizmmi”, “neoligizmmi” – oňa-da parh goýup duranok. Durmuşda ulanylýarmy – bolany şol. Bu-da şahyryň ikinji üstünligi:
– Essalawmaleýkim! Bir kilo köke.
Waleýkimessalam, “bir kilo köke!”
– Sag-aman ördüňmi,
Sag-amanlykmy?
– Özüňem arma-da, Mädemin kaka!
Munda hiç hili ýasamalyk, gep nokatlama ýok. Obalylaryň şu adaty gürrüňleri durmuşyň, edim-gylymlaryň tebigy, emosiýaly şekilidir. Tebigylyk ýygyndynyň süňňüne siňen häsiýet. Goşgulary okanyňda, özüňi oba adamlarynyň arasynda ýaly duýýarsyň, çagalykda eşiden sözleriňi üýtgeşik bir lezzet bilen diňleýärsiň, olaryň sözlem düzüş tilsimlerini geň galyp yzarlaýarsyň:
Haýwanlaň içinde senem bir jandar,
Hemmede-de san bar, sende-de san bar.
Ikinjiden ýygyndynyň ruhy tebigy. Liriki gahrymanyň dünýä öz düşünişi, öz garaýşy bar. Ol kimdir birine meňzejek bolup, hasydyr bi akylly aýdylan sözi bir ýol bilen “özleşdirjek” bolup durman, “bary bilen bazar edýär”, kä zähmet mugallymynyň keşbine girýär-de “eline pil alyp ýer agdarýar”, käte “guşlaryň derdini bile çekişip” säherlere salam ýollaýar, uýalaryň soragyna çykýar, okyjysyny “Şondan beter aýylganç zat barmykan, dökülip gutarsa ene gözýaşy?” diýip oýlandyrýar, adamlara adyllyk bilen baha kesýär:
Ýasa gelen garryja bir ýaşulyň
Ýeke özi galanmyşyn seretse,
Onsaň bu-da öwenmişin özüçe:
“Ogrujady, ogrujady, neresse…”
Ine, bu liriki gahrymanyň öz-özlügidir. Ýöne şu meselede bir ýagdaý hasaba alynmaly. Liriki gahrymanyň duýgulary, oýlanmalary, iş salyşýan wakalary şahyryň terjimehalyndan ýa-da diňe öz başyndan geçiren ýagdaýlaryndan habar berýän “hususy” eýeçiligi däldir. Ile dahylsyz zat nähili akylly, duýgyly ýazylan bolsa-da, M.Lermontow aýtmyşlaýyn “Biz ony diňlemek hem islemeýäris”. Emma şahyryň goşgulary özüni diňledýär. Çünki “Aýallara degişmede” öz ýüzümiz görünýär, “Ene hüwdüsinden” öz gulagymyz ganan, “Täze ýurtda” özümiz Kaşkynbaýyň gara çaýyny içdik, “1946-da” bolsa köpümiz kemsinipdik:
Menem nöker bu goşunuň içinde,
Hiç kimseden gaýra durman, elbetde.
Gygyrardym: “Gelýärler-ä, gelýärler…”
Emma welin gygyrardym bir çetde.
Şahyryň “öz-özlügi” şular ýaly umumy ýagdaýlara örklüdir, duýgudyr pikiriňi gozgap bilýän kakuwlaryň hiç bir şahyryňka çalym etmeýänligi üçin tebigydyr. Onsoňam söz oýnatmalaryň, aýry-aýry setrileriň hatyrasyna şahyryň goşgy ýazmanlygy hem ýaňky aýdylanlaryň üstüne goşmagymyz gerek. Goşgular ýazylmaly bolansoň, ýazylypdyr. Şol sebäpli her setiriň öz agramy, öz hyzmaty bar. Iň oňat ýeri olaryň “gyzaryp öňe çykýany-da ýok, garalyp yza galýany-da” – hemmesi deň hukukly, şygryň abraýyna şärik, hersi öz ýerinde derwaýys. Şu zatlar goşgulara siňen zehiniň tebigylygyndan bolsa gerek.
Lirizm, aýdyň pelsepe – ine, Halyl Kulyýewiň poeziýasy diýlende, göz öňüne gelýän häsiýetleriň ýene biri. Şygyr üçin ilkinji derwaýyslyk – lirizm, onsoň pikir diýen garaýyş awtoryň döredijilik pelsepesidi. Köp gezek jedel edenim ýadyma düşýär. Goşgular terjime edilende reňkleriň öçüşýändigi, lirizmiň solgunlaýandygy terjimeçiniň emelsizliginden diýip düşündirerdi. Ol hemişe ilkinji derwaýyslyk – lirizm diýen pikirinde galardy. Şahyryň şygyrlary-da şol pikirdedi, şol pikirinde-de galyp geldi:
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa,
Seni ýeke goýman – diýen sözüň bar.
Ýatlamalaň dumanyndan çykda gel,
Alyslardan alyslarda galaan ýar.
Söýgiň bilen derýa bolup joş-da gel,
Öňkiň ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel,
Gaýalardan gaýalara aşda gel,
Goja daglaň aňyrsynda galan ýar.
Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüň,
Her gün saňa garaşaryn intizar.
Gün doganda, gün içinden çyk-da gel,
Uzak ýollaň aňyrsynda galan ýar
Men henizem öňkim ýaly bisabyr,
Ýürek şindem öňküsi dek bikarar.
Uzak ýyllaň örtügini serp-de gel,
Uzak ýyllaň aňyrsynda galan ýar.
Süýjülik suwy başyňa çeken ýaly bir duýgy döredýän bu goşgyny şahyryň okaýşy gulagymdan gidenok. Her sözüni ýognasrak sesi bilen däne-däne edip aýdardy. Uzaklara bir ýerlere serederdi, hamala, nazaryny diken ugrunda gara daglar görünýän ýaly, aňyrsyndan gün göterilip barýan ýaly, kimdir biri günüň içinden çykyp gelýän ýaly… Bu goşgyny näçe gezek diňlänim ýadyma düşenok. Ýöne näme üçindir irigip bilemok, soň-soňlaram telim gezek okadym. Häzirem, näme üçindir, şygry dolulygyna göçürenimizi kem görmedik. Bu jady, belki, şygryň ýüregi böwsüp çykanlygyndandyr, lirizmindendir. Aslynda, awtory adykdyran lirizmdi. Şu häsiýet Halylyň poeziýasynyň ilkinji ädimlerinden başlanypdy:
Aýdylmadyk sözler bilen ulalyp,
Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men.
Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi,
Ýasadym olardan ajap aýdym men.
Şeýle goşgulary ýene okasyň gelýär, ýene ýazlymagyny isleýärsiň. Şahyr okyjylaryň islegini öz wagtynda duýupdy, “Uniwersitet ýyllary”, “Bahar buşlukçysy”, “Seniň aýdymyň”, “Hemişelik galaly”, “Ykbal”, “Gündogar bulwary” ýaly ýene ajaýyp goşgulary ýazdy. Göwnümiz bitdi. Şeýdip döredijilik taplandy, şeýdip talant turuwbaşdan özüni ykrar etdirýär, birhili, halyly üzümiň bişişi ýaly. Halyl
Kulyýewiň edebiýata gelşi bu görnüşde gözümizde galypdyr.
Lirizmem hil-hil. Şahryň lirizmi özüniň akyly, romantikasy, näzik dünýewiligi bilen imrindirýär. Ýogsa, Halyl Kulyýewiň “Daň agarýar”, “Säher salamy” ýygyndylarynyň gozgaýan mesleleri kommunstik partiýa, Oktýabr, komsomol, ýaşlyk, söýgi, uruş, parahatçylyk, nesiller, ýollar, derýalar, daglar. Görnüşi ýaly, temalar hemmä gyradeň – ortalyk, emma ruhy hususy. Bu kämillikden nyşan:
Ýene nurun seçdi sansyz yşyklar,
Ýene öwşün atdy Gündogar bulwar.
Gysmyljyrap otyr juwan aşyklar,
Hersiniň elinde bir desse gül bar.
Hemme zat adaty, aýdyň: bahar gülleri, bulwarlar, aşyklar, ýaşlyk – gulagymyzyň ganan sözleri. H.Kulyýew şu endige öwrülen sözleri şeýle bir “ýugrup ýasady” welin, olaryň agramly, emosiýaly, hyjuwly sözlerdigini aňşyrmanlgymyza oturyplar geň galýarys. Olar saňa ýyllar bilen üsti örtülen näzik duýgularyňy mähir-muhabbetden doly pynhan söhbetleriňi gaýtaryp berýär, dünýewi pelsepesi bolsa durmuşa, ömre bolan yhlasyň näzik owazy bolup kalbyňa damýar, şygyr düzmegiň göreldesini görkezýär. Ine, şular ýaly poeziýa mugallym şahyrçylyk diýilýär.
Biz ýokarky bendiň haýsy goşgudan alnandygyny aýtmandyk . Şahyryň diňe bir eseriniň däl, eýsem döredijiliginiň agramly böleginiň umumy temalary gozgap, umumy bolmadyk “hususy” şygyrlardan düzülýändigini nygtamak üçin tutuş poeziýasynyň ýaşlara sapak berip biljekdigini ýaňzytmak üçin şol şöhratly “Gündogar bulwary” goşgynyň adyny tutmadyk. H. Kulyýew uniwersitetde edebiýat teoriýasyndan okadýardy, ondan sapak alanlaryň birentegi atly ýazyjy-şahyr, ussat pedagoglar bolup ýetişdi. Alym şahyryň “Edebiýat teoriýasyny” indi goşgulary dowam edýär.
H.Kulyýew seýrek ýazýardy. Olam talapkärligindendi. Talapkärligi üçinem goşgulary saýhally, bir-birinden tapawutly. Şeýle bolansoňam “köne” temalar täze lybasly görünýärdi.
Şahyryň pedagogik kesbini dowam edýän poeziýasynyň özboluşly şekilleri hakda ýene-de birentek gürrüň etmek bolardy. Çünki şahyrana indiwiduallyk birki häsiýetiň jemi bolman, ol birgiden çeper nysaklaryň, hadysalary obrazly kabul ediş endikleriň, galyberse-de, şol zartlaryň hamyrmaýasy bolup duran ideýa-tematiki eňňidiň hasyl edýän zadydyr. Bu zatlar ýerli-ýatakly edilmeli gürrüňler. Oňa derek, okyjym elindäki kitaba sarp eden wagtyna ökünmez, Jeýhunyň köwlen kenarynyň pagşyldysy bilen, sallançak üwreýän hüwdüler bilen, säherler saýraýan guşlaryň sesi bilen, menzil söküp gelýän akarsuw bilen ýadawlygyny “ýuwup” bilse gerek diýip aýdyp bileris. Bu sözler ündew däl. Ýygyndynyň bolşy şeýle.
Ýygynda “Güneş” diýip at goýuldy. Halylyň özi üçünji kitabyna şeýle at dakylmagyny isleýärdi. “Daň agardy, säher salamlaşdyk, indem Gün dogaýsa, onsoň çynymy edip işlejek, häzir ala-sölelikde ýazmaly bolýar” diyip gülerdi. Oýun oýun ýerinde welin, aňyrsynda çynlakaý many ýatyrdy: “Daň agarýar”- “Säher salamy”-“Güneş”. Bu yzygiderlik şahyr kämilliginiň obrazly basgançaklaryny aňlatmalydy. Hawa, onsoň indiki ýygyndysyna “Güneş” at goýup, ony neşire taýynlamagyň höwesi bilen ýaşap ýörkä-de neresse şeýle boldy…
Ýygynda şahyryň döreden goşgularynyň agramly bölegi girizildi. Kitap neşire taýynlanyp ýörkä, şahyr Mämmet Seýidow bilen hem maslahat edildi. Olam mümkin boldugyndan şygylaryň ählisini girizmegi maslahat berdi. Şeýle hem edildi. Käbir şygyryň Halyl Kulyýewiň döredijilik mümkinçiliginden, okyjylaryň ony tanaýyşyndan pesräk görünmegi-de mümkindir. Çünki ýygyndy şahyryň irräk ýyllarda döreden, ýene birneme sünnälenmeli, emma işlemäge ýetişmedik goşgularyny-da özünde jemleýär. Özi beýtmese-de beýtmezdi. Birentegini täzeden işlärdi, sünnälärdi, “Güneş” atly poemasyny gaýtadan gözden geçirmegiň hyýalyndady. Wagty-salymy bilen täze-täze bölümler girizmekçidi. Ol diýeni bolmady. Indi, näme, pursat aňtap oturmaga ýagdaý ýok, garaşanyň bilenem hiç zat üýtgejek däl.
Ýygyndy dört bölümden ybarat: Birinji we ikinji bölümler “Daň agarýar”, “Säher salamy” atly kitaplardaky goşgulary özünde jemleýär, “Güneş” atly üçünji bölüme heniz özbaşdak kitapça edilip çap edilmedik goşgular girizilip, ýazylan ýyllarynyň tertibine görä ýerleşdirildi. Ahyrky bölümi şahyryň poemalary düzýär. Ýene bir ýagdaýdan okyjyny habarly etmeli: Bolşundanam gowy ediljek bolnup ýa-da başgarak bir maksatdan ugur alnyp, şahyryň şygyrlaryna galam urulmady. Halylyň goşgulary özbolşunda, öz şekilinde çap edilýär. Onuň öz bolşy bolsa, biziň pikirimizçe, halyly üzüm ýalydyr, ajaýyp bir ýadygärlikdir. Ol ýadygärlik – Halyl Kulyýewiň poeziýasy…
Gurbandurdy GELDIÝEW,
professor.
Edebi tankyt