02:28 Bu owaz | |
BU OWAZ
Goşgular
Süýji günler bolar, kyn günler bolar. Bolman bilmez, sebäp adamdyryn men. Bir alajy bolar, düýbi düz bolar, Namut edilmesem şol aýdymdan men. Tumşuk diýen zadyñ diñe görk üçin Berilmänini hergiz unudyp bolmaz. "Sebäpsiz ganamaz ol heran-haçan, Eger-de ýañlanyp dursa bu owaz". Sada çagalygyñ gulagy gandy, Çal beýni bekedi şeýle söz bilen. Nähak ýumruk derdi, ýöne ynandy, Ynamyn örkeldi şol owaz bilen. Göz berildi görmä, sözlemäge - dil, Kör, lal bolmagyñ-da mümkin kä ýerde. "Ýok, ýok, beýle "mümkin", asla mümkin däl, Bu owaz ýañlanyp dursa eger-de" Akyl-huş berlipdir. Kä hal, kä ýerde Gabynda saklasañ peýdadyr, balym. "Gapdan çykmajagyñ gabam gerek däl, Iki doguljakmyñ, päheý-de welin..." Kämillik añyna şeýle guýuldy, Şeýle tälim şol owazdan ýetendir. Kakabaş diýildi, gorsaw diýildi, Ysnat dilden, boş agyzdan ýetendir. Şu hasapdan ýörär ömrüñ galany. Diñe şeýle bolar, başgaça bolmaz: "Şol owaz ýañ salyp dursa äleme, Eger-de ýañlanyp dursa şol owaz". Şondan hemaýatly meniñ kimim bar, Şondan adalatly seniñ kimiñ bar. Şondan sahawatly onuñ kimi bar. Bu beýik Watanmyñ adyn göterýän, Meniñ, senin, onuñ, çäksiz ülkämiñ Ak dañyn atyrýan Beýik gimn bar. Gurbandurdy GELDIÝEW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1987 ý. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |