20:16 Buşlukçy | |
BUŞLUKÇY
Goşgular
Urgan saçyñ saga-sola yraýar, Çöşläp tellerini ýalaýar şemal. Gabagyñ galdyrman, parhsyzsyraýañ, Ak öýmäñi maña bulaýar şemal. Dodakda, kä garyş boýy aşakda, Dolaşyp, galtaşyp ülpüldeýär gül. Sen oýlanan bolýañ başga zat hakda, Seni ümläp, maña gol bulaýar gül. Saýrap, owaz edip daş-töwerekde, Baş atyp, yşarat edişýär guşlar. Swn dymýarsyñ, ýöne joşly ýürekde, Saklap duran sözüñ äşgäri guşlar. Eliñdäki çemen, saýraýan guşlar, Şemallar galgadyp elwan öýmäñi. "Seni söýýär" diýip, maña buşlaýar, Sen bilmedik bolýañ söýýänligiñi. ▶ DAGLARYÑ Arly ýyllap gyşlar gyşlar başynda, Serinden sowulmaz gary daglaryñ. Ýagmyrly bulutlar düşlär döşünde, Gyşa uzar parç bahary daglaryñ. Gyşa uzap ýazlar ýazlar guşakda, Guşaklygy berk kemerli daglaryñ. Görogly beg erenlere duşanda, Gol göteren by keremli daglaryñ. Tomus toýlar eteginde, ýatlakda, Akar ýaýlagyna deri daglaryñ. Küý-köşesi, aladasy aýakda, Aýagynda agyr ili daglaryñ. Baş-aýagy sowuk-ýyly, bil-aram, Bakylygnyñ ýalñyz syry daglaryñ. Özüni bilenler görelde alar, Bilmedige bolmaz käri daglaryñ. Başynda gar saklar, döşünde bulut, Iline bagş eder nury daglarym. Biziñ ilde ýaşamasañ dag bolup, Ýoluñ baglar erenleri daglaryñ. Gurbandurdy GELDIÝEW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |