00:27 Soýuz ähmiýetli pensioner: Akmämmet Saryýew | |
SOÝUZ ÄHMIÝETLI PENSIONER
Taryhy şahslar
Çagalykda barly adamlaryň gapysynda batrakçylyk eden Akmämmet 1925-nji ýylda Köşüdäki oba hojalyk tehnikumyna okuwa girýär. Ony 1930-njy ýylda tamamlaýar. Şo ýylam Aşgabatda oba hojalyk instituty açylýar. Onuň tehnikumda bile okan ýoldaşlarynyň bäşisi täze açylan Instituta okuwa kabul edilýär. – Tehnikumyň soňky kursunda okap ýörkäm, üç aýlap Kerkä agrotehnik edilip önümçilik praktikasyna iberdiler. Şo wagtlar partiýanyň Kerki okrujkomynyň sekretaram Annaguly Artykowdy. Çekir, Garaja, Gabasakgal oba şurasy bilen 21 kolhoza hyzmat etmeli. 150 sanam ýekebara hojalygy bar. Şeýle bir waka ýadyma düşýär. Fewral aýydy. Öwezgeldi Atabaýew Kerki okrugyna Orta Aziýa býurosynyň upolnomoçennysy bolup geldi. Ol şol wagt Daşkentde ýüpekçilik ugrundan işleýän ekeni. Oba şurasynyň ýanynda bir baýdan galan jaý bardy. Ol şo ýerde aýaly bilen ýaşady. Rus aýalydy. Ýogsam, şäherde ýaşasa-da boljakdy welin, ol beýtmedi. Ol gije-gündiz biziň ýanymyzda boldy. Men onuň oba hojalygyndan baş çykaryşyna haýranlar galdym. Özem ýynaklarda çykyş edip, bize köp zatlary öwredýärdi. Şo döwürräkde Bosaga-Kerki kanaly hem açyldy. Ýöne şu ýerde bellemeli bir zat, olam kanaldan birbada suwy goly akdyryp bilmedik. Köne ýaplardan suw almaly bolduk. Kynçylyk baryny görkezendir. Öwezgeldi Atabaýewem, Annaguly Artykowam bu kynçylyklary ýeňip geçmäge bize kömek baryny berdiler. Ýene bir waka hakda aýdasym gelýär. Ol Gaýgysyz Atabaýew bilen baglanyşykly. Ol bir gezek raýona gelip, Kerkide ýygnak geçirdi. Okrugda ýeke-täk MTS bardy. Oňam direktoryna Samohwalow diýýärdiler. Gowy adamdy. Agronomyna Aleksandr Naumowiç Kogan diýýärdiler. Hemmesi tejribeli agronomdy. Atabaýew ýygnakda rusça çykyş etdi. Öňümizde birtopar wezipe goýdy. Çykyşynyň ahyrynda Atabaýew bir gülkünç wakanam bize gürrüň berdi. «MTS ýaramaz işleýä» diýip, Samohwalowa Kerki raýkomy bir käýinç, Gyzylaýak raýkomy bir käýinç beripdir. Çarşaňňy, Hojambaz rankomlary hem hersi bir käýinç berýär. Olam Kerkä gelip, öz orunbasaryna, agronomlaryna käýinç berýär. Atabaýew muny bize gürrüň berip, «Beýle iş stilinden el çekmek gerek» diýip, berk tabşyrdy. Institutda okap ýörkäm, 1931-nji ýylda Saýat raýonynyň Çekiç obasynda alty aý agrotehnik bolup işledim. 32-de ýene gitdim. Ine, şol günleriň birinde seýalka bilen gowaça ekdirip ýorduk. Ýalňyşmasam, aprel aýy bolsa gerek. Bir maşyn gelip, deňimizde saklandy. Iliç adyndaky kolhozda. Görsek, Atabaýew. Ýanynda-da raýkomyň birinji sekretary Durdyýew bar. Olar gelip biziň bilen salamlaşdylar. Atabaýewiň özi ýaltanman – zat etmän, ýeke-ýekeden seýalkany barlady. Käýemedi. «Hili ýaramaz» diýmedi. Göwni ýetendir-dä. Durdyýew şondan soň Atabaýewe meni görkezip: – Saryýew, şu zonaň agronomy. Özem institutda okaýar – diýdi. Atabaýew maňa äňetdi-de: – Agronom, gowaçaň ekişini aňryk çekmäň. Hilini oňaryň – diýip, biziň bilen hoşlaşdy. Atabaýew bilen soňam bir gezek duşuşdyk. Ýalňyşmasam, otuz bäşinji ýyldy. Men instituty gutaryp, Kaganowiç raýonynda (häzirki Sakar raýonynda) işläp ýördüm. Gowaça ýekelenýän döwürdi. Şonda ýanymyza raýkomyň birinji sekretary Güseýinow bilen Atabaýew geldi. Görüşdik. Güseýinow meni görkezip: – Saryýew, özem instituty gutardy – diýip, meni tanyşdyrdy. Atabaýew: – Siz ýalak spesialist köp gerek – diýdi. – Näçe bolup instituty gutardysyz? – 33 adam – diýdim. – Näçesi türkmen? – Ýedisi. – Az – diýdi. Soňam – Gaýrat ediň, gaýrat ediň – diýeni şu günki ýaly ýadymda. Institutda dört ýarym ýyl okadyk. Tehnikumda rus diline gaty ökdeläpdik. Şonuň üçin institutda okanymyzda känbir kyn düşmedi. 1935-nji ýylyň fewralynda institutyň birinji goýberilişi boldy. Biziň fakultetimiz pagtaçylyk ugrundandy. Şu mynasybetli ýer işleri halk komissary Gurban Sähedow bizi kabinetine çagyrdy. Ýanynda-da orunbasary Zahar Bogdanowiç Kasparow, hemem baş spesialistler Kulakow, Swetlow dagy otyrdy. Halk komissary bizi instituty tamamlamagymyz bilen gutlady. Köp sargytlar etdi. Biziň üçimiz Çärjew topar raýonlaryna işe iberildik. Meni Kaganowiç raýonynyň ýer bölüminiň baş agronomlygyna, gazanjykly Goňur Töräýewi Saýat raýonynyň ýer bölüminiň baş agronomlygyna, mäneli Mämmet Gurthanow Darganata işe iberildi. Haý diýmänem, apreliň aýagynda ýola düşdük. Iberilen raýonymda men üç ýyl işledim. Raýonda 61 kolhoz bardy. Ekýän pagtamyz kän däl. Gowaça ekilýän ýer bäş müň gektar. 8 sentnerden hasyl bermeli diýilýärdi. 35-nji ýylda biziň raýonymyz 17 sentnerden hasyl berdi. Artykmaç ekmek diýilýän zat ýokdy. Ine, şu ýerde bir zady ýatlamaly. Raýonymyzda iki MTS bardy. Bir-ä Sakar MTS-idi. O ýerde agronom bolup işleýän Öwez Baýramow diýilýän ýigit hem instituty gutarypdy. Hemme taraplaýyn sowatly agronomdy. Onsoňam raýonymyzda 8 sany agyr uçastok bardy. Ol MTS-de 4-si, bärde-de 4-si bardy. Dik durup işlenildi. Pagta hakda edilýän alada uludy. Her ýyl güýz aýlary brigadirleri, zwenowodlary, kolhoz başlyklaryny ýörite okadardyk. Aradan kän wagt geçmänkä meni raýispolkomyň çlenligine saýladylar. Şo ýyl Moskwada türkmen pagtaçylaryny partiýa we hökümet ýolbaşçylary kabul etdi. Şo delegasiýanyň hatarynda menem Moskwa gitdim. Şo ýyl respublika 175 müň tonna töweregi pagtany Watana tabşyrypdy. Plan artykmajy bilen ýerine ýetirildi. Bu uly üstünlikdi. Ine, 33 adam bolup, Moskwa ýola düşdük. Ýa. Popok öz wagony bilen, G. Atabaýew hem öz wagony bilen. TSSR MIK-niň başlygynyň orunbasary G. Atamyradow, TSSR MIK-niň sekretary H. Atabaýew, ýer işleri halk komissary Gurban Sähedow, kolhoz başlygy Aga Ýusup Aly, Çärjewden Halturin adyndaky kolhozyň başlygy Açyl Mürzäýew ýadymda. Dokma fabriginden Atamyrat Durdyýew, başga-da öňdebaryjylar bardy. Ýolda palaw bişirdip Popok, Atabaýew dagy bizi öz wagonlaryna myhmançylyga çagyrýardylar. Uzak ýoluň argynlygyny duýman Moskwa bardyk. O ýerde-de Nowokudrinskaýa köçesinde ýaşadyk. 4-nji dekabrda täjikler bilen türkmenleri kabul etdiler. Şo duşuşyga bagyşlanyp kitap hem çykaryldy. Kabul edişlik dört sagada çekdi. Aga Ýusup Aly, Ene Geldiýewa. Sylap Garrybaýew dagy çykyş etdi. Täjiklerdenem çykyş etdiler. Lahuti goşgy okady. Sylag berdiler. Kime sagat, kime patefon. Duşuşykda biziň halk komissarymyz Gurban Sähedowa uly baha berdiler. Gelensoň Atabaýewiň orunbasarlygyna bellediler. Maňa 24-nji nomerli Hormat Nyşany ordenini Mihail Iwanowiç Kalininiň hut özi gowşurdy. Popok, Atabaýew dagy Lenin ordeni bilen sylaglanyldy. Moskwada fabriklere aýlandyk. Leningrada, Gorkä gezelenje äkitdiler. Reutowo fabrigine, «Krasnaýa nity», «Trehgornaýa manufaktura» aýlandyk. Her gezek gidemizde Atabaýew, Popok ýanymyza gelýärdi. Şonda Atabaýew: — Saryýew terjimeçi bor – diýýärdi. Atabaýewi 1936-njy ýylda-da bir gördüm. Olam iň soňky sapar görşüm boldy. 1937-nji ýylda Aşgabada işe gaýtdym. Ýer işleri halk komissarlygynda inspektor bolup işe başladym. Tutha-tutluk başlandy. Men gaýdamda Kaganowiç raýkomynyň birinji sekretary Bozagan Durdyýewem türmä basypdyrlar. Onuň üstüne alty-ýedi güne ýöňkelipdir. Aşgabat türmesindemi ýa-da Çärjew türmesinde, bilemok, ol NKWD-niň halk komissarynyň adyna hat ýazypdyr. «Men günäkärmi ýa-da ýok. Saryýewdenem sorap görüň» diýipdir. Meni şondan soň üç gezek dagy NKWD çagyrdylar. Oňa atylýan günä näme? «Gowaçalara joýalap suw tutmaň», «Gowaçan çigidi ýaramaz bolsa-da ekiberiň» diýip görkezme berenmiş. Ýygnaga çagyrylan adamlar ýygnanansoň, ählisini kowýarmyş. Moral taýdan bozukmyş. Aý, garaz birtopar günä ýüklenýä-dä. Men şonda NKWD-niň sülçüsine ýazmaça hat berip, şonuň biriniň hem hakykata laýyk gelmeýändigine kepil geçdim. Bir gün gijara, oktýabr bolsa gerek, işläp otyrdym. Gapydan Bozagan Durdyýew girdi. Horlanypdyr. Tanar ýaly däl. Gele-gelmäşe meni gujaklady. Alkyş okamaga durdy. Dogrusyny aýtsam, şo pursat ikimizem bozuldyk. Terjimehalyndan setirler. Akmämmet Saryýew 1937-nji ýylyň 8-nji sentýabryndan 14-nji noýabryna çenli Ýer işleri halk komissarlygynyň pagtaçylyk uprawleniýesinde alym-inspektor wezipesinde işleýär. 1937-nji ýylyň 14-nji noýabrynda TSSR Merkezi Ispolnitel Komiteti A. Saryýewi TSSR ýer işleri halk komissary wezipesine belleýär. Şol ýylam ol 1-nji çagyrylyş SSSR Ýokary Sowetiniň Milletler Sowetine deputat, 1938-nji ýylda hem 1-nji çagyrylyş TSSR Ýokary Sowetine deputat saýlanylýar. 1939-njy ýylyň iýunynda kandidatlykdan partiýa hataryna çlenlige kabul edilýär. 1939-njy ýylda TK(b)P-niň 12 gurultaýynda TK(b)P MK-nyň çlenligine saýlanylýar. 1943-nji ýylyň 6-njy iýunynda TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasarlygyna bellenýär. 1944-nji ýylyň 16-njy iýunynda bolsa TK(b)P MK-nyň sekretarynyň maldarçylyk boýunça orunbasary wezipesine işe geçirýärler. Ol bu wezipede 1947-nji ýylyň ýanwaryna çenli işleýär. Şol ýylyň fewralynda ol II çagyrylyş TSSR Ýokary Sowetiniň deputatlygyna saýlanýar. Soň ol SSKP MK-nyň Ýokary partiýa mekdebiniň ýanyndaky ýolbaşçy işgärleriň 9 aýlyk kursuna okuwa iberilýär. — 47-iň ahyrlarynda Moskwada kursy gutaryp, Aşgabada geldim, üç wezipe hödürlediler. Mary obkomynyň birinji sekretarlygy, Daşhowuz obkomynyň ikinji sekretarlygy hemem tokaý hojalygy ministri. Üçüsinden birini saýlamaly. Uly oglum: «Kaka ministr bolaý» diýýär degşip. Menem “Haýsy iş bolsa tapawudy ýok» diýip garaşyp ýörün. Bir günem yzymdan “ZIM” maşyny geldi. Şaja Batyrow öz maşynyny iberipdir. Gelen adam: «Ýoldaş Batyrow size garaşýar» – diýdi. Merkezi Komitete bardym. Birinji sekretaryň kabinetine girdim. Şaja Batyrow meniň girenimi görüp, ýerinden turup, maňa tarap ýöneldi. Gyzgyn görüşdi-de: «Saryýew, gutlaýaryn, dorogoý» – diýdi Oturanymyzdan soň BK(b)P MK-nyň kararyny öňüme süýşürdi. Bu kararda meniň TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlyklygyna bellenýändigim hakda aýdylýardy... Bu wezipede Akmämmet Saryýew on iki ýyl işledi. Şu döwrüň içinde respublikamyzda dürli wakalar bolup geçdi. Aşgabat ýer titremesi. Baş türkmen kanaly, Türkmenistanyň Moskwadaky medeniýet günleri. Türkmenistana Lenin orderiniň gowşurylmagy... – SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygynyň orunbasary hökmünde Moskwada bir ýarym aýlap işlemeli bolýardy. Şwernik bilen dört ýyl, Woroşilow bilen hem sekiz ýyl işleşdim. Her üç günden Prezidiuma arza-şikaýat bilen gelýän adamlary kabul etmeli bolýardym. Olar Soýuzymyzyň dürli künjeginden gelýän adamlardy. Azyndan ýedi-sekiz ilçini kabul edýärdik. Bir gezek Moskwada işläp otyrkam «wç» telefondan jan gelýär. Galdyrsam, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň sekretary Gorkin. Ol maňa Türkmenistanda iki sany adamyň nähak türmä basylandygyny habar berdi. «Anygyna ýetiň» diýdi. Şondan soň men işlerimi gutaryp, Aşgabada geldim. Bada-bat hukuk goraýyş organlarynyň ýolbaşçylaryny ýanyma çagyrdym. Nohur obasyndan iki sany adamyň töhmetçi hökmünde KPZ-de ýatyrylandygyny aýtdylar. Hally Baýnaýewem şo wagt Ýokary suduň başlygy. Ol maňa: – Ýoldaş Saryýew, olaň dokumentlerini maňa beriň. Ertir boşadarys. Ýöne günäsiz diýmeris. Çünki olary «basmaly» diýip, Aşgabat oblispolkomynyň ýolbaşçylary görkezme beripdir. Eger olary günäsiz hökmünde boşatsak, onda oblispolkomyň, ýolbaşçylaryny hem ýazgarmaly bolýarys – diýdi. Men oňa: – Kanun boýunça hereket ediň, ýöne günäsiz adamlara günä ýöňkäp, olary türmä basdyran bolsalar, oblispolkomdakylar bilenem berk gürleşeris – diýdim. Ol iki adam haýdan-haý boşadyldy. Şondan bäş – on ýyl geçirip, Nohura ýolum düşdi. Şol adamlaryň biri gabat gelip, maňa minnetdarlyk bildirdi. – Siz bolmadyk bolsaňyz, biz bumat nähak türmede oturmaly adamlar. Taňryýalkasyn- diýdi. Akmämmet aga 1955-nji ýylyň sentýabrynda Fransiýanyň Milli ýygnagynyň medalyna mynasyp bolýar. Bu hakda onuň arhiwinde şeýle hat saklanyp galypdyr: «Ýoldaş A.Saryýew. Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Fransiýanyň ilçihanasy tarapyndan bize gowşurylan Fransiýanyň Milli ýygnagynyň medalyny Size iberýärin. N.Pegow. 1955-nji ýylyň 11-nji oktýabry”. Fransiýanyň Milli ýygnagy bu medaly bilen SSSR Ýokary Sowetiniň palatalarynyň başlyklary A.P.Woronowy, W.T.Lasisi, şeýle hem N.A.Bulganini, W.M.Molotowy, M.W.Saburowy, N.S.Hruşýowy... sylaglapdy. Olaryň arasynda A. Saryýewiň hem bolmagy guwançlydy. Häzir biziň respublikamyzda SSKP-nyň XX gurultaýyna delegat bolup gatnaşanlardan az sanlyja adam galypdyr. Şolaryň biri hem Akmämmet Saryýew. – Bu gurultaýa ýöne ýerden taryhy gurultaý diýlenok. Gurultaýda Staline degişli materiallary biziň elimize berdiler. Hruşýow gurultaýda Staliniň eden-etdiliginiň üstüni açdy. Dogrusyny aýtsam, bu bizi serpmeden gaýdan ýaly etdi. Gurultaýdan soň Hruşýow respublikalardan gelen ýolbaşçylary öz daçasyna çagyrdy. Şonda biz – Suhan Babaýew, Balyş Öwezow hemem men çakylyga bardyk. Hruşýowyň daçasynda men soň ýene bir gezek boldum. Bu gezek ol SSSR Ministrler Sowetiniň başlygy wezipesine bellenmegi mynasybetli öz daçasyna çagyrdy. 1957-nji ýylda partiýanyň iýun Plenumyna hem gatnaşdym. Plenum üç günläp dowam etdi. Örän dartgynly ýagdaýda geçdi. Plenumdan öň SSKP MK-nyň Prezidiumynda Hruşýowy işinden boşatmak hakynda mesele gozgalan eken. Mejlisi Malenkow alyp barypdyr. Mesele ýiti goýlupdyr. Niýetleri ony oba hojalyk ministri, Suslowy bolsa medeniýet ministri edip geçirjek ekenler. Ahyry Hruşýow «Geliň, Plenum çagyralyň. Plenum nähili netijä gelse, men şoňa boýun» diýýär. Plenum başlandy. Prezidiumda Malenkow, Molotow, Mikoýan, Kuussinen, Bulganin, Hruşýow, Kaganowiç, Suslow, Woroşilow otyrlar. Plenumda mesele düýbünden başgaça boldy duruberdi. Çykyş eden ýoldaşlaryň hemmesi Hruşýowyň, tarapynda boldy. Malenkow, Molotow, Şepelýew we beýlekiler antipartiýa topary hökmünde ýazgaryldy. Woroşilow Plenumda çykyş edip ýalňyşandygyny boýun aldy. Ýogsam ol Prezidium geçirilende Molotowyň tarapynda ekeni. Molotow Plenumda çykyş etdi. Ol öz çykyşyny Hruşýowa garşy gönükdirdi. Beýik Watançylyk urşunda Kiýew faşistler tarapyndan eýelenendigi üçin Staliniň köp generallary atuwa höküm edendigini, şonda atylmaly adamlaryň arasynda Hruşýowyň hem bardygyny ýatlatdy. Ýöne ol hut özüniň Hruşýowi atuwdan alyp galandygyny, indem muňa ahmyr edýändigini çürt-kesik aýtdy. Plenum dartgynly ýagdaýda geçdi. Elbetde, ondan bäri otuz ýyldan gowrak wagt geçipdir. O wakalar hakynda indi merkezi gazet-žurnallarda gaty köp ýazylýar.. Akmämmet Saryýew TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy hökmünde Hindistanda, soňra Eýranda bolup geldi. Ona Jawaharlal Neru, Ho Şi Min, Sukarno, Çjou Enylaý, Moris Torez, Wilgelym Pik we beýleki görnükli döwlet işgärleri bilen birnäçe gezek ýakyndan söhbetdeş bolmak miýesser edýär. Ellinji ýyllaryň ortalarynda Aşgabada Hindistanyň premer-ministri Jawaharlal Neru geldi. Ýanynda hem gyzy Indira Gandi. Biz – Türkmenistanyň ýolbaşçylary olary Aşgabat aeroportynda güler ýüz bilen garşyladyk. Belent mertebeli myhman Aşgabatda uzak eglenmedi. Aeroportdanam ony ugradyp goýberdik. Şondan üç ýyl dagy geçensoň Sowet Soýuzynyň parlament delegasiýasynyň hatarynda Hindistana gitdim. Bizi – on bir sany SSSR Ýokary Sowetiniň deputatyny Delide Jawaharlal Neru kabul etdi. Meni şonda haýran galdyran zat Neruwyň ýatkeşligi boldy. Kabul edişlikde ol meniň adymy, familiýami tutup, Türkmenistan hakda soraşdyrdy. Aşgabadyň hem-de onuň adamlarynyň özünde gowy täsir galdyrandygyny gürrüň berdi. Şo wagtky Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň atlaryny tutup, olaryň saglygy, iş-aladalary bilen gyzyklandy. Hindistanda bolan ýigrimi bir günümiziň içinde Jawaharlal Neru wagtynyň çäklidigine garamazdan, bizi öz rezidensiýasynda üç gezek kabul etdi. Wetnam halkynyň beýik ogly Ho Şi Min bilenem birnäçe ýola duşuşdyk. Bir gezek ol biziň ýurdumyza gelende, men SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýärdim. Ony Prezidiumyň başlygy Woroşilow kabul etdi. Kabul edişlikde Prezidiumyň sekretary Gorkin, men we başga-da birki sany adam bardy. Ho Şi Min söhbetiniň başynda bize seretdi-de. – Siziň, prezidentiňiz Wetnama gelende men ony öýümde myhman aldym. Siz welin maňa özbaşyma bir uly jaý berdiňiz – diýip gülüşdirdi. Men şeýle pähim-paýhasly adamlar bilen duşuşdym. Söhbetdeş boldum. Munuň üçin men öz ykbalymdan gaty razy. 1958-nji ýylyň, ahyrynda Prezidiumyň başlygy wezipesinden başga işe geçirildim. Bir gün TKP MK-nyň birinji sekretary Balyş Öwezow bilen Ministrler Sowetiniň başlygy Annalyýew meni öz ýanlaryna çagyrdylar. – Saňa özbaşdak iş berjek – diýdiler. Tokaý hojalygy uprawleniýesiniň naçalnigi wezipesini hödürlediler. Allaberdi Berdiýew pensiýa gidýän ekeni. Haçan-da meni Prezidiumyň başlyklygyna geçirenlerinde-de menden öň şo wezipede Allaberdi Berdiýew işleýärdi. Ýolbaşçy wezipelerde köp ýyllap işlän bu adam respublika üçin köp hyzmat bitirdi. Ol kyrkynjy ýyllaryň başlarynda TK(b)P MK-nyň ikinji sekretary bolup hem işledi. Bäş ýyllap tokaý hojalygyna ýolbaşçylyk etdim. 1966-njy ýylda gözüm azar berip ugrady. Işläberseňem boljak welin, ýöne ýarpy-ýalta işlemäge-de wyždanym çatanok. Ýüregimi bire baglap, Balyş Öwezow bilen Annalyýewiň adyna arza ýazdym. – Işläber. Senden gowy kandidatura ýok – diýseler-de, men öz diýenimi tutdum. – Gözüm işletmäge goýanok – diýdim. Býuroda saglyk ýagdaýym sebäpli meniň haýyşymy kanagatlandyrdylar. Meň ýerime-de ozal oba hojalygy ministriniň orunbasary bolup işlän Georgiý Awanesowiç Ganiýansy bellediler. Şonda Ganiýans: «Akmämmet agany uprawleniýede goýuň» diýip haýyş etdi. Ministrler Sowetiniň başlygynyň orunbasary Buraşnikow bolsa meni özleri üçin diledi. Birinji sekretar: – Niçik görýäň? – diýip sorady. Pensiýa çykybam Ministrler Sowetiniň oba hojalyk bölüminde referant bolup bäş ýyl işledim. Elbetde, gazet makalasynda bu ýaşuly adamyň geçen uzak ömür ýoly hakda doly söhbet açmak mümkin däl. Heniz çaga wagty ata-eneden jyda düşüp, Tejende Aşyr baý bilen Ýemşik baýyň, Saragtda Nurberdi arçyn bilen Atda baýyň, Gyzylarbadyň Goç obasynda Bekdurdy işanyň batragy bolan Akmämmediň bagtyndan Sowet hökimeti diredi. Ýetim oglan bilimli, sowatly boldy. Yhlas bilen zähmet çekdi. Soň ýokary hökümet sylaglaryna mynasyp boldy. Ol respublikanyň prezidentligine çenli ösüp ýetişdi. Onuň aýaly Ejegyz Saryýewa-da ilkinji komsomol aktiwistkalarynyň biri. Ýokary bilimli filolog kommunist Ejegyz daýza köp ýyllap mugallymçylyk etdi, dürli edaralarda birkemsiz işledi. Häzir bolsa ol respublikan ähmiýetli pensiýa alýar. Olaryň gyzy Maral biologiýa ylymlarynyň kandidaty, ogullary Ýazly partiýa işgäri. Şu ýyl Akmämmet aganyň Kommunistik partiýanyň hatarynda duranlygyna elli ýyl doldy. Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Proletar raýkomy oňa «Elli ýyl SSKP-niň hatarynda duranlygy üçin» diýen nyşany gowşurdy. Segsen iki ýaşly Akmämmet Saryýew özüni şähdaçyk duýýar. – Ýurdumyzda häzir üýtgedip gurmak işi dowam edýär. Bu leninçilik syýasat halkyň göwnünden turdy Halkyň özi indi häkimiýeti dolandyrmaga işeňňir gatnaşýar. Bu meni begendirýär. Ýöne haçanda o ýerden - bu ýerden doganlyk dostluga dil ýetirilýän halatlary, milletçilige meýil edilýän pursatlar meni örän gynandyrýar. Pribaltika respublikalarynda bolup geçýän wakalary alyp göreli. Hamana bu respublikalar Sowet Soýuzyna zorluk bilen birleşdirilenmişin. Ol düýbünden galp pikir. Haçan-da Pribaltika respublikalary Sowet Soýuzynyň sostawyna girende men SSSR Ýokary Sowetiniň sessiýasyna gatnaşypdym. Men bu taryhy wakanyň janly şaýady. Şonda bu respublikalary ýüzlenmesinem, deklarasiýasyny hem öz gulagym bilen eşitdim. Olaryň wekilleriniň şo sessiýadaky joşgunly çykyşlaram ýadymda. Men TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy wezipesinde işlän döwürlerim ol respublikalaryň ýolbaşçylarynyň ençemesi bilen ýakyndan dostlaşdym. Litwanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Paleskis, Latwiýanyň Ministrler Sowetiniň başlygy Lasis, Estoniýanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Mýurisep bilen dostana gatnaşdyk. Men Mýurisep bilen kyrk ýedinji ýylda Moskwada dokuz aýlap bile bir gruppada okadym. Litwa halkynyň ýazyjy ogly Paleskis bir gezek maňa ýüzlenip: – Akmämmet Saryýewiç, meniň Turkmenistana aýlanyp görmek arzuwym bar – diýdi. Men ony Aşgabada myhmançylyga çagyrdym. Birnäçe günläp ol meniň öýümiň gadyrly myhmany boldy. Soň men ony Çärjew oblastyna aýladym. Türkmen ülkesi, onuň ýönekeý adamlary oňa biçak ýarady. Türkmenleriň bereketli saçagyna tagzym eden Paleskis, doganlyk-dostluga wepaly Lasis, meniň mähriban dostum, eston Mýurisep dagy häzir ýaşap ýören bolsa, öz halklaryna ýüzlenip: «Pähim-paýhasdan daş düşmäň. Akylyňyza aýlanyň. Biziň güýjümiz dogan-dostlukdadyr!» diýip aýgytly aýtjakdyklaryna men pugta ynanýaryn. Men bu gün ýurdumyzyň üstünde täze öwüsgin öwüsýärkä, öz mähriban halkyma ýüzlenip, şeýle diýmekçi: – Biz öz öýümiziň abatlygyny, ýurdumyzyň dynçlygyny isleýän bolsak, agzybirlige gol beriň. Her bolar-bolmazyň gepine gidip, Leniniň bize miras goýan doganlyk-dostlugyna çirk getirmäliň! 1989 ý. Sentýabr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |