SÖZÜÑ OÝNY
Sona daýza hemişekileri ýaly, daň atmanka oýandy. Agtyjaklary bolsa süýji ukuda ýatyrdylar. Uluja agtygy Gülnarjyk ukudan oýanan hem bolsa, düşekden turman diňşirgenip ýatyrdy. Şol wagt otagyň töründe duran telefon jyňňyrdady. Entek doly ukudan oýanyp ýetişmedik Gülnarjyk telefona ylgamaga howlukmady. Agtyjaklaryny jaň sesine ukudan oýarmajak bolup, Sona eje telefony alyp, pyşyrdap diýen ýaly gürleşdi:
— Hä, Maral gelin, senmi? Gurgun otyrmysyňyz? Agtyjaklarymam gowumy?
Gülnarjyk ýatan ýerinden jaň edýäniň gelnejesi Maraldygyny aňdy. «Gelnejem jigilerimi alyp, öýe geläýjekmikä?» diýip, öz ýanyndan pikirlenibem, enesiniň gürrüňlerini has dykgatly diňläp ugrady.
— Hä, hawa, şükür, ördüm, gelin, ördüm. Aý, ýok, entek çagalar ýatyr. Şolar turmanka aýak üs- tünden siziňkä baryp gaýdaýsam diýýän. Ejeleri şu wagt bir iş bilen-ä çykyp gidipdir. Geldigi ugramakçy. Hä, bolýa, onam alyp baraýaryn. Bolýa, sag oturyň onda...
Sona eje trubkany goýdy-da, ýene-de otagdan çykyp gitdi. Gülnarjyk bolsa ýatan ýerinden pikire çümdi: «Bä, enem bir zad-a örüpdir. Jigilerime ellik ýa-da jorap ören bolmaly, özem olary biz görmänkäk eltip gaýtjak bolýandyr».
Şondan kän wagt geçmänkä Gülnaryň ejesi Maýsa gelneje gelensoň, Sona eje kiçi gelniniňkä diýip çykyp gitdi. Maýsa gelneje otaga girenden çagalaryny oýarmak bilen boldy.
— Hany, besdir indi, turuň. Gülnar jan, sen-ä oýanypsyňam-a, jigileriňem turuzsaň bolmaýarmy?
Gülnarjyk turup-turman ejesine eşiden täzeligini aýdyp başlady:
— Enem Maral gelnejemiň çagalaryny bizden gowy görýär ekeni.
— Wiý, näme üçin beýle diýýäň? Eneň üçin siziň ähliňizem deň-ä. Sizem, olaram eneň agtyklary.
— Onda näme üçin enem bize däl-de, olara jorap örüp berýär?
Gülnarjyk eşiden zatlarynyň ählisini ejesine gür- rüň berdi. Maýsa gelneje gyzjagazynyň aýdanlaryny diňläp, hezil edip güldi-de, Sona ejäniň «Ördüm» diýen sözüniň manysyny çagalaryna düşündirdi.
Aradan kän wagt geçmänkä Sona daýza-da dolanyp geldi-de, ejeleriniň daşyna üýşüp oturan agtyjaklaryny görüp: «Balalarym, ördüňizmi sag- aman?» diýdi. Maýsa gelneje Sona ejäniň sözüne ýylgyranyny duýman galdy.
Sona daýza bolan wakany eşidip, agtyjaklaryny ýekän-ýekän bagryna basdy-da:
— Men siziň her biriňize hökman ellik örüp bererin — diýdi.
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 85-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Çagalar edebiýaty