12:35 SSSR nädip dargady? | |
SSSR NÄDIP DARGADY?
Taryhy makalalar
Komminizmi berkarar etmegi arzuwlaýan sosialistik jemgyýetleriñ bileleşigi bolan Sowet Sosialistik Soýuz Respublikalarynyñ (SSSR) doñy 1991-nji ýylda çözülmäge başlapdy. Az wagtyñ içinde bileleşigiñ hataryna girýän ýurtlaryñ agzy hersi bir tarapa bakdy we sosialistik ideýalardan ýüz dönderildi. Bütindünýä sosializminiñ merkezi bolan Russiýa ýañadandan adalatly jemgyýeti döretmegi maksat edinip kapitalizmiñ ýoluna düşdi. Häzir öñki Warşawa paktyny emele getirýän Gündogar Ýewropa ýurtlary sosializmiñ galyndylary bilen harçañlaşýan kapitallardan doldy. Öndüriji serişdeleriñ halka pida edilen jemgyýetinden multimilliarder pully "akgañlaryñ" oligarhiýasyna we mafiýa režimine geçildi. • Ýogsa-da, nädip birden-bire hemmeleriñ "bagtly", "adalatly" we "deñlikde" ýaşaýan ýurdy bolan SSSR dargadyka? Sowet häkimiýetiniñ dargamasynyñ sebäplerini ilki bilen sosializmi durmuşa geçirip bolmanlygyndan gözlemeli. Şeýle-de rus imperializminiñ ýabanylaşan günbatarlaşma we halkyñ sosialistik ideýalara taýýar däldigi hem şol esasy sebäpleriñ hataryna girýär. Sowet häkimiýetiniñ ýa-da sosialistik taglymatyñ hususy eýeçiligi we ýekebaralygy ýok etmegi problemalaryñ iñ başynda gelýär. "Hemmeler deñdir!" şygary astynda hususy eýeçiligiñ soñuna çykmaga we şahsyñ tapawutlylyklaryny jemgyýete kybap umumylaşdyrmaga üns berilmegi olaryñ iñ uly ýalñyşlygydyr. Adam - adam bolmazdan öñ kommunist bolmaga mejbur edilýärdi. Bu bolsa adamlaryñ "deñhukukly jemgyýeti" oñyn kabul etmegiñ tersine, ýadyrgamak bilen garşylamagyna sebäp bolýardy. Munuñ ilki bilen ruslarda däl-de, başga etniki toparlarda ýygy-ýygydan görülmegi hem rus diýdimzorlugynyñ aýdyñ subutnamasydyr. Hususyýetçiligi, ykdysady erkinligi we bäsdeşligi gadagan edendigi baradaky köpsanly tankydy bellikleri-de köp okaýansyñyz. Biz bolsa bu çaklañja makalamyzyñ dowamynda pelsepewi nukdaýnazardan çemeleşip, dargaýyşyñ kesgitlemesini bermäge synanşarys. Sowet häkimiýetiniñ ýok bolup gitmegi bilen adamzadyñ ýok bolmagynyñ arasynda birmeñzeş sebäpler bardyr. Olaryñ ikisi-de ynsan döredijiliginiñ pidasy boldy. Sowet dargaýyşynyñ birnäçe düýpli we dürli-dürli sebäpleri bar. Ýöne meseläniñ düýbüne seredilende, ähli problema adamyñ adam bolmaga açyk bolmanlygyndan gelip çykýar. Ýagny, adamlar o diýenem bir deñlikde ýaşamak islemändir diýjek bolýarys. Ukybyña görä öñe saýlanmak esasynda gurulan iş tertibiniñ we hususy eýeçiligiñ dowam edýän jemgyýetleri bular ýaly mejbury "deñhukukly deñsizligi" başdan geçirmändi. Şu kesgitleme dargaýyşyñ ähli taraplaryny görkezip biler: Adam şahsy hajatlaryny üpjün edip bolansoñ, aýratynlykda başga-başga zatlary edesi gelýär. Hususyýetçiligiñ şu babatdaky başlangyjy, ýagny hususyýetçiligiñ öndüriji häsiýeti sowetleri dargamaga tarap iterdi. Adamlar "deñhukukly jemgyýetde" fiziologik hajatlaryny üpjün edip bilenem bolsa, olar abzal däldigi üçin munuñ bilen çäklenmediler. Kommunistik agalyk býurokratiýanyñ mehanizmini döredip, adamlara şol mehanizmiñ aýry-aýry çarhy hökmünde garady. Emma çarhlar garaşylşy ýaly hereket etmedi. Adamlar adama mahsus dürli-dürliligi emele getirdi. Adam garny doýansoñ tüýsli-tüýsli zatlar edesi gelýär. XX asyra çenli adamlar esasan garynlaryny doýurmaga wagtlaryny sarp etdiler, XX asyryñ ikinji ýarymynda barha artýan bolçulyk netijesinde gereginden artyk öndürijilige ýol berildi. Hususanam bu bolçulyk we üpjünçilik syýasy durnuklylygy hem üpjün etdi. XX asyr syýasy gatnaşyklaryñ ylalaşyklar we kanunlar arkaly berkedilen döwri boldy. Biologik meseleler we parahatçylyk boýunça endişeler çözülensoñ SSSR-e zerurlyk duýulmady. Sosialistik häkimiýet şular ýaly endişeleriñ bar ýerinde rowaçlyk gazanyp biler, emma ösüp barýan we dert-aladanyñ ýok dünýäsinde onuñ hiç hili geregi ýok. • SSSR näme üçin dargady? Adamlar bol-elin we asuda durmuşda ýaşap başlanlarynda özlerine üns berip başlaýarlar. Dürli-dürli pikirleri döredýärler. Diñe ilden öñe saýlanmagyñ özem bol-elinlikde ýaşaýan adamyñ ilkinji islegleriniñ biridir. Şol sanda, gyradeñlikde ýaşamaga mejbur edilmegem dürli-dürliligi doly ortadan aýryp bilmändir. Sowet çinownikleri dünýä şindem ýeter-ýetmezlikde ýaşaýandyr öýdüp aşa köp azyk öndürdiler we adamyñ şahsy dürli-dürliligini ýok etdiler. "Deñ bolmak" adam bolmakdan öñe geçdi. Adam bolmak, ýagny tapawutlanmak, öñe saýlanmak ünsden düşürildi. Adalatsyz we garşydaşyny her edip-hesip edip ýok etmekden çekinmeýän kapitalistik dünýä hut şonuñ üçin ýeñiş gazandy. Maýa goýumlary populýar dinamikalary we tapawutlylyklary deñleşdirmäge sarp edilmedi. Gaýtam bulardan diñe peýdalandylar we ezdiler. Kapitalistik we sosialistik jemgyýetleriñ arasyndaky iñ ünsi çekiji mysal hem jinsi jalbarlar we günbatar medeniýetiniñ alamaty hasaplanýan rok sazydyr. Sowet häkimiýeti jinsi egin-eşik geýmegi gadagan edipdi. Sowet raýatlary estetiki isleglerini kanagatlandyrmak üçin bikanun ýollara baş urdular. Adamlar tapawutlylyga şeýle bir suwsadylar welin, jinsi, rok we "Mcdonalds" ýaly durmuşyña badak atyp biljek howp-hatarlara gorkman ymsynmaga başladylar. 2016. Doguhan Myrat ÝÜJEL. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||