00:22 Suhan Babaýew: Geçilen ýola ser salsaň... | |
SUHAN BABAÝEW: GEÇILEN ÝOLA SER SALSAŇ...
Ýatlamalar
Respublika ähmiýetli personal pensioner, partiýanyň weterany Suhan Babaýew häzir 79 ýaşynda. Ol 1910-njy ýylda Kakanyň Ýüzbaşy obasynda dünýä indi. Onuň çagalyk ýyllary ýetimçilikde geçdi. Sowet häkimiýeti ýetim oglana howandarlyk etdi. Uruşdan soňky ýyllarda ol Türkmenistan hökümetine baştutanlyk etdi. Ellinji ýyllarda TKP MK-nyň birinji sekretary wezipesinde işledi. Ol bitiren hyzmatlary üçin dört gezek Lenin ordeni, Zähmet Gyzyl Baýdak, «Hormat Nyşany» ordenleri we birnäçe medal bilen sylaglandy. *** – Suhan Babaýewiç, söhbetimizi oglanlyk ýyllaryňyzdan başlaýalyň! – Men 1922-nji ýyla çenli obada onuň-munuň düýesini, goýnuny bakdym. Men alty aýlykkam, kakam ýogalypdyr. Garry enem dört sany gyz doganymy batrakçylyk edip, eýdip-beýdip ekläpdir. Onsoň meni Kakanyň internadyna aldylar. Internatda bolanymyzda, komsomola girdim. Bir gün internadyň direktory gelip: «Biziň respublikamyza Kalinin geljekmiş. Kakanyň stansiýasynda düşüp, daýhanlar bilen, işçiler bilen salamlaşjakmyş. Pionerler ony garşylamaly» diýdi. Men pionerleriň wojatysydym, baryp stansiýada nyzama düzüldik. Hemmämiziň boýnumyzda gyzyl galstuk. Ak köýnekli. Otly gelip saklandy. Kalinin otludan düşdi. Ol çokga sakgally adam eken. Ýanynda-da bir aýal bardy. Düşüp hemmämiz bilen salamlaşdy. Onsoň ol biziň duran ýerimize bardy. Ilki meniň bilen elleşdi. Elleşdi-de, «rusça düşünýäňmi?» diýip sorady. Menem «Az-owlak bilýän» diýdim. Onsoň adymy, familiýamy bilip, nirede okaýanymy sorady. Men jogap berdim. «Nirede ýaşaýaň?» diýdi. Menem «internatda ýaşaýan» diýdim. «Ata-eneň barmy?» diýdi. Menem «Garry enem bilen dört sany gyz doganym bar. Başga hossarym ýok» diýdim. Soň Kalinini ugratdyk. Otly gitdi. Bizi, ýene 20–30 sany pioneri Aşgabada äkitdiler. «Duşuşyk boljak» diýdiler. Aşgabada geldik. Ploşadda Atabaýew, Aýtakow, hemme ýolbaşçylar bar. Men olaryň hiçisinem tanamok. Ploşadda gysgajyk miting boldy. Kaliniň çykyp gepledi. Biz şol gün yzymyza gaýtdyk. Soň bizi Kakadan Aşgabatdaky Aga Ilbaýew adyndaky internada geçirdiler. Şonda 5–6 aý bolduk. Bir gün klas ýolbaşçymyz bolan tatar oglan: «Biz magaryf halk komissary Pereňliýewiň ýanyna barmaly» diýdi. Ine, onsoň, alty sany oglany Halk komissarlygynyň häzirki Karl Marks köçesinde ýerleşýän jaýyna alyp bardy. Ol girdi. Bizem kabulhanada garaşdyk. Bäş minut çemesi geçensoň hemmämizi çagyrdy. Pereňliýew pes boýluja, garaýagyz, mylaýym adam eken. Ony - muny soraşdyransoň: «Siziň hemmäňizi Daşkende okuwa iberjek, 4 sanyňyzy inprosa, 2 sanyňyzy hem gidrotehnikuma iberjek» diýdi. Onsoň birsalym meniň ýüzüme seredip durdy-da: «Seni gidrotehnikuma iberjek. Ýoldaşyň bolsa, al ýanyňa» diýdi. Ugramaly wagtymyzy anyklanymyzdan soň, hoşlaşyp çykdyk. Menem öz içimden «gidrotehnik, gidrotehnik» diýip gaýtalaýan. Onuň nämedigini bilemok. Ýaňky ýolbaşçymyzdanam soraýan. «Gidrotehnik näme?» diýýän weli, olam durdy-durdy-da: «Şu suw ugry ýaly, suw bolaýmasa» diýdi. Bizi Daşkende iberdiler. Biz bu ýerde 30-njy ýylyň aýagyna çenli bolduk. Meniň bilen giden maryly oglandy. Hallyýew diýýärdiler. Ol şu wagtam bar. Okuwy gutaranymyzdan soň bize diplom berip, Türkmenistana ugratdylar. Aşgabada gelenimizde, bizi «Türkmen wodhozyň» başlygy Orlow kabul etdi. 1-nji Maý köçesinde edarasy bar eken. Maňa ol: «Şu ýerde, Aşgabatda galaýyň» diýdi. Men: “Aý, ýok, praktiki iş bolsa, şoňa iberiň» diýdim. Ikimizi Mara iberdiler. Maryda UMORS diýen edara bardy. Bardyk şoňa ikimizem. Men-ä Baýramala, Hallyýewem Türkmengala iberdiler. Bardym. Bir gün boldum, iki gün boldum. Wodhoza bardym. Wodhozyň naçalnigine Koleni diýýän ekenler. «Raýkoma gideli» diýdi. Popow diýip raýkomyň sekretary bar eken. Girdik, salamlaşdyk–zat etdik. Elimde hat. «Raýwodhozyň naçalnigi» diýip iberdiler. 10–15 minutdan soň ol «Birsalym çykyň, özümiz çagyrarys» diýdi. Býuro çlenleri bilen maslahat edendir-dä, onsoň bizi çagyrdylar. «Siziň heniz tejribäňiz ýok. Raýon bolsa uly. Şeýle pikire geldik: – Siz uçastkowoý bolup işläýseňiz» diýdi. Men aýtdym: «Özümem sorap duramok raýony, maňa uçastok bolsa-da tapawudy ýok. Ýöne UMORS-yň naçalnigine baryp aýdaýyn» - diýdim. Gelip onuň kabulhanasynda oturdym. Hanko diýibem naçalnigi bardy. Fýodor Iwanowiç. Gapysynda iki adam ýerleşer ýaly oturgyç bardy. Bir ýaşuly adam gelip, meň gapdalymda oturdy-da, kisesinden temmäki haltasyny çykardy. Gazetden bölüp aldy-da, çilim dolandy. Şu kükedip çekip dur. Men ýüzüme seretdi-de. «Ogul, sen nireden geldiň?» diýdi. «Aşgabatdan». «Näme üçin bu ýerde otyrsyň?». Menem oňa Baýramalyda bolan işi gürrüň berdim. «Ogul, sen azajyk garaş. Men gireýin» diýdi. Girensoň, 10 minutdan meni ýanlaryna çagyrdylar. Egrigüzer diýip, Marynyň edil 4 kilometr aşak ýanynda bir bent bar. Ol şony gurýan eken. Prorab. Ýaňky «Fýodor Iwanowiç, şu ýigidi maňa bersene?» diýdi. Olam «Baş üstüne. Eger özi gitse» diýdi. Menden «Gitjekmi?» diýip sorady. «Men bilemok, näme iş etmeli» diýdim. Ol: «Bent gurulýar» diýdi. Men onda «Gurluşyk bolsa hökman gitjek» diýdim. Meni master edip iberdiler. Bir eşek arabamyz bar. Ikimizem eşek araba mündük. Bardyk bende. Meni ýerleşdirdi, zat etdi. Gurluşyga bardyk. O ýerde-de 600 kolhozçy işleýän eken. Tanyş etdi. Etmeli işleri aýtdy. Ýene edara geldik. Ol şonda maňa: «Men, ogul» işçiler işe başlamanka bende bir bararyn, birem işçiler işden gaýdanda. Ýöne sen şonda birazajyk garaş» diýdi. Işçiler işini gutarýar. Her kim öýüne dagap gidýär, atly, eşekli, pyýada. Gelýä onsoň. Elinde-de uzyn ak hek bardyr. Göwni ýetmeýän ýerine atanak çekýä. Atanak goýan ýerini ýykaýmaly sen. Täzeden gurmaly. Göwni ýetse-de gapdalyndan «horoşo, horoşo» diýip geçýä. Aý, garaz, prorab Werbiskiniň ýanynda men bir ýyl işledim. Onsoň meni özüne kömekçi etdi. Bendi gutardyk. Ony kabul etmäge Aşgabatdan, Marynyň raýispolkomy Owçarenko geldi. 5–6 adam bar. Komissiýanyň çlenleri Werbiskä «Indi sen bize bendi görkez» diýýärler. Bu-da aýdýa: «Men bent guramok. Bendi ynha, meň synok gurdy. Şolam size bendi görkezer». Gitmedi olar bilen, Men onsoň bulary birki sagat bendiň içine aýladym. Dokumentleri görkezdim. «Ertir gelip akt ýazarys» diýdiler. Ertesi akt ýazdylar, zat etdiler. «Gowy» diýdiler. Bendi kabul etdiler. Şondan soň Gazykly bent bar Ýolöten raýonynda bizi ýene Werbiskiý bilen şony gurmaga iberdiler. Bu ýerde bir ýarym ýyl dagy işledik. Bendi gutaryp, tabşyrdyk. Şol wagtlar Murgap raýonyna Semennik diýýärdiler. Ozal Marynyň uçastogydy. Ilki Semennik raýony, soň Stalin raýony boldy. Täze açylan raýonyň partiýa komitetiniň sekretary Arkadiý Andreýewiç Sennikowdy. Ol bir gün bende geldi. Bir käse çaý içdik, zat etdik. Baryp bendi görkezdik. Werbiskiden “Biziň bu kadrymyzyň işleri niçik?» diýip sorady. Werbiskiý oňa: «O nähili bu ýaş ýigit siziň kadryňyz bolýar?..» Geň galyp, soraga sorag bilen jogap ber-di. «Ol biziň kadrymyz» diýdi. Sennikow güldi-de, gürrüňi başga ýana sowdy: – Hany, gowusy, bize bendiňizi görkeziň? – Bendi bu ýaş ýigit görkezer – diýdi. Men Sennikowy öňüme salyp aýlap ýörün. Bendiň üstüne çykdyk. Şonda ol meniň adymy tutup; – Suhan, men seniň yzyňdan geldim – diýdi. – Näme üçin? – diýdim. – Semennik raýon boldy. Menem birinji sekretar. Köp adam bilen gürleşdim. «Kim raýwodhozyň naçalnigi bolup biler?» diýip sorasam, köpüsi seň adyňy tutýar. Şoň üçin seň yzyňdan geldim. Eger garşy bolmasaň, raýwodhozyň naçalnikligine bellejek – diýdi. – Maňa tapawudy ýok – diýdim. Mara geldik. Ýene UMORS-a girdik. Hanko «Gaty gowy bor» diýdi. Bu 1933-nji ýylyň gürrüňi. Munda-da tä 1937-nji ýylyň başyna çenli işledim. Samohwalow diýip MTS-iň direktory bardy. Soň Sylap Garrybaý boldy. Bir gezek gije sagat 12-lerde Samohwalow bilen Suhtudan atly gelýäs. Ýapdan geçmeli Ýaba indik welin, o ýanymyzdanam, bu ýanymyzdanam eli ýaragly adamlar «Duruň» diýdiler. Durduk ikimizem. Samohwalow «Näme habar» diýdi. «Habar, siziň ýoluňyzy saklap otyrys. Birinjiden-ä, siziň atlaryňyzy aljak, özüňizem näme etmeli bolsa ederis-dä» diýdiler. Biri menden «Sen kim» diýip sorady. «Men-ä wodhozyň naçalnigi» diýdim. «Suw tehnigimi?» diýdi. «Hawa» diýdim. «Aý, sizde zat ýokdur. Bi MTS-iň direktory, senem suw tehnigi bolsaň. Münüň atyňyza, gidiberiň» diýdi. Degmediler galtamanlar. – Siz 1935-nji ýylda Türkmenistanyň delegasiýasynyň hatarynda Moskwa baryp, Watanymyzyň partiýa we hökümet ýolbaşçylary bilenem duşuşan ekeniňiz? – Hawa, 1935-nji ýylda Moskwa gitdim. Şol ýerde maňa öňdebaryjy hökmünde motosikl sylag berdiler. Gelemsoň, meni UMORS-yň naçalnigi edip bellediler. Munda-da 40-njy ýylyň başyna çenli işledik. 39-njy ýylyň aprelinde uly sil geldi. Tejeni şonda sil aldy. Çubinem MK-nyň birinji sekretarydy. Olam wagony bilen stansiýa gelýär. Bu wakadan bir aý dagy öň bize «Sil suwuny sowar ýaly jar gazmaly» diýip habar gelipdi. Wekilbazara gideňde bir köpri bardyr, jaryň üstünden geçýändir. Artykmaç suwy goýbermek üçin şol jary gazdyk. Şonda 12 müň adam işledi. Köp soldat geldi. Suwy açdyk, jardan akdyrdyk. Maryda zaýaçylyk bolmady. Tejende bolsa suw känem däl eken welin, aldyrdylar. Nämüçin şeýle bolandygyny aýtjak bolýan. Şondan soň bizi MK-nyň býurosyna çagyrdylar. Şonda Çubin Tejene baryp, wagony bilen stansiýada saklanýar. Şol wagtam Berdiýew – Kirowyň şol wagtky birinji sekretary Çubiniň wagonyna jaň edip: «Ýakow Abramowiç, bizi sil alyp gelýär» diýýär. O-da: «Näme etmeli? diýýä. Nätanyş adam-da. Onda ol: «Bize suw azrak gaýdar ýaly, Garrybendi basmaly» diýýär. Bendi bassaňam şäheri suw almaly-da. O pahyram näbelet. Iki sany soldat bilen bir gidrotehnigi iberip, bendi ep-esli basýarlar. Orlow diýibem wodhozyň naçalnigi «Muny beýtmeli däl» diýýär. Men aýtdym: «Ýakow Abramowiç, köp sag boluň. Men heniz ýaş. Men häzir öňki ýerimde işläýin. Tejribe toplaýyn. Soň näme etseňiz, baş üstüne» diýdim Aý, garaz ol iň soňunda: «Birinji orunbasar ederin» diýdi. Meni birinji orunbasar edip tassyk etdiler. Şol döwürde Soltanbentde kyn ýagdaý emele geldi. Meni halk komissarynyň orunbasary hemem şol bendiň gurluşygynyň naçalnigi edip iberdiler. MK-nyň karary bilen, tä maý aýyna çenli işläp, ony dikeltdik. 12 müň adam işledi. 1200 araba, 1 müňden gowrak soldat işledi. Tabşyrdyk. 40-njy ýylyň ortalarynda meni Merkezi Komitetiň täze birinji sekretary Fonin çagyrdy. Operatiw işleýän sekretardy. – Seni täze guralýan Goskontrola ministr etjek – diýdi. Moskwa gidip geldim. Bir aý dagy Moskwada bolup, işler bilen tanyşdym. Gelibem täze halk komissarlygyny guradyk. 3–4 aý geçmänkä, meni Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasarlygyna tassykladylar. Oba hojalygyny alyp barmalydy. Uruş başlandy. Maryda türkmen polky bardy. Men 4 aý dagy şolaň içinde boldum. Olary fronta iberdik. Soň meni ewakuasiýany ýola goýmak üçin Krasnowodskä iberdiler. 1943-nji ýylyň fewralyna çenli şol ýerde boldum. Kä gün 4 gämi, kä gün 5 gämi, içi adamdan doly gelýär. Bir günde 40 müň adamy kabul edýärdik. Iýmäge çörek ýok, içmäge suw. Olary otla mündürip, raznarýadka boýunça Daşkende, Buhara, Gazagystana, Türkmenistanyň birnäçe raýonlaryna iberýäris. Meni şu günleriň birinde Fonin Aşgabada çagyrdy. Martyň başydy. – Seni Çärjew obkomynyň birinji sekretary edip iberjek – diýdi. Aýyň 3-ne hem plenum boldy. Derrewem iberdiler. Agyr döwür. Suw ýok, sakalar gömülen. Ekin ekmeli. Näme etmeli? Ýaşululary çagyryp, maslahatlaşdyk. Ýaplaryň sakasyny gazmagy karar etdik. Erkeklerem frontda. Aýallar bilen 20 gün dagy gazy gazyp, azajyk suw aldyk. Bir gezek BK(b)P MK-nyň instruktory Teplow bilen gazyň üstüne bardyk. Diňe aýallar işleýär. Sowuk, aýakýalaňaç gazy gazýarlar. Suwuň içinde. Teplow: – Men seredip biljek däl, maşynda oturjak – diýdi. Soň meni Moskwa, Merkezi Komitete doklad bilen çagyrdylar. Moskwa 12 sagat dagy uçmaly bolýardy. Býuroda Malenkow, Jdanow, Andreýew, Şkirýatow bar. 20 minut dagy doklad etdim. Ýagdaýlary bolşy ýaly aýtdym. Şondan soň biziň oblastymyza köp kömek berdiler (galla, tehnika we ş. m.). 1945-nji ýylyň maý aýy. Ýeňiş. Şol ýylyň iýunynyň başlarynda Merkezi Komitete çagyrdylar. Ministrler Sowetiniň başlygy etjek diýdiler. Tassyklandym. Şol wezipede 1951-nji ýylyň başyna çenli işledim. – Aşgabat ýer titremesinde nirdediňiz? – Ýer titrände men Kislowodskidedim. Maňa Moskwadan, MK-dan jaň etdiler. «Malenkowyň tabşyrygy boýunça gyssagly Aşgabada uçmaly» diýdiler. Harby samolýot bilen uçduk. Goşun generaly Hrulýow hem kömek üçin Aşgabada geldi. Gaty artykmaç adam eken. Bize kän kömek berdi. SSSR Saglygy saklaýyş ministri Smirnow hem kän kömek etdi. Ikisem başdan-aýak biziň bilen bile boldy. Wremýankalar peýda bolup ugrady. Biz soň Aşgabady dikeltmegiň çäreleri hakda karar çykaryp, Moskwa iberdik. Karar baransoň, meni çagyrdylar. Men şol karar bilen 45 gün Moskwada boldum. Malenkow komissiýanyň başlygydy. Hemme zat taýyn. Ýöne bir mesele çözülmedi. Spesnalistleriň hemmesi Aşgabady Çärjewe geçirmeli diýen karara geldi. – Jedelli mesele. Muny diňe Staliniň özi çözer – diýip, Malenkow aýtdy. Stalinem Aşgabady öňki ýerinde dikeltmeli diýdi. Sowminiň, MK-nyň jaýyny Howdan tarapda salmaly hem diýdiler. Şonda Stalin menden «Sowmin bilen MK-nyň häzirki jaýyny kolhozçy, işçi bilýämi?» diýdi. Menem «Hawa» diýdim. “Bilýän bolsa, onda halk niräni isleýän bolsa, şo ýerde dikeldiň” diýdi. Şondan soň gepem bolmady, gürrüňem. Şeýdibem karar çykdy. Ýer titrände halka 15 gün mugtuna nahar berildi. Işçä aý ýarym, gullukça bir aý hak tölendi. Aşgabada ýurdumyzyň ökde wraçlary geldi. Karl Marks ploşadynda açyk ýerde operasiýa edýärdiler. Soldat berdiler. Doganlyk mazarynda jaýladyk adamlary. O zatlar ýadyňa düşse gözüňe ýaş gelýär. O zatlar indi gaýtalanmasyn. Kömek bolmadyk bolsa, uly kynçylyk boljakdy. – Garagum kanalynyň gurluşygyna Siziň döwrüňizde başlanan ekeni. – Meni 1951-nji ýylyň iýun aýynda Merkezi Komitete geçirdiler. Şaja Batyry okuwa iberdiler. Baştürkmen kanalynyň gurluşygy başlandy. 18 kilometr gazyldy. Stalin ýogalandan soň, kanaly ýatyrdylar. Edilen çykdajy ummasyzdy. Mesele goýduk. «Kanalyň tehnikalaryny bize beriň, biz öz güýjümiz bilen ony Aşgabada getirjek» diýdik. Zerur tehnika berildi. Naçalnik edip Moskwadan Kaližnýugy getirdik. Ony Garagum kanalyna naçalnik etdik. Işeňňir adamdy. Işi gowy bilýärdi. 1954-nji ýylyň aprel aýlarynda men kanala aýlanmaga bardym. Kakabaý Ataýew Mary obkomynyň birinji sekretarydy. Ministrlerem ýanym bilen aldym. Gepiň gysga ýeri, bu ýerde ýarym aý dagy bolduk. Köp ýeri traktor bilen geçdik. Gum-da. Kän meseleler ýüze çykdy. Çözüp bilenimizi şol ýerde çözdük. Şol ýerde-de «Zähmete» çenli «Pioner» kanalyny gazmaly diýen karara geldik. Suw goýberip, soň giňeltmelidi. Özem 80 kilometr bolmalydy. 58-nji ýylyň maýymy ýa iýunymydy. Baýramalynyň «Moskwa» sowhozyna ilkinji gezek kanalyň suwuny getirdik. Şol ýylyň noýabrynda men Moskwa bardym. Hruşýowa «Kanaly gutardyk. Gowy işlänlere sylag berjek” diýdim. 400 adama. Olam «Bolýa» diýdi. Gelibem spisok düzdük. Emma men ony Moskwa hödürlemäge ýetişmedim. – Sizi işden boşadanlarynda TKP MK-nyň plenumy üç günläp dowam edipdir. – Aşgabada dekabrda SSKP MK-nyň guramaçylyk bölüminiň müdiri Şelepin geldi. TKP MK-nyň Plenumy çagyrylmaly edildi. Onuň öňinçäsi TKP MK-nyň Býurosy geçirildi. Mejlisde bir topar ýyllap egin-egne berip işleşen ýoldaşlarymyň käbiri meniň adresime ýadyňa-oýuňa düşmejek aýyplamalar bilen çykyş etdiler: Ministler Sowetiniň başlygy Jumadurdy Garaýew “Maryda işlän döwründe bir süri goýny bardy» diýip, ýapa degmejek delilsiz çykyş etdi. Arakesme wagtynda men onuň bilen ikiçäk gürleşdim. «Sen meni tanabam durkaň, bu zatlary aýtmaga utananokmy?» – diýdim. Ol şonda «Wah, bi aýdylýan zatlar seň ýele ýanyňdanam baranok. Ýöne wagt geldi, wagt» diýende, meniň gynanjymyň çägi bolmandy. Ol ýoldaş bilen men Maryda işlämde, bir döwüm çöregi bile paýlaşypdyk. Agyran-ynjan ýerinde hasratyny deň paýlaşypdym. Býurodan soň Şelepin maňa şeýle diýdi: «Men Moskwadan Sizi işden boşatmaly diýen ýörite tabşyryk bilen geldim. Size köp babatda aýdylýan zatlaryň şyltakdygyna göz ýetirdim. Men Plenumda çykyş etmelidim. Ýöne men onda çykyş etmejegimi öňünden Size aýdaýyn» diýdi. Plenum boldy. Maňa Plenumda söz berdiler. Öz adresime aýdylýan zatlaryň köpüsiniň töhmetdigi hakda çykyş edip aýtdym. «Özümi men bir zatda günäkär hasap edýän. Olam respublikada edilmeli, bitirilmeli işler köp. Şolaryň bir toparyny soňuna çenli bitirmäge ýetişmedim» diýdim. Tribunadan düşüp, öňdäki hatara geçip oturdym. Plenuma gatnaşyjylar uzak wagtlap el çarpdylar. Plenumy alyp baryjy oturanlary býuronyň karary bilen tanyşdyrdy. Meň bilen baglanyşykly karary tassyklamak üçin Plenuma gatnaşyjylaryň el galdyrmagyny sorady. Ýöne el galdyrylmady. Ol muny 2–3 gezek gaýtalady. Men tribuna çykyp, Plenuma gatnaşyjylaryň Býuronyň çykaran kararyna boýun bolmalydyklary hakda aýdanymdan soň, adamlar göwünli-göwünsiz ellerini galdyrdylar. Bir aý işsiz boldum. Soň meniň ýerime tassyklanan MK-nyň birinji sekretary Jumadurdy Garaýewiň ýanyna baryp «Meni işe iber» diýdim. Şol wagt men 49 ýaşymdadym. Buraşnikow TKP MK-nyň guramaçylyk bölüminiň müdiridi. Bir-birimizi gowy tanaýardyk. Ol maňa «Sen Aşgabatda boljagam bolma. Gazanjykda maldarçylyk sowhozy açyljak. Şoňa git» diýdi. Menem «Bolýa» diýdim. Býuro çagyrdylar. TKP MK-nyň ikinji sekretary Pimenow: «Niçik görýäň?» diýdi. Menem «Niçigiň bormy?» diýdim. Gazanjyga gitdim. Üç ýyllap sowhozyň direktory boldum. Mallaryň sanyny 60 müňe ýetirdik. Düýesini 1 müňe ýetirdik. Görsem, çagalaram Aşgabatda ýeke. Saglyklarynyň hem ugry ýok. «Aşgabada işe geçiriň» diýip, arza berdim. Suw hojalygy ministrligine starşiý inžener edip işe aldylar. Bir ýyl işledim. Bir gün «Sarkisow çagyrýar» diýdiler. Ol Orta Aziýa boýunça irrigasiýa işlerini alyp barýardy. «Büzmeýinde hem-de Samarkandda uly gurluşyk gurýas. Şoň birine naçalnik bolup git» diýdi. Büzmeýine razylyk berdim. O ýerde 11 ýyl işledim. Şol ýerdenem pensiýa çykdym. Görsem, öýde işsiz ýatyp bolanok. Iki ýyl «Ýaşlykda» ýerleşýän gurluşygyň naçalniginiň orunbasary bolup işledim. Soň “Pioner lagerine adam gözleýäs. Adam tapamzok» diýip ýörler. Lagere iberdiler. Indem 12 ýyldan bäri çagalaryň arasynda. «Besdirem» diýýän. «Ýene bir ýyl, ýene bir ýyl» diýip ýörler-dä. Şu ýylyň 1-nji martynda Kommunistik partiýanyň hatarynda durýanlygyma göni ýarym asyr doldy. Uzak ömür ýoly geçildi. Köp wakalaryň şaýady bolundy. Otuzynjy ýyllarda ölüm bilen ikiçäk bolnan halatlaram az bolmady. Ýigrimi ýaşlaryndaky jahyl wagtym bolup geçen waka ýadymdan çykanok. Bu otuzynjy ýyllaryň başynda Garlykda boldy. Men şol wagt ýoldaşym Öwez Orazow bilen bu ýerde praktika geçýärdik. (Garrygalanyň Könekesir obasyndan bolan Öwez Orazow manyly ömür sürdi. Ol ýurdumyzyň her taraplaýyn ösmegi üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmady.Ol turuwbaşdan uruş ýyllary et-süýt senagaty halk komissarynyň orunbasary, maldarçylyk ministri, Aşgabat oblispolkomynyň başlygy, et-süýt senagaty ministi, TSSR Ministrler Sowetiniň iş dolandyryjysy, söwda ministri ýaly ýolbaşçy wezipelerde işledi. Geçen asyryň başlarynda Moskwada, SSKP Mk-nyň ýanyndaky partiýa mekdebini tamamlady –A.Ç.). Bu ýerde howdan gurulmalydy. Şoň ýerini ölçeýärdik. Gündiz işde, gije hem dukan jaýynyň üstünde ýatardyk. Bir gün agşam goh-galmagala oýandyk. Oba Sowstiniň başlygy ýanymyza geldi. Ol oba Ibragim begiň adamlarynyň çozandygyny aýdyp, birimize selle, birimize-de don geýdirdi. Herimizi bir hojalykda gizledi. Galtamanlar magazini otladylar. Zadyny aldylar. Ibragim begi soň tutdular. Bizem işi gutardym etdik. Proýekt düzdük. Şol esasda-da howdan guruldy. Ýene bir waka hakda ýatlasym gelýär. 1931-nji ýylda Daşhowuzda derýa joşup, Porsynyň ýarysyny suw basdy. Şonda men Maryda işleýärdim. «Ýerli dili bilýän inžener gidrotehnikleri ibermeli» diýip, Atabaýew buýruk beripdir. Gämiler göni Aral deňzine gidip bilmezdi. Ýykgyna sowlup geçerdi. Atabaýew 45 gün şol ýerde bolup, suwy ýapdyrdy. Gaçyda işlemek üçin adam güýji gerekdi. Men onuň tabşyrygy bilen Gökçäge obasyna atly gitdim. Milisioner oglanam ýanymda. Bir gije-gündizde 500 adam, 200 araba ýygnadym. Şonda Atabaýew «Siz nireden?» diýip, menden sorady. Bolşy ýaly aýtdym. – Aşgabada gelseň, ýanyma gel – diýdi. Atabaýew bizi 6 aý şol ýerde galdyrdy. Işi boldum edip, samolýot bilen Aşgabada geldik. Atabaýew kabul etdi. 500 manat sylag berdi. Hormat hat berdi. Şonda ol maňa: – Sen Aşgabatda gal – diýdi. – Biraz Maryda işläýin – diýdim. Ol işleýän adamyň gadyryny bilýän eken... – Bir gezek Mara baramda, bir ýaşuly bilen gürrüňdeş boldum. Ol şonda kyrkynjy ýyllaryň ahyrlarynda Maryň pagtasyny sowuk uranlygy hakda aýdyp, Sowminiň başlygy bolan Siziň tagallaňyz hakda hoş sözleri aýtdy. – Ýalňyşmasam, kyrk ýedinji ýyldy öýdýän. 21-nji sentýabrynda Mary etrabynyň gowaçasyny sowuk urdy. Menem şol wagt Daşhowuzda komandirowkadadym. Şo gün Aşgabatdan Merkezi Komitetiň birinji sekretary Mihail Makarowiç Fonin maňa jan edip, ýagdaýy aýdyp, maňa «Mara barmaly» diýdi. Mara bardym, dogrudanam ýagdaý agyr. Nätmeli? Men «Daşhowuzda elli-altmyş sany körek arassalaýan maşyn bar. Şolary gyssagly getirtmeli» diýdim. Merkezi Komitetde öz pikirimizi aýdyp, maslahat edildi. Maşynlary gämä ýükläp ilki Çärjewe, o ýerdenem Mara getirtdik. Sowuk uranda Maryda pagtanyň ösüşi 21 prosentdi. Körek arassalaýjy maşynlara halk gudrat hökmünde garadylar. Hatda pagtaçy aýallaryň şo maşynlaryň o ýerine, bu ýerine doga asyp goýanlaryny hem öz gözüm bilen gördüm. Şo ýyl Mary oblasty pagtasynyň sowuk urandygyna garamazdan, ýaňky «gudratly» maşynlar arkaly öz planypy 92 prosent ýerine ýetirdi. – Ynam diýen zada nähili garaýaňyz? – Sakarçägäniň Kuýbyşew adyndaky kolhozynyň başlygyna Agajan aga diýýärdiler. Ýaşuly adamdy. Ine, bir gezek üç-dört adam bolup şo kolhozyň sürüm işleriniň ýagdaýy bilen tanşyp ýördük. Traktor sürýär. Bizem traktoryň gapdaly bilen ýere gaçan ýek-tük pagta übtügini çöpläp barýas. Şonda Agajan aga çöplän pagtasyny çäkmeniň synyna atyp durşuna: – Görýäňmi, ýoldaş Babaýew, edäýişlerini. Bu biziň çöregimiz ahyryn – diýdi. Ine, saňa halkyň öz işine yhlasy. Muňa düşündirişiň geregem ýok. – Adamçylyk-da, her hili ýagdaý bolýar, nähak töhmet atylyp, işden boşadylýar, eger kommunist bolsa ony partiýadan çykarmak hakda mesele goýulýar. Aý, garaz, şol adam öz-özüne erk edip bilmese, göreşmese, onuň ykbalynyň köp halatlarda ters bolandygynyň mysallaryny näçe getirseň getirip oturmaly. – Şeýle adamlar size bir ýa iki gezek ýüz tutan däldirler. – Mende bir häsiýet bar. Ol ýa-da beýleki bir ýolbaşçy wezipede işleýän adam «şeýle ýalňyşlyk goýberdim. Şoňa ökünýän» diýip, gönüsinden gelse, onda oňa azda-kände hemaýat ederdim. Eger-de ýetmiş edip, onam gizlese, onda weli şol adamy sypdyrmazdym. Elbetde, her hili ýagdaýlara gabat gelindi. Ýöne mesele çözülende adam ykbalyna perwaýsyzlyk bilen çemeleşilmedi. Bir gezek şeýle waka boldy. Köneürgençde ýygnak geçirip, Daşhowza gaýtdyk. Wagtam gije. Ýolam ýok. 90 kilometri bäş sagatda geçmeli. Men şofýoryň gapdalynda otyryn, yzda-da obkomyň sekretary ýatyr. Köneürgenjiň Kalinin adyndaky kolhozyna ýetmänkäk, ýoluň ugrunda iki adamyň durandygyny gördüm. Şofýora «sakla» diýdim-de, maşyndan düşüp, olara tarap ýöneldim. Görüp otursam, olar niýetlerini ýamana düwüp, ýola çykan ekenler. Olaň biri ozal kolhoz başlygy eken. Maşynda ýatan obkomyň sekretary bilen gepi azaşany üçin, ony wezipesinden aýrypdyrlar, partiýadan öçüripdirler. Onuň nähak ýerden horlanan adamdygyna gözüm ýetensoň, «Ertir obkoma gel, şo ýerde işiňe täzeden seredeli» diýdim. Ol «Oblasta şo adam ýolbaşçylyk etse, maňa gün ýok. Barsam meni türmä basdyrar» diýdi. Soňam 20-30 metrlikde duran maşyna garap: «Ýöne maşynda ýatan bagtly eken. Şu pyçak bilen şoň kellesini alaly diýip ýola çykdyk» diýdi. Ertesi men ol adama obkomda garaşdym. Emma gara bermedi. Soň Aşgabada geldi, kabul etdim. Işine täzeden garadyk. Partiýa hataryna dikeldip, iş berdik. Ýadyma düşýä, ellinji ýyllaryň başlarynda Berdi Kerbabaýewiňem daşyna geçip ugradylar. Oňa Eziz hanyň otrýadyndaka iňlislere gol ýapandygy hakdaky aýypnamalar ýöňkelýärdi. Men şo wagtky DHK-nyň başlygy Waskini ýanyma çagyryp, Kerbabaýewiň işi bilen jikme-jik tanyşdym. Atylýan günäniň esassyzdygyna göz ýetirip, ony türmeden alyp galdyk. – Suhan Babaýewiç, Gazanjykdan Aşgabada gaýdaňyzda sizi ugratmaga sowhozdan düýeli, eşekli adamlardan ýaňa wokzal meýdançasy dolupdyr diýip eşitdim. – Eşiden zadyň dogrudyr. Gazanjygyň gowy halky bar. Men bile işleşen şo adamlary hemişe minnetdarlyk bilen ýatlaýan. – Sowminiň başlygy bolup işlän döwrüňizde-de, TKP MK-nyň birinji sekretary bolup işlän döwrümizde-de siz halkyň arasynda köp bolýan ekeniňiz. Aýdyşlaryna görä, komandirowkadakaňyz çörek bilen çaýly termos hemişe ýanyňyzda eken. Muny siz baran ýeriňizde adamlary azara goýmazlyk üçin edýän ekeniňiz. Ýa bolmasa, mysal üçin, Ýylanla baranyňyzda «Pylan hojalyga aýlanalyň» diýseler, brigadiriň adyny tutup: «Gowusy, planyň brigadasyna baryp göreliň» diýýän ekeniňiz. – Aýdýan bolsalar, ugrunda bardyr. Men nirä gitsem-de, Aşgabada gelemde, ilki bilen iş ýerime baryp, işler bilen tanyş bolýardym. Şondan soň öýe, çagalaryň arasyna barmagy kada edinipdim. Ýolbaşçy öz görüm-göreldesi, berýän sözi, edýän işi bilen halka özüni aldyrtmaly. Ýolbaşçyň sözi sözlüginde galmaly däl. Men size bir wakany aýdaýyn. Muny men özümi öwmek üçin aýdamok. Ýöne siziň ýaňky aýdan sözleriňiziň üstüni ýetirmekçi. Tejende ýygnak geçirip, maşynly Aşgabada gaýtdyk. Ýolda Mäne-Çäçäniň gowaça meýdanlaryna-da sowuldyk. «Moskwa» kolhozy. Gowaça idi-yssywat edilişi ýaramaz eken. Ot basyp gidipdir. Şonda kolhoz başlygy ýagdaýy düzetjekdigine söz berdi. Menem: «Ýene bäş-alty günden Mara barjak. Şonda sowlaryn» diýdim. Aýdyşym ýalam, şo möhletde gowaça meýdanyna sowuldym. Görsem, ojuk-bujuk edilipdir welin, ýöne elujundan-da. «Marydan gaýdanymda-da sowuljakdyryn. Eger ýagdaý düzelmese, onda gürrüň başgaça bor» diýibem aýtdym. Gaýdyşynam ýörite sowuldym. Gowaça meýdanlaryndan ýekeje haşal ot tap-da! Öz işiniň ussady, hojalygy ýöretmegiň, gowy guramaçylary Aga Ýusup Alyny, Gurbandurdy Atamyradowy, Aşyr Kakabaýewi halk ýürekden gowy gördi. Olar öz halkyna ikilik etmediler. – Suhan Babaýewiç, birinji sekretar bolup işlän döwrüňizde durmuşa geçirmäge ýetşimän, has gynanan zadyňyz näme? – Gürrüňimiň bir ýerinde Garagum kanalyny Mara çenli getirenimizi, kanaly gurmaga has işeňňir gatnaşan 400 adamy orden-medallar bilen sylaglamak üçin rugsat alandygymyzy ýaňzydypdym. Spisok düzülipdi: bäş adamy Sosialistik Zähmetiň Gahrymanyna, ýigrimi bäş adamam Lenin ordenine, galanlarynam başga orden-medallara hödürlemegi maksat edinipdik. Emma men işden boşadylamsoň «Babaýewiň spisogy» diýip, şo wagtky ýolbaşçylar ony goýbolsun edipdirler. Ine, şoňa ýürekden gynanýan. – Soňky sowal, nähili arzuw-islegleriňiz bar? – Ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy, Lenin partiýasynyň at-abraýynyň mundan buýana-da beýgelmegi – ine, meniň baş arzuwym. Respublikanyň häzirki ýolbaşçylaryna-da özleriniň kyn we örän jogapkärli işlerinde uly üstünlik arzuw edýän. Biz halk bilen, agzybirlik, dost-doganlyk bilen beýikdiris! Häzir men 79 ýaşymda. Geçilen ýol az däl. Men özümiň Lenin partiýasynyň hatarynda durýanlygyma buýsanýan. Elbetde, kemçilik bolandyr. Ýöne halkyň bähbidi üçin işledik. Halka zyýan etmedik. 1989 ý. Noýabr | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |