08:51 Şükriýe Hanym | |
Şahyryñ Namys Baýdagy: ŞÜKRIÝE HANYM
Zenan şahsyýetler
1937-nji ýylyñ ahyrynda bir otly Gazagystan sähralaryna tarap şakyrdap ýola düşüpdi... Wagonda 47 adam bardy we olar tutuş üç günläp duz-çörek datmandylar. Bir wagona hyryn-dykyn edilip dykylan we Gazagystanyñ nämälim çöllerine tarap barýan 47 azerbaýjan zenany... Olaryñ içinde biri beýlekilerden has saýlanyp durdy, ol aýal bu biçäre ýolagçylaryñ hemmesinden başy dik we buýsançlydy. Ol Azerbaýjanyñ beýik Milli şahyry Ahmet Jewadyñ aýaly Şükriýe hanymdy! Ol wagonda oña Bakuda ýaşan döwürlerinden bäri tanyş bolan Jeýran Baýramowa hem ýoldaşlyk edýärdi. Ykbalyñ ýowuz oýnuny diýsene! Ol Jeýran Baýramowa diýilýän aýal Bakuda duşan bolsa Şükriýe hanyma "Tañry salamyny" berjek adamlardan däldi. Çünki olar hersi aýratyn dünýäniñ adamlarydy. Olaryñ biri bolşewik maşgaladan, beýlekisi bolsa baýyñ gyzydy. Jeýran Baýramowa rus esgerleriniñ Şükriýe hanyma hiç golaýlaşmak islemeýändiklerine birnäçe gezek şaýat bolupdy we munuñ sebäbini öwrenmek isleýärdi. Has beteri bolsa onuñ alty günläp hiç zat iýmän-içmän aýak üstünde durup bilşine geñ galýardy. Ol ahyr bir gün Şükriýe hanymdan munuñ syryny sorady: – Özüñi rus esgerleriniñ näletsiñmiş otagyndan nädip goraýañ, näme üçin saña degmek islänoklar? Ýokanç keseliñ bar ýaly senden gaçýarlar. Muny nädip edýäniñi maña-da aýt! Şükriýe hanym gözi bilen hajathanany ümleýär: – Gije hajathanany içinden kilitläp eşiklerimi çykarýaryn we eşiklerimi hajathananyñ nejasatyna bulap soñ geýinýärin. Her kim meni itden beter ýigrenýär. Ýanyma bolsa adam golaýlaşmaýar. Jeýran Baýramowa berilen jogaby eşidip, doñup galýar. Emma bilesi gelýän ýene bir zat bardy. Şükriýe hanym munça günläp iýmän-içmän oñup bilýärdi?!. Şükriýe hanym pert-pert jogap berýär: – Men asla hiç kime we hiç wagt Jewadyñ namysyna el ýetirtmerin! Şükriýe güzaply ýolagçylygyñ birinji gününi, iki kilometr pyýada ýöräp gelen ýoluny, şol gün agşam egnindäki eşiklerini hajathananyñ nejasatyna bulaýşyny, saçyny, ýüzüni, gözüni we çydam edip bolmajak ol ýürek bulanjy ysa döz gelişini gözlerine ýaş dolduryp göz öñünden geçirýär we soñra ýakasynda saklaýan iññebagjygy çykaryp görkezýär: - Men günde bir gezek bu iñnebagjyk bilen barmaklaryma sanjyp, hemmeler uklandan soñra barmagymdan çykan gany emýärin. Muny eşiden Jeýran barmaklaryny birikdirip iñnebagjyk bilen dilýär we elini agzyna salyp misli bäbegiñ enesini emişi ýaly emmäge başlaýar. Birnäçe günläp aç-suwsuz zordan aýak üstünde gezip ýören biçäre zenan ýetim çagalar ýaly barmaklaryny eme-eme uklap galýar... Şükriýe hanym Gazagystanyñ aýylganç konslagerinde ömrüniñ sekiz ýylyny geçirdi. Odun ýardy, ýükçülik etdi, aşpezlik etdi, tikin-çatyn işlerini etdi. Bu agyr günler 1955-nji ýylyñ 30-njy iýulyna, onuñ erkinlige çykaryljak gününe çenli dowam etdi... Dogduk watanyna dolanyp gelenden soñra bala-çagalaryny daşyna üýşürýär. Ahmet Jewadyñ dogduk depesi bolan Şemkir Şeýfallyda ýaşaýar we ol ýerde aradan çykýar. (Şu ýerde makalanyñ terjimesine şu pikiri goşasymyz gelýär. "Uruş bolan ýurtda ilki bilen şol ýurduñ şahyrlary öldürilýär" diýip bir kitapdan okanymyz ýadymyza düşýär. Beýik şahyr Ahmet Jewadyñ we onuñ maşgalasynyñ başyna düşen bolşewik külpeti munuñ añryýany bilen dogrulygyny görkezýär. Geçen asyryñ 30-njy ýyllarynda türkmen intelligensiýasynyñ başyna düşenler hem şundan gowy däldi. Ýöne bir zat bar: oguz nesliniñ we onuñ orta çykaran merdana ogullarynyñ görkezen şeýle nusga alarlykly rowaýatpisint başdan geçirmeleri ýönekeý halkyñ ruhuna ruh, ýoluna şamçyrag bolýan ajaýyp hekaýatlar bolup hyzmat edýär. Ahmet Jewad ýaly şahyrlary, Şükriýe Hanym ýaly belent ahlakly zenanlary bar bolanlar hiç haçan bu ruhy ýitirmez. Terjimeçiden H.T.) Jawid ZEYNALLY. Azerbaýjan dilinden terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |