14:23 Suw ýaly sözler | |
SUW ÝALY SÖZLER
Sözler
Pespällik, sadalyk — suwuň iň halaýan zady. Ol hemişe pes ýerlerde, ýeriň çökedräk ýerlerinde üýşýändir. Men käte göwnümiň suw ýaly sada, pespäl bolmagyny isleýärin. Çünki bu göwnümiz, hyýallarymyz hemişe Kap dagynda... * * * Üns beriň, derýadan goşawujyňyzy dolduryp, suw alarsyňyz. Suwy alan ýeriňiz oýulyp durman, ýene-de üsti örtüler. Ondan näçe goşawujyňyzy dolduryp alsaňyz-da, suw ýene-de dolup durandyr. Bu ýagdaý, biziň bir-birimiziň aýbymyzy, kemçiligimizi örtüp, öz üstümizi hemişe „dolduryp“ durmagymyzy aňladýan ýaly... * * * "Ýedi ädimden soň akar suw arassalanýar" diýýärler. Ömür hem akar suw mysaly. Ol wagt atly derýadan akyp geçip, arassalanýar, tämizlenýär... * * * Suwsaýarsyň, bir käse suw berýärler, içip, ganyp bilmeýärsiň. Ýene-de suw berýärler. Ganyp bilmeýärsiň. Käte suwa däl-de, mähre-de, söýgä-de „suwsalýar“ ahyry... * * * Bir gezek uzak saparlaryň birinde bir atly çarwa çölde azaşypdyr. Ol eýläk-beýläk näçe atyny çapdyrsa-da, gelen ýoluny – yzyny tapyp bilmändir. Ol halys suwsap, dodagy ýarylara gelipdir. Aty bilen uzakly günläp surnugansoň, bir beýik depäniň üstüne çykyp, umytsyz halda galyberipdir. Şol barmana ol goýunlaryny sürüp gelýän bir çopana gözi kaklyşyp, şeýle bir begenipdir. Ol atyny ýüzün çapdyryp, barypdyr bärden: — Essalawmaleýkim, eý, çopan aga! Maňa bir owurtlar ýaly suw berseňizläň! Çopan: — Atyňdan bir düş ahyry, suwy pespällik bilen sora — diýipdir — Suwy sadyklyk hem-de kiçi göwünlilik bilen içmelisiň — diýip, ony atyndan düşüripdir. Türkmençilikde suw hemişe gymmatlyk hökmünde garalyp gelinýär. * * * Suw — teşne göwünleriň melhemi. Suwsan adama ýekeje damja suwuň em bolşy ýaly, biziň janymyz, ganymyz hem şol ýeke damja suw bilen aýlanýandyr. * * * "Balygyň jany suw bilen" diýýärler. Balyk derýadan näçe uzak düşse, ol heläk bolar. Ynsanyň durmuşy, ýaşaýşy hem şol balyk kysmy. Ol suwsuz hiç bir ýerde ýaşap bilmez. * * * Biz hemişe nobat gelende „Suw — kiçiniňki“ diýýäris. Aslynda, „Suw — bizden has kiçi göwünli jigileriňki“ diýäýmeli ýaly. * * * Bilýärsiňizmi, damja yzygiderli damyp dursa, daşy hem deşýär. Maňlaý deriň topraga yzygider damyberse, şor ýeriň hem „şory“ kesilip, hasyla duruberer. Ähli zada yzygiderlilik mahsus. Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |