22:47 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Enejan Hangulyýewa | |
ENEJAN HANGULYÝEWA
Şygryýet melekleri
Türkmen zenan-şahyrasy Enejan Hangulyýewa 1974-nji ýylyñ 20-nji dekabrynda ýurdumyzyñ Mary welaýatynyñ Sakarçäge etrabynyñ häzirki Gorgangala geñeşliginde doguldy. 1997-nji ýylda Çärjewiñ Seýitnazar Seýdi adyndaky Pedagogiki institutyny tamamlandan soñra bir ýyl mugallym, soñra "Aşgabat" gazetinde habarçy we bölüm müdiri wezipelerinde, "Ahal durmuşy", "Edebiýat we sungat" gazetlerinde işledi. Enejan Hangulyýewa 2016-njy ýylda bimahal ýagdaýda aradan çykdy. * * * • SÜÝNÜP GIDEN DAÑ ÝYLDYZY Ýyldyzlara bakyp, olarda adamlaryň ykbalyny görmek ädehedimiz öňden bar. Şol sebäpli-de, bir ýyldyz süýnüp gidäýse, çagalygymdan galan ynançlaryma eýerip, şol öňki ýaly hereketlerimi gaýtalanymy duýman galýarsyn. Dek düýnem göz öňümde peträp duran bir ýyldyz süýndi-de, soňam öçüp gitdi. Soň ol ýyldyzy hiç ýerden tapyp bilmedim. Mundan tapawutlylykda, ýüregimde süýnen ýyldyzy welin, hiç bir güýç aýryp bilmedi. Ol ýyldyzy "Daň ýyldyzy" diýip atlandyrasym geldi. Halkymyzda bu ýyldyz "Zöhre ýyldyzy" diýlip atlandyrylýar. Magtymguly atamyzyň "Daň ýyldyzna meňzär gözi Byragyň" diýen setirlerini okanyňda hem onuň neneňsi ýyldyzdygyna aň ýetirmek bolýar. Bulary gepbaşy edinmek bilen, men ruhunyň şat bolmagynyň hatyrasyna şygryýetimiziň ýyldyzlarynyň birinden söz açmak isledim. Ol ýaz ýaly Enejan Hangulyýewa. Enejan galamdaşlarymyzyň baha berşi ýaly, şygryýetimize çabga meňzäp geldi-de, soňam gysga ömründe ýyldyz kibi süýnüp gitdi. Synlaýan bolsaňyz, uzaklardan seretseňem, ýyldyzlaryň köpüsi biri-birine meňzeşdir. Daň ýyldyzy bolan Zöhre ýyldyzy bolsa, tapawutlanyp durandyr. Şonuň üçinem, meniň ony şeýlekin ýyldyza däl-de, daň ýyldyzyna meňzedesim geldi. Enejan "Men" sözi bilen başlanýan goşgusynyň başynda "Men - durna, güýz güni gykuwlap öten" diýýär. Güýzüň şu günki günlerinde, has anygy, durna hakynda-da kän ýazýan günlerimizde bu setirler göz öňümizde şahyryň uçup giden durnalary ýadyňa salýan keşbini janlandyrýar. Ýüregimizde hiç kimiňkä meňzemeýän sesini oýarýar. "Asyl şo-ol uçup giden durnalaryň biri sen ekeniň-ä!" diýeniňi duýman galýaň. Bendiň soňunda bolsa, şahyr: Men - ýagyş, buludyň köýnegin silkäp, Ýyldyrym ýyrtanda çydaman aglan! - diýýär. Şahyryň hakyky keşbini açyp duran setirler. Ol, şeýdip, dünýäni dolduryp aglabam bilýärdi, gülübem... Onuň goşgynyň bir ýerinde "Daglaň gara başyn goparan sil men" diýmesinde-de onuň dogumly häsiýetini görmek bolýar. Onuň: Men - çagba, göwnüne deglen ýagyşyň, Aryn ýere salyp biraz ynjalan -- diýýän setirleri bolsa çeper söz oýnatmalara başarnyklydygyndan habar berýär. Ähli goşgusyny hatda başgalaryňkynam ýatdan bilýändigi üçin, Enejan goşgyny diýseň labyzly okardy. Şonuň üçin em, onuň bilen çykyş etmeli bolanymda biraz howum basylardy. Okamaga ökdedi, sesem labyzlydy. Diňleýjileri özüne bendi edip bilýärdi. Şol döwürde ujy çüñkli köwüşler modady. Olary Enejan "Asfalt deşýän köwüş" diýip atlandyrýardy. Oňa bagyşlanan goşgusam bardy. "Ýene geýdim Asfalt deşýän köwşümi" diýen ýalyrak. Men onuň şol goşgusyny gowy görýärdim. Onsoň, "Geýdiňmi sen, asfalt düşýän köwşüňi?" diýen ýalyrak görnüşde aýdyşyk goşgusynam ýazypdyk. Ümsümje işläp otyransyň welin, gelen çagy jykyr-jykyr gülküsi bilen ala-ýaz edip giderdi. Onsoň, şonuň täsirinden çykman, uzak gün ýylgyryp oturansyň... Ine, elimde Enejanyň "Men saňa ynandym" atly goşgusy. Ondaky: Ýüregimi saňa öý edip berdim, Wepa bersiň öýdüp, ahyrsoňda - diýen ýürejiginden çykaran sözleri hem diýseň täsirli. Şeýle bolansoň, aslynda, şygyrdan şahyryň diňe ykbalyny gözlemeýän hem bolsam, bu setirler maňa Enejan Hangulyýewany ýatladyp dur. Ol mundan otuz ýyl çemesi ozal durmuş toýumda okan goşgulary bilen obadaşlarymy hem haýrana goýupdy. Şonda onuň sesiniň obanyň o çetine hem eşidilendigini aýdypdylar. "Obaňa zordan geldik. Şular ýaly uzakda ýerleşen obadan çykyp, nädip Aşgabada aşyp bildiň, şahyr bolup ýetişdiň?" diýip, ol obamyzyň kiçijikligine, ýöne özboluşlylygyna haýran galypdy. Şonuň üçinem, men hiç haçan ýadyňdan çykmaýan durmuş toýumy owadan şygyrlary bilen bezändigi üçin Enejandan müň kerem minnetdar. Tirkeşdik, gatnaşdyk... Jaýy jennet bolsun! Bir gezek Büzmeýine çykyş etmäge gitdik. Goşgy okap durkam, birdenem dik aýak üstünde diňläp duran Enejana gözüm düşdi. Asyl, ol bu duşuşygy gurnaýjylaryň biri eken. Şonda onuň mertebesini beýgeldýän sözleri aýdyp, oturanlara onuň gaty gowy şahyrdygyny, galamdaşlarymyzyň biridigini ýetirdim. Onuň şondaky begenji, ýylgyryşy entegem göz öňümde. Asyl ol ýylgyrmany, jykyr-jykyr gülmäni gowy görerdi. Işläp otyrkaň "Enejan gelipdir öýdýän" diýdirerdi. Ýaz ýaly dünýäsi bardy. Ýöne onuň aram-aram degişmä salyp, "Siz meniň ýüregimi görmegi başaraňzok" diýmesem bardy. Ýa bolmasa-da bir zada gahary gelende gije ýatman, bäş-alty goşgam ýazýardy. Belki, "Köňül syry" atly goşgusynda "Meň dünýämde dört pasylam gar ýagýar" diýmesem şondandyr. Kä halatlarda biziň kimdir birine rahatlanmagynyň, rahatlyk tapmagynyň hatyrasyna "Ýüregiňe gar ýagsyn" diýäýmämiz bar. Galamdaş joramyzyň hem ruhy şat bolup, imany hemra bolup, ýüregine gar ýagsyn! Ogultäç ORAZTAGANOWA. * * * • E.Hangulyýewanyñ goşgularyndan: • MAÑA DÜŞÜN! Bir ýanda paşmadyk durmuş bijesi, Bildirlen ynam hem borjum bir ýanym. Sen bolsa kemsinip berýärsiñ azar, Şygra çümen, eý ýazyksyz ykbalym! Hol gün bir ýigidiñ ala gözlerniñ Saña bakanyny "duýmanym" üçin. Azar berdiñ uzakly gün ýürege, Özümi iş bilen güýmänim üçin. Dek düýn elwan gülli ýaza höwrügip, Atygsadyñ durduñ owadan sähra. Maña düşün, janym, beýtmäñ bolanok, Ýogsa, meñem juda ýüregim gysýar. Seni kän ynjytdym üstüñden basyp, Çökäýmeseñ, aladañy etmedim. Islesemem, señ çagyrýan ýeriñe, Içiñ ýakyp, göwnüñ döwüp, gitmedim! Kyn düşdi! Görküme çykdyñ gam bolup, Ýaşlygymyñ soluşyna şaýat sen. Men señ çydamyña buýsanyp gezdim, Bagtym tapyp berdiñ gussa-perýatdan. • ÝÖNE... Meni utanç, Seni näme saklaýar, Aýt ahyr, kalba çöken sözleriñ?! Men seni gam-derde dözüp bilmerin, Arzymanym, Aýa-Güne dözmezim. Meni ejap, Seni näme saklaýar, Dillensene, giç sataşan armanym?! Meni aýyplama geleñsizlikde, Sowulsamam öwrüminde bu ýoluñ. Menj juda-juda kän zat saklaýar, Umman ýaly gözleriñe bakmadan! Belki, hoşlaşarys gyýylyp ýörmän, Ýa lezzet alýañmy meni ýakmadan. Ähli zat ýerbe-ýer, Hemme zat gowluk, Aýlanyp dur aýlar, günler abadan. Ýöne saña duşsam, dişleýän hyrçym, "Dolansadym on ýedime ýañadan!" | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |