07:23 Maña düşün! | |
MAÑA DÜŞÜN!
Goşgular
![]() Bir ýanda paşmadyk durmuş bijesi, Bildirlen ynam hem borjum bir ýanym. Sen bolsa kemsinip berýärsiñ azar, Şygra çümen, eý ýazyksyz ykbalym! Hol gün bir ýigidiñ ala gözlerniñ Saña bakanyny "duýmanym" üçin. Azar berdiñ uzakly gün ýürege, Özümi iş bilen güýmänim üçin. Dek düýn elwan gülli ýaza höwrügip, Atygsadyñ durduñ owadan sähra. Maña düşün, janym, beýtmäñ bolanok, Ýogsa, meñem juda ýüregim gysýar. Seni kän ynjytdym üstüñden basyp, Çökäýmeseñ, aladañy etmedim. Islesemem, señ çagyrýan ýeriñe, Içiñ ýakyp, göwnüñ döwüp, gitmedim! Kyn düşdi! Görküme çykdyñ gam bolup, Ýaşlygymyñ soluşyna şaýat sen. Men señ çydamyña buýsanyp gezdim, Bagtym tapyp berdiñ gussa-perýatdan. Enejan HANGULYÝEWA. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |