09:08 Synag | |
SYNAG
Goşgular
Harasatly deñiz, çyrpynyp ýatyr, Elinde küregi, bir gözel otyr. Otyr başy aşak, seredip suwa, Meñzeýär uzakdan owadan guwa. O kenara ýüzüp geçmek arzuwy, Dost gerek küregi bile urmaga, Ynandy gämiçä gözüni ýumup, Ol kenara geçdi arzuwa münüp... * * * Çilimi däl gursagymy otlanym, Wagtynda düşünmän ynjytdym seni. Gözüm ýetdi söýgüsinden ätlänim, Söýenden söýleniñ oñat ekeni! Ýyldyzlar san ýetmez, parahat gije, Sen derdiñi hem-de özüñi ýeñdiñ. Yzda bagryn ýakyp, pak çykan bijä, Söýgiñ derek deýin başyny egdi. Şol gije tä dañdana çen ses edip, Ýasyna eñredim jaýlanan söýgiñ. Gözüñden öpjekdim, yzyñdan ýetip, Eýýäm hol alysdan çykan ekeniñ. Ýitirdim durmuşda iñ beýik zady, Ýürek welin ynjamady birjigem. Ýöne meñ kalbymdan öçenok ady, Ol señ adyñ, giç sataşan gerçegim! * * * Beýik asman, dök damjañy üstüme, Ikimizem häzir joşgunly örän, Gözýaşlar günä däl, dökmesiz ýaly, Ol şatlyk damjasy gursakda dörän. Egseli joşguny, egseli bile, Ynammyzy baky baglaly sessiz. Ejizligi görmez ýaly özgeler, Düşünjek bolaly bir-bire sözsüz. Zeminde ýumşasyn gatan düwünler, Senem düşür, zyñ artykmaç kinäñi. Geçen zadyñ gelmejegne aglaly, Ýöne hergiz unutmaly könäni. Däli gursagymy saplap elmydam, Giñlik berseñ ýeñlär gider bu derdim, Seçele üstüme damjañy, asman, Men señ gözýaşyñda özümi gördüm. Ýuw sen, arassala Ýeriñ ýüzüni, Diñe päklik gitmese bor dünýäden. Beklejek bolaýyn ýaman pälleri, Hemem ýuwulaýyn ýowuz günäden! ▶ SALAMLY GOŞGY Saçlarymy bady-saba ogşadyp, Eje, säher bilen barýan salama. Kiriş deý dartylan erkiñ gowşadyp, Şu gezek ýüz beräý "şeýtan" dogmaña. Ýyldyzlar irkilip, batanynda Aý, Aladañsan gujaklanda säheri. Sen sygyr sagansyñ, demlenensiñ çaý, Gelnejemden alarsyñ soñ mähiri. Gözüñe ynanman, çekersiñ içiñ, Geñ galyp ykbalyñ täsin oýnuna. Iki-üç ädimiñi ylgaşlap geçen Gyzyñ gollaryny orar boýnuña. Diýýäñ: "Sen bir bireýäm ene bolmaly, Çekmeli bir öýüñ keşigin, ýükün". ...Men günäkär däl-ä, boýna almaly, Gyzy däl, şahyry dogranyñ üçin! Enejan HANGULYÝEWA. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |