20:38 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Sen men hakda näme oýlanýañ, eziz?! Naçardyryn, ýöne däldirin ejiz. Bu söýgüde, bu durmuşda, ömürde, Sen barkañ ejizläp ýörmerin hergiz. * * * Söýgi - ýürekleriñ ýalkymy-saby, Söýgi - köñülleriñ sahy ynsaby. Söýgi ýaşaýandyr jahana dolup, Hemem ýerde beýgeldýändir ynsany. * * * Deñiz içre çyrpynşyny gör, gaýyñ, Saý ýerinde ýüzüp ýörün guw deýin. Seniñ gözleriñde turan tupana, Alajym ýok, nädeýin-ä, nädeýin?! * * * Söýgi barça ynsan ählin baş egdir, Söýgi söýen üçin baýlykdan ýegdir. Gök aşyk bolanda Zemin görküne, Bulutlary lemmerledip, nur ýagdyr. * * * Ykbalyn topraga bagş eden, ýigit, Gyz ýüregni dünýä nagş eden, ýigit, Gurbany men seni beren ýaýlanyñ, Ýañagmy ter güle ogşadan, ýigit! * * * Gel, dünýäm, şapak deý sürme bolup gel, Älemgoşar - guşak-tirme bolup gelm Ornadyñ kalbyma yşk nury bolup, Men - bahar, göç eýlän durna bolup gel. * * * Otly gözleriñden bir şöhle eñdi, Gelip, göni meniñ gursagma siñdi. Duýup ony bilmejegini söndürip, Guýup duran çabga köşeşdi, diñdi. * * * Köñle ýetýär kirpikleriñ sanjymy, Şadyýandym, neçüýn boldum ünjüli?! Meger, yşkyñ sapagyndan üzülen, Gezip ýörün kirpiklerim hünjüli. * * * Daglar daşyn ýere togalaberse, Ýeller çöp-çalamy kowalaberse. Onda ol söýgüdir, söýgüniñ güýji, Dünýä dolup daşýar, towlanyberse. * * * Ter gunçalar penje-penje açylyp, Yşka düşer müşki-anbar seçilip. Adam neneñ elenmesin söýgüden, Söýgä barýar söýgüden ýol geçilip. Enejan HANGULYÝEWA. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |