09:21 Suw | |
SUW
Goşgular
Akar suwuñ aýdymyny diñle sen, Onda ýaşaýyşyñ mukamy bardyr. Hakyñ jemalynyñ waspyn söýleseñ, Hak saña ömrüñde hemişe ýardyr. Damjalar gök şahalara gonanda, Gözel göwnüñ guşa dönüp galkynar. Synla, halha, goş ýazdyrýar bulutlar, Ýaga-ýaga ak alkyşdan ýalkanar. Bu mele topraga rysgaldyr ýagyş, Ol - dirilik, ömürlere - badalga. Gyş garaşan dal-daragta ol aýyş, Eşret berýär, Galar ýaly ýadynda. Suwda - gudrat, Suwda - barlyk, ömür bar, Suw - ynsanyñ ýaşaýşynyñ güwäsi. Aýdýar onuñ baky mukaddesligin, Suw üstünden öwsen bahar howasy. Enejan HANGULYÝEWA. | |
|
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Dert / Goşgular - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |