ŞYGRYÝETMI, BAGRYÝET?.. AHYRDA-SOÑDA AÑYÝET!
■ Ýaş şahyrlar hakda kelam-agyz
Jahan üzre ilkinji şygryñ ilkinji setiri, megerem ynsan ogly nämedir bir zada tüýs ýürekden begenip-guwanyp, ilkinji gezek ýylgyryp-güleninde ýa-da tersine, haýsydyr bir ahwala juda gyýlyp-gynananynda, bagry ýananynda dörän bolsun gerek...
Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyñ ýaşkiçisiniñ-ýaşulysynyñ häli-häzirlerem öz eserlerini gymmatbah agaçlardan ýasalan kaşañ stollarda däl-de, galapyn, onuñ gapdalyndaky haly-düşekde ýüzin ýatyp, "bagryny ýere berip" döredýänligi ýewropalyñ gözi bilen seredeniñde, geñräk görünse-de, biz üçin del zat däldir.
"Bagry girýan", "garabagyr /ene/", "bagyr awusy" ýaly sözler köpräk ulanylyp, ol (ýagny bagyr) duýgynyñ baryp urýan ýeri, "nokady" ýaly bolup görünse-de, ýeke sapar "jiger-bagrym pylanyjan-eý" ýa-da "bagrymdan önen balam" diýeninde, mähir-muhabbetiñ öýjügine-de öwrülýär duruberýär.
Diýmek, gürrüñ ~ hem gynanmak-gyýylmak, hem söýmek-söýülmek, begenmek-guwanmak barada, ýeke söz bilen aýtsañ, Duýgy hakda barýar. Munuñ özi goşgy-gazalyñ hem duýgudan başlanýandygy, şygryýetiñ bagryýetden gözbaş alýandygy barada aýdyp geçere ýol açýar.
Duýgular ummany, elbetde, juwan ýaşda ýazylýan şygyrlarda has ýaýlympy, has çuñ hem has çeper keşbini tapgyç bolýar.
Soñabaka kişiniñ durmuş, döredijilik tejribesi artyp, gözýetimi giñäp, setirlerde agrasluk, pelsepewi alamatlar görnüp ugraýar. Şunuñ bilen bir wagtda onuñ ussatlygynyñ, çeperçiliginiñ hem derejede artmalydygy, ösmelidigi barada ýörite aýdyp oturasy iş ýokdur. Munuñ özi şeýle bolmasa, çeperçilik kämilleşmese, kişi nähili akyl-pelsepe satanda-da, ol mañza batmaz gury takallygyna galýar...
Meniñ bu aýdýanlarymyñ hiç birisiniñ-de täzelik däldigine, hemmä äşgär zatlardygyna gaty gowy düşünýärin.
Onda näme iki ikiniñ dörtdügini subut etjek bolup otyrkam men?
Munuñ, dogrusy, "Şeýt!" diýip, günüme goýman oturan delilleri-sebäpleri ýüze çykyp dur-da... Özünem ol delil-sebäpler guwandyryjy, galkyndyryju sebäplerden!
Ýöne olary agzamazdan burun, bir ahwalaty welin, aýratyn nygtap geçmek, häzirki zamam umumy edebiýatymyza dogruçyl nazar salmakdan ötri juda wajypdyr.
Soñky ýyllarda diñe ýaşlaryñ hem däl, eýsem, ençe müçäni arka atan adamlaryñ-da goşgy düzmek bilen gyzyklanýany sen-men ýok, ur-tut ummasyz mukdarda köpeldi. Bu nämäniñ alamaty, nämä ýormaly muny? Elbetde, gowulygyñ alamaty, elbetde, ýagşylyga, eşrete, bagta, bolçulyga ýormaly muny! Şol adamlaryñ aglabasynyñ ýazýan kapyýalaşdyrylan (käte-hä olar kapyýa-da üns edip duranok) setirleriñ tasdan hemmesi diýen ýaly Watan, Ýurdumyzyñ ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk, Baky Bitaraplyk, Ýaşyl Tugumyz, Ruhnama... hakynda. Ol bentleriñ köpüsini setirme-setir dikeçläp oturman, yzly-yzyna ýazylan, bir baga düzülen jümleler görnüşinde çap edäýeniñde-de, ýitjek zat ýok. Sebäp ýañky aýdyşym ýaly, olar çeperçilik taýdan goşgy-şygyr talaplaryndan daşrak setirler. Olary çeperçilik kanunary bilen ölçemän, eýsem, guwançdan, buýsançdan ýaña ak göwünden, çuñ ýürekden joşup çykan sözler, alkyşnamalar, waspnamalar hökmünde kabul etmeli. Bu hadysa häzirki zaman milli şygryýetimiziñ derejesi, görkezijisi diýip däl-de, Türkmenbaşy eýýamynyñ baş alamat, milli galkynyşyñ, eşretana durmuşymyzuñ, Altyj asyrymyzyñ röwşen nurunyñ özboluşly sypatlandyrylmalarynyñ, esasy kesgitlemeleriniñ biri diýip düşünilse, hakykata jaý bolar....
■ ...Indi ýañky "deliller", "sebäpler" diýip, ýokarda agzamakçy bolan ahwalymyz barada.
Ol şeýle. Öñem bir dana "Bürgüt dymmagyndan tanalar" diýipdir. Biziñem soñky-soñky ýyllarda şygryýet gözýetimine gonup ugran, bürgüt bolmasa-da, şuñkar ganatly, belent howaly, iññän ukyply şahyr ýürek ýaşlarymyz görünýär diýip, men şu ýerde guwanç bilen nygtamak isleýärin. Hawa, olar bar! Ýöne algyr guşlar al-asmanda erkana ganat ýaýyp gezende, köp bolup uçmaýar, dag-derelere inenlerinde, süri bolup şaglap inmeýär. Meniñ aýdýan zehinli ýaşlarym hem köpsanly däl. Meniñ olardan bu gün Akmämmet Poşow, Maýa Öküzowa, Azatgül Hallydurdyýewa, Hudaýnazar Elliýew dagynyñ atlaryny tutasym gelýär. Özüm-ä bu ýaş zehinleriñ "öküz ýykyşyny" ýa ýykarman boluşlaryny añmak üçin, olaryñ tutuş döredijiliklerini sahypalap, seljerip oturmak hökman däl, käbir goşgulary bilen tanyşmaklygam muña belli bir derejede göz ýetirmäge ýeterlik ýaly-la diýen netijä geldim. Bularyñ döredijilik, çeperçilik terzi, usuly, şygra ýanaşygy, ýañky aýdyşym ýaly, "dyrnagyndan", ýagny käbir aýratyn setirlerindenem, bentlerindenem şeýle guwandyryjy bir zadyñ bardygyny mälim edip dur. Meniñ çakym, bu ýigit-gyzlar häzir öz döredijiliklerinde sap duýga ýugrulan "goşgy menzilinden" pähim-paýhasly, pelsepe äheñli şygyr sepgidine sary ugrugyp, gyrmyldabrak hem bolsa, ynam bilen ýol salyp barýar.
Aýdaly, Akmämmet Poşowyñ:
Gyzlar gelýär, gyzlar gelýär müşk paýlap,
Tukat dünýä bir şowhunly saz bolýar ~
diýip, göräýmäge, sadaja setirlerden başlanýan "Saz gelýär" diýen goşgusynda "hoş owaz gelýär", "bahar-ýaz gelýär" diýen ýaly sürçegi çykan kapyýalardan daş durup bilmeýändigine garamazdan, gyzlary görüp, "özünden göwni geçýän" güller hakdaky, gözelleriñ "gadamlarynyñ jennetdigi" hakdaky iññän tanyş äheñli tarypnamalar bilen dowam etdirilýänligine-de bakmazdan, birden "ýigitligiñ ykbalyny sypalap", "bar zat munda ýaşamaga höwesli" diýen ýaly ünsüñi bada-bat özüne çekýän täsin setirleriñ üstünden barýarsyñ we goşgynyñ has çuñ mazmunly sözler bilen:
"Bu ýollar bolsa-da beýikli-pesli,
Gudratdyr ol (gyzlaryñ gelşi -A.A.), öz-özünden düz bolar" -
- diýip tamamlanýan jemlemesini okap, çyn ýürekden guwanýarsyñ, "Berekella!" diýeniñi duýman galýarsyñ. Sebäp bu meniñ, seniñ tapan çeperçilik şekillerimizden däl, bu Akmämmediñ hiç kimiñkä meñzemeýän öz döreden çeper duýgy-pähim şekli, öz duýgusynyñ, öz dünýägaraýkynyñ, öz pähiminiñ beýany!..
■ Özboluşlylyk... Her bir şygryñ, umuman, kiçi bolsun, uly bolsun, her bir çeper eseriñ mähek daşy şu dälmidir eýsem?
...Bir zaman, geçen asyryñ altmyşynjy ýyllarynda ussat halypalarymyz Ata Atajanowdyr Kerim Gurbannepesow, edebi meýdana täze gelen zehinle Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Kakabaý Ylýasow (Daşoguz), Italmaz Nuryýew we şu bellikleriñ awtory hakunda telim makala ýazyp, olara tüýs degerli çagy uly goltgy beripdi, göwünlerini ganatlandyrypdy. Şonda ol halypalar bu ýaşlaryñ döredijiliginden, ozaly bilen, "özgä meñzemezlik alamatlaryny", ýagny, özboluşlylyk gyryndylaryny, nyşanlaryny, eken dänelerini birin-birin seçip-tapyp, okyjynyñ ünsüni şoña çekýärdiler. Bu biziñ üçin şonda dana sapak bolupdy. Sebäp özümiz muña, dogrusy, ýörite pisint etmezdik, göwnümize gelenini "taraşlap şagladýardyk". Emma özboluşlylyk, seniñ eliñ, diliñ ajaýyp aýratynlyklaru her bir döredijilikli halal işiñ özeni bolsun gerek, seni seni edýän gudrat bolsun gerek.
Akmämmet Poşow öz ulanýan çeperçilik serişdelerine, çeper şekilleri (duýgy we añyýet -abstrakt obrazlary) döretmeklige özüçe çemeleşýär. Şu-da onuñ döredýän eserleriniñ iñ gymmatly tarapy welin, arman, ýaş şahyryñ azaby, tagallalary hemişe şowuna düşüp duranok. Meselem:
Adamlar gidýärler; duwlaýar toprak,
Olaryñ barlygy ene ýer ýaly (?).
Bu Dünýä özüne siñdiripdir, gör,
Adam hemem Toprak ~ täsin Dünýäni...
Bu ýerde, elbetde, aýdyljak bolunýan nähilidir bir çuñnur pelsepewi pikiriñ barlygy hak. Ýöne ol, göwnüme bolmasa, ýazylyp-ýaýylyp, aýdyñlaşmaga ýetişmändir, göýä ümre batan näbelli ýyldyz bolup galypdyr. Onsoñam Bu Dünýä ~ Täsin Dünýäni özüne siñdiripdir. Muña nähili düşünmeli? Barlyk-dirilik siñdiripmi, heññam siñdiripmi? Awtoryñ özi aýtjak bolan zadyna, elbetde, düşünip oturandyr, emma okyjy üçin bu setirler gümürtik, sebäp bu ýerde olara howlukmaçlyk, alñasaklyk zeper ýetiripdir.
Gürrüñi edilýän ýaşlarda bellemeli ýene bir guwandyryjy zat ~ olaryñ jümleleriniñ, setirleriniñ "tebigy akymydyr", olarda hiç bir "zor salmagyñ", "çygylmagyñ" alamaty ýok diýerlikdir. Üstesine-de, setirleriñ, "bentleriñ ençemesi many taýdan dolulygy, "dykyzlygy" bilen seniñ göwnüñi hoş edýär, özüne çekýär. Arman, şol wagtyñ özünde-de, gynansagam, kellä gelmejwk ahmallyklar, näsazlyklar bilen seni geñ galdyrýar.
Mysal üçin, Maýa Öküzowanyñ "Ykbala" atly goşgusynda "Kalby sokur aldyr nebse nepesin" diýen ýaly akgynly, nakyl pähimli ajaýyp setiriniñ öñýüzünde "başarmaryn bet işleriñ telegin" diýen sözler bar. Eýsem bet işleriñ telek dälem barmydy?.. Elbetde, harsallyk bu...
Ýa-da Hudaýnazar Elliýew "Düýne geçen hatalary şu günüñ, gezýän eken soñ özüñden ar alyp" we "Hem aýry ykbalyñ sowuk deminden, seni meniñ tämiz yhlasym sowsun" diýen durnañ gözi ýaly dury, kämil setirleriñ gapdalyndan "Didäñ ~ Aý şöhlesi, ýüregiñ ~ çemen, "Aýratyn bezenmek gerek däl hemem" ýaly "ysgynsyz", ejiz, aslynda hökmany däl sözlere orun berilýär.
Bir kemsiz gözel bolmaz diýleni, elbetde şahyryñ ýazan, çap etdiren zatlarynuñ hemmesi jüpüne düşüp, gülala-güllük bolup durmaýany belli zat. Agsak setirler, towsak jümleler has tejribeli, köpi gören (takygrak aýtsam - "köpi ýazan") tanymal şahyrlarda-da duşman duranok ahyryn.
Ýöne meniñ şu ýerde nygtajak bolýan zadym başgarak: ýaşlykda gowşak zada göz ýumup geçirdim etseñ, onuñ soñabaka seni özüne öwrenişdirip, gul edip, harsallyklaryñy saña duýdurmazlygy-da geñ däldir.
Hawa, biziñ zehinli ýaşlarymyzyñ - şahyrlarymyzyñ barlygy hak. Şonuñ üçinem ýekeje bihal setire-de "Aý, bolýa-la" diýmezlige hut ýaşlykdan endik etmeli. Pozmaly, çyzmaly, täzeden ýazmaly, gözlemeli - bagryñy ýakmaly. Şeýdilse, bu seniñ özüñden önýän paýhas sapagyna, mekdebine öwrülýär. Şygyr bolsa, kim näme diýse-de, başda aýdyşym ýaly, bagryñ ýere berip ýazylsa-da, ahyr-soñda añyýetiñ, akyl-paýhasyñ miwesi bolup, ýetişen bagyñdan tänýär. Ol nesillere sargyt şekilli, pent şekilli bolup galýar. Nusgawy şahyrlarymyzyñ sap duýga eýlenen sap pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirlerini ýatlalyñ. Olar üstünden şunça zaman geçen-de bolsa, ozaly bilen, seniñ añyñy heýjana getirýär.
Meniñ öz ýaş kärdeşlerimiñ döredijiliginde G.Ezizowyñ, H.Kulyýewiñ eserleriniñ, äheñleriniñ eşidilýändiginem aýdyp bilerdim. Ýöne bu ahwalaty men aýyp hasap etmeýärin. Her bir şahyr hem (hakdan içen şahyram bolsa) ozalynda kimdir biriniñ, halypanyñ täsirine düşmän ýazyp başlan däldir.
Ýene bir aýtjagym. Men altmyşdan agan adam bolsam-da, häli-häzire çenli "Meniñ döredijiligim" diýmäge utanyp, şol bir mahalky "Ýaş şahyrlyk" duýgusy bilen ýaşaýaryn. Men goşgy ýazýanlygymy ömrüm boýy hatda ejem-kakamdan-da gizläpdim. Çekinýärdim. Meniñ muny şu ýerde ilkinji sapar aýtmagymyñ sebäbi bolsa, "Ýaş şahyrlyk duýgusynyñ" ajap duýgudygyny, onuñ seni her zeýilli eselmeden, men-menlikden goraýandygyny nygtap, adyny tutan zehinli ýaş şahyrlarymyñ ulumsylykdan herne daş durmaklaryny arzuw edýänligimi duýdurasum gelenligindedir.
2003 ý.
Annaberdi AGABAÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, Hormatly il ýaşulysy, Magtymguly baýragynyñ eýesi.
Edebi tankyt