13:59 Synmaz galanyñ syndyrylmagy | |
SYNMAZ GALANYŇ SYNDYRYLMAGY
Taryhy makalalar
• Wizantiýanyň paýtagty Konstantinopolyň türkmenler tarapyndan eýelenilmeginiň taryhy barada Ýer ýüzünde taryhy ýigrimi bäş asyrdan köp bolan şäherleri barmak büküp sanaýmaly. Geçmiş ykbaly köp halklaryň we döwletleriň taryhy bilen aýrylmaz bagly bolan gadymy merkezler has hem az. Şeýle merkezleriň biri Wizanti-Konstantinopol-Stambul şäheridir. Bu gadymy şäher Zeminiň iki böleginde Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda gojaman taryhyň özi tarapyndan döredilen özboluşly köprüdir. Bu gözel hem gadymy şäheriň gyzykly taryhynyň sahypalaryny agtaranyňda adam paýhasynyň we döredijiliginiň gudratyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Gojaman geçmişde gurulyp, kän gowgaly günleri başdan geçiren bu şäher harby-strategiki taýdan eýelenmegi-syndyrylmagy asla mümkin däl diýilip hasaplanypdyr. Emma taryhymyzyň şöhratly seneleriniň birinde bu şäheri türkmenler ýeňip alypdyrlar, onyň synmaz galasyny syndyrypdyrlar. Türkmen taryhyny şöhratlandyrýan bu şanly ýeňişe şu ýyl 550 ýyl dolýar. Soňra 1000 ýyllyk geçmişimizde Dandanakan (1040 ý) we Malazgirt (1071 ý) söweşleriniň ägirt uly taryhy ähmiýetiniň bolşy ýaly, 1453 ýylda Wizantiýanyň paýtagty Konstantinopal şäheriniň ýeňip alynmagy hem diňe bir türkmen halkynyň ýa-da musulman dünýäsiniň däl eýsem dünýä taryhy üçin hem möhüm ähmiýeti boldy. Çünki möwrütini ötüren Wizantiýa imperiýasy zamananyň öz üstüne ýüklän wezipeleriniň hötdesinden gelip bilmeýärdi, Ýewropanyň we Aziýanyň uly ginişliklerinde özara uruşlar ykdysady tozgunçylyklar, halkara gatnaşyklarynda bolsa yzy üzülmeýän onşuksyzlyklar dowam edýärdi. Konstantinopolyň eýelenilmegi bilen bu ýagdaý tamamlandy, ýykylan Wizantiýanyň ornuna dünýäde iň kuwwatly türkmen döwleti döredi. Bu bolsa yslam dünýäsi bilen Günbataryň arasyndaky güýç deňeçerligini 300 ýyllap musulmanlaryň peýdasyna çözdi we döwrüň halkara gatnaşyklaryny kadalaşdyrdy. Şeýlelikde, öňem dünýäniň esasy syýasy-ykdysady merkezi bolan Konstantinopl indi tükmen şäherine – Stambula öwrülip, bu ajaýyp şäheriň geçmişdäki beýik wezipesini dowam etdirdi. Türkmenleriň Konstantinoply eýelemegi bilen baglanşykly wakalary beýan etmäge girişmezden öň onuň gyzykly geçmiş taryhy barada gürrüň edilse ýerine düşermikä diýip pikir edýäris. Ol bize bu gözel şäheriň dünýa taryhyndaky ornuna we ähmiýetine düşünmäge ýardam eder. Grek taryhy çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä biziň eýýamymyzdan öňki VII asyryň başlarynda Bosfor bogazynyň töwereklerine ilatyn göçüp gelýändigi hakynda köp maglumatlar berilýär. Bu barada Gekateý Miletliniň (b.e.ö. VI-V aa), Gerodotyñ (b.e. ö.V), Gellanigiň (b.e. ö. V), Polibiniň (b.e. ö. III-II), Strabonyň (b.e. ö. 63 - b.e. 20-nji ýyllary), Ýewsewiniň ( III-IV) we beýlekileriň işlerinde gyzykly gürrüňler berilýär. Dionisiý Wizantiýaly (II-III) özüniň «Bosfor boýunça ýüzüş» atly eserinde gadymy Stambul (Wizantiý) barada has anyk taryhy maglumatlary berýär. Ady agzalan awtorlar Wizantiniň ýerleşýän ýeriniň oňaýlydygy, suwlarynyň balyklara baýdygyny, şäher töwerekleriniň awçylyk üçin örän amatlydygyny belläpdirler. Dionisiniň baýlykda «toprak bilen deňiz ýaryşýar» diýmegi aýdylanlary doly tassyk edýär. Taryhy ýazgylaryň şaýatlyk etmegine görä Wizantiý şäheri b.e.o 660-njy ýylda Gresiýadan göçüp gelen bir bölek ilatyň serdary, awyçy hem esger ýigit Wizant tarapyndan esaslandyrylypdyr we ençeme asyrlap şäher onuň adyny göteripdir, ýagny ol «Wizantiý» diýilip atlandyrylýar. Soňra «Wizantiýa» diýlip atlandyrylan ägirt uly imperiýanyň ady hem Wizantiý şäheriniň adyndan gelip çykypdyr. Ýogsam, Wizantiýa imperiýasynyň ýaşan asyrlarynda bu döwlet beýle atlandyrylmandyr. Sebäbi döwletiň resmi ady «Romaniýa» – «romeýleriň (rumlylaryn) ýurdy» bolupdyr. Türkmenleriň bu ýurdy «Rumystan» diýip atlandyrmagy hem şol «Romaniýa» diýen at bilen baglanşyklydyr. Wizantiýa ýykylandan soň, Ýewropada bu döwletiň taryhyny öwrenmäge gyzyklanma artypdyr. Ýewropaly taryhçylar XVI asyrdan başlap gadymy döwürde döwletiň paýtagty bolan Wizantiý şäheriniň ady bilen baglanyşdyryp, bu ýurdy «Wizantiýa» diýip atlandyryp ugrapdyrlar. Häzirki döwürde dünýä taryh ylymynda ginişleýin ulanylýan «Wizantiýa» adalgasy şeýle döräpdir. Mälim bolşy ýaly, Wizantiý- Konstantinopol – Stambul Aziýany we Ýewropany bölýän Dardanell we Bosfor bogazlarynyň aralygynda ýerleýän Mermer deňziniň demirgazyk kenarynda, suwuň gury ýere süsňäp, sygryň şahynyň şekilini emele getirýän (şonuň üçin hem ol ýer «Altyn Şah» diýlip atlandyrylýar) ýerinde, Mermer we Gara deňizlerini birleşdirýän Bosfor bogazynyň (grekçe «bosfor» ady «sygyr güzeri» manysyny berýär) Ýewropa kenarynda ýerleşýär. Wizantiý şäheri asyrlaryň dowamynda Ahemenileriň pars döwletiniň, Afiny deňiz bileleşiginiň, Spartanyň, Isgender Zülkernaýnyň we Selewkileriň döwletiniň düzüminde bolmak bilen kä ösüşli, kä tozgunçylykly günleri başdan geçiripdir. B.e.ö. III-II asyrlarda Puni uruşlarynyň netijesinde sebitde ýene –de bir kuwwatly imperiýa Rim imperiýasy kemala gelipdir. Wizantiý Rimin hökümdarlary bilen ylalaşykly ýaşaşypdyr, şonuň üçin hem Rim hökümdarlary hem Wizantiý şäherine köp ýeňillikleri beripdirler. Wizantiniň garaşsyzlygy we erkin-döwleti derejesi rimliler tarapyndan ykrar edilipdir, ona Rimiň ýarany hökmünde garapdyrlar. Emma II asyryň ahyrlarynda Wizantiý uly heläkçilige sezewar bolýar. 196-199-njy ýyllarda gözel şäher Wizantiý häkimiýet ugrunda göreşlerde rim serkerdesi Septimi Sewer tarapyndan weýran edilipdir. Ýöne soň şeýle ajaýyp şäheri ýumranyňa ökünip Septimiý şäheri gaýtadan dikeltmäge girişipdir. Septiminiň ogly imperator Karakalle döwründe (211-217) Wizantide köp dikeldiş işleri amala aşyrylypdyr, täze-täze köşkler we ybadathanalar gurlupdyr. Imperator Galmeniň (253-268) döwründe şäher gaýtadan weýran edilipdir. Ýöne birnäçe onýyllyklar geçen soň Wizantiý diňe bir gaýtadan dikelmek bilen çäklenmän, hut imperiýanyň paýtagty Rimiň ornuny eýelemegem başarypdyr. Wizantiýanyň taryhynyndaky öwrülişik belli rim imperatory Beýik Konstantiniň (306-337) ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol rimiň taryhynda hristiançylygy ykrar eden, ony döwlet dinine öwren şahsdyr. Ýöne ol esasan taryhda Wizantini Gündogar Rim imperiýasynyň paýtagtyna öwren şahs hökmünde tanalýar. Konstantini Rimiň begzadalary biynjylyk edipdirler. Şonuň üçin hem ol imperiýanyň paýtagtyny başga ýere geçirmek isläpdir. Onuň nazary Wizantide eglenipdir. 324-nji ýylda Konstantiniň buýrugy bilen Wizantide uly gurluşyk işleri ýaýbanlanypdyr. Şäheriň daşyna Konstantin ägirt uly gum seňňerini-goranyş desgasyny galdyrýar, soňra ol daş diwar bilen çalşyrylýar. Täze paýtagt şäheriniň açylyş dabarasy 330-njy ýylyň 11-nji maýynda bolup geçýär. Şol gün imperatoryň permany bilen şäher «Täze Rim» diýlip atlandyrylýar we Konstantin Wizantini dünýäniň merkezine öwürmäge çalşypdyr. Emma bu at ornamandyr. Şäheri halk Konstantinopol - «Konstantiniň şäheri» diýip atlandyrypdyr. Konstantiniň dolandyran ýyllary şäherde 30 golaý köşkler we ybadathanalar 4 müňden gowrak uly ymaratlar, sirk, 2 teatr we aýlaw, 150-den gowrak hammam, şonçarak çörek bişirilýän tamdyrlar gurlupdyr we 8 sany suw prowodalary çekilipdir. Şeýlelikde, şäher ulalypdyr we V asyrda şäher ilatynyň sany 700 müňe çenli aralygynda uýtgäp durupdyr. Konstantin döwründe şäheriň ilaty artyp, ilat eýýäm galanyň daşynda ýaşap başlapdyrlar, üstesine-de 412-nji ýylyň ýer titremesinde Konstaniniň guran galasynyň diwarlary zaýalanypdyr. Şonuň üçin hem Feodosiý II (408-450) dolandyran ýyllarynda «Feodosiniň galasy» atly diwar gurlupdyr. V asyrda Konstantinopolyň gala diwarlarynyň umumy uzynlygy 16 km. ýetipdir we onda 400 sany berk diňler bolupdyr. Gury ýerden şäheri «Feodosiniň galasy» gorap onuň uzynlygy 5,5 km barabar bolupdyr. Bu gala 3 hatardan ybarat ekeni. Galanyň birinji hatary 5 m belentlikde bolup onuň oňünde giňligi 20 m bolan garym ýerleşipdir. Ondan soň galanyň ikinji hatary başlap onuň galynlygy 2-3 metr, beýikligem 10 m bolupdyr. Galanyň ahyrky, üçünji hatary ikinji hatardan 25-30 m aralykda başlap, onuň diwarlarynyň galynlygy 6-7 m belentligem 20-30 m barabar bolupdyr. Aşagyny köwüp girmezler ýaly galanyň diwarlary ýeriň derejesinden 10-12 m. aşakdan başlanypdyr. Imperator Irakliniň döwründe (610-741) Feodosiniň galasy dowam etdirilip, şäheriň gorag diwarlarynyň gurluşygy doly tamamlanypdyr. Irakliniň gurduran gorag diwarlarynda 20 sany beýik goranyş diňleri bolurdyr. Şäheriň Feodosiniň galasyndan çärýek asyr soň gurlan deňiz diwarlarynyň hem diňleri bolup, ol bir hatar edilip gurlupdyr. VI asyryň başlarynda imperator Anastasiý (491-518) Konstantinopolyň günbatarynda 50 km diwar gurdurypdyr. Konstantinopoly eýelemegi ýüregine düwen her bir serkerde şäheriň şeýle berk goralan diwarlary bilen iş salyşmaly bolupdyr. Şol sebäpden hem asyrlar boýy Konstantinopolyň üstine ýöriş eden serkerdeler, şäheri netijesiz gabap, soň şöhratsyz yzyna dolanmaly bolýardylar. Netijede, gala diwarlary Konstantinopoly ýenilmezek şähere öwrüpdirler. 395-nji ýylda imperator Feodosiý 1 ( 379-375) aradan çykýar. Ol 394-nji ýylda imperiýany iki oglunyň arasynda paýlaýar. Şeýlelikde, ägirt uly Rim imperiýasy Günbatar we Gündogar böleklerine bölünýär. 476-njy ýylda Günbatar Rim imperiýasy Gun patyşasy Odoakr tarapyndan ýykylyp, onuň Gündogar bölegi Konstantinopolyň paýtagtlygynda dünýäde iň kuwwatly döwlet bolup galyberýär. Wizantiýanyň imperatorlarynyň her biri öz atlaryny ebedilişdirmäge jan edipdirler. Kim ybadathana, kim köşk gurupdyr. Imperator Ýustinýanyň (527-565) gurduran keramatly Sofiýa ybadathanasy ýaly ajaýyp binany hiç kim gurduryp bilmändir. Çünki Iýerusalimdeki Suleýman pygamber tarapyndan gurlan ybadathanadan başga ýekehudaýlygyň bir ybadathanasy hem ýokdy. Şonuň üçin hem Ýustinýan 537-nji ýylyň 27-nji dekabrynda ybadathananyň açylyş dabarasyna barýarka: «Eý, Hudaý! Şu beýik işi amal etmek üçin meni saýlanyňa minnetdardyryň! Men senden özdurdym Suleýman!» diýip gygyrypdyr. 626-njy ýylyň iýýul-awgust aýlarynda Konstantinopoly Awar hany Baýan gabapdyr. Emma şäheri alyp bilmän gidýär. 674-nji ýyldan başlap Konstantinopola araplar çozup ugraýarlar. 678-nji ýylda araplar Konstantinopoly gabaýarlar, ýöne 30 müňden gowrak urşujysyny ýitirip gidýärler. XI asyryň ikinžj ýarymyndan Wizantiýanyň araçäklerinde türkmenler peýda bolup ugraýarlar. Bu bolsa Wizantiýa bilen Beýik seljuk türkmen döwletiniň arasynda urşa getirýär. 1071-nji ýylda Wizantiýanyň Malazgirt (Mansikert) şäheriniň ýakynda imperator Roman Diogen bilen Alp Arslanyň türkmen goşunlary duşuşdy we ol grekleriň uly ýenlişi bilen tamamlandy. XIV asyryň 30-njy ýyllarynda Kiçi Aziýa syýahat eden Ibn Batyta Osman türkmen döwleti we onuň soltany Orhan barada: «Bu soltan – in baý genji-hazynasy, şäherleri we esgerleri bolan türkmen hökümdarlarynyň iň güýçlisi» diýip ýazypdyr. XV asyryň başlarynda Kiçi Aziýa talaňçylykly ýöriş eden Teýmirleňiň taryhçysy Şerefeddin Ýezdiniň türkmen ady barada berýän maglumatlary has hem ynandyryjy. Ýezdiniň berýän maglumatlaryna görä, Teýmirleň Günbatar Eýranda mongollardan galan çarwalara duşupdyr. Şonda Teýmir olara ýüzlenip: «Biziň aňrymyz bir kökden – Çingiz handan» – diýipdir. Sonam sag eliniOsman döwletine tarap uzadyp, - «Olar – türkmenler. Biz olary ýok etmelidiris» – diýip aýdypdyr. Türkmenleriň kaýy taýpasyndan bolan Ärtogrul Gazynyň ogly Osman Gazy (1300-1326) 1300-nji ýylda özbaşdak döwlet döredýär we ol Osman türkmenleriniň döwletiniň ady bilen taryha girdi. 1301-nji ýylda Osman Gazy Wizantiýanyň agyr ýeňlişe sezewar edýär. 1326-njy ýylda bolsa Bursa eýelenilip, ony Osmanyň ogly Orhan (1326-1361) döwletiň paýtagtyna öwürýär. Şu ýeňişlerden soň türkmenleriň Konstantinopoly eýelemäge bolan gyzyklanmasy artyp ugraýar. XV asyryň türkmen şahyry we taryhçysy Ýazyjy ogly Osman Gaza bagyşlap ýazan şygyrlarynyň birinde: - Osman, Ärtogrulyň, oglusun, Gara han, Oguz han neslisiň, Hakyň bar kemter gulusyň, Stambuly al, gülzar eýle - - diýip ýüzlenipdir. Orhanyň ogly Myrat I (1361-1389) döwründe Osman türkmen döwleti has hem giňeýär. Oňa indi Bosfordon aňyrda – Ýewropada ýerleşýän ep-esli ýerler hem degişlidi. 1366-njy ýylda Myrat 1 döwletiň paýtagtyny Bursadan (Aziýa) Edirnä (Ýewropa) geçirýär. Myrat I özüne «soltan» unwanyny kabul eden birinji Osmanly türkmen hökümdarydyr. Täze ýerleri eýelemek Myradyň ogly Baýazit I Ýyldyrym (1389-1404) tarapyndan dowam etdirilýär. Ol 1396-njy ýylda Merkezi Ýewropa döwletleriniň türkmenlere garşy Wengriýanyň patyşasy Sigizmundyň ýolbaşçylygyndaky haç göterijileriň goşunlaryny hem derbi-dagyn edipdir. Emma Baýezidiň Konstantinopoly eýelemäge synanşyklary şowsuz tamamlanypdyr. Konstantinopoly eýelemäge Myrat II (1421-1451) tarapyndan hem synanşyk edilipdir. 1422-nji ýylda ol şäheri zabt edipdir. Ýöne şäheri alyp bilmejegine göz ýetirip, gabawy aýyrypdyr. 1443-nji ýylda Polşanyň patyşasy Wladislaw Ýagellonyň baştutanlygynda türkmenlere garşy Wengriýanyň, Polşanyň, Serbiýanyň, Walahiýanyň we Çehiýanyň hökümdarlarynyň gatnaşmagynda täze haçly ýöriş geçirilýär. Emma bu goşunlar hem 1444-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Warnanyň eteginde Myrat II tarapyndan aýlyganç ýeňilşe sezewar edildi. Warna ýeňşi türkmenlere Wizantiýanyň we onuň paýtagtynyň ykbalyny çözmäge mümkinçilik berdi. Konstantonopoly eýelemeklik şöhratly serkerde hem hökümdar Muhammet II Fatyhyň (1451-1481) döwründe mümkin boldy. Muhammet II öz öňünde Konstantinopoly eýelemekligi we Wizantiýany döwlet hökmünde ýykmagy maksat edinipdir. Ýaş soltan şäheriň nähili möhüm ýerde ýerleşýändigine we eger-de, ony boýun egdirse, gün-günden güýçlenýän Osman döwleti üçin uly syýasy we ykdysady ähmiýetiniň boljakdygyna örän gowy düşünipdir. Üstesine-de, XV asyryň ortalarynda Osman türkmenleriniň döwletiniň ýeterlik harby we ykdysady kuwwaty bolup, ýeňilmezek Konstantinopoly eýelemeklik Muhammet II mümkin bolup görnüpdir. Muhammet II Konstantinopoly eýelemek üçin taýýarlyk işlerini geçirip ýören wagty Wizantiýanyň imperatory Konstantin XI Paleolog soltana basyş etmek isläpdir. Munuň üçin ol Konstantinopolda ýaşan osmanly hanedanyndan bolan şazada Orhany ulanmak isläpdir. Şindi Myrat II döwründe Konstantinopola gelen Orhan osmanly tagtyna tamakinçilik edýän dalaşgärleriň biri bolupdyr. Konstantiniň ilçileri Soltanyň paýtagty Edirnä gelenlerinde, olar Muhammede Konstantinopolda onuň mümkingadar bäsdeşiniň bardygyny ýaňzydypdyrlar. Şeýtmek bilen Konstantin Muhammet II özi bilen geleşik eder, Konstantinopoly zabt etmek hyýallaryndan el çeker öýdüpdir, ýöne Muhammet II tersine Konstantiniň bu hilelerine pitiwa-da etmändir. Tiz wagtdan wizantiýalylar aýgytly söweşleriň golaýlandygyny aňypdyrlar. Sebäbi Muhammet şindi Baýezit I tarapyndan Bosfor bogazynyň Aziýa kenarynda gurlan Anadolyhisar galasynyň garşysynda, bogazyň Ýewropa kenarynda Rumilihisar galasynyň gurluşygyna başlaýar. Bu galanyň gurulmagy Muhammede Bosfor bogazynyň iki kenarynam öz gözegçiligine alyp, Konstantinopoly Gara deňzi tarapdan deňiz gabawuna salmaga mümkinçilik beripdir. Rumilihasar galasynyň gurluşygy 4 aýlap dowam edip, onda soltanyň ähli welaýatlaryndan getirilen 6 müň adam işläpdir. Galanyň gurluşygyna Muhammediň hut özi ýolbaşçylyk edipdir. Gala nädogry bäşburçlygy emele getirip, onuň diwarlary örän berk daşlardan gurulypdyr. Galanyň her burçunda bir diň galdyrlyp, olaryň üstünde uly toplar oturdylypdyr. Toplar bu uly gala aýratyn haýbat beripdirler. Galanyň gurluşygy gutaran dessine, soltan Muhammet Bosfor bogazyndan geçýän ähli gämileri gümrük barlagyndan geçirmegi buýrupdyr. Barlaga boýun egmek islemedik gämileri bolsa gark etmegi tabşyrypdyr. Tiz wagtdan bu talaba boýun egmedik wenesiýalalylaryň gämisi gark edilipdir. Şundan soň Rumili hisar galasy türkmenler tarapyndan «Bogaz kesen» diýlip atlandyrylypdyr. Haçanda Konstantinopoldakylar täze galanyň gurluşygyna başlanandygyny eşidip, uly howsala düşüpdirler we imperator ýagdaýy anyklamak üçin soltanyňka ilçi iberipdir. Muhammet ilçini kabulam etmändir. Galanyň gurluşygy gutarandan soň Konstantin soltan bilen iň soňky gezek ylalaşyk etmäge synanşypdyr. Onuň ilçileri Muhammede öz hökümdarlarynyň islendik eglişige razydygyny mälim edipdirler. Şonda Soltan Konstantinden şäheri tabşyrmaklygy talap edipdir, oňa derek Soltan Wizantiýanyň imperatoryna Moreýany mülk edip berjekdigini aýdypdyr. Emma Konstantin muna razy bolmandyr. 1452-1453-nji ýyllaryň gyşynda döwletiň paýtagty Edirnede Konstantinopola boljak aýgytly hüjüme taýýarlyk işleri dowam edipdir. Soltan şäheriň gurluşyny, onuň gorag diwarlarynyň ýagdaýyny üns bilen öwrenipdir. Şol günler türkmen soltanynyň ýagdaýyny XV asyryň grek taryhçysy Duka şeýle beýan edipdir: «gije-gündiz Muhammet kä ýatyp, kä turup, köşguň bir daşyna çykyp, bir içine girip, diňe bir zadyň – nähili harby tilsim, nähili maşynlar bilen Konstantinopoly almalydygynyň pikirini we aladasyny edýärdi». Soltan özüniň şäheri almak bilen baglanyşykly pikir-hyýallaryny gizlinlikde saklamaga çalşypdyr. Gabawyň başlanjak wagtyny, şäheri almagyň usullaryny hiç kime aýtmandyr. Onuň bar ünsi türkmen goşunlarynyň söweş ukyplaryny ýokarlandyrmaga, ony gabaw tehnikalary bilen üpjin etmäge gönükdirilipdir. Edirnäniň eteginde meşhur ussa Urbanyň ýolbaşçylygynda kuwwatly toplary ýasaýan ussahana gurlupdyr. Ussahanada onlarça bürünç toplar ýasalyp, olaryň biri aýratyn äpet eken. Ol topyň niliniň ýogynlygy 12 garş bolup, onuň daşdan edilen her bir okunyň agramy 500 kg golaý bolupdyr. Taryhçylaryň ýazmagyna görä, bu mähnet topy Edirneden Konstantinopola çenli 60 sany öküz 2 aýyň dowamynda süýräp getiripdirler. 1453-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda soltan ähli köşk adamlaryny ýygnap «Meniň döwletimiň howpsyzlygy diňe Rumystanyň paýtagty türkmenleriň eline geçende üpjin ediler» diýip aýdypdyr. Muhammet Konstantinopoly alyp bilmese tagtdan el çekjekdigini yglan edipdir. Köşkdäki maslahatyň barşynda Konstantinopoly eýelemegiň mümkinçiligi baradaky pikirlerini soltan şäheriň harby nukdaýnazaryndan şeýle synmazak dildigini, wizantiýalylaryň paýtagtyň goragyna taýýar däldikleri bilen baglanyşykly delilleri bilen berkidilipdir. 1453-nji ýylyň mart aýynda türkmen goşunlary Konstantinopola tarap süýşüp ugrapdyr. 5-nji aprelde iň soňky goşunlar bilen şäheriň etegine Soltanyň özem gelipdir. Türkmen goşunlary Konstantinopoly gury ýerden gabapdyrlar. Soltan stawkasyny şäheriň Edirne (Adrianopol) derwezesiniň garşysyndaky galanyň aňyrsynda ýerleşdiripdir. Soltanyň Konstantinopoly gaban goşunlarynyň sany barada dürli hili maglumatlar berilýär. Eýýam ady tutulan Duka soltanyň goşunlarynyň sany 400 müň, beýleki bir grek taryhçysy, bu gabawy gözi bilen gören Frandzi 250 müň diýip görkezýär. Emma sanlar göz-görtele artdyrylyp görkezilen maglumat, sebäbi köp alymlar Konstantinopoly gaban türkmen goşunlarynyň sanyň 100-150 müňden geçmändigini belleýärler. Soltana 80 sany harby we 300-den gowrak ýük daşaýan gämileri jemlemegem başardypdyr. «Feodosiniň diwarlarynyň» ortasynda keramatly Roman derwezesi ýerleşýärdi. Şu ýerde soltan öz toplarynyň esasy köpçüligini, şol sanda Urbanyň äpet topyny, şeýle hem esasy zabt ediji goşunlaryny ýerleşdiripdir. Bu goşunlara Muhammeddiň hut özi serkerdelik edipdir. Galan toplaryny soltan gabawyň ähli ugurlarynda ýerleşdiripdir. Gabawyň sag ganatyny Anadolydan getirilen goşunlar düzüp, olar «Altyn şah» aýlagyna çenli aralykda ýerleşdirilipdir. Bu goşunlara köp söweşlerde ýeňiş gazanan Yshak paşa serkerdelik edipdir. Soltanyň Rumilinden (Ýewropa) getirilen goşunlary gabawyň çep ganatynda Altyn derweze aralygynda ýerleşdirilip, oňa belli serkerde Garaja beg ýolbaşçylyk edipdir. «Altyn şah» aýlagynyň üstüne abanyp duran depeleriň üstünde Sagan paşanyň serkerdeligindäki goşunlar ýerleşdirilip, olar aýlaga gözegçilik etmelidi. Mermer deňzinde ýerleşýän türkmen flotyna admiral Paltaogly ýolbaşçylyk edipdir. Ýöne türkmen gämilerine aýlagyň bütin uzynlygyna çekilen ýogyn zynjyrlar päsgel berip, olar türkmen gämilerine «Altyn şah» aýlagyna girmäge we şäheriň deňiz diwarlaryna hüjüm etmäge päsgel berýärdiler. Üstesine-de, zynjyryň aňyrsynda «Altyn şah» aýlagynyň içinde, şäheriň deňiz tarapynyň goragynda wizantiýalylaryň 30 gämisi söweşe taýýar bolup durdy. Konstantinopolyň «Altyn şah» aýlagynyň kenarýakalaryny wenesialy we genuýaly deňizçiler goraýardylar. Keramatly Roman derwezesiniň goragynda esasan genuýaly rysarlar durýardylar. Şäheriň galan ýerleriniň goragyny wizantiýalylar we hakyna tutma latyn goşunlary amala aşyrýardylar. Galanyň goragçylarynda toplar az bolupdyr, bolanlarynam ulanmak kyndy. Sebäbi top atylanda emele gelýän sarsgyn netijesinde gala diwarlaryna uly zyýan ýetirilýärdi. Ýöne wizantiýalylarda «Grek ody» diýlip atlandyrylýan aýratyn ýowuz ýarag bardy. Bu ýaragy grekler şindi VI asyrda oýlap tapypdyrlar. Ol iki tarapy açyk ýogyn mis turbadan durýardy. Onuň içine selitradan, kükürtden we şepbikden edilen garyndy salnyp otlanylanda, ondan 200-300 m aralyga çabraýan ot çykýardy. Şonuň üçin hem grekler ony guryýer söweşlerinde-de, deňiz söweşlerinde-de ulanýardylar. 1453-nji ýylyň 6-njy aprelinde irden gabaw işleri tamamlanandan soň Muhammet Konstantinopola elleri ak baýdakly ilçileri iberipdir. Ilçiler imperatora soltanyň boýun egmek baradaky hatyny gowşurypdyrlar. Hatda soltan wizantiýalylaryň eger-de boýun egseler, olaryň janyna we emlägine degilmejekdigine kepil geçipdir. Emma imperator boýun egmek islemändir. Şundan soň dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen toplary gümmürdäp ugrapdyr. Ýöne toplaryň şäheri yzygider bombalap duranlygyna garamazdan, onuň ýetirýän zyýany şeýle uly däldi. Sebäbi türkmen topçylarynyň tejribesi pes bolupdyr. Üstesine-de, galanyň goragçylarynyň huşuny başyndan uçuran Urbanyň mähnet topy ýarylypdyr we ussanyň özünem ýaralapdyr. 18-nji aprelde türkmen goşunlary galanyň diwarlaryny zabt edip ugrapdyrlar. Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda türkmen esgerleri garymlary çöp-çalamlardan, içi çägeli haltalardan dolduryp, galanyň diwarlarynyň weýran bolan ýerlerine okdurylypdyrlar. Hüjümiň birinji güni türkmenler üçin käbir netijeleriň gazanylandygyna garamzdan, şowsuz tamamlanypdyr. Türkmenleriň galanyň aşagyny kowup, şäheriň içine aralaşmaga eden synanyşyklary hem netijesiz tamamlanypdyr. Muhammet II şowsuzlyga gaty gaharlanypdyr. Ýöne 20-nji aprelde soltana ýene bir şowsuzlyk garaşypdyr. Şol gün türkmenler deňiz söweşlerinde-de ýeňilipdirler. Rim papasy tarapyndan Konstantinopola üsti ýaragly we azykly dört sany uly gämi iberilipdir. Gämileriň biri wizantiýalylara degişli bolup, onuň üstünde «grek ody» hem bar eken. «Altyn Şaha» tarap barýan şu gämiler bilen türkmen gämileri söweşe giripdirler. Bosfaryn gyrasyndan bu söweşe seredip duran soltanyň gözüniň alnynda şol dört gämi birnäçe türkmen gämilerini «grek ody» bilen otlap, aýlaga girip gidipdirler. Bu gämileri aýlagy ýapyp duran zynjyrlaryň aňyrsyndaky grek gämileri goldapdyrlar. Bu şowsuzlyk sebäpli soltan admiral Paltaogluny ähli wezipelerinden, derejelerinden we emläklerinden mahrum edipdir. Tiz wagtdan soltan hüjümiň netijeligini artdyrmagy başarypdyr. Munuň üçin ol Galatanyň diwarlaryndan tä «Altyn Şaha» çenli aralygy agaç pürsler bilen düşedipdir we onuň ýüzüne mal ýagyny çalyp, gämileriniň agramly bölegini «ýagly düşegiň» üsti bilen süýräp aýlagyň suwuna goýberipdir. 22-nji aprelde irden öz garşysynda duran türkmen gämilerini görüp grekleriň zähresi ýarylypdyr. Indi aýlagy ýapyp duran polat zynjyrlar türkmen gämileri üçin päsgelçilik däldi. Latyn we grek admirallary aýlagyň suwuna giren türkmen gämilerini gije bildirtmän «grek ody» bilen otlamagy karar edýärler. Galany goraýjylaryň gämileri wenesiýaly Kokkonyň ýolbaşçylygynda soltanyň gämilerine golaýlaşypdyr. Ýöne garşydaşlarynyň bu pirimini soltan aňypdyr we grek gämileri gark edilipdir. Bu şowsuzlyklar galany goraýjylary ruhdan düşüripdir. Ýöne şäheri zabt edýän türkmenleriňem ýagdaýy öwerlikli däldi. Hüjümlere garamazdan şäher boýun egmeýärdi. Şol döwürler soltanyň goşunlarynyň arasyna galany goraýjylara Wengriýadan köp goşunlaryň we Wenesiýadan uly flotyň kömege gelýändigi barada howsalaly myş-myşlaram ýaýrapdyr. Beýik wezir Halyl paşa soltany gabawy aýyrmaga yrmaga çalşypdyr. Ol bu iş ahyrynda Ýewropa ýurtlary bilen uly urşa getirer diýipdir. Emma soltanyň köşk adamlarynyň agramly bölegi Muhammedi bu meselede goldapdyrlar. Konstantinopoly zabt etmek maý aýynda-da dowam etdirilipdir. Şäheri top okuna tutmak güýçlendirilipdir. Türkmenler Urbanyň mehnet topuny dikeldipdirler. Şäheri eýelemek üçin soltan täze-täze tilsimleri ulanypdyr. Şeýle gabaw serişdeleriniň biri galanyň diwarynda 18-nji maýda peýda bolupdyr. Bu wakany gözi bilen gören Georgi Frandzi şeýle ýazypdyr: «Gabaw üçin soltan täzeden-täze tilsimleri we maşynlary ulanýardy. Ýogyn pürslerden köp sanly tigirleri bolan giň we beýik gabaw maşynlaryny gurdurdy. Onuň içi daşy öküz we sygyr derileriniň üç gaty bilen örtülipdi… Galanyň diwarlaryna ynsan aňyna gelmejek we henize çenli öň gala zabt edilende ulanylmadyk her hili maşynlary dirediler». Maý aýynyň ahyrlarynda soltan harby geňeşi çagyrypdyr we şonda ol Konstantinopola iň soňky gezek hüjüm etjekdigine we şäheri aljakdygyna aýdypdyr. Beýik wezir Halyl paşa parahatçylykly şertnama baglaşmagyň ýollaryny gözlemegi teklip edipdir. Emma serkerdeleriň köpçüligi şäheri zabt etmegi goldapdyrlar. Soltan iň soňky gezek imperator Konstantine şäheri boşatmagy ýa-da 100 müň altyn teňňe paç tölemegi teklip edipdir. Emma teklipleriň ikisem kabul edilmändir. 1453-nji ýylyň 28-nji maýynda soltan goşunlara aýlanypdyr we iň soňky hüjüme taýýarlygyň ýagdaýyny gözden geçiripdir. Gabaw tehnikalaryny, garymlary gömmek üçin zerur bolan enjamlary, ýaraglary söweşe taýýar edip goýan esgerler şol gün dynç alypdyrlar. Agşam soltan ertir aýgytly hüjümiň boljakdygyny yglan edipdir. Dukanyň sözlerine görä, soltan esgerlere ýüzlenip: «Maňa şäheriň binalaryndan we diwarlaryndan başga olja gerek däl. Şäheriň hazynasy we ýesirler siziň oljaňyz bolsun» diýip aýdypdyr. Soltan esasy zarbany keramatly Roman we Haryseý derwezeleri tarapda urmagy karar edipdir. Sebäbi gabawyň bütin döwründe bu ýerde gandöküşikli söweşler bolupdy. Bu ýerde toplaram beýik alaňlaryň üstünde ýerleşýärdi we galanyň diwarlary we diňleri toplaryň duran ýerinden ep-esli aşakda ýerleşýärdi. Bu bolsa şäheri top okuna tutmaga gowy mümkinçilik berýärdi. Galanyň öňündäki garymlaram çuň däldi. Bu ýerdäki söweşlere serkerdeligi soltan öz üstüne aldy. Zabt ediji goşunlaryň sag we çep ganatynda ýerleşýän goşunlaryň wezipesi galanyň goragçylarynyň ünsüni keramatly Roman derwezesinden sowmalydy. Sagan paşanyň serkerdeligindäki goşunlar imperatoryň oturýan ýeri bolan Wlahern köşgüne hüjüm etmelidi. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin bu goşunlar Galatynyň diwarlarynyň öňünden Feodosiniň diwarlarynyň demirgazyk tarapyna geçirildi. Olar «Altyn Şah» aýlagyndan sallaryň we agaç çelekleriň kömegi bilen geçirildi. Gämileriň kapitanlary aýlagyň deňiz diwarlaryny oka tutmak we deňizçileri galany zabt etmäge sürmeklige buýruk aldylar. 29-njy maýda söweşiň iň soňky güni daňdanlar surnaý-kernaýlaryň we deprekleriň sesi hüjümiň başlandygyny yglan etdi. Türkmen esgerleriniň gury ýerden we deňizden edýän hüjümlerini galany goraýjylar ýangynlylyk bilen yzyna serpikdirýärdiler. Soltan bolsa söweşe täze-täze saýlantgy güýçlerini sürýärdi. Ahyrsoňy Urbanyň mehnet topy keramatly Roman derwezesiniň golaýýnda galanyň diwaryny ýumurdy. Galanyň bu ýerini goraýan genuýalylar gaçyp başladylar. Olaryň serkerdesi Justiniani ýaralandy we gämä münüp gaçdy. Bu waka soltanyň iň saýlantgy goşunlaryny söweşe salan wagty bolup geçdi. Soltanyň esgerleriniň biri, uzyn boýly, pälwan yigit Hasana 30-a golaý ýigidi bilen galanyň üstüne çykmak we keramatly Roman derwezesiniň diňleriniň birini eýelemek başartdy. Hasan we onuň ýanyndaky ýigitleriň ýarpa golaýy başy-baş söweşde wepat bolupdyrlar, ýöne beýleki hüjüm edýän esgerlere galanyň diwaryna çykmaga mümkinçilik döretdiler. Tiz wagtdan hüjüm edilýän derweze açyldy we onuň depesinde türkmen baýdagy parlady. Imperator Konstantin söweşde öldürildi. Şeýlelik-de, açylan derwezeden türkmen goşunlary şähere sil ýaly bolup girdiler. Aýlag tarapdan deňiz diwarlaryna hüjüm eden deňizçiler hem garşylygy syndyryp, şähere kürsäp girdiler. Şäherden ilkinjiler bolup wenasiýalylar we genuýalylar gämilerine münüp gaçdylar. Netijede asyrlaryň dowamynda ygtyýarsyz keseki aýagy düşmedik synmaz şäher türkmen ýaragynyň we güýjüniň öňünde durup bilmedi. Ol doly syndyryldy. Şäher eýelenenden üç gün geçensoň Muhammet Konstantinopola gelipdir. Keramatly Sofiýa ybadathanasynyň owadanlygy soltany haýran galdyrypdyr. Ol öz gazanan ýeňşini şöhratlandyrmak üçin ybadathanany metjide öwürmegi we ony «Aýa Sofiýa» diýip atlandyrmagy buýrupdyr. Konstantinopoly Muhammet döwletiň täze paýtagty diýip yglan edipdir we dünýäniň kartasynda täze şäher – Stambul peýda bolupdyr. Häzirki wagtda Stambul adynyň döreýşi barada birnäçe çaklama bar. Şäheriň häzirki türkmen dilinde atlandyrylyşy rus dilinden geçipdir. Konstantinopoly ýeňip alandan soň Muhammet ony «Yslam bol» diýip atlandyrypdyr. Häzirki wagtda Türkiýede şäher Istanbul diýlip atlandyrylýar. Aýdylan ýarym degişme äheňdäki rowaýata görä, hamana, Muhammet II Konstantinopoly alanyndan soň «Öň hristiýanlaryň şäheridiň, indi Yslam bol» diýip aýdanmyş. Ýöne soň wagtyň geçmegi bilen «isleseň hristian, bolmasa «istan-bul» – «isläniňi bol» diýip, «Istanbul» ady ýüze çykanmyş diýýärler. Ermeni alymy A.S.Anasýan «Istanbul» adynyň «[Kon]stan[tino]pol» sözünden gelip çykandygyny belleýär. Onuňam sebäbi wizantiýaly ermeniler Konstantinopoly öz dillerinde Stambol, Stimbol» diýip atlandyrypdyrlar. Türki dilleri boýunça görnükli alym, akademik A.N.Kononow bolsa Istanbul adynyň gelip çykyşyny şäheriň öňki adynyň – Konstantinopolyň – kem-kemden türkmen dilinde aýdylyş kadalaryna gelmegi bilen düşündiryär. Konstantinopolyň synmagy bilen Wizantiýa döwleti hem syndy. Onuň ýerinde kuwwatly Osman türkmenleriniň döwleti kemala geldi. Bu döwlet we onuň gözel paýtagty Stambul XVI asyrdan başlap yslam dünýäsiniňem merkezine öwrüldi. Türkmen soltanlary Stambuly dünýäniň gözel şäherleriniň birine öwürmäge çalşypdyrlar. Dürli asyrlarda şäherde dünýä ymaratçylygynyň meşhur ýadygärlikleri bolan Topgapy köşgi (XVI a), Süleýmaniýe (XVI asyr) we Ahmediýe (XVII asyr) metjidleri ýaly ýüzlerçe binalar gurlupdyr. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||