04:52 Täleý mizany | |
TÄLEÝ MIZANY
Goşgular
Yşk ýolunda nije çekdim endişe, Neçün melek gözde ýaşym sylmady. Gör, kimlerden haraý gözläp eñşedim, Galdy göwräñ tapdan düşen sulbasy. Käte däli edip, käte serim-sal, Irki ýaşlyk kän aşyrdy hetdimden. Kän dert çekip yşkyñ pynhan ýerinde, Gam-hasrata öwrenişip gitdim men. Kimiñ dergähine perýada bardym, Sergezdan gezip men yşky heserden. Kä salgyma, käte berbada bardym, Gam jaýyndan bakdym dünýä eserdeñ. Birmahallar ýatdan çykan jenan deý, Sypap geçdim tanyş baglañ şahasyn. Nije jebir çekdim. Başym amandyr, Kim kesgitlär bu ömrümiñ bahasyn?! Käte aýralygyñ dowluna düşüp, Meni bu gün erkimi kime bermişem?! Hol uzakda bolsa bir ýalñyz yşyk, Mahal-mahal oña golum sermişem. Belki, maña şondan uly ylham ýok, Goý, ezýet çekeýin yşkyñ ahyndan. Bu kalbyma şondan eziz melhem ýok, Tañrym aýyrmasyn dünýäñ gohundan! ▶ ÖMÜR ÇYRAGY Nije gowga geçdi ýalñyz başymdan, Sowrulmadym ýel-tupana hergiz men. Ýaşlyk dostlam dagap gitdi daşymdan, Özüm bilen gümra bolýan her güýz men. Birmahalky gözden uçan şol melek Ýene görnüp gitdi baglañ astynda. Näzli bakyşlara öñräkden belet, Şol ýar üçin dünýä geldim, aslynda. Ötegçi ýel bulaşdyryp saçlarym, Gam çagynsa ençe ýüzüm ýelpedi. Ýadamadym ýa ysgyndan gaçmadym, Entek ýylpyldap dur ömrüñ peltesi. Ömür çaýy başda mährem gadyr ýap, Soñra akarynyñ suwy bulanar. Kän tisginip gezdim kimden ýadyrgap, Nätanyş ses eşdilip kän gulaga. Diñşirgenil gezsem-de kän köçede, Kim gygyrýar? Ol ses nirde? Tapmadym. Yşkym kimiñ ykbalyna göç edip, Ýa çykyp gitdimi tanyş çatmadan?! Bilmen, haçan düşlär magşar riştesi Kimiñ ykbalynda, kimiñ adynda. Ömür bir çyragdyr. Bir gün öçse-de, Belki, söýgim galar dünýäñ ýadynda. Döwletgeldi ANNAMYRADOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Sendedir sende / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Ýar / Goşgular - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||