17:10 Tamdyra nan ýapýan zenan | |
TAMDYRA NAN ÝAPÝAN ZENAN
Goşgular
![]() ...Asmanda dargady al-ýaşyl tüsse. Gün reñkli howra öwrüldi ýalyn. Çep el bilen tutup gyzgyn mañlaýyn, Tamdyra nan ýapyp başlaýar gelin. Günsypat, melewşe, tegelek nandan Dolup barýar gyzan tamdyryñ böwri. Ýaş gelin suw sepýär sag eli bilen, Az-kem ýatsyn diýip tamdyryñ howry. Nan ýapylsa-ýarym işiñ bitdigi Gelin örboýuna dikeldi indi. Gün gökden sallanyp düşdi daglara, Nan ýapylýan wagty ~ gyzar ikindi! Tegelek sekiz nan lowurdap barha, Tamdyryñ böwründe gün bolup dogýar. Çep elini sagrysyna söýgetläp, Ýaş gelin tamdyra ýene baş egýär. Tamdyryñ üstüne egilýär göwre. Ýazylýar, düýrügýär ýaý ýaly gerden. Berekediñ bagtyñ baş alamaty ~ Gyrmyzy nan çykýar gyzgyn tamdyrdan! Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |