02:24 Tapmadym | |
TAPMADYM
Goşgular
Ýaşap ýörse adam köp zat bilermiş, Görenleň geljege sapak bolarmyş. Ýagşylyk- ýagşy däp, göze ilermiş, Ýagşy däpden görnüp duran tapmadym. Ömür göwünleri bir-bire sapdym, Agyr ýüklileriň ýüklerin çekdim. Myhmany sylaglap, ýogum bar etdim, Myhmana kän gujak geren tapmadym. Köp işlerde köpçülige gatnaşyp, Ýoldaş bol diýseler alyslar aşyp, Bendäň birin iki etmäge çalyşyp, Birim iki edip beren tapmadym. Ýitireniň ýitigini gözleşdim, Ýykylanyň taýan ýerin düzleşdim. Ar-namysa gezek gelse yzlaşdym, Namysym yzlaşjak ýaran tapmadym. Bir pesi gördügim mes etjek boldum, Aglanyň ýanynda ses etjek boldum. Ýekäniň ýanyny köpeltjek boldum, Öz yzyma hiç eýeren tapmadym. Şeýdip, derýa ýagşylygy kän atdym, Balyk hem Halyk dek deň biler öýtdüm. Mal, zat däl-de, mähir tamasyn etdim, Bu tamany ödäp ýören tapmadym. 2019 ý. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |