07:44 "Tarih-i- Beýhaki" | |
«TARIH –I – BEÝHAKI»
Taryhy makalalar
Bu özboluşly we adaty däl täsin kitabyň awtory Abul-fazl Muhammet ibn al-Huseýn Beýhakidir. Ol 386 (996)-njy ýyl töwereginde Beýhakda dogulýar. Bu Horasanyň demirgazyk-günortasynda ýerleşýändir (häzirki Sabzewar, Eýran). Beýhaki 412 (1021)-nji ýylda, Gaznewidler döwletiniň gülläp ösüp başlan döwründe Gaznaşäherindäki iň ýokary hökümet edalarynyň birinde- «Diwan ar-rasailde» işläp başlaýar. Ol bu «diwan ar-rasailde «iki onýyllyga golaý işläpdir. Bu edara esasan diplomatik gatnaşyklar bilen gyzyklanypdyr. Beýhäki bolsa şeýle resmi dokumentleri düzüji-mürze bolupdyr. Ol Masut Gaznewiniň (1030-1041) hökümeti bilen türkmenler arasyndaky gatnasyklaryň häderejede bolandygyny gözi bilen gören janly şaýat. Ol 1040-njy ýyldan başlap, Gaznewidler döwletiniň synyp, Seljuklar döwletiniň nädip döränliginiň hem janly şaýady bolupdyr. Beýhakiniň kitabynda onlarça sahypa türkmenlere bagyşlanypdyr, munuň hem olaryň nebereleri bolan bize XI asyrda Eýranda we Orta Aziýada öz gadymy ata-babalarymyzyň nähili syýasy rol oýnandyklaryny öwrenmegimize uly hemaýaty degýär. Türkmenleriň orta asyrlar durmuşyna degişli şeýle faktlar örän seýrek. Beýhäki, ýaňky aýdyşymyz ýaly, 20 ýyla golaý wagt şol edarada Hoja Abu Nasyr Mişkanyň elinde işleýär. Abu Nasyr 431 (1039)‑njy ýylda ölýär. Muňa garamazdan, Mahmydyň ogly soltan Masud Baýhakiny işden çykarman, ony ýene-de şol «Diwanda« ulanypdyr. Emma Masud ölenden soň, ol «diwandan« işden çykarylan bolmaly. Bu hakda ol öz kitabynda kän bir agzamaýar. Şeýle-de bolsa, soň soltan Abd-Ar-Reşidiň (441-445=1049-1053) häkimlik başyna geçmegi bilen, ol ýene-de öňki işinde işleýär. Beýhäki 470 (1077)-njy ýylda aradan çykýar. Beýhäki öz taryhyny ýaşy bir çene baran döwründe, ýagny garrap, işden galan wagty ýazan bolmaly. Sebäbi, ol öz kitabyndaky taryhy wakalary ýüz görmezden we hiç kime elgarama däl adamy ýazyşy ýaly beýan edýär. Beýhäkiniň kitabynyň esasyny öz wagtynda oňa tanyş bolan resmi ýazgylaryň tutandygyna müňkirlik etmek bolmaz. Muňa onuň wakalaryň senesini örän dogry görkezýändigi hem günä geçýär. Awtor wakalary beýan edende ýaha öz adyndan ýa-da ikinji bir adamyň (Abu Nasyr we beýlekiler) adyndan berýär. Bu hem kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar. Hormatly okyjy şol döwrüň beýleki döwlet işgärleri ýaly, Beýhakide-de türkmenler babatynda kähalatlarda birtaraplaýyn garaýyş saklanyp galypdyr. Muňa düşünmek kyn däl. Sebäbi Beýhakide öz döwrüniň hökümdarlaryna we olaryň ýöreden syýasatyna gulluk edenadam. Her niçigem bolsa, ol ýagşydan-u ýamandan şol döwrüň türkmenleri barada ýazgy galdyrypdyr. Ol ýazgylar ençeme asyrlardan geçip, biziň döwrümize ýetipdir. Ol ýazgylary okap, ondan netije çykarmak taryhy şertleri nazara alyp, öz gadymy ata-babalarymyz we olara şol döwrüň syýasy garaýşynyň nähili bolandygy hakda oýlanmak bolsa, biziň näderejede pikir ýöredişimize baglydyr. «Hamyr ujundan petir« diýlişi ýaly, Beýhakiniň taryhyndan« bir bölejigini okujylara hödürlemegi makul bildim. Abu-l-fazyl Beýhäkiniň «Taryh-i-Beýhaki« diwanyndan parçalar. 421-422 (1030-1031)-nji ýyllaryň wakalary Emir Masudyň türkmenler baradaky syýasaty Ýene bir goüberilen ýalňyşlyk, olam Horasanyň ýiligini soran türkmenleriň (olar merhum soltan Mahmyt tarapyndan gylyjyň zory bilen Balkan daglaryna kowulypdy) boýun egdirilip, sanyny köpeltjek boldup leşgerlige alynmaklarydy. Gyzyl, Buka, Gökdaş we beýleki serkerdeleriniň baştutanlygynda gelip, olar birnäçe ýola hyzmat görkezdiler. Ýöne olar köne endiklerine eýerip, zorluk, talantçylyk edip başladylar. Aýtsam, şolar zerarly Taş Farraş ýaly salyr öldürilmeligi. Olar öz pirimlerini gönüden-göni aýtmaýardylar. Horasandan kowulýançalar olar üçin Arslan Jazyp bilen Gazi sipehsalar az howsala düşenokdylar. Taňrynyň emirine garşy gidip bolonok. Bu türkmenler soltana gulluk edip başladylar. Soltan hajyp Humartaşy olaryň sipehsalary edip belledi. Şol döwürde Hyratda oturan soltan Bu-l-Askeri mek-Askeri Mekranyň häkimligine bellemek üçin bir topar adamyň baştutany edip, han haýsam bolsa bir sipehsalary ibermekçi boldy. Bu-l-Asker birnäçe ýyldan öň öz dogany Isadan gaçyp gelipdi. Soltan Isany agdaryp, onuň deregine Bu-L-Askeri goýmakçydy. Altuntaş we Gazi sipehsalaryň maslahat bermegi bilen, soltan Bu-L-Askeriň ýany bilen 4000 köşk atlysy we 300 pyýada leşger bilen Kutugmyş- Jamedanyny salar hökmünde baştutan edip iberdi. Soltan Hajyp Humartaşa türkmenleriňem Jamedanyň baştutanlygynda söweşleregatnaşmalydygyny tabşyrdy. Olar ýaraglanyp Hyratdan Mekrana ugradylar. Bu-L-Asker hem olaryň ýanyndady. Horezmdäki türk taýpalary Hyratdan Balha tarap ýönelýän Horezm şasy Altuntaş şol wagtlar (zülkada 421-ХI asyr-1030) Masudyň köşgündedi. Her hili gahar- gazapdan we tussaglykdan ätiýaç eden ol soltandan ejaza alyp, Horezime tarap howlukmaç ýola düşdi. Masud ony goýberenine gynanyp, Altuntaşy yzyna dolamak üçin çapar iberdi. Altuntaş özüniň yzyna dolanmajakdygyny şeýle delillendirýär: Ýene bir sebäbini öz kethudasy Ahmet ibn Abd-as-samatdan düýn hat alandygy, onda gujatlaryň, jagrakalryň we hifçaklaryň gozgalaň tapandyklary hakda habar berlendigi bilen düşündirýär. Emir Masud Hyratdaky işlerini bir ýüzli edensoň men bu hakda taryhyň 5-nji tomunda ýatlapdym. Jamedar Ýaruktugmyşy köşgüniň güýçli goşuny hem-de emire gulluk etmäge gelen türkmen serkerdeleri Gyzyly, Bukany we Gökdaşy nökerleri bilen Seýistana iberipdi. Olar şol ýerdenem Mekrana ugramalydylar. Türkmenleriň Reýe iberilmegi Hepdäniň dowamynda (şabanyň 7-si, 422= 30, VII 1031) emir Taş-Farraş bilen maslahatlaşdy. Bu maslahata beýik Hoja Ahmet-i Hasanam, hoja Bu-Nasr Mişkanam , Bu—Sahly Zuzanam gatnaşdy. Emir Taşa Reý we Jibal bilen baglynşykly perman berip, şeýle diýdi: «Ýörite gitmeli goşun barmaly ýerine baryp, sahyp-diwan olaryň hak heşdegini paýlaýança, üç aýlap hökman Nişapurda bolmaly. Soň goşunyň işlerini bitirip, ýola düşmeli. Biz Ýagmyra, Buka, Gökdaşa we Gyzyla ähli türkmenleriň Nişapurda seniň ýanyňa barmagy tabşyrdyk. Hajip Humartaş olaryň salary bolýar. Soňam ol baştutanlary (dört sany türkmen öňbaşçysyny) tutmaly. Çünki olaryň ar almak maksatlarynyň bardygy bize aýan boldy. Soň türkmenleriň göwninigöterip, olary Humartaşyň eline bermeli. Soň ol, Humartaş Ree ýola düşer». Taş bolsa «Emriňize boýun« diýip çykyp gitdi. Hoja (Ahmet-i Hasan) aýtdy: «Şahy älemiň ömri uzak bolsun. Türkmenleri öz aramyza getirdip, oturmagyň özi başda göýberilen ýalňyşlykdy». Şo gün menem, Altuntaşam, Arslan Jazibam we beýlekilerem gaty köp aýtdylar. Peýdasy bolmady, sebäbi diýeňde merhum emir Mahmyt özdiýenli adamdy. Şeýdip ýalňyşdy ol. Olar tä almytlaryny alyp, Horasandan kowulýançalar birgiden adaty däl zatlar bolup geçdi. Indem hökümdar Masut olary ýene-de getirdi. Bu taýpa häzir asudaka hemem gulluk edip ýörkä, olary haýsam bolsa bir hajibe tabşyrsa bolar. Ýöne olaryň baştutanlary şeýdilse, türkmenlerde ynamsyzlyk dörär. Ýalňyşlyk goýberdigimiz bolar». Emir aýtdy: «Şuny olaryň baştutanlarynyň käbiriniň özleri isleýär, ol hökman şeýdilmelidir, türkmenler köşeşerler». Seljuklar Garahanidler bilen bile Hoja Ahmet-i-Hasanyň 422-nji ýylyň 8 şawwalynda (=28IX 1031� � � � � � � � � )Taş-Farraşyň hüjüme başlanyndan üç gün geçensoň Emir Masudyň hereket etmegiň planyny ara alyp maslahatlaşylanda aýdan sözi: «Aly tegin Balhdan golaý, özüniňem adamy köp, sebäp Seljuklar onuň bilen bile. Eger-de ol Balh bilen Toharistana çozuş etmese, onda onuň Huttalana, Çaganiana, Termeze gitmegi ähtimal, ol o ýerlerde bulagaýlyklar döretse, biziň üçin masgaraçylykdyr». 423(= 1032) nji ýylyň wakasy. Gürgende bolan hadysa Şo gün (423‑nji ýylyň 7 rabi güni=23 111 1032) Menuçihriň ogly Nuşirwanyň Gürgende öldi habary geldi. Muny onuň ene tarapyndan bolan daýysy Bakalinjar bilen Menuçihriň uly hajybynyň edendigini aýtdylar: oňa zäher berilipdir. Zäherlenen heniz kämillik ýýaşyna-da ýetmedik oglan. Bakalinjar muny häkimligi öz eline aljak bolup şeýdipdir. Şonuň üçinem Gazna şeýle mazmunda hat geldi: patyşalygy berer ýaly Mardawiç bilen Başmgiriň tohumynda erkekgöbekli galmady. Eger-de soltan Menuçihr heniz aýatdaka onuň ähli işlerini dolandyran Bakalinjara welaýaty berse, onda hemme zat gulala-güllük bolar». Hatyň jogaby şeýle ýazyldy: «Bolýar, hökümdar güýzde Balha ýöriş etmegi niýet edinýär. Ilçileriňizi iberiň, nähili karara gelinmeli bolsa, şeýle karara-da gelner». Haçanda Emir Balha gelende, şo ýerik Gürgen bilen Tabaristanyň reýsi Bu-l-Mahasin, onuň ýany bilen bile gürgen kazysy Bu-Muhammet Bastani, şerif Bu-l-Barakat, Deýlemi Muhtaşam we Şiraç Leýli geldiler. Olary hökümdar kabul etdi. Şondan soň beýik hoja Bakalinjaryň häkimligi bilen baglanyşykly mejlis geçirdi. Horezm şasy Altuntaş bilen Masudyň Leşgeriniň Mawerannahra ýörişi, seljuklar garahanidleriň soýuzdaşy Horezm şasy Altuntaş Horezmden Amuýa tarap 432-nji ýylyň rabi aýy II ( III-IV 1032) Aly tegine garşy söweşe ýola düşdi. Emir Masut oňa kömek bolsun diýip agyr leşgerini iberdi. Altuntaş Buharany eýeläp, Aly teginiň yza çekilen ýeri bolan Dabusa tarap ýöneldi. Jansyzlary gelip habar berdiler: Aly tegin öz töweregine köp leşger toplapdyr. Öňki goşunyň üstüne ýene türkmenlerem, seljuklaram, opolçeniýe-de (haşariler) goşulypdyr. Dabusda uly söweşe taýarlyk görülýär. Ol ýer gabaw üçin amatly, derýä akýar, giden tokaýlyk, beýik hökümdar Masut üçin ýeňiş taýar. Söweş uzak gün dowam etdi, ýöne şeýle bir aýgytly bolmady. Altuntaş ölüm halynda ýaralandy. Muny duşmanlardanam, özümiziňkilerdenem gizlin saklanyp, Aly tegin bilen gepleşikler geçirildi. Altuntaş özüniň mejalsyzdygyna garamazdan, Aly teginin iberen ilçisini kabul etdi. Şonda Horezm şasynyň Amuýa dolanyp gaýtmagy hakda ylalaşyk gazanyldy. Ertesi Altuntaş ýogaldy, muny birnäçe wagtlap gizlin sakladylar, yza çekiliş Altuntaşyň kethudasy Ahmet-i-Abd-as-samadyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Amuýa baryp ýetilenden soň, Masudyň leşgeri Masuda tarap, horezmliler bolsa Horezme tarap gitdiler.Soltan ýörişiň netijesi bilen tanşanyndan soň, birtopar permanlar çykardy, birnäçe adamy täze wezipelere belledi. Aradan çykan Horezm şasy Altuntaşyň ýerine onuň ogly Harun bellenildi. Ýötite çykarylan permanda Harunyň ady Horezm şasy diýlip tutulman, Horezm ýasynyň hökümdary (dikmesi) diýlip tutyldy. Hoja Ahmet-i-Abd-as-samat Harunyň ýanyndaky kethudasy edilip bellenildi. 423-nji ýylyň jumadasynyň 8-nde (22-nji maý 1032) ony Jamehana äkidip, «ýarym halat« geýdirdiler. Gepiň gysgasy, oňa kakasy Altuntaşa berlen zatlaryň ýarysy berildi. Kiçi ogly bolsa köşgüň ýanynda saklanyldy. Ertesi Harun köp şaýatlaryň gatnaşmagynda kasam içdi. Hoşlaşykda Emir oňa birtopar maslahatlar we buýruklar berdi,Ahmet kethudany öz atasy ýaly gowy görmegini tabşyrdy. «Biziň ýagşylygymyzy hiç haçan ýatdan çykarma« diýdi. Awtoryň belleýşi ýaly, «soň Harun özüniň bu borjuny ýatdan çykarýar». Birnäçe ýyl geçensoň, türkmenler Horasanda topalaň tirzan wagty «şeýtan bu tejribesiz ýaş ýigdekçäniň kalbyna ýol salýar». 424 (1033) nji ýylyň wakasy, türkmenler Balkan daglaryndan Masudyň serhetýaka welaýatyndaky ýerlere hüjüm edýärler 424-nji ýylyň rabi aýynda (3 1933) halyfyň ilçisi kabul edilýän wagty türkmenler Ýagmyryň we beýleki türkmen baştutanlarynyň ogullarynyň döwletiň gyrak çetlerinde çozuş etjekdikleri hakdaky habary geldi. Masut olaryň kakalaryny ýok etmek barada Yragyň spehsalary Taş-Farraşa buýruk beripdi. Sipehsalar Ree tarap barýarka, ýaňkylar birgiden türkmenlere baş bolup, Balkan daglaryndan aşak eňipdirler. Olar musulmanlardan öz atalarynyň aryny almakçy. Emir sipehsalar Aly Daýe Tusa, uly hajip Bilge tegine bolsa Sarahsa gitmegi, mundan başga-da jansyzlaryny iberip türkmenleriň ýagdaýy bilen tanşyp gaýtmaklary üçin buýruk berdi. Uly hajip Bilge tegiň öz gulamlary we sipehsal Alynyň adamlary bilen bile Nişapurdan ugrady.Ertesi, çarşenbede Bakalinjara ýuwrük düýeler bilen çapar iberildi. Hatda olaryň akylly-başly hereket etmekleri, ätiýaçly bolmaklary tabşyryldy. Şeýle hem Dehistana güýçli leşger iberilmelidigi we olaryň Rabatda garaşyp, ýollaryň goralmalydygy aýdyldy. Hut şeýle mazmunly hat Nusaý bilen Bawerde hem iberildi,şo ýurtlaryň şihneleriniň (şäher häkimleriniň) we adamlarynyň sipehsalar Aly bilen hajyp Bilge tegine gulak asmalydyklary tabşyryldy. Şu ýylyň tomsunda (424-1033) Nişapurda nähili wakalaryň bolup geçenligi hakdaky bap Bir gezek Emir Masut kabul edişlik gurady. Ertir namazyndan soň Reýiň sahyp- beridinden türkmenleriň köşeşmeýändikleri dogrusynda ýazan haty gelip gowuşdy. Öz kakasynyň we beýleki öldürilenleriň aryny almak üçin leşgerleri bilen Balkan dagyndan aşak düşen Ýagmyryň ogly hakdaky habary eşiden sipehsalar Taş bilen Tahyr örän aladaly görünýärler. Türkmenler şu gün erte aýaga galjaga meňzeýärler. Horasanyň häkimi Sura häsiýetnama Şabanyň 28-sinde (425 ý= 18 VII 1034) sahyp- diwan Abu-l-Fazl Suri Muizz Nişapurdan gelip, emire tagzym kyldy. Ol 1000 Nişapur dinaryny we gaty-gymmat daşlardan düzülen monjugy emire peşgeş berdi. Düşenbede Emir Mahmydyň bagyndan şähere, kakasynyň köne köşgüne dolanyp geldi. Remezan aýynyň birinji güni (20 VII) oturyşyldy. Remezan aýynyň üçi güni Horasanyň sahip-diwanynyň taýarlan 500 sany gülebent- peşgeş sowgadyny getirdiler. Men munuň ýaly sowgady diňe Hasanakda görüpdim. Ol Mahmydyň hajydan gelip, Nişapurdan Balha gelen wagty şu möçberdäki peşgeş- sowgady getiripdi. Suriniň getiren sowgatlarynyň içinde egin-eşik, gap-gaç, altyndan we kümüşden ýasalan önümler, gulamlar we kenizler, müşki-anbardyr kamfara, dür, ermeni we adaty halylar we gaýry zatlar bardy. Bulary görüp Emirem we beýlekilerem geň galdylar... Gaznaçy Bu-Mansur maňa şeýle diýdi: «Emir maňa bu peşgeşleriň näçe durýandygyny gizlinlik bilen bilmegi tabşyrdy. Bular dirgem hasabynda dört gezek müň-müňden çykdy. Emir şonda: «Suri gowy hyzmatkär. Şuň ýaly iki-üç sany hyzmatkäriň bolsa, gaty peýdaly bolardy« diýdi. Menem «Dogry« diýip jogap berdim. Ýöne men oňa: «Muny Horasanyň ilatyndan sorap görüň. Munça peşgeş taýarlajak bolup, olara nähili zyýan ýetirilendir Erteki gün üsti açylsa, onuň soňunyň nähili boljakdygyny alla bilsin« diýmäge gaýratym çatmady» – diýip aýtdy. Dogrudanam, Bu- Mansuryň aýdyşy ýaly, Suri sütemkär we doň ýürek adamdy. Haçanda Horasana dahylly meselelerde onuň özüne erkinlik berlensoň, ol tanymal adamlaryň we reýisleriň ählisini ýok edip, ummasyz köp pul toplady. Onuň süteminden ejizler horluk çekdi. Olaryň hersinden 10 dirgem alan bolsa, onuň 5 dirgemini getirip soltana berdi. Horasanyň tanymal adamlary hemme zatdan kesildiler. Olar Mawerannahra hat ýazyp, wekillerini iberip, türkmenleri Masudyň garşysyna aýaga galdyrmagy türk serdarlaryndan haýyş etdiler. Ejizler bolsa allatagala nalyş etdiler. Emiri habardar etmeli adamlaryň bolsa Suriniň işleri bilen baglanyşykly ýagdaý hakda doly maglumat bermäge, belki-de, gaýratlary çatan däldir. Emir bu babatda hiç kime gulak asasy gelmedi, getirilýän peşgeşlere bolsa onuň özünden artykmaç galan zatlar hökmünde garady. Horasan bolsa onuň süteminden we gysyklygyndan ýana dagaýardy. Dandanakanyň etegindäki ýeňlişden soň, Suri Mauludyň şalyk sürýän wagty, biziň bilen Gazngeldi. Gaznany hem Horasan ýaly etjek boldy welin, başa barmady. Ony agyzdyrykladylar. Bu adamyň ömür ýoly Gazna galasynda tükendi. 425 (= 1034)‑nji ýylyň wakasy, türkmenleriň hüjümi Möhüm işlerini bir ýüzli edensoň, Emir şenbede, 425-nji ýylyň şawwal aýynyň ahyrlamagyna üç gün galanda (=14.� � � IX. 1034� ) Gaznadan çykyp, zulkadyň 7-sinde (= 23 IX) Teginabada geldi. Ol buýerde 7 gün boldy, diňe birje gün şerap içdi, sebäbi birnäçe günläp işli boldy. Şondan soň ol şu aýyň 17-sinde, penşenbede (=3X) Busta gelip, Kuşk-i- Daşt-i-lenganda düşledi. O ýerde köp sanly baglar ýetişdirilipdir, täze-täze ymaratlar gurlupdyr. Horasandan möhüm bir hat gelip gowuşdy: ol hatda türkmenleriň Merwe, Sarahsa, Badgisa we Bawerde kürsäp girendikleri, olaryň eden-etdilikleri we şäher şihneleriniň (häkimleriniň) olara garşylyk görkezmäge güýçleriniň ýokdugy hakda habar berilýärdi. Suri öz hatynda, eger-de hökümdaryň özi Horasana gyssagly gelmese, onda welaýatyň elden gitjekdigini, sebäp diýeniňde türkmenlere Aly teginiň gizlin ýol bilen goldaw edýändigini hem habar beripdir. Horezmden bolsa Harun güýçli kömek berýär. Aýtmaklaryna görä, Aly tegin bilen ikisi dilleşip, ol Horezmden Merwe süýşmeli. Aly tegin bolsa Termez bilen Balha gelmeli. Ikisi şo ýerde-geňeşmeli. 1992 ý, maý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |